18:27 Daýhançylygy kim başlapdyr? | |
DAÝHANÇYLYGY KIM BAŞLAPDYR?
Edebi makalalar
Elbetde, bu sowaly okap birnäçeler Babadaýhany ýatlarlar. Topraga ilkinji tohumy sepenlerinde: “Meniň elim däl, Babadaýhanyň eli” diýerdiler. Babadaýhan dünýä mifologiýasynda tanalýan personaž, ol “Dünýä halklarynyň mifleri” diýen ensiklopediýa-da girizilip-dir. Orta Aziýa mifologiýasy bilen iş salyşýan alym W.N.Basilowyň ýazan makalasynda Babadaýhan daýhançylygyň piri hökmünde gazaklaryň, özbekleriň, täjikleriň, garagalpaklaryň arasynda-da meşhur diýip görkezilýär. Bu obrazyň gelip çykyşy yslamdan öňki döwüre degişli bolmak bilen, ol gollary berdaşly goja hökmünde göz öňüne getirilýär. Gyrgyzlarda guş görnüşinde-de peýda bolýar. Kündäni oýlap tapanam Babadaýhan diýýärler. Kündäniň bir şaýyny oňa şeýtan aýdanmyş. Türkmen rowaýatyna görä, Babadaýhan ýer suwarmak üçin ýap çekýär, ýöne suw ýöremeýär. Ol nähili säwlik goýbe-rendigini şeýtandan eşitjek bolýar, emma şeýtan aýdanokmyş. Ahyry hilä ýüz urýar. Toý lybasly, eli tegelek çörekli, şeýtanyň deňinden keýplije geçip gidýär. Şeýtan: “Babadaýhana ýaby göni çekmeli däldigine, derýalaryň ugry ýaly gönüli-egrili bolmalydygyna düşünipdir öýdýän” diýýär. Şeýtanyň bu paýhasyny Babadaýhan ulananmyş. Käbir ýerde türkmenler Babadaýhanyň paýyna ýörite pel bölüp goýýan ekeniler. Basilowyň ýazmagyna görä, geçen asyryň aýaklarynda Babadaýhany Adam Ata bilen bir obraz hökmünde kabul edipdirler. Gysgaça aýdylsa, Babadaýhanly gürrüň şundan ybarat. Indi men siziň ünsüňizi türkmenleriň arasynda ýörgünli bolan: “ene ýer, ene toprak” diýen aňlatma gönükdürmekçi. Näme üçin “ata ýer-ata toprak” diýilmändir? Diňe bizde däl, beýleki halklarda-da topragy enä ýöňkemek kada bolupdyr. Ene çaga öndürýär, toprak janly-jandaryň höregini öndürýär. Ene bilen topragyň hyzmaty meňzeş, ýaşaýşyň dowamy şolara bagly. Hyzmatlarynyň birligi zerarlam ynsan Ene bilen Topragy golaýlaşdyryp aýdandyr? Taryhda Eneler barada täsin maglumatlar bar. Gadymy siwilizasiýalar, olaryň dinleri daýhançylykda baş roluň aýallara degişli bolandygyny tekrarlaýar. Gadymy Babilonda bol hasylyň hem ösümlik dünýäsiniň hudaýy aýal-Iştar, müsürlilerde-de aýal-Isida. Gadymy greklerde-de aýal-Demetra, rimlilerde-de aýal-Serera. Isida müsürlileriň baş hudaýy Osirisiň aýaly. Ol hyrawa ösen bugdaýyň, arpanyň dänesini tapýar. Osiris olary ekmegi öwredýär, şondan soň, eti gowy görýän ilat nan iýmäge endik edip gidýär. Gadymy rim mifine görä, adamlara deňligi, rowaçlygy, abadançylygy beren, olary kanun bilen ýaşamaga imrikdiren hudaý-patyşa Saturn topragy bejerip ekin ekmegi öwredipdir. Saturn hakynda “Karnawal gijesi” diýip at berlen miniatýurada giňräk aýdarys. Dünýäde ilkinji aýdymy adamlar enäniň owazynda eşiden bolsalar gerek. Eýse, hüwdüden öň aýdym döredimikä? Adamyň derdine ilkinji melhem eden hem aýal bolsun gerek. Jeňňelde dünýä inen çaga enesinden ýakyn hossar bolup biljekmi diý. Wagşy haýwan bilen garpyşan erkegiň ýalaňaç tenine düşen ýara eneden, aýaldan başga kim melhem edendir öýdýärsiňiz?! Erkekler aw awlapdyrlar. Çatmalarda çagalar, aýallar galypdyr. Aýallar gol gowşuryp oturman hyrawa ösümlikleriň dänesini ýygnap owkat taýýarlapdyrlar. Däne ýodalaryň ugruna, çatmalaryň töweregine gaçypdyr. Gaçan däne gögeripdir, muny gören aýallar däneleri öz elleri bilen sepip başlapdyrlar. Dänäniň topraga gömülmelidigni bilip, ýeri dyrmalap, soňra dänäni taşlapdyrlar. Şeýdip, ekerançylygyň, daýhançylygyň başy başlanypdyr. Onuň sakasynda aýallar duran ekeni! Durmuş kadasy, emri olary bu senede iteripdir. Lägirip jahana inenimizde zeminde ýaşaýşyň dowamyny küýsäp, göwsünden ak süýt berýän Enäni All öz penasynda saklasyn! Magtymguly: [i]"Ne beýle sen, adamzat, Çyplak dogduň don gerek. Ak süýt emdiň, ulaldyň, Hem aglar sen nan gerek" - [/] diýýär. Ak süýt Enäniň göwsünde çeşme suwy kimin ýygnanyp dur. Asyl ol süýtden soňky nanyň hem aladasyny eden ekeni. Nany daýhan berýär. Daýhany dünýä inderýänem Ene! Ol daýhana diňe bir jan bermän, onuň beýik hünärinem başlap beren ekeni. Ähli zat eneden başlanýar. Babadaýhanam döreden Enedir! Eneler beýik başlangyjyň ykbalyny soňra babadaýhanlara ynanypdyrlar! Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |