20:42 Dertli baş -2/ romanyň dowamy | |
3.
Romanlar
Garabäpbe Eýran obalaryna owalam telim gaýta myhman bolupdy. Ýöne heniz Salman baý bilen welin ýekeje gezegem görüşmändi, gürleşibem görmändi. Baýyň ýaşäýan obasy o diýen bir uzagam däl ekeni. Iki bolup gürleşip gidensoňlar, ol bu oba nädip ýeteninem duýmady. Salman baý Garabäpbäni baý halkyna gelişmejek sadalyk hem mähirlilik bilen garşy aldy. Onuň bilen elini öňe uzadyp, hyrydarlyk bilen görüşdi. Salman baý myhmany öýüň törüne alyp bardy. -- Çakylygyma geleniň üçin taňry ýalkasyn, tebip. Bizem bir bela sataşdyk-da galaýdyk, asyl hiç zatdan haýyr tapmadyk… -- Derdiňiz nämedir, baý aga? --Derdimiz ýeňil-ýelpaý zat däl. Wah, Ozümiz sagat-la, ine, şu oguljygym saraltma uçrady-da, ýeri bagyrtlap ýatyberdi. Sarylamasyna-ha öten ýylam bolupdy. Şonda biz ony bir garry tebibe görkezipdik. Olam geldi-de, gulagynyň arkasyny çyrpdymy, owunjak balyjaklar ýuwutdyrdymy, suwa bit atyp içiren gezegem bolupdy, garaz, sagalan ýalydy. Ýöne, ine, bu ýyl ýene gaýtalady oturyberdi. Özi-de bu öňkiň çeni-çaky däl. Iň ýamany öten ýylky tebip-de dünýäden gaýdypdyr. Ýakyndan-daşdan lukman barysy gelip, görübem gitdiler-le. Peýdasyz boldy. Oguljygym sary ýüplýge dönüp, bagryny ýerden galdyryp bilmän ýatyr. Halys derdine derman tapylanok. Baýyň gözleri çyglanyp, damagy doldy, soňabaka oňa geplemek kynaldy. Garabäpbe baýyň bolup durşuna dözmän, göwünlik berdi. -- “ Çykmadyk janda umyt bar” diýipdirler, baý aga. Hudaý derdi ýanynyn dermany bilen berýändir. Belki ogluňyz. dertden gutular. Hany maňa ogluňyzy görkeziň?! -- Ýadap gelensiňiz, myhman, çaý-paý içiň. Dem-dynjyňyzy alyň, howlukmaň. -- Men ýadow däl, baý aga. Den-dynç almaga-da wagt tapylar. -- Eýle bolsa, ýörüň. Baý ony oglunyň ýatan otagyna alyp bardy. Otagyň ýakymsyz ýiti ysy bada-bat burnuňa urýardy. Näsag galyň ýüpek düşek, per ýassykda başyny goýup, sary-sadylla bolup ýatyrdy. Ol, takmynan, ýedi-sekiz ýaşlaryndakuy oglanjykdy. Boýny almaň sapagy ýaly inçedi, sarysy ýüzüniň daşyna urup, ýanar otda iňläp ýatyrdy. Onyň ýanynda ejesi bilen ýene iki aýal maşgala gözýaşa boglup, hudaýdan haraý isläp, iki-baka elewräp, çaýkanyşyp otyrdy. Garabäpbe haý diýmän, ýeňini çermäp, işe girişdi. Oglanyň goşaryndan tutup, diňşirgendi, gözleriniň gabagyny galdyryp, içine äňetdi. Garnyny sypaşdyryp gördi, el-aýaklarynyň dyrnaklaryna seredip çykdy. Soňam uludan dem aldy-da, näsagyň ýanynda oturdy. Tebibiň uludan dem almagy hemmeden beter hassa golaý oturan enäniň bagryny parçalady. Ol aýalyň jynssyz sesi ýüregini elendirip gitdi. Enäniň “Balam!” diýen sesinemi ýa-da Nohurdan gelen tebibi görmägemi, goňşy-golamlaram zöwwe ördüler. Ene henizem aglap otyrdy. -- Tur, güm bol şu ýerden, ganjykdan bolan.Ýeke oglyňy keselden gorap bilmän, onyň şeýle güne düşmegine eýse sen günäkär dälmi? Ol adamsynyň gözlerini alardyp, gazaplanany bilensoň, sesini tapba kesdi. -- Gyssanybermäň, baý aga, birneme giňräk boluň. Onsoňam bu ýerde ses edip, hassany bimaza edip oturmalyň-a. Olar tirkeşip başky oturan otaglaryna geçdiler. Baý tebibiň dymyp duranyny halamady. Onuň basymrak geplärine howlukdy. -Yzak dymdyň-la, tebip?! Ýa indi oguljygym bejererden geçipmi? Çekinme-de dogryňy aýdaý. Indi men bar zada kaýyl. -- Ýok, baý aga, men hiç mahal öňünden kesgitli bir netijä gelmäge howlugamok. Ýöne näme, derdi gijikdireniňiz hak, oňa gürrüň ýok. Dogrusy, iş-işden geçipdir diýseňem boljak. Ogluňyzyn sarysy ötüp, süňňüne ornapdyr, bagry ulalyp, ýetjek derejesine ýetipdir. Onuň häzirki haly size-de aýan, maňa-da. Onda-da ruhdan düşmäliň, umyt edeliň. Alla ýol berse, kömegimiz deger. Elimiz ýeňildir baý aga. -- Sylagyňdan-a arkaýyn bol. Dünýe malymy şu ýatanyn ýekeje dyrnajygyça görmerin. Ol meniň ýeke oglum. Ýalňyz mirasdüşerim şudur. Güýjüň ýetmese-de, dermanyny bir salgy ber. Ýer ýüzüne aýlanyp çykmalam bolsa, men taýyn. Ýüregimde arman bir galmasyn. -- Gürrüň sylagda däl, baý aga!Adama iň gymmatly zadyny - saglygyny gaýtaryp berip bilsem, maňa şondan gymmatly zat ýokdur. Olar özara gürrrüňi çaý başynda dowam etdiler. -- Baý aga, men häzirden işe girişerin. Ilkinji etjek emimden nähoş özüni azda-kände duýup başlasa, onda bize allanyň berdigi. Täsir edere zat bolmasa welin… By keselem hil-hil bolýar, gowy zady, çagaň ýüregi sag. Bize ilki bilen möjek gerek bolar. Oglana gowrulan möjek ýüreginden iýdirip bilsek, bagtymyz çüwdigi. Ýöne başga bir ýagdaý bar: ogluňyz iýmeden-içmeden galypdyr. Siz möjek tapýançanyz, men onuň işdäsi açylar ýaly, derman taýynlaýyn - diýip, ol özüniň dermanly horjunyna elini ýetirdi. -- Möjegiň ugruna häzir çykarys - diýdi-de, baý germe-satan bolup,daş çykdy. Agşama çenli baýyň howlusyna ululy-kiçili möjekleriň üçüsi tutulypgetirildi. -- Ogluňyzyň ady näme, baý aga? -- Nowruz. Şondan soň olaryň ikisem geplemedi. Oglanyň şol bir ýatyşydy. Saga-sola öwrüleýinem, gözlerimi açaýynam diýmeýärdi. Garabäpbe iki gije-gündizläp onuň ýanyndan aýrylman oturdy. Gowrulan etden az-kem iýdirdi. Baýyň onyň ýanyna girip-çykyp, bir ýerde oturmaga takady galmady. Tebip şu gün öýlän oglanyň gyzgynynyň birneme aşak düşenini bilip, rahat dem aldy. Birhaýukdan onýn hereketsiz süňk bilen hama öwrülip giden endamyna jan girdi, damarlary suwlandy. Aýaklaryny ýygnap, täzeden uzatdy. Adaja bolsa-da, çukralan ullakan gözlerini açyp-ýumdy, iňňildisi azaldy. Kynlyk bilenem bolsa buşukdy, azajyk gan gatyşykly peşew geldi, soň ýöremän oglany heläk etdi. Iki-ýana towlandy. Tebip alma suwuny içireninden soň, diňe gije ýarymdan aganda, peşew gelmesi kadalaşdy. Baý oglundaky iňňäň ujy ýäly bäri bakyşa-da begenýärdi. -- Adamyň peşewi ýöremese, köpräk alma iýmelidir. -- Bilip goýaýmaly zat eken. -Baý tebip bilen kiçi göwünli, pecpäl adam kimin gürleşýärdi. Gözüniň öňunde oglunyň ýüzi nurlanyp, assa-assadan bäri bakýanyny gördi. Emma birdenem Nowruzyň üsgülewigi tutdy. “Kyhha-kyhha” edip, yzyny üzmän üsgürdi, ýüz-gözi gögerip, ony aldym-berdime saldy. Gan-dere basdyryp, oglany aljyradyp ugrady. Tebip haýdan-haý hassa gyrgyçdan geçirilen sogan bilen bal garyp içirdi. Sähel salymdan soň onuň üsgülewügi aýryldy. Tebip oglana soganyň gaýnadylan suwundan günde üç wagtyna içidi. Özi-de oglanyn halynyň dem-demden gowulanýanyny görüp, onuň ata-enesinden beter begendi, ýanyndan ýekeje salymam gozganmady. Çaý-çoreginem ol sü ýerde iýip-içdi.Ony her sapar baýyň gyzy getirip gidýärdi. Onuň ýüz-gözi ýapykdy. Garabäpbe o gyzyň ýüzüni ýekeje gezegem görüp bilmändi. Olaryň arasynda “Sag boluň!, “Taňry ýalkasyn” başga gürrüňem bolmandy. Ýöne bir gezek o gyz daş işikde haýsydyr bir iş bilen meşgul bolup ýörkä, içerde oturan Garabäpbe onyň ýüzüni ap-arkaýyn synlapdy. Dogrusy, ol şo gezek bu gyza hyrydar gözi bilen garapdy. Şeýle maşgalanyň öz maňlaýyndan çykaryna alladan dileg edipdi. Garabäpbäniň deňi-duşy kileň öýli-işiklidi. Birenteginiň ikilän-üçlän çagasam bardy. Ýöne ýetim oglany öýermek hakda kelle agyrdýan adam ýokdy. Wagt bolsa garaşyp duranok, öz peýwagtyna geçip otyrdy. Ol eýýäm otuz ýaşap barýardy. Ine, häzirem içerik baý gyzy eli çäýnek-käseli gelip girdi. Soňam sesini- üýnüni çykarman, gelşi ýaly çykybam gitdi. Tebibiň göwnüne, ol birsellem eglenjek ýalam bolup göründi. Ýöne özüne bakan gabagyny hem galdyrmady. Onýança Nowruz gozganjyrady-da dilini daşyna çykaryp, suw diýip, yşärat etdi. Ýöne by gezek onyň sogan suwundan içip ugry bolmady. Tebip oglanyň dilini çykaryp gördi. Onuň üsti ýaryk-ýaryk, agzynyň iç ýüzüni hem tutuşlygyna ýara baglan eken. Tebip oglanyň diliniň üstüne narpyzyň owradylan ununy sepdi. Agzynyň ýaraly ýerlerine hem zäk çalyşdyryp çykdy. Oglanjyk şondan soň ertire çenli sarsman ýatdy. Salman baý säher bilen içerik girende, tebip ýaňy bir egnine gyşarypdy. Ol baý halkyna gelişmejek hereket bilen içerde pişik basyşyny edip ýöredi. Oglunyň ýüzüne äňedip, onyň maňlaýynyň künji ýaly owunjak derläp durandygyny gördi. Öl şol gelşi ýaly çykyp gitmekçi hem boldy. Onýança ukudan oýanan Garabäpbe dikelip oturdy. -- Sizmidiňiz, baý aga? Salowmaleýkim, irkiläyipdirin. -- Waleýkimessalam, tebip, şunça oýarmajak boldum welin, bolmady. Gije ýatanam dälsiň. -- Oňly ýatyp bilmedim, ýöne Nowruz onat ýatdy. Agzynyň iç ýüzünde, diliniň üsti ownuk ýaralardan dolan eken. Emini etdim, indi aýrylar… Aradan üç gün geçipdi. Baý tebibe näme iýdirip, näme içirjegini, neneň hezzet-hormat etjegini bilmeýärdi. Ol çaý başynda-da, özara gürrüňçilikde-de keýpli oturdy. Ýersiz ýere-de lakyr-lakyr güldi. Oňa ýaramsaklyk etdi. -- Garabäpbe, sen akylyň öýi. Hudaýym köp görmesin. Gel, bizde ýaşa, maşgalaňam göçürip getir. Özüm saňa ak öý dikeýin. Mal-gara bereýin. Maňa oglumy gaýtaryp beren adamyň gözümiň üstünde orny bar. Garabäpbe bayýň gürruňini diňläp otyrka, göz öňüne onuň gyzy geldi. Ýöne o barada dil ýarmaga milt edip bilmedi. -- Esasy zat, yhlasym ýerine düşüp, ogluňyz aýaga galsa bolany. Onsoňam indi ogluňyzda gorkup oturasy zat ýokmuka diýýän. Uly howp sowuldy. Baý içip oturan çaýyndan şirp-şirp owurtlady. Soň olaryň hijisem geplemedi. Ikisem çaýa güýmendi. Şo demem içki işik jygyldap, çalaja ses etdi. Baý aňkarylyp, duran ýerinde doňup galdy. Gapyň agzynda Nowruz arkasyny diwara berip durdy. Tebip çalasyn ýerinden turdy-da, hemişeki parahatlygy bilen ümledi. -- Tüweleme, Nowruz jan aýaga galdy, gözüňiz aýdyň, baý aga! -- Ol Nowruzyň elinden tutdy-da:-- Hirä gitjek, Nowruz?-diýip, sorady. -- A-ýak-ýo-luna. - Ol kakasyna bakyp: -- Ka-ka, ka-ka, in-di ö-özümem ýö-räp bilýän-dä, ma-a-ňa se-ret!-diýip, sakowlap, endirewük sesli gepledi. -- Dur oglum, men saňa kömek edeýin. --Ýok, ýok, men özüm… Nowruz birki ädim ätmänkä gözleri garaňkyrady. Tebip goltuklap ýetişdi, aýakýoluna äkidip, ýerine geçirip ýatyrdy. Göräýmäge hemme zat gülala-gülluk ýalydy. Arman ýary gijeler oglanyň aýylganç wägirip goýbermesi öýdäkileri-de, tebibi-de hopukdyryp oýandyrdy. Tebip turan dessine çyranyň peltesini galdyrdy, içeri ýagtylandy. Oglany görenden ol hämäniň-nämedigine göz ýetirdi. Nowruzyň burnundan akýan gan düşegiň köp ýerini zaýalapdy, häzirem birsydyrgyn gidip durdy. Bu boluş owalam ysgynsyz oglany aljyradýardy. Baýyň el-aýagy titräp, ol durky bilen saňňylda öwrüldi. -- Alla ýalkady, ogluňyz dertden gutuldy diýip ýören halymyza… täze bir derde sataşdy oturyberdi. Eý, biribar, ýoluňa bir öküz sadaka bolsun, sen meniň oglumy halas et. Tebip, senem gamyny edeweri, tizleşeweri. Oglum gidip barýar-a.Ganyny saklamagyň alajyny et! Tebip aljyrajak boldy, bir zadyny eline alyp, ýene-de goýýardy. Nämedir bir zady hakydasyna getirjek bolýardy… -- Oglum, ýetişsene, bir alajyny etsene… --Baý aga, häzir azar bermäň!--Ol haýsydyr bir derman taýýarlamalydygyny bilýärdi. Ýöne ňäme etmeli, birbada näme etjegini bilenokdy. Baý bir gezek ogluna, birem tebibe seredip, peje atylan buz ýaly eräp gidip barýardy. -- Baý aga… kepderi tapdyrmazmyka? -- Kepderi! Tapdyrman näme? .. Ýöne onyň muňa näme dahyly bar? -- Baý aga, burnuň ganyny duruzmak ücin adama kepderiniň ganynyň içirilýändigi ýadyma düşdi. Geliň, synap göreliň! Baý gidip goňşy-golamlaryň çagalaryny oýardy, olaryň saklaýan kepderlerinden birnäçesini satyn alyp getirdi. Tebip dört-bäş kepderiň damagyny çalyp, damak gany guýlan käsäni oglanyň agzyna tutdy. Nowruz gany ýýlylygy bilen sümürdi. Haýran galsaň galyp oturmalydy, şondan soň Nowruzyň burnundan gan akmasy togtady duruberdi. Garabäpbe uludan dem alyp, maňlaý derini ýeňi bilen sylyp goýberdi. Baý onuň ýanynda henizem, şol bir bolşy yaly durky bilen titräp durdy. -- Baý aga, görýän welin, size el-aýagyň titremesem ýoň bolupdyr öýdýän. -- Hawa, oglum, öň beýle zadym ýökdy, muny, ine, şu oglan ýataly bäri tapyndym. -- Onuňam emini aýdaýaryn. -- Aýt, oglum, näme etmeli? -- Köpräjik sarymsak iýäýmeli. -- Sarymsagyň-ha işi aňsat welin… agzyň porsap dursa mähellä baryp bolmaz, gelin- gyzlaram golaýýňa gelmez. -- Eýle bolsa, turşy nary gülabyn suwy bilen garyp çaýkasaň, agzyňdaky porsy ys uzak eglenmez. -- Be, walla, sen-ä hakyt diri Lukman hekim. -- Dogry aýdýaňyz, baý aga. Bu zatlar Lukman hekimde-de bar, ata-babalarymyzyň tejribesinde-de. Türkmen atadan galan mirasy ýandyrylyp goýlan şeme meňzedýändir. Bularyň bary arkama-arka, nesilme-nesil geçip gelýän zatlar bolmaly. Ýöne, haýp ýeri, şol gymmatly zatlary ýaňadan ýüze çykarmak üçin alada edilenok. Olar ýýl-ýyldan ýitmek bilen. -- Ras aýdýaň, oglum. Bu biziň bagyşlap bolmajak hatamyz. Baý bilen Garabäpbe gürlesip, tä daň mazaly agarýança oturdylar. Nowruz sus ýatdy.Ol diňe ir bilen gözüni açdy. Ejesiniň agzyna tytduran geçi süýdünden içdi. Ögluny sorap, baýyň öýüne oba adamlary topar-topar gelip gitdiler. Häzir içerde Garabäpbe baý bilen ikiçäk galypdy. Ol nadip düýnki güne gaýdyp geljegini bilmedi. Bolsa-da gönüläp gep atdy. -- Baý aga, düyn siz bir teklip aýtdyňyz. Bärde galyň, bileje ýaşarys diýdiňiz. - Ol baýyň jozzuk ýüzüne aşaklyk bilen garady. -- Walla çynym, göçüp gel, beren sözümde durmasam, erkek bolmadygym. -- Men oňa ynanmazçylyk edemok, baý aga. Ýöne “Towşana dogduk depe” diýilýändir. Belki, bu söz siz tarapda-da ýörgünlidir. Her kimiň öz ýurdy, öz topragy özi üçin jennetdir. Ýöne bu gürrüňi ýatlamak bilen, başga bir zat hakynda aýtjak bolýan. Siz maňa “maşgalaňyzam göçürip getiriň” diýdiňiz. Meniň maşgalam bolmasa näme, sallah, öýlenmek üçin bolsa gurp gerek. -- Sallah? - Baý garaşylmadyk terzde tebibe aňkaryldy. - Gal şu ýerde, üstümde hudaý bar, elim bilen öyermesem basyma telpek geýmedigim. -- Baý aga, aladaňyz üçin taňry ýalkasyn. Meniňem maňlaýyma ýazylany bardyr. Ýöne men bir ynsany dertden halas etdim diýip hak alýan adam däl. - Ol elini iki gaýta dyzyna ýetirip, topugyny owkalaşdyrdy.-Ertir ýagyş ýagjag-ow. -- Munyň-ha birhiliräk boldy, tebip. Könelerimiz agşamyna bilbil saýrasa, ertir ýagyş ýagjagynyň alamaty diýipdir. Häzir weli bilbil küge, zat küje. Asmanyňa-da garap gör, patrasyp duran ýyldyzdan ýaňa ýer ýok. Önsoň nädip ýagyş ýagsyn?! -- Adamyň endamyndan duýgur zat bolmaz eken, baý aga. Men ony hemmelerden öň düýýan. Baýy şol pille goňşy obaly Gulam bagşyň gelin toýuna çagyryp äkitdiler. Garabäpbe oglan bilen ikiçäk galdy. Yzýany bilenem baýyň gyzy girdi. Olaryň arasynda bary-ýogy şu gürrüň boldy. -- Adyň näme, jigim? -- Gülmusa. -- Näçe ýaşyňda? -- On ýedi. Içerik baýyň aýaly girdi. Garabäpbe ogurlyk eden ýaly ýüzüni boz-ýaz edip, süýji ukuda ýatan Nowruza bakdy. Baýyň aýaly gyzyna “daş çyk” diýip, üm bilen yşarat etdi. Sen-men ýok, ýaşmak astyndan pyşyrdap gürleşdi. -- Oglumyň ýagdaýy neneň, tebip? -- Tüweleme, ogluňyz dertden saplandy, indi gorkup oturasy iş ýok. -- Dogan, sen biziň ýalňyz oglumyzy ölüm penjesinden alyp galdyň. Indi senem baýdan islän zadyňy sorap bilersiň. -- Ýok, ýok, men hiç ýerde-de dertliň hossaryndan zat sorap, ony alada goýamok. -- Ol baý adam, on-on iki süri dowary bar, saňa-da zat artykmaçlyk edesi ýok. Meň diýenimi etseň, hor bolmarsyň, soragyn, islän zadyňy. Ol seniň soran zadyňy berer, göwnüňi ýykar öýdemok. Belki sen ondan şujagaz gyzyny sorarsyň. Ä! -- Beý diýmäweriň bikäm, men ony agzabam bilmen. Onsoňam hudaýyň özi abraý bersin. -- “Ýetim oglan öz göbegini özi keser” diýip eşitmänmidiň? -- Onyň-a dogry, bikäm. Sen türkmençäni Salman baýdanam arassa gepleýärsiň. Türkmen-ä dälsiň-dä! -- Türkmen. Ýerli türkmenlerden. Bäý başky aýaly ýogalansoň, meni özüne aýal edip aldy. Şu gyzam onyň başky aýalyndan. Gülmusa gowy, asylly gyzdyr. Ony alyp bilseň, o dünýe, bi dünýe ýüregiňde armanyň galmaz.Ýöne… sallahlygyň çynyň bolsa?! -- Çynym, dogan, meni öýerjegim ýok. -- Düýn baý bilen eden gürrüňiňizi az-kem diňledim. Onuň ýalňyz ogly üçin gaýgyrjak zady bolmaz. Isleseň, men şu gün onuň taryna kakyp göreýin. Seniň ýaly goç ýigit tapsa, Gülmusa-da garşy bolup durmaz. -- Men… bilmedim, gahary gelip, obadan yzyma it salyp kowaýmasa, haýyş edýän, meni bir ara goşma, şunça günläp duz-çöregini iýdim, indem ýok, ýok, oňa meniň-ä dilim barmaz. Bolmasa, ynha men basym gaýdaryn, şondan soň… -- Ýok tebip, her zadyň öz wagty bar. Sen ümsüm otur, galanyny özüm… -- Ol ýeruinden turup, gapa bakan ýöneldi. Garabäpbe onyň yzyndan gygyrdy: -- Adyňýz näme, bikäm? -- Nargül. Ol çykyp gitdi. -- Baý şol gije öýe giç dolandy. Daşarda gök gübürdäp, ýyldyrym çakýardy. Baý süllumbaý bolup ezilip geldi. Eşigini çalşyrynyp-çalşyrynmanka-da: -- Men-ä saňa telpek goýandyryn, tebip! -- diýdi. Garabäpbe hoşwagt bolup ýylgyrdy. Baýýň nämüçin “telpek” goýanyna welin özlerinden başga hiç kim düşünmedi. -- Neneň, Nowruz janyň haly, ganymatmy? -- Ganymat, baý aga, ýaňy gürleşibem oturdyk. Häzirjik uka gitdi, goý ýatsyn, häzirki günlerde köp uklamak onuň üçin peýdaly. -- Sag bol, tebip. Senem indi ýat, bar dem-dynjyňy al. Meniň özüm oturaryn. -- Ýok, baý aga, baryň siz arkaýyn ýatyň. Men oňa ýene-de tutuş üç günläp gözegçilik etjek. Şu üç günde gaýralamasa, gurdumyzyň gündiz uwladygy. -- Agzyňdan hudaý eşitsin, aýdanyň bolsun. - Baý şeý diydi-de, ýatmaga gitdi… Tebibiň soňky üç güni hem göz açyp-ýumasy salymda geçdi. Garabäpbe bu ýere gelen gününi barmak basyp sanady. Şu gün bir hepde bolupdy. Ol baýyň ýanyna ýüregindäkini aýtmak üçin bardy. Baýyň keýpi kökdi. Tebip bilen kemsiz öwrenişipdi. -- Essalawmaleýkim, baý aga. Sag-aman ördüňizmi? -- Waleýkimessalam. Neneň, oňat ýatyp bildiňmi? Nowruz jan niçik, parahat ýatdymy? -- Hudaýa şükür, Nowruz janyň indi hiç kime azary ýetmez işalla. Ysgyna gelse, başga kemi ýok. Gyzgynam gaýtdy. Bagram öňküsinden kiçelipdir. Ýöne onuň doly gutulmagyna birneme wagt gerek bor. Olar ýuwnup, saçak başyna geçdiler. Çaý-çörekden boldum edip, töwirem galdyrdylar. Diňe şondan soň Garabäpbe baýa ýüzlenip, şeýle diýdi: -- Baý aga, tüweleme, ogluňyz aýaga galdy, yhlasym ýerine düşdi. Haçan gelmeli bolsa, men gelerin. Ogluňyz taplanýança tagapyl ediň. Düýbi düzüw. Geçi süýdüni köpräk içiriberiň. Çebiş eti-de dermandyr, dura-bara hemme zadam kadalaşar. Men “annada dolanmasam, yzymdan idäň” diyip, aýal doganymyň adamsyna tabşyrypdym. Şu günem anna, rugsat berseňiz, gaýdaýsam diýýän. -- Oglum, rugsat alladandyr. Eden hyzmatyňy ölinçäm unutmaryn. Agzyň geplänini al, şü öýden islän zadyňy göter, ýüzümi çýtman. -- Taňry ýalkasyn, baý aga, kem zadym ýok. --Ýok, oglum, sen hormatlanmaga mynasyp iş bitirdiň. Özüme uly mirasymy, bagtymy gaýtaryp beren adamyň öňünde bergili bolup, müzzerip oturyp bilmerin. Ol namartlyk bor. Garabäpbe sesini-üýnüni çykarman gaýtdy, ýol şaýyny tutup başlady. Salman baý aýalyny ýanyna çagyrdy. -- Düýnki maslahatyň-a biçeme däl, heleý. Bar, git-de gyzyň bilen gürleş. Oňatja gürleş. Öz niýeti nähilikä? Herhal ejemiň ady dakylandyr, sala salsaň ýagşy. Baýyň aýaly gidişi ýaly gaýdyp geldi. -- Hawa, näme diýdi onsoň?! -- Kakamyň özi gowy bilýändir diýdi. Garşylygym bolmaz diýdi. -- Ho-op ýagşy, gyz maşgala iru-giç garamatyny biriniň üstüne atmaly, derrew gyzyňyň şaýyny tut, heleý. Şundan amatly pursat ýok. Men ony şu tebibe - nohurly türkmene berjek. -- Wiý, goýaweri atasy, ol aýally bolsa näbilýäň? --Aýallam bolsa berjek. Gulam bagşynyň toýuna o ýandanam myhmanlar gelen eken. Şolardan sorap, anyklaşdyrdym baryny. Onuň ýurdunda pessejik tam kepbesinden hem-de paý gulak eşeginden basga hiç zady ýokmuşyn. Öýüniň goşy-da towuga ýükläýmelimişin. Dostum Rejep teke onuň kakasyna-da belet eken. Ol ýalan sözlemez ahyry. Ata-eneleri uçursyz gowy adamlar bolupdyr. Häzir welin tebibiň bir aýal doganyndan özge ýakyn garyndaşam ýok diýdi. Aslynda olar Nohura Hywa ýurdundan göçüp gelen bolmaly. Şol sebäpli, olaryň tiresine obadaşlaram hywaly diýip ýüzlenýärler. Onuň kem sady garyplyk. Gyzymyz şeyle ýigide barsa, armany bolmaz. Özüne-de aýt, içerden islän zadyny götersin. Baý Garabäpbäniň ýanyna gelende, ol ňowruz bilen eginleşip, içerde iki-baka ädimläp, oňa nämedir bir zady wesýet edýärdi. -- Garabäpbe, oglum, biz ýap-ýaňy keýwany bilen naslahat etdik. Sen bir sallah, pukara ýigit. Seni biz öz elimiz bilen gözli-başly edäýsek diýýäs. Has takygyny aýtsam, biz saňa öz nowbahar gyzymyzy-Gülmusany bermekçi. -- Maňamy? Siziň çynyňyzmy, baý aga? - Garabäpbäň ýüzi çapady ýaly gyzaryp, damagy doldy. Birsellem baýyň ýüzüne garap, gepläp bilmedi. --- Saňa nä döw çaldy, sen oňa närazymy? Garabäpbe zordan dil açdy. -- Siz ony menden soraýaňyz-la, baý aga? Men barada gürrüň ýok welin… gyzyňyz myňa göwnärmikä?.. Şol wagt içerik giren Nargül adamsyndan ozal pyşyrdap gepledi: -- Gyzymyz razy. -- Bizde ata-enä garşy gitjek gyrnak bolmaz. Şondan soň Garabäpbe-de geplemedi. Baý nökerlerine saýlama alaşalardan birini eýerläp getirmeklerini buýurdy. -- Ynha, şu goşanam ýanyňa al. -- Baý aga, elläp gören zadym däl. Onsoňam… -- Al diýdimmi, al. Bilip bolmaz, nä döwür, nä zamana. Gerekli daşyň agramy bolmaz. Paý gulagyňam ýene bir geleňde äkidäýersiň-dä! -- Baý aga, aladaňyz üçin taňry ýalkasyn. Sizi alla öz penasynda saklasyn. Ogluňyza, agtyk-çowluklaryňyza guwanyň, döwletiňiz yrylmasyn. - Indi sen biz bilen garyndaş bolduň, giýew bolduň. Gudalyk müň ýyllykdyr. Enşalla, siz tarap bilen gatnaşygam ederis. Mätäçlik çeken zadyňyz bolsa, habar ediň. Başym dik bolsa, sizi hor etmerin. Nowruz jan oglumyň özem sizden habar alyp durar. Bagtyňyz açyk bolsun, balalarym. -- Garaşyň, men häzir - diýdi-de, baý aýaly öýe kürsäp urdy. Ol öýden bir jübüt ýalpyldawuk bilezigi alyp çykdy. - Al, gyzym. Sen bilezigi özüň dakyn. Ejeň pahyrdan galan. Ýadygärlik bor. Garabäpbe alaşanyň üstüne baý gyzyny mündüreninden soň, özi hem üzeňňä aýagyny ýetirdi-de, nirdesiň Garawul obasy diýip ýola düsdi. Nowruza bolsa diňe olaryň yzyndan garap, ýylgyryp durmak galdy. 4. Gülmusa at ýüzli, gara göz, gara gaşly, uzyn boýly, inçe billi, görmegeý gyzdy.Ol baýyň başdaş aýalynyň ýekeje çagasydy. Salman baýyň gyzyny alaşaň syrtyna mündürip, olara ak pata berip goýbermegiuly ili haýran galdyrdy. Asyl şol güne çenli Garabäpbe gyzyň ýüzünem arkaýynlykda synlap gormändi. Diňe häzir galkyjyklap oturuşyna onuň ýüzüni çalaja görüp galypdy. Beýle husnyjemaly ol heniz hiç ýerde, hiç haçan görmändi. Garabäpbe alaşasyny öz maýdalyna sürüp gelýärdi, bu bolup barşy oňa ylla düýş ýaly bir zatdy. Ol şol pille ir ýogalan ata-enesini ýatlap gözüne ýaş getirdi. Bu ýagdaýa welin Gülmusa düşünmedi. “Ýurdundan aýrylan men, ata-eneden jyda düşýänem men. Men aglamaly halyma gözlerimden birkatra ýaşam çykanok. Kakamyň sözüni ýerde goýmajak bolup gaýtdym. Ýogsam menem baý gyzy, baý ogullaryna-da baryp bilerdim. Ýeke doganymyň hatyrasy üçinem, men öz ykbalymy şu aýry ýurtly adam bilen baglamaga razylyk berdim.Düşünýän däldirin. Ondan bu nämäniň alamatydygyny soramaga-da utanýan”. Şo pille Garabäpbe ýagdaýy gyza mälim etdi. -- Kakam bilen ejem pahyr ýadyma düşdi. Bizem o mahallar Nohurda oturýardyk. Jülgeden gelen sil suwy olaryň ikisinem özi bilen alyp gidipdir. Men-ä üç-dört ýaşlaryndaky çagajyk ekenim. Aýdyşlaryna görä, Meretgül doganym ikimiz bir gudrat bilen aman galypdyrys. Sil ýarygijeler gelipdir. Ol öýümize kürsäp uranda, ejem uly ses edip gygyryp oýanypdyr. Kakam bizi baýryň ýüzündäki agylymyzyň üçegine getirip goýupdyr-da: “Siz şu ýerden gymyldaman oturyň. Men häzir ejeňizem alyp geleýin” diýip, ýene yzyna, ejemiň ýanyna ylgapdyr. Ejem görgüliniň ýürek agyrysam bar eken. “Kömek ediň, adamlar!” diýip, siliň gelýän tarapyndan ejemiň sesini Meretgülem eşiden eken. Men welin uklap galypdyryn. Kakam özüni sile urup, ejemi tutup saklapdyram, ýöne düýe ýaly äpet uly bir daş togalanyp gelipdir-de olaryň ikisini hem özi bilen alyp gidipdir. Meretgül ýalan sözlemez. Gözi bilen gören zady onuňam ömürboýy ýadynda galypdyr. Oba adamlary säher bilen örüpdirler. Bizem şolar ýygnapdyrlar. Garabäpbe Gülmusanyň gürrüňini doly eşidip bilmeýändigini aňdy-da, ony atyň öňüne geçirdi. --O pahyrlaryň meýdini jaryň ýigrimi-otuz kilometrlik pesinden tapypdyrlar. Başga-da ölen-ýiten adamlar kän eken. Bir aýagynyň mäjum bolandygyny görübem adamlar kakamyň aýagyna uly bir daşyň degendigini bilipdirler. Ol ýaňadan bozuldy. Oňa gyzyň ýüregi awap, gözleri çyglanyp gitdi. --Meniň bu bagtly günümde şol pahyrlaram bolup, iki gözümiň dört bolandygyny gören bolsadylar. - Ol şol bir gepläp gelşine öz sowalyna özi jogap berýärdi. - Ýetimçilikde ulaldyk. Bize daýylarymyzdan biri eýelik etdi, ýatan ýeri jennet bolsun pahyryň, häzir ol hem aýatda ýok. Ýer ýüzünde ýalňyz doganym Meretgül. Tüweleme, onuň üç sanjak çagajyklaram bar. Ulujasy oglan - Aşyrmyrat. Ol daýysynyň gelin alyp barýandygyny biläýse dagy, ylgaşlap öňýmizden çykardy. Eý, hudaý, indi menem gelinli boldum. Beýle bor öýdüp ýatsam-tursam oýuma-da getiremokdym. “Men neneň bagtly” diýäge-de, gygyrasym gelip dur. Ol gyzyň inçe bilinden tutup gelşine, ýüregi daşynda urup, ony heýjana salýardy. Göwnüne bolmasa, alaşa-da ýadapdy. Her gezek ätlände, yzky aýaklaryny göterip-göterip goýýan ýalydy. Şonuň uçinem ol bu giňişlik ýaýlada birsellem dem-dynç almaly, düşlemeli etdi. Garabäpbe ýeňillik bilen böküp ýere düşdi-de, gyzy gujagyna aldy. Onuň ilkinji gezek eli gyzyň eline degende, ýüregi jigläp gitdi. Şol sebäpli bolsa gerek, ony ýerde goýmaga-da dözmän, gujagynda esli wagtlap saklap durdy. -- Sen meniň bagtym, men seni ynjytmaryn. Ynjytmajagyma-da, bela-beterden, howp-hatardan döş gerip gorajakdygyma-da, ine, şu Hydyr gören daglaryň, gudraty güýçli çeşmeleriň, ýylçyr kemerli gaýalaryň öňünde ant içýän. Gülmusa geplemedi, uýalyp otyrdy. Ol ýüzünden ýaglygyny aýranda welin, Garabäpbe tas arkaýynlygyna gaýdypdy. Özüne gözlerini gyrpman seredip oturan bu görmegeý gyzy görüp, birhili aljyrajak ýaly etdi. Gyz ýagdaýy aňan borly, derrew ýüzüni ýapmak bilen boldy. Olar şondan soň üm bilen gepleşip, üm bilen düşünişdiler. Garabäpbe heniz-henizem bolan bu waka ynanyp bilmeýärdi. Ol baý halkynyň husyt hem-de zalym bolýandygyny eşidipdi. Ýöne öz gyzyny haýsydyr bir garamaýaga berip goýberip biläýjek başga bir baýyň keşbini göz öňüne getirjek bolup şunça jan etse-de, başarmady. Megerem, Salman baýyň bu gaýratyna taý tapyljak ýokdur. Gyz geplänokdy. Garabäpbäniň welin bir özüne nobat berlen ýaly, yzyny üzmän şol bir gürläp oturyşydy. --Ynha, ha diýmänem obamyza bararys. Hudaýa şükür, öýüm-işigim bar. Uýam Meretgül begenjinden iki bolup bilmez. Kakaň müň ýaşasyn, ýamanlyk ýüzüni görmesin. Menem gözli-başly etdi. Oba baraly bakaly, döwletli toýam ederis. - Bu gezek Garabäp-be özüne erk edip bilmedi. Gyzy bagry bilen oýkap-oýkap, ony gujagyna mäkäm gysdy. Ine, şo mahalam töwerege niredendir bir ýerlerden peýda bolan at aýagynyň dükürdisi ýaň berdi. Garabäpbäň aty hem birgeňsi kişňedi-de, uly howpuň abanyp gelýänligini syzan ýaly duran ýerini toýnagy bilen gazaberdi. Garabäpbe rejäniň gowy däldigini aňdy-da, goşany eline alyp, oňa ok sürdi. “Gülmusam, sen birjigem gorkmagyn. Biz häzir düşünişeris” diýibem, atlylaryň golaýyna gelerine garaşdy. -- Eý, keçe telpek türkmen, sen biziň naçary alyp gaýtmaga neneň ýürek edip bildiň? -- Taşla tüpeňi, janyňa haýpyň gelsin. -- Eý, gadyrdan adamlar, ilki siz özüňizi tanydyň, onsoň tüpeňi taşlamalymy-dälmi, belli bor. -- Seniň päliň azypdyr. Sen häzir şu ýerde it ölen ýaly ölüp, läşiň aç gurtlara şäm boljagyny bileňokmy!? -- Näme matlabynyz bar bolsa, eşideliň. Onsoň kimiň maslygyny nämä şam etmeli bolsa, ony soň maslahatlaşybereris. -- Serediň, seredin, onuň dillijedigin-aý. Gülmusa Garabäpbäniň golaýyna gelip, onuň gulagyna pyşyrdady: “Bular meniň daýy toparlarym. Olar kakam bilen tersleşip, gatnaşanoklaram. Hanha, olaryň arasynda Hajyrza daýymyň özem bar”. Garabapbe bu gürrüňden soň birneme özüni dürsedi-de, tüpeňiň gundagyny ýere diräb, az-kem rahatlyk tapan ýaly etdi. --Görýän welin, biz guda-gorum ýaly. Eýle bolsa, geliň, sowukganlylyk bilen düşünişjek bolalyň. Eger-de siz bu naçara hossarlyk etmekçi bolýan bolsaňyz, onda ony alyp gaçýandyr öýdüb-ä pikirem etmäň. Şalman baý bizi, ak pata berip, ýola saldy. -- Biziň ýanymyzda şol haramzadanyň adyny tutma. - Apbas Hajyrza garap gepledi. - Ýeri, sen nä agzyňa suw alan ýaly bolup aňkarylyp dursuň? Ýeke oka tabşyr. Bahym bol, başarmasaň, bize ygtyýar et. “dogan dogana gerek, dogandan dogan kime gerek” diýlendir. Eger ol ganjyk bize gulak asmasa, oňa-da bir okuňy gaýgyrma. Hemmäniň gözi Hajyrzadady. Ol rehimsiz göründi, dözümsizem ýaly boldy durdy. Wagty bilen ne gürledi, ne-de bir yşarat etdi, ylla hakgulla bolup durdy. Oňa solunda duran atly gondalaw berip gepledi. -- Janyňa haýpyň gelsin ýigit. Gulak as, gyzy taşla-da, ýeke özüň gelen ýurduňa ötägit. Degmäliň, gaýdyp-duwara dolanmajagyňa-da ant iç. -- Ýok, gardaşym, gelnimi şu ýerde goýup, ýekeje ädimem ätmen.. Onuň ugrunda bu başym gurbandyr. Ölmelem bolsa şu ýerde ölerin. Onsuzam bi ýalançyda bir başa-bir ölüm. -- Gürläber, gürläber, gara sygyr, häzir biz seniň diliňi ýeňsäňden çekdiris. Garabäpbe üstlerine abanýan howpuň barha ýakynlaşýandygyny aňýardy. Atlylar bary birden ylla dilleşen ýaly asmana garadyp tüpeň atdylar. Duýdansyz çykan tüpeň sesleri töweregi lerzana getirdi.Garabäpbe dagynyň münüp gelen alaşasy hem boşady-da, nirädir bir ýana sumat boldy. Dara-direlikde oňa üns berenem bolmady. Garabäpbäniň endamyndan gara der ýöreýärdi. Ol goşany daş-töweregine aýlap, atlylara hemle atýardy. Hajyrza dürli pikirleriň girdabyna batyp oturyşyna ýigitlere birlaý göz gezdirdi-de, sodalyk bilen dem aldy. Soňam: --Gülmusa, ýegen, sen bir zada düşün. Men türkmenleň nohurly tiresine gaty beletdirin, bylar züwwetdin ýalançydyrlar. Olaryň iň dogrusy orak ýalydyr. Sen bi ýigide ynanma, ol seni äkidip, öz ilinde ýaşy gaýdyşan birine satyp goýbär, ol baýamagyň kül-külüne düşen bolsa näbilýäň. Onuň aýaly, çagalary bardyr. Bu ýaşa çenli öýlenmezligi mümkin däl-ä.. Ol seni äkidip özüne gyrnak edinäýmese. Ýa-da kimdir birine sowgat eder. --Ýok, allanyň adyndan ant içýärin, muny men özüme gelinlik üçin alyp barýan. --Gap sesiňi. Gülmusa ýüzüniň bir bölegini açyp: --Hajyrza daýy, sen bu nejisleň diýenine gitme. Kakam bize ak pata berip ugratdy - diýdi. -- Ýok, ýegen, kakaň pata berenem bolsa, ýalňyşypryr. Apbas gürrüňe goşuldy. -- Heý, saçy kesilen, sen bir ýalan gepleme. Gaçyp gidýäniňi kimden gizlejek bolýaň? Onsoňam seniň näziňi çekip durra biziň wagtymyz ýok. - Ol atyny daýyrdadyp, onyň üstüne süründi. Gyzy çemine saljak bolýan ýaly bir bu çetinden, biren beýle ýanyndan geldi. Garabäpbe gazap donuna giripdi. “Golaýa geleni sylaman” diýägede, atlylaň haýsy tarapdan gelmäge çemeleşse şo tarapa-da öwrülýärdi, goşanyň gulagyny gysara-gysara gelýärdi. Beýleki atlylar hem gozgalaň tapdylar. Olar çar tarapdan aýlanyp, Garabäpbäni barha gysaja salyp barýardy. Garabäpbe tüpeňi birki öwre asmana garap atdam, ýöne başga zada ýetişmedi. Bu göz açyp-ýumasy salymda boldy. Kellesine jaýdar degen tüpeň gundagy ony ýere serreltdi. Özünden gidip, ýüzin ýykylan Garabäpbäniň el-aýagyny mäkam daňdylar. Garabäpbäniň kellesinden akan gyzyl gana gözi düşende, çirkin ses edip ýykylanyny Gülmusanyň özem bilmedi. Gyzyň sesi daglara-daşlara düşdi, daglar-daşlar ony telim öwre ýaňlandyryp goýberdi. Atlylaryň biri-hä oňa iki gaýta gamçy-da çaldy. -- Derrew ony atyň syrtyna basyň. Akylyna aýlanýança saklarys. Soňam özümiziňkilerden öýlenip bilmän ýörenlerimiz gyt däl, şolaryň birine bereris. -- Apbas, sen beýle zalymlyk etme -- diýip, Hajyrza seslendi. - Salman baý biziň bu etmişimizi bagyşlamaz. Dogrudanam, olara ak pata berip ýola salan özi bolsa-ha… -- Onuň aladasyny etme. Seniň Salman baýyň bu bolan işi wagty bilen duýmazam, galanynam görübermeli borus. -- Azar bermeseň-ä gowy bordy. Hemmeler atlanmak bilen boldular. Apbas ýerde gana bulaşyp ýatan Garabäpbäniň gursagyna gulagyny goýdy. Birdenem zöwwe ýerinden galyp, sapançasyna ýapyşdy. -- Nejisiň demini sogurmasam… -- Ejize ganymlyk ediji bolma, Apbas. - Hajyrza närza seslendi. Emma Apbas: -- Näme ýüregiň awaýamy? - diýip, ýylgyrdy. -- Hawa-la , dogry aýdýaň, okuňy zaýalanyňa-da degenok. Goý, ony şagallar diriligine lak-luk atsynlar. - Ol Garabäpbäniň iki egninden göterip, süýräp ugrady. Getiribem adam boýly çukura taşlady. Gyssanmaç Garabäpbäniň jübülerini dörüşdirdi, eline ilen zat bolmady. Gülmusa az-owlak özüni dürsedi, gözlerini açjak ýalam etdi. Ýöne ol hiç zady saýgarmady.Atlylar haýal etmän ýola düşdüler. Olaryň yzy bilen Hajyrza-da üöredi.Ýöne ol gyzy öňýne keseligine basyp, gaýşarylyp barýan Apbasyň bolşuny halamady. Öz ýanyndan pikir öwrüp, esli ýöredi.“ Men öz ýegenimiň bagtyny öz elim bilen ýatyrýan bolaýmaýyn. Biziň bu işimiz “Syçandan dynmak üçin öý otlap” ýöreniňkä meňzeş bir zat. Salman baýam ýönelige beýle netijä gelen däldir.Anygyna-şänigine ýetip edendir.Ölüm halynda ýatan ogluny sagaldany üçin gyzyny beren bolmagam ahmal. Eger şeýle bolsa… o neresse el-aýagy daňylgy, bu gije oňa aç böriler daraýmasa. Eý, Apbas,Apbas, seniň gözleriň gyzarypdyr, seniň bu edýän işiňi alla-da halamaz. Men seniň ýüregiňdäkini aňypjyk durun. Sen meniň ýegenimi şikectliligi üçin öýlenip bilmän oturan nalajedeýin, pasmanna gardaşyňa bermekçi bolýansyň. O diýeniň-hä bolmasa gerek. Nätmeli? Belki, oba baryp, baýa habar etmelidir, belki-de ogryn yza dolanyp, çukurdaky bendä kömege barmalydyr”. Atlylar Ýaman ýoldan kötel aşaklygyna inip oba aralaşypdylar. Ine, şo mahalam olaryň öňünden hatar gurap atly-ýaragly adamlar pete-pet geldi. Hiç kese oýlanara, ýaraga ýapyşara maý bolmady. Asyl kelläňe geljek zat däldi. Atlylaryň baştutany Salman baýyň özüdi. Onuň mydamky jozzuk ýüzi salparyp, gözleri gan guýlan ýaly gyzarypdy.Nämäniň-nämedigine göz ýetirensoň-a ylla guduz açana döndi. Gülmusa Apbasyň gujagyndaka iki-baka urnup ýatyrdy. Apbas ony atdan agdaryp, ümdüzine tutdurdy. -- Dur, nejis, ataryn. - Salman baý sözüne gulak asmadyk Apbasy nyşanalap, sapançasyny okdan boşatdy.Tutuş endamy eleme-deşik bolan Apbas atdan taýdyrylyp gitdi. Ýoldaşlary ýesir düşdi. Baý ýerde çalam-çaş bolup ýatan gyzynyň ýanyna gelip, başyny galdyrdy. -- Gyzym, hany gözüňi aç! Gülmusa gözlerini çalaja açyp seretdi: --Kaka, kaka jan… - Ol kakasynyn boýnundan gujaklap, özüni biraz dürsänson, dikelip oturdy. -- Hany munuň ýoldaşy nirede? Hiç kesden ses-seda çykmady. -- Men senden soraýan, eý, it ogly, hany meniň giýewim nirede? - Salman baý ýanynda duran adamyň ýakasyny ebşitläp tutdy. - Ber jogap, oňa näme boldy? -- Kaka jan, bu nejisler ony şo taýda… --Näme! - Ol dergazap bolup, ýakasyny tutan adamynyň üstüne ýaňadan şir bolup topuldy.-Belki, sen öldürensiň? - Soň ol başga biriniň ýakasyny towlap aldy. -- Belki, sen öldürensiň? Men siziň tohumyňyzy tükederin. - Ol ýesirleriň ählisiniň ýüzüne birlaý alarylyp çykdy. -- Ol ölenok, diri. - Hajyrza baýa seredip gepledi. -- Hany nirede? -- Ony Apbas Almalyň oýundaky bir çukura taşlady. -- Heý, it ogly. Baý nökerlerini yzyna tirkäp, salgy berlen ýere at saldy.Garabäpbäni taşlanylan ýerinden tapdylar.El-aýagyny çözüp, ýokaryk çekip çykardylar.Salman baý onuň perişan halyny görüp, ýüregi ýarylara geldi, ýumruklary mäkäm ýumuldy. Ol Garabäpbäniň başyny galdyryp: --Oglum, öt günämi. Bu meň goýberen säwligim. Ýanyňyza öz adamlarymdan goşaýmandyryn, kemakyllyk edipdirin -- diýdi. Gülmusa başyna öran uly ak ýaglygynyň ujundan esli ýerini ýyrtyp aldy. Garabäpbäniň ýüzündäki guma garylan ganyny süpürişdirip çykdy. Ýaglygyň galan bölegi bilen bolsa onuň ýaralaryny saraşdyrdy. Ol hykylap-hykylap, agras dem alýardy. Gözlerini wagtal-wagtal açyp ýumsa-da, hiç zat saýgyrmaýardy,gorejinin öňüni salgym tutýardy. Bu ýagdaý uzaga çekdi. Onuň agzyna suw tutdular.Ol birsellem irikge bolup duransoň, adaja dillendi: -- Men nirede? Maňa näme boldy? Gülmusa hany?.. Baý gazaba dolup baryp Hajyrzanyň alkymyndan aldy. -- Eý, Hajyrza, sen nädip bulara el galdyryp bildiň? -- Meni… meni Apbas zorlap alyp gaýtdy. Ýogsam men bu zatlardan habarsyzdym. Onsoň… --Kaka jan, daýymda günä ýok. Islendik erkegem öz ýegenini keseki bilen bir ýerde görse gany gyzyp, namys duýgusy oýanar… Gyzynyň bu sözlerinden soň baý Hajyrzanyň ýakasyny goýberdi.Onuň yşaraty bilen Hajyrzanyň elleriniň daňysy hem çözüldi. Garabäpbe häzir hemme zady görübem, duýubam ýatyrdy. Ýöne ol başga bir zada welin asla düşünmeýärdi: “ Bu ýerde Salman baý näme işläp ýörkä? Ol nireden çykdyka? Oňa habar etdilermikä? Belki, ýüregi bir zatlary syzyp, biziň yzymyzdan garama-gara gelendir….”. Ol oýlanyp dyrşuna gözlerini gyzdan aýrasy gelmeýärdi. Ony gorap bilmän, üstüni basdyranyna namys edýärdi. Baý hyýrsyzlanyp, nökerlerine gözüni aýlady. --Heniz meniň elýeterimde şular ýaly bozgakçylar bolmandy. Bu adamlar ile-güne-de wepa bermezler, olaryň zannyýaman. Äkidiň, ýok ediň. Soňundanam baryny ine, şu çukurda duwlaň-da tekizläň. Görene göz bolup durmaz ýaly maslygyň beýlekisinem süýräp getiriň. Çukuryň agzynam ýagşyja depgiläň, ne yns bilsin, ne-de jyns. Baý bu ýerde nökerlerini galdyryp, gyzy, Garabäpbe üçüsi ýoluny dowam etdi. Garabäpbe öz alaşasynyň üstünde otyrdy, Gülmusa hem owalkysy ýaly oňa artlaşyp münüpdi. “Men sizi ýürduňyza aşyryp gaýtmasam ynjalman” diýip, Salman baý hem olaryň gapdaly bilen atyny sürüp gelýärdi. Olar araçäge golaý gelenlerinde öňlerinden atly Gylyç çykdy. Onuň Garabäpbäni görüp, howsalasy has-da artdy: -- Garabäpbe, bu nä boluş, kelläň saralgy, ýüz-gözüňem ganjaryp dur. Başyňa näme işler düşüp ýör? -- Gylyç, men bolan iş barada baryny öýde aýdaryn. Hälem Salman baýa alkyş aýtmaly, ol biziň dadymyza ýetişdi. Olar atdan düşup, ine-gana salamlaşdylar. -- Baý aga, ine, bu meň aýal doganymyň adamsy. Onuň geljegini size-de aýdypdym. Ýöne onuň bilen beýle halda duşuşarys öýdüp pikir etmändim-diýdi-de, Garabäpbe kellesini tutdy. -- Aýby ýok, “hudaý jan azdyrmasyn, azana-da duçar etmesin”. Bir düşunişmezlik boldy-da. Hälem minneti şu alaşadan çekiň, şu janawar öýe dolanyp baraýdy, çöregiň bitin eken tebip! -- Kim eken olar, baý aga? --Inim Gylyç, sen bir oň aladasyny etme. Salman baýyň heniz adam oglunda ary köýen däldir. Men Garabäpbe üçin ähli dünýe malymy bermäge taýyn.Tebip, meniň wagtyndan öň solan gülümi ýaňadan janlandyrdy. Munuň üçin men oňa nowbahar gyzymy bagyş etdim. Bu gün onuň iki gözi dört boldy. Gülmusa gyzymyň oňa ömürboýy hyzmat etjegine ynanýan. Toýy uludan tutuň. Toýüň harajaty öňki ýerinde, atyňyzyň eýerinde berkidilgi durandyr. Toýa çagyrmany unutmaň. Onýança baýyň nökerlerem at salşyp, ýetip geldiler. Olary görüp, Gylyç ýaragyna ýapyşdy. Salman baý: -- Bular meniň nökerlerim - diýdi. - Indi mundan aňryk geçip durmasagam bormuka diýýärin. Hoş wagtyňyz, balalarym. Alny bagtyňyz açyk bolsun. -- Sag boluň, baý aga, taňry ýalkasyn, ömrüňiz uzak bolsun. -- Sag bol, kaka jan. Olar Aşyrapdalyň deňindäki şehitleriň mazarynyň başynda oturyp aýat okadylar. Soňra allaýarlaşdylar. X X X Garabäpbe, Gülmusa hem-de Gylyç dagylar obanyň günbatar çetinden girenlerinde, olary tutuş oba bolup garşyladylar. Heniz hiç kime hiç zat aýan däldi. Ýöne hemmeler Garabäpbe uly howsala bilen seredýärdi. Onuň başy ak mata bilen saralgydy. Matanyň daşyndanam kellesiniň ganjaryp duran ýeri mesaňa bolup durdy. Has geň ýerem atyň syrtynda Garabäpbäň bilinden ykjam ýapyşyp ýüzi ýapyk bir zenan maşgala otyrdy. -- Garabäpbe, saglykmydyr? Gözýň aýdyň, sag-aman gelýärmisiň?! -- Salawmaleýkim, adamlar! -- Waleýkim… -- Munuň kellesi saralgy-la? -- Bir bela-ha uçrana meňzeýär… Garabäpbe arkaýyn gürledi.: -- Aý, ýöne, ýýkylyp, kellämi agyrtdym. Kopden bäri at münüp görmämsoň. Onuň jogaby adamlaryň arasyndaky hyşy-wyşyny köpeltdi. -- Ýykylma nämişlesin,. Urandyrlar. Şeýle boljagyny-ha öňdenem bilýärdik-le. --Bolmanda-da baý bilen garybyň oýny deň gelmez. --Kyýamat azabyndan bolsun, diri gaýdyp geldi, şol bes, özi tebip, öz ýaralaryna özi em tapar. Garabäpbäniň bu gürrüňlerden halys başy çaşdy.Olaryň haýsy birine jogap bersin. Haýsy biirne düşündirsin. Onsoňam onuň kellesinden şeýle bir güýçli agyry tutdy welin, hatda gözleri-de zat saýgarmajak boldy. Howla gelip girensoň, onuň atynyň başyny Gylyç tutdy. Garabäpbe Gülmusany usullyk bilen atdan duşürdi. Gylyç aty ýataga eltdi. Ät janawar öl-suw bolupdy. Onuň eýerini aýyrmaga howlukmady. Deri birneme gaýdyşsyn diýdimi-nämemi, atyň çekisini gowşatdy-da oňaýdy. Gülmusa öýe girjeginem bilmedi, daşarda durjagynam. Howla adam barysy ýygnansa-da, oňa ýol görkezen bolmady. Ana, şo pursatda-da gujagy çagaly bir aýal aldyrany bar ýaly okdurylyp geldi. -- Dogan ja-a-an! - Ol aýal çagasyny ýere oklap, Garabäpbäniň boýnundan aslyşdy. Gözlerinden ýaş döküp oturyşyna -- Sag-aman geldiňmi, ýüz-gözüň pers-ala bolupdyr seň, janyň beri sagmy? Kelläňe näm boldy? Kim saňa sütem etdi? Wah, men guraýyn, seni öz elim bilenjik ýola saldym. Saňa bir zatlar bolandyr diýdimem-le. Üç gün bäri sag gözüm çekip, goýar ýerde goýmady. Bir şumlugyň başymda barlygyny bilýärdim-le - diýdi. -- Hawa, uýam, seniň ýüregiň hakykatdanam bir satlary syzypdyr. -- Syzmanmy, “Bir-ä dogan köýer, birem dogran” diýlendir. Dogandan eziz zat bolmaz. Bu dünýäň ähli zadyny seniň ýekeje dyrnagyňa rowa görmen. -- Meretgül, men saňa bar zady bolşy-bolşy ýaly gürrüň bererin. Bir bolmasyz iş boldy, hernä hemmesi gowulyk bilen gutardy. Häzir welin gözýaşyň wagty däl. Men saňa gelneje getirdim, özüme gelin getirdim, begen. Meretgül gözýaşyny gyňajynyň ujy bilen syldy-da, ýerde ýatan çagasyny gujagyna alyp: -- Sen, oglan, çynyňmy, oýnuňmy? - diýdi. -- Çynym, dogan, çynym. Ine, şu gyz meniň gelinligim bolmaly. Ady Gülmusa. Sen, uýam, ony öz öýüňe äkit. Goý, toýa deňiç sizde ýaşabersin, dem-dynjyny alsyn. Ol Salman baýyň gyzydyr. Baý bize toýuň harajadynam berip goýberdi. -- Baý gyzy? -- Hawa, uýam, baý gyzy. Gylyç baýyň toý ücin beren harajadyny Meretgülüň eline tutdurdy. -- Garabäpbe, sen baýyň gyzyny alyp gaçan-a dälsiň-dä! Alyp gaçan bolsaň, hä diýmän, yzyňdan kowgy geler. Baý halky bu işi şeýleligine goýjak adam däldir - diýip, adamlaryň arasyndan Gajar gyşyk gygyryp sorady. -- Ýok, Gajar aga, men o zeýilli başbozarlyga başym sokmaryn. Onsoňam öz işiňiz, hala ynanyň, hala-da ynanmaň. Meretgül Gülmusany alyp, öýüne ugrady. Garabäpbe daşyny gallap oturan adamlara öz başyndan geçirenlerini gysgaça beýan etdi… Howla ýaňy giren Çary gaýşäk. Garabäpbäniň soňky sözlerini eşidip, aňkarylyp durdy-da: -- Ýeri, seniň bu gürrüňiňe kim ynanar, tebip? Hany gelin?-diýdi. - Ýa indi bu adamlaryň gözleri halys kütelişendir öýdüp, al salmakçy bolýarmyň?! -- Çary aga, Garabäpbe dogrusyny aýdýar, onuň başyna bagt guşy gonupdyr, gelinligi baý gyzy. Salman baý bilen meniň özümem gürleşip gördüm. Ol meniň öňümden çykdy. Garabäpbe onuň düşege baglanyp ýatan oglunyň aýaga galmagyna kömek edipdir. Baýyň gyzy häzir biziň öýümizde, Meretgülüň ýanynda - diýip, bu gezek Gylyç öňürtdi. Garabäpbe bir eli bilen kellesiniň ganjaryp duran ýerini tutdy, soňam adamlara birlaý seredip, gürrüňini dowam etdi. -- Hawa, eziz adamlar, beýle bolar öýdüp düýşüme-de girmändi.O gyzyň owadanlygyny. Edil ertekilerdäki hüýr periň bar-da, aý diýseň agzy bar, gün diýseň gözi. -- Seniň-ä tebip ýeliňe-ygyňa düşüner ýaly bolmady. Bir gepiňde düýşüme-de girmändi diýdiň, bir gepiňde getirdim diýdiň. Al, senem gümuretikletdiň goýaýdyň, hany düşnükliräk gürrüň bersene? Garabäpbe Çary gaýşaga gürrüň bermekçi bolanda, howluda duran adamlara şekerköke paýlap ýören Meretgülüň sesi eşidildi: -- Adamlar, toýa geliň. Geljek çarşenbe toýumyzdyr. Doganjygym aý ýaly gyz getiripdir… Oturanlar ýerli-ýerden aňalyşdylar. -- Gözüň aýdyň, Meretgül! -- Oň bolsun, Meretgüi! -- Aýagy düşsün! Olar ýylgyryşyp, turuşmak bilen boldular. | |
|
√ Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde - 14.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -32: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -7: romanyň dowamy - 02.06.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |