21:57 Damak belasy... | |
DAMAK BELASY...
Goşgular
![]() “Janym gerek bolsa, berjek janymy”... Diýen kişi bermez mugt nanyny. Diýbersinler, aýby az däl her kesiň, Bitin iýip, satany bar sirkesin. Nogsan gözläp barsaň, eger ýanyna, Kim bolsaň bol, aýp baryn tirkesin. Adam bar ýerinde bardyr ýetmezi, Diýme: “Pul berseň-de ýokdur etmezi”. Pulmesiler beteridir bar zadyň, Pul gözbaşy bahyllygyň, jadynyň, Pul gardaşy kümsük adam ýadynyň. Diňläp diýdi biri ýaşy aganyň: “Pulsuz nirä gidejek sen doganym? Ýöne weli iýen nanyň, soganyň, Halal bolsa ap-aýrydyr tagamy. Geçyär – diýip - iýen zadym, Goýbermäwer damagy!” “Janym gerek bolsa, berjek janymy”, Diýen kişi bermez mugt nanyny. Pul üçin satajak hany-manyny... 20.03.2024. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |