09:51 Daýhançylyk hem ýazyjylyk | |
DAÝHANÇYLYK HEM ÝAZYJYLYK
Edebi makalalar
Daýhançylyk adamzadyň ýaşamagynyň esasy şertleriniň biri. Ýene bir şert ruhy baýlyk. Ýazyjylar, sungat adamlary ruhy baýlygy döretmäge gatnaşýarlar. Iki şertiň arasyndaky ýakyn baglanyşyk öz köküni gadymyýetden alyp gaýdýar. Şumerleriň poeziýasynda daýhançylyk gurallarynyň aýdyşygynyň beýan edilendigi hakda öňde durup geçdik. Daýhançylygyň dürli taraplary bilen bagly dörän çeper rowaýatlary gadymy taryhçylar, filosoflar öz kitaplaryna girizipdirler. Mysal hökmünde Gerodotyň, Platonyň, Diogeniň ýazgylaryny getirse bolar. Antik hem soňky döwürlerde ady adamzada belli ýazyjylaryň daýhançylyk tärlerini birkemsiz bilendiklerini, toprak bilen iş salyşýan adamlara döwrebap, progressiw maslahatlar berendiklerini biz birnäçe mysalyň üsti bilen subup edip biljek. Biziň eýýämimizden öňki VIII asyrda ýaşap geçen grek şahyry Gesiod “Jepalar hem günler” atly poemasynda plugy ýasamakda, topragy bejermekde daýhana maslahatlar berýär, oba hojalyk işleriniň kalendaryny getirýär Elbetde, şu günleriň şahyrlaryna beýle problemalara setir sarp edip ýörmek zeruram däldir, sebäbi ylmyň gazananlary halka kitap, metbugat, okuw arkaly ýaýradylyp dur. Emma gadymda bu serişdeleriň çäklidigi üçin meşhur ýazyjylar, taryhçylar, filosoflar birgiden zady üstlerine almaly bolupdyrlar. Metbugaty ýokdugy, mekdepleriň juda azdygy üçin geçen asyrlarda edep-ekram, ahlak terbiýesini köplenç türkmen şahyrlary alyp barypdylar ahyry. Biz bu ýerde wezipäniň meňzeşdigini nygtamakçy bolýarys. Oba hojalygyndan ýazan gadymy awtorlaryň köpüsi şol ugurdan hakyky alymyň derejesine göterlip bilipdirler. Gesioddan bäş-alty asyr soň ýaşap geçen grek ýazyjysy Teofrast botanika boýunça eser ýazyp, ösümlikleriň klassifikasiýasyny düzýär, her ösümlugi nähili ösdürmegi, nämä ýaratmagy ýazýar. Gadymy rim ýazyjysy Pliniý “Tebigy taryh” diýen kitabynda rim awtorlarynyň 146-nyň, keseki awtorlaryň bolsa 327-niň ekerançylyk, daýhançylyk barada ýazan eserlerinden peýdalanypdyr. Ýeri, Mark Porsiý Katona näme diýersiň? Ol biziň eýýamymyzdan öňki III-II asyrlarda ýaşan görnükli rim serkerdesi, syýasy işgäri, ýazyjysy. Ol uly ýer eýelerine niýetläp giň traktat ýazýar, tebigy dökünleriň, dersiň peýdalydygyna uly orun berýär, şüdügär sürümi nähili geçirmelidigini jikme-jik görkezýär. Ondan asyr ýarym soň ýaşap geçen Mark Terensiý Warron hakynda bilmek hasam gyzykly. Döwrüniň iň bilimli adamlarynyň biri, işjeň döwlet işgäri. Ol segsen ýaşyndan soň ekerançylyk, toprak bilen örän içgin gyzyklanypdyr, “Oba hojalygy” atly üç tomdan ybarat eser ýazmaga ýetişipdir. Warron birinji bolup ekerançylygy ylym di- ýip yglan edýär. Ol ekin dolanşygyna üns bermegi teklip eden adam. Gadymy Rimiň beýik şahyry hökmünde taryha giren Wergiliniň “Georgiki” poemasy tutuş oba hojalygyna bagyşlanan. Şahyr daýhanyň zähmetine söýgüsini hakyky gimne öwürýär. Ol tarp ýerleriň tebigatyny, topragyny öwrenmekden ötri, daýhana maslahatlar berýär. Bize-de peýdasy bolar niýet bilen onuň bir maslahatyny getirmekçi bolýan. Topragyň şoruny kesgitlemek isleseňiz, ony arassa suwda süzüp gör. Süzülen suw ajy tagam berse, topragyň şordugy. Orta asyr Galkynyş döwrüniň ägirt hudožnigi Leonardo da Winçiniň arhitektor, sazanda, medik, wertoletiň ilkinji çyzgysyny çyzan täsin oýlap tapyjy bolandygyndan başga-da, botanika ylmynda uly açyşlar edendigini aýtmalydyrys. Dünýä poeziýasynyň beýik ussady Iogann Gýote “Faust” ýaly ölmez ýitmez eserleriň daşyndan, öz döwrüniň görnükli biolog alymy hökmünde hem tanalýar. XX asyr hakynda gürrüň açmaly bolsa, öňi bilen beýik amerikan ýazyjysy, Nobel baýragynyň eýesi Folkneriň adyny tutmaly bolar. Ol alan bilimi boýunça agranom. Fermerlik bilen meşgul bolan adam. 1943-nji ýylda onuň “Ýer sürýäniň akylsyzlygy” atly kitaby çykýar. Folkner Amerikanyň şertlerinde çuň şüdügär sürümiň akylsyzlykdygyny Ogaýo ştatynda geçiren tejribeleri esasynda subut edýär. Emma wagtynda oňa gulak asmaýarlar, betbagtlyk mazaly özüni görkezenden soň Folknere hä diýýärler. Onuň mamladygyny altmyşynjy ýyllarda Gazagystanyň tarp ýerlerindäki kynçylyklaram görkezipdi. Seredip otursak, önümçilik temasy çeper edebiýatda has gadymy döwürden bäri dowam edip gelýän ekeni, ýöne sowet edebiýatynda bu temanyň işlenişi bilen öňküleriň arasynda uly parh bar. Biz bu ýerde ony agalyk sürýän ideologiýanyň islegine görä işletdik. Meseläni hakyky önümçiligiň ýa-da daýhanyň bähbidine görä çözmedik, ideologiýanyň bähbidine görä çözýänden bolduk. Ideologiýa genetikany pisledimi, çeper edebiýatam bu beýik ylmy pislemelidi. Genetikasyz oba hojalygynyň ösmejegine köpümiz onuň pislenýän mahaly hem düşünýärdik. SSSR-iň dürli howa şertleri ägirt giň territoriýasynyň hemme ýerinde diňe çuň sürüm geçirmeli diýip, partiýa görkezme berdimi, edebiýat şol görkezmäniň durmuşa geçmegi ugrunda göreşäýmelidi. Ýogsa, gar köp ýagmaýan, şemally, gurak ýerlerde agyr sürüm zyýanly. Garaz defolýasiýany aýtjakmy ýa-da SŽK usulyny diýjekmi? Mahmyt Gaýybynyň “Otuz iki tohum kyssasyny”, Mätäjiniň “Bugdaýyny” okanymyzda kalbymyz kanagat tapýar. Olaryň obraz berişleri-de tebigy, sebäbi biz şahyrlaryň şäriksiz pikirlerini, arassa kalplaryny görýäris. Gynansagam, Kerim Gurbannepesowyň “Mekgejewenini” eşidenimizde ynamsyz ýylgyrýarys, ýogsam bolmasa, onuň ýazylyşam ýokarkylardan pes däl-ä! Mekgejewenem iňňän peýdaly ekin. Onda näme sebäbe görä ýylgyrýarys? Şahyryň kalbynda tebigylyga derek ideologiýanyň oýny bar. Altmyşynjy ýyllar SSKP-niň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary Hruşýow ähli ýerde mekgejeweni başymyza täç etmeli diýip görkezme berenden soň, Gurbannepesowam mekgejeweni taryp etdi. Wah, ideologiýa zerarly ekinleriň başyna-da oýun bary salyndy. Biz entegem şol oýunlara maýyl bolup ýörüs. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |