17:38 Dertli baş -3/ romanyň dowamy | |
5.
Romanlar
Garabäpbäniň toýuna uzakdan-ýakyndan mähelle barysy ýygnandy. Myhmanlara söwüş edildi. At çapyşjak ýigitlere, göreş tutjak pälwanlara baýraklar goýuldy, ýüzük oýnaldy. Kyrk gazan dürli tagam taýýarlanyldy. Asyl bu döwrüň toýunyň mundan köp mähellesi bolan däldir. Garyp-gasarlaryň güni geldi - bir iýen iki iýdi. Kör iýdi, köse gägirdi. Eýranly Gulam bagşynyň aýdan şirin owazly aýdymlaryna muşdaklar töweregine üýşdüler. Onuň bu ýerlere ilkinji gezek gelşidi. Han bagşysy Nohur iline şeýdip aýak basypdy. Tebip üç günläp toý berdi. Gulam bagşy toýuň ilkinji güni mähellä aýdym aýdyp, saz çalyp, hezil berse, ikinji güni Ahaldan Amansähet bagşy çagyrylyp getirilipdi.Üçünji günüň bagşyçylygyny bolsa şu obaly Baýramaly, il arasynda Kel bagşy adyny alan meşhur bagşy dowam etdirmelidi. Toýüň ilkinji güni Garabäpbäniň şatlykdan ýaňa bolmajysy bolupdy. Tebip Gülmusany goltugyna alybam getirip biljekdi. Ýöne ol beýtmedi. Gelnini, adatdaky edilişi ýaly, Meretgüllerden palasa salyp, göter-göter edip getirdenini kem görmedi. Ol ata-baba dowam edip gelýän däbe sarpa goýdy. Meretgül bolsa gelniň üstüne tä öýe salynýança, Eýrandan getirilen her tüýsli nogul-nabadyny seçýärdi. Toýuň gyzyşan mahaly Nargül peýda boldy. Gele-gelmäşe-de Garabäpbäniň aman-sag gelenini sorasa, Garabäpbe öz gezeginde Salman baýy, Nowruzjygy soraýardy. -- Nowruz janam, tüweleme, hudaý jan köp görmesin, alla näme. Munça bolanyna müňde bir razy. Ýöne senden soňam birki gezek burnundan gan geldi. Ana, şol birmeýdan bizi aljyratmak aljyratdy. Ýogsam, Salman hem seň edişiň ýaly, oňa kepderiň ganynam içirdi. Birbada kömek etmedi.Garaz, oguijygymyň burny ganamasy aýrylyp gidiberenok-da! -- Burun ganamasyna-ha meňkem ganady. Ýöne ol gan, kelläme güýçli urgy degensoň, beýni gabyjagyndan gelýän bolmaly. Hudaýa şükür, eşegiň gany kömek etdi, alajyň näme, işdäň almasa-da, ýuwutmaly bolýar, gaýdyp ganamady - diýip, öz çökder ýaralaryny neneňsi bejerenini gürrüň berdi. -Öýe gelemsoň öz-özüme em etdim. Täze ýaralara goýalýança gaýnadylan baly çalsaň, tiz bitirýän eken. Ýöne, şol bal ýaz, tomus pasyllarynda ýygnalan bolmaly, sebäbi, ol gyşky ýygnalan baldan has gowudyr. Bitmesi kyn ýarama bolsa ýabany naryň gülüni ýapdyk.Yzy bildirip dur diýmeseň, agyrysy asla ýok. Sizem Nowruzyň burnuňyň ganamasyndan birjigem hopukmaň, eger-eger gorkmaň. O ganlar hapa ganlardyr. Eger şol ganlar gara gandan açyk gyzyl gana geçiberse, özem köp aksa, şonda howply.Eger-de açyk gyzyl gan akdygy baý aga aýdyň, Nowruza bada-bat horazyň beýnisini iýdirsin, ol burundan gan akmagy togtadýandyr. -- Taňry ýalkasyn, giýew. Olaryň gürrüňi şonuň bilen gutarypdy. Toýuň ikinji güni dowam edýärdi. Adamlar şady-horramdy. Birhaýukdan obanyň ilersinde atyny ýeke çapdyryp gelýän adamy gören mähelle üstlerine suw sepilen ýaly, duran-duran ýerinden gymyldaman, onuň tä öz ýanlaryna gelip ýetýänçä, seslerini çykarmadylar. Ol adam atyndan düşdi-de, atynyň jylawuny agaja ildirdi. Ýüzünde gan-pet galmandy. Nargül ony göreninden tanady. Ol Salman baýyň nökeeri Ärdogdydy. Onuň kül sepilen ýaly ap-ak ýüzüni görenden Nargülüň ýüregi agzyndan çykara geldi:” Nowruz jana - oguljygyma bir zat bolandyr… Wah, men guraýyn…” Ärdogdy Garabäpbe dagy bilen görşüp salamlaşansoňam wagty bilen geplemedi. Hemmäniň gözi bu kese ýurtly, egni tüpeňli, geň myhmandady. Nargül artyk sabyr edip bilmedi. -- Näme dymyp dursuň, aýt ahyry, näme habar getirdiň? -- Men ýaramaz habar getirdim… Salman baýyň haly agyr… -- Ol ýüzüni aşak egip, gözlerini ýaşdan gyrmalap, erkek adama gelişmejek tersde kemiş-kemiş aglady. Garabäpbe ony mundan soň gyssamady. Egninden tutdy-da, Meretgülleriňkä alyp bardy. Olaryň yzyndan Nargül,Gylyç dagylar hem sürlenişip geldiler. -- Hany, dost jan, sen maňa, howlukma-da, bolan işi bolşy ýaly gürrüň ber. Salman baýa näme boldy? Öni bilen sen aýt, baýyň özi aýatda dirimi?! -- Näme diýsene, tebip aga! - Ol gözlerini töweregegorkuly aýlap gepledi. - Ol ýaralandy, ýarasy agyr. Men bärik gaýdamda-ha demi zordan gelip-gidýärdi… Garabäpbe zöwwe galdy: -- Ony kim ýaralapdyr? Nargül beýle-beýle zat aýtmady-la? -- Wah, hawa-la, düýnem sagdy. Barysy öten agşam boldy. Ýadyňyza düşýärmi? Sizi ugradamyzda ýolda bolmasyz bir iş bolupdy. -- Hawa,hawa, onsoň… -- Ana, şol gün öýe giç dolanyp bardyk. Garakçylaryň kowum-garyndaşlary biziň üstümize döküldiler. Ýöne hiç zady anyklap bimänsoňlar, Hajyrzany ele salypdyrlar. Özleriňkilriň nirdeligini sorap, ony uzak gijeläp ýenjipdirler. Endamyna tyg sokup, horlapdyrlar. Ahyram Apbasyň özünden bäş beter zalym ogly Hajyrzanyň döşüne otly kesindi basyp, ony ölüm halyndaka kakasy baradaky hakykaty aýtmaga mejbur edipdir. Ine, onsoň öten agsam gije ýarymdan agandan soň turdy bir gykylyk-gopgun. Apbasyň ogly baýyň ýatan otagyna giripdir-de, onuň üç ýerinden ak saplyny… Nargül gürrüňiň ahyrlanmagyna çydam etmän jynssyz gygyrdy. Gülmusa hem özünden gitdi. Olar özlerine gelen dessine-de haýdan-haý ýola düşdüler, Nargül, Gülmusa, ýene-de iki adam araba mündi. Gylyç hem atyna atlanjak boldy, emma Garabäpbe saklady: -- Gylyç, sen gal, biz barmasak bolmaz. Men ony atam hökmünde görýärdim. Kim bilýär, pelek işidir, bolmasyz bir iş bolsa. Soň baraýarsyňyz-da. Asyny-suwuny berip gaýtmaly bor. Sen häzir bu ýerde gerek, gaýrat et, toýy dagatma, dik dur, gerek bolsa, öküzçänem soýdur. Il-güni naharla, toýy toý şekilli sow. Amansähet bagşynam, Kel bagşyňam baýragyny berip ugrat. Baý ölmän galsa, bizem basym dolanarys. Garabäpbe atyny çapdyryp, arabaň yzyndan gitdi… X X X Baýyň küňreli howlusy köp adamlydy. Hemmesi dymşyp otyrdy. Baýyň ayalynyň, gyzynyň, giýewiniň gelenligini görüp, olara ýol berdiler. Salman baýyň töwereginde oba tebipleridir lukmanlar otyrdy. --Kaka jan! - Gülmusa hemmeden öň sarsman ýatan kakasynyň üstüne özüni zyňdy. Nargül saçlaryny ýolup bagyrdy. Nowruz gelşine Garabäpbäni gujaklady. Baýdan welin ses-seda çykmady. Yzlaşyk başlandy. Garabäpbe baýyň goşaryndan tutdy. Äyaklaryny elledi. Onuň garnynda sähelçe ýyly bardy. Gözlerini açyp gördi. Soň öýdäkileri ýalbar-ýakar edip, daş çykardy. Özüni baý bilen ikiçäk galdyrmaklaryny haýyş etdi. Öý boşansoň baýyň eşigini çykardy. Onuň endamy eleme-deşikdi. Pyçagyň giren ýerlerem, çykan ýerlerem höňkarşyp durdy. Ol gyssandy. Hassa gözüniň alnynda gidip barýardy. Tebip baýy az salymlygam bolsa huşuna getirmegiň hyýalyna mündi. Endamyny haýsydyr bir suwuklyk getirip ýuwdy-da, ak mata bilen baýyň üstüni örtdi. Pagta bilen dodagyny ölledi. Baýyň ýüzi nurlanan ýaly boldy. Garabäpbe haýdan-haý Nowruzy, Gülmusany, Nargüli içerik saldy. -- Men ony bägül suwy bilen ýuwdum. Ol häzir hüşuna geler, belki, birki agyz gürlärem. Bu meniň iň soňky edip biljek kömegim. Herhal ýanyndan aýrylmajak boluň. Hossarlarynyň ýanyndalygyny bilse, ynjalykly ýatar. Nowruz kakasynyň ýanyna baryp: -- Kaka, kaka jan, saňa näm boldy? - diýdi. Baý kellesini çalaja yralady-da goýaydy. Gülmyusa saklanyp bilmedi. -- Kaka jan, ezizim. Haýsy nejis seni beýtdi? Meň üçin şeýtdilermi, kaka jan? Meniň üçin ölmeli bolduňmy indi? Nowruz kakasyna tarap täzeden topulypdy. -- Kaka jan ölmesene. Ölseň men näderin, kaka? Garabäpbe ony zordan aýyrdym etse, indem gözlerini ýasdan püre-pürläp oturan Nargül äriniň üstüne bökdi. -- Bagtym ýatdy, nälaç edeýin adamlar, günüm batdy-leý… Garabäpbe-de saklanyp bilmän: -- Atam, gyssanýarmyň atam? - diýdi. Öturanlar aglaşdylar.Ine, birdenem demini sanap ýatan hassa özüne geldi. Töweregine garanjaklanda, gözlerinden iki-üç damja ýaş togarlanyp gaýtdy. Gözleri ulalan ýaly boldy, ýüzüne gan geldi. Syrkaw bäri bakdy diýip umyt etdiler. Diňe Garabäpbe begenmedi. Sebäbi, baý eýýäm ölüpdi. Muny diňe tebip bilýärdi. Öl uludan dem aldy-da: -- Atam razy bol, imanly bol - diýdi. - Baýyň gözlerini sypalap ýumdurdy. Az salymdan tutuş howlyny agy gaplap aldy. Soň bu sese uly oba goşuldy. … Merhum şol günüň ertesi ýerlenilmeli edildi . Ugratmaga goňşy obalardan ilat süýşüp gaýtdy. Ertesi baýyň tabydyny elden-ele geçirip göterip barýanlaryň akymy gonamçylyga bakan gönükdi. Ýöne merhumy adaty ýoldan äkitmediler. Ony obanyň jeza meýdançasynyň üstünden geçirmeli etdiler. Bu meýdançada etmişli adamlara jeza berlerdi. Günäkäri dürre bilen urardylar, ogrularyň gulaklaryny keserdiler. Hatda agyr jeza edenleri dardan asardylar. Bu günem agyr märekäniň gözüniň alnynda bir adam jeza berilmek üçin dar agajynyň astyna eltilipdi. Soň görüp otursalar, ol ganhor Apbasyň ogly ekeni. 6. Şol ýylyň güyzünde Garabäpbe özüne mellek ýeri satyn aldy, täze jaý salyndy. Arman, ol öýünden seýrek örerdi-dä. Ädy dilden-dile düşensoň-a öýünde oturtmadylar. Olam il-gün üçin elinden gelenini aýamady. Düýnüň özem uly Kesirde Gadyr mollanyňka baryp gaýdypdy. Onuň näçe gündür çakyzasy tutup, heläkläp otyr eken. Ol gyzyl sogany ýenjip, onuň kellesine ýapdy. Birbada gury taňry ýalkasyn bilen ugradan molla bütinleý sagalansoň, tebibe aklyk diýip, semiz bir tokly iberipdi. Garabäpbe uly hem kiçi Kesire, Sumbar boýündaky obalara tiz-tizden barardy. Ol ýerlerde-de birmahallar Nohurdan eklenç sebäpli göçüp giden adamlar ýaşaýardy. Olaryň arasynda Garabäpbäniň kowum-garyndaşlaryndanam, tanyş-bilişlerindenem göçüp baranlar bardy. Garawul bilen bu aralyk esli ýer bolsa-da, ulagly adamyň ýanynda bu ýoluň daşlygy ýokdy. Tebibiň baran ýeri-hä mydama köp adamly, yzy soragly bolýardy, hat-da ýyllarboýy düşege baglanyp ýatanlaram ondan haraý isleýärdi. Bir gezek ony kiçi Kesirden çagasy göwresinde ölen aýalyň adamsy gelip gyssagly çagyryp gitdi. Garabäpbe bu aýala tizden-tiz kömek edilmese, onuň heläk boljagyny aňypdy. -- Tebip jan, gözüňe-başyňa döneýin, gaýrat et, eger komegiň degse, walla, ynan, gapyňda bir sygyr daňyp gaýdaýyn. Sözümde durmasam, atamyň döli bolmadygym, ýüzüme tüýküräý. Eger şuňa birzat bolsa, onda meň günüme it aglar. On bir sany çülpäni men nädip saklaryn… Tebibiň şol bir bolşudy. Ol Salman baý “Oglumy sagaltsaň, diliň geplesin, adyny tutan zadyňy bereýin” diýende-de, “Adama iň gymmatly zadyny, saglygyny gaýtaryp berip bilsem, şondan uly sylag bolmaz, baý aga” diýip, şol bir parahatlygy bilen jogap beripdi.Adamyňky şowuna bolsa boluberer eken. Ol şol gezek Salman baýyň oglunyň derdine em edişini, baýyň özüne gyzyny berip goýberişini biygtyýar ýatlady. Hawa, oňa bu zatlarty öý eýesiniň “kömegiň degse, gapyňda bir sygyr danyp gaýdaýyn” diýen sözleri ýadyna salypdy. -- Näçe sygryň bar? - diýip, sowal bermegi öý eýesiniň gözlerini ýylpyldatdy. -- Üç . -- Tüweleme, şonyň bolanlygyna-da şükür et. Düýbünden bolmasa nädersiň. -- Maňa onuň birem ýeterlik. Öýde keýwanym bolmasa, maňa mallardan ne peýda. Onsuz ýaşaýşy göz öňüne getiribem bilemok. -- Aýalyň göwresinde çagaň öleni-hä hak. Ony maşgalaň özem duýupdyr, düýnki görkezen garryňyzam dogry aýdypdyr. Aýalyňy aldym-berdime salyp oturany hem şondan. Mundan dynmagyň ýekeje ýoly bar, ýogsam… --O nähili ýol? --Öli çagany ene göwresinden aýyrmak üçin oňa sygyr ödüni iýdirmeli. Öý eýesi ýekeje minutlabam pikir edip durmady. --Men häzir, tebip?!– diýdi -de, obaň gassabynyň üstüne eňdi… Birsalymdan ene-hä ynjaldy, adamsy bolsa ýyrş-ýyrş edip, tebibiň daşynda pyrlandy. -- Mal tapylar, ynha o sygrym bu gün -erte guzlamaly. Ho-ol aňyrsyna bakyp duran tüwe bolsa seniň peşgeşiň. -- Özüňize nesip etsin, men zat alamok. -- Men aýdanymy yzyna alýan erkeklerden däldirin. Söz etdimmi, sözümde-de durýandyryn. Eger äkitmeseň, özüm eltipjik, gapyňda daňyp gaýdaryn. Al,ene süýdünden, halalyň bolsun! Şeýdibem, Garabäpbän gapysy sygyrly boldy. Täze ýyl göle-de berdi. Olaryň hojalygy gün-günden gurplanyp gitdi. Onuň melleginde indi telim ýyl bäri nar agajynyň ýedi-sekiz düýbi gögerip otyrdy. Oňa bu nahallary gerkezli bir ýaşuly ýörite getirip beripdi. Güllemesine-hä her ýylam güllärdi, arman o güller irgözin, hasyla durmanka dökülerdi. Äsyl onuň Garabäpbä nar iýdirip gönendiren gezegi bolmandy. Bu ýyl welin, tüweleme, bolsady ekilen ýaly, agaçlarynyň şahalary hersi goşa ýumruk ýaly şeker narlardan düzüm-düzümdi. Nar agajynyň başlary eglip, ýere ýetsem-ýetsem diýýärdi. Bu täsin agajyň şunça hasyla duranyny diňe bir Garabäpbe däl, asyl bu jelegaýda görenem ýökdy, bilenem. …Garabäpbe ýaňy bir ýer ýagtylyberende oýandy. Ol pişik basyşyny edip ýörese-de bolmady. Barybir gelnini oýarypdy. -- Heniz ir dälmi, oglan? -- Ýok, gülüm, ir däl.Ýöne sen entek birsalym ýat, men çaýa güýmenip oturmaýyn. Bäri-bärde Arçman barmy ňame? Suwsaýsam Hohura sowulaýaryn. -- Eglenmersiň-le. -- Ýok-la, bardygym yzyma gaýtmak bilen borun, men saňa dýşünip durun, seni ýeke galdyryp bolmaz-a. Garabäpbäni ugradan soň Gülmusanyň ýatybam ugry bolmady. Ýatjak bolup şunça jan etse-de, bulaşyk pikirler ony öz erkine goýmady. Düşegi ýygnap, daş çykdy, ýuwnup geldi. Baryp, sygra ot dökdi, ojakda suwly tüňçäni oturtdy. Hamyr ýügurdy, tamdyryň ýanyna odun-çöp üýşürdi. Işleri bir ýüzli edip, çaý başyna geçende Meretgül işikden girdi. -- Gelneje, gurgun ördüňizmi? -- Şükür, özüňizem oňatmy? Geliň, oturyň, bileje çaý içeliň. --Çaýymyz gaýnapjyk durandyr. Gylyja-da çaý bermeli. Düýnki ýygnanja narlarymyzy şähere alyp barýar. Hany doganjygym görnenog-a? -- Ol öýe myhman. Ýeriň ýüzi ýagtylmanka gidişi. Arçmanly biri çagyrypdyr. Gowy görüşýän ýerim diýdi öz-ä. -- Wiý, huşum gursun.Düýn-öňňün “Arçmanlyk işim bar, gelnejeňe esewan bolaweri” diýip, doganjygym maňa tabşyrypdam-la. Ýöne ol şu gün gidäýer öýtmäňdim. Näme, gyz, sen hamyram etdiňmi? -- Hawa, öyde çörek bolmansoň, irräjik turdum-da… -- Wah, çöregiňi-hä özümjik ýapyp bererdim welin, demirçi ussanyň ogly dünýäden gaýdypdyr. Neresse dert çekip bildi. Ady ýitmiş kesel diýdiler şonuňka. Häzir goňşular bilen şonuň ýerine görünmäge gitjek bolup durus. -- Sen arkaýyn gidiber, özüm ýaparyn. -- Gitsemem eglenmerin. Ýanyňda Aşyrmyrat bolar. Asyl näme ýumşuň bolsa, şoňa tabşyrgyn. - Ol derwezä bakan ýöneldi. Mellekdäki bulduraşyp duran narlara gözüni aýlady. - Näme, bulary Garabäpbe satmakçy dälmikä? -- Heý-de, Garabäpbedenem nar satan bormy? -- Gidip azar edinmek gerek däl, üstüňe gelip alýarlar. Dýýnem Nohurdan gelen eşekli dört adam nar satlygy ýokmy diýip, öýme-öý aýlanyp ýördi. Oňarsaň-a öz zadyňy özüň bazara äkitjek bolmaly. Gymmat geçýämişin. BIziň-ä, gyz, şu ýyl tüýümiz täzelenen ýaly bolaýdy. Meretgül gidensoň Gülmusa çäýnek-käsäni ýygnaşdyrmaga durdy. Entek onuň etmeli işi kändi. Öňde juda kän işler garaşýardy. Onuň owalky çakganlygy ýokdy, oturmak-turmak hyllallady. Dik aýlanyp ýörse welin kem däldi. Çöregem ýapdy. Aşyrmyratdan bir tegelegini öýlerine-de iberdi. Ýöne şondan soňky başagaýlyk göz açyp-ýumasy salymda boldy.Onuň sygyr ýatagyna golaý ýerde başy aýlandy-da, ýykyljak-ýykyljak ýaly etdi. Baş aýlanmasy kä aýryldy, kä güýjedi. Ol teläriň agaçlaryndan ýapyşyp, elini bykynyna urdy, agyra çydamady. Gözlerinden akan ýaş ýaňagyndan inip gaýtdy. Ol sessiz aglady. Bagtyndan, şo mahalam howla Asyrmyrat girdi.Ol birbada nämäniň-nämedigine düşüňmedi. -- Daýza, çöregiňi eltdim welin, ejemem geläýipdir eken. Ujundan bir döwüm bölüp iýdi-de, ‘Bugdaý çoregiň bolsa, başga hurşam gerek däl eken, bal goşulan ýaly “ diýdi. Gülmusa Aşyrmyradyň gürrüňini eşidip dursa-da, oňa jogap gaýtaryp bilmedi. Ol daýzasyna golaý geldi-de: -- Daýza, saňa näme bolýar? Nämüçin aglaýaň? Kim seniň göwnüňe degdi? -Ol Gülmusanyň reňki gaçan ýüzüne seredip, aňkarylyp galdy. Gülmusa welin geplemedem. Gözlerini ýumubam açmady. Birsalymdanam dyzyna çökdi-de: -- Waý, öldüm - diýip, bir gapdala gyşardy. Aşyrmyrat kömek etjek boldy, synanyşdam. Ýöne agyr göwräni ýerinden gozgabam bilmedi. Ol öýlerine baka aldyrany bar ýaly gygyryp gitdi: -- E-eje-e-e! Şondan soň Aşyrmyrada-da iş tapyldy. Ilk-ä ejesini yzyna tirkäp getirdi. Ejesem göbegenäň yzyndan iberdi. Şeýdibem işler ugrugyberdi. X X X Garabäpbe il örmänkä obadan cykyp, atyny ýolboýy gyssaýardy. O janawar uzak ýoly bir sagada goýman, geçdi. Ýaňy bir der iniberende Arçmana ýetdi.Bu mahal eýýäm adamlaram örüşip ugrapdy, obanyň içi gaýda-gaýmalaşykdy. Onuň ilkinji baran ýeri Çary kepbäniň öýi boldy. Çary kepbe diýilýäni ýaňy bir kyrky gyrmalap ýören gara sakgally, kelteräk boýly adam eken. Ol tebip bilen ýatan ýerinden salamlaşyp görüşdi-de, myhmana törden ýer görkezdi. Saglyk-amanlyk soraşdy. -- Demlengi çäý bar. -- Çaýy soň içeris, hany arkanlygyňa ýatyň! Garabäpbe onuň biline dözümliräk-dözümliräk daraberende, Çary kepbe çydaman, bar-bar bagyryberdi. -- Biliň-ä mazaly gypjynypdyr. Näme iş etdiň? -- Munuň başy-ha agyr daş göteremde boldy. Soňam üç-dört günüň içinde em barysy edilendir, gardaş. Ilk-ä ekiz dogran aýala depgiletdirdik, peýda bermedi. Soň dokuz dogran aýala depgiletseň gutularsyň diýdiler, onünam haýry bolmady. Ömür dogurmadyk aýaly hem getirtdik… Ana, şol aýallaram munuň beterini çykardylarmyka diýýän. -- Çary eke, hyýaryň tohumyndan tapdyrarmyka? -- Ol-a öýde-de bolmalydyr. -- Onda gawunam getirt. Garabäpbe hyýar tohumyny gawunyň paçagy bilen garyşdyryp, olary mazaly ýençdi-de, onam hassanyň biliniň agyrýan ýerine ýapdy. Soňra ol oturyp, ertirlik edindi. -- Neneň ýüregiň ynjaldymy? -- Ýüregiň buz ýalyjak boldumy diýsene. Seň eliň degse gutuljagyny bilýän. Ýüregim ýanyp durdy. Habar iberelim bäri gözlerim ýoluňdady. -- Azajygam bolsa heniz ýatmaly borsuň. Birneme ötüşipdir, wagty geçiripsiň. Ýapgy gyzgyny bilen ýapylan bolsady, sen onda ýekeje günem ýatmaly bolmazdyň. Indem giç däl, birki günden agyryň aýrylar. Men şu ýerde ýene-de birini görmeli. Gaýdyşyn sowlup geçäýerin…. -- Ýagsy, ýagşy. Atyň howluda durubersin, iýmlärler… Ol aýdysy ýalam etdi. Gün gunortalaberende Garabäpbe yzyna dolanyp geldi. Görse, Çary kepbe eline hasa alyp, aýakýoluna gitjek bolup dur. -- Tüweleme, ine, indi hökman gutularsyň. -- Eliň-ýüzüň dert görmesin, gardaş. Ömrüň uzak bolsun. Ogluň bolsun, ogul toýuiňa baraly. -- Sag boluň! - Ol öz horjunyna bir zadyň atylanyny görse-de, onuň nämedigini aňşyrmady. - Çary eke, eger-de biliň agyrysy aýrylyp gidibermese, meň ýaňky ýapgymy özüňem gaýtalagyn. Ol gürrüňsiz kömek eder. Ol sagbollaşyp ýola düşende, öňüni garryja bir aýal saklap oturan eken. -- Oglum, sen şol nohurly tebipmi? -- Hawa, garry ene, Nohurdan, tebipçiligem eden bolýan. -- Sen hemme kişä-de seredýäňmi? -- Ýogsam näme, meniň adam saýlamam bolmaz. -- Oglym, mende saňa berere oňly zat ýok. Şoň üçin soraýan. Aýyp görme. “Baryny beren uýalmaz” diýlendir. Şujagaz künjini al, az görme. Men ony telim wagtdan bäri ýygşyryp ýörün. Agtyjagymy halas etsem bolany. Garry ene bir bölejik daşy kir-kimir baglap giden mata daňylgy düwünçegi Garabäpbä uzatdy. -- Maňa zat hödür etmäň, ene. Hany ýörüň, agtygyňyzy görkeziň. Belki peýdam deger. Näme derdi bar beýle? Garry mamanyň öýlerem o diýen uzakda däl eken. Garabäpbe bir pessejik jaýa egilip girdem welin, içerde endam-janyny ýanyk ýaralar eyelän on dokuz-ýigrimi ýaşlaryndaky ýetginjek otyr. -- Yeri, ini batyr, sana näme boldy? Bi ýaralar saňa nirede düşüp ýör? Oglan uýaljyrap oturdy, garry welin jibirdäberdi. -- Goňşyň jaýy ot aldy arada, almanlar geçmiş. Şolaň çagalaryny otdan alyp çykdy bi, özem, ine… -- Ol şondan soň gepläp bilmedi, damagy dolup, gözlerinden ýaş paýyrdaberdi. -- Ene, aglamasana. Sen aglasaň meňki bolanok-how. -- Ýaralaryň azary güýçlümi, inim? -- Ýok, agam, ýaralaň o diýen azary ýok. Ýöne demim gysýar, howa ýetenok. Uzakly gijäni uwlap geçirýän. Endamym ot alyp barýa, güwläp dur. -- Garry ene, siz maňa häli ýolda künji berjek boldyň? Şeýle gerek? -- Hawa, oglum, hanha daňylgyja durandyr. Alyň, alyň. -- Künji demi gysmaň bire-bir emi bolsa näme? Onuň ýangyndan galan ýaralaryna-da künji ýapmaly. Dem gysmanyň başga-da bir dermanyny salgy berip bilerdim. Ýöne… ony ele salmak aňsat däl. - Ol oglanyň ýüzüne garap aýtdy. Ýanyk ýaralaryň bitmegine baýguşyň eti-de dermandyr, gany-da. Awçylardan haýyş edip görüň. Belki, tapylaýady. -- Oglum, sen oňa künji iýdir, baýguşyň etini iýdir diýýäň welin, asyl ol zat iýip bilmese näme. Bar içýäni suw. Garry enäniň by gýrrüňinden soň Garabäpbe oglanyň agzyny açdyrdy, uly dilini daşyna çykartdy. -- Kiçi dilinde birneme çiş bar.Iýip-içip bilmezligem şonuň ücindir. Balyk gerek bor, garry ene? --Balyk, goňşyň çagalary-ha her günem tutup getirýä ho-ol gaýraky kölden. Sorap alaryn-da. Şolar üçin şu güne düşmedimi balam. -- Balygyň kellesini duzlap iýse, kiçi diliň çişini-hä aýyrardy. -- Eýle bolsa aňsat-la, Barybir, çagalar balygyň başyny iýmän, kesip zyňýarlar ahyryn. Garabäpbe turmak bilen boldy. Garry ene onuň öňüni gabady: -- Oglum, men indi saňa näme bersemkäm?! Bolmasa, agtyjagym şypa tapsa, aklygyňy Nohura eltipjik gowşurarys. -- Maňa-ha ýöne taňry ýalkasyn eçilseňizem bor, ýöne tabşyryklarymy welin hökman berjaý edeweriň. -- Hyzmatyň üçin taňry ýalkasyn, oglum. Bizden gaýtmadyk alladan gaýtsyn. Ogul-gyzyňa guwan. Garabäpbe hoş bolup, ýola dýşdi. Gelnini ýeke galdyryp gaydany welin ýüregine batmady. Onuň ýüregi nämedir bir zatlary syzan ýaly atyny däpjedip, Nonura yetdi. Hemişeki düsleýän yerine-de sowulman, gyssanyp, göni Garawula gaýtdy. Ol bu arany hem çalt geçdi. Bu mahal oba golaý yerde dört-bäş sany çaga haýsydyr bir oýna gyzygyp, ber-başagaý bolup otyrdy. Ine, şol çagajyklaryň biri hem topardan sogruldy-da, bärik gaýtdy. Ol oglanjyk başyndaky tahýasyny eline alyp, şeýle bir ylgaýardy. Özi-de göni Garabäpbä bakan, nämedir bir zatlary gygyryp gelýärdi. Garabäpbe ol oglany tanamasa-da, sesini öz ýegeni Aşyrmyradyňka meňzedipdi. Aralyk esli baram bolsa indi onuň sesi has-da aýdyň eşidilýärdi: -- Daýy buşluk, daýy buşluk, daýzamyň ogly boldy! -- Näme diýdiň? Ogul! Hany gaýtala! Garabäpbäniň ýüregi gopup giden ýaly boldy. Atdan böküp düşägede, Asyrmyradyň iki egninden tutup, öz boýundanam ýokaryk galdyrdy, ýüz-gözünden telim gezek şapyladyp öpdi. -- Hany, ýegen, gaýtala. Sen näme diýdiň? -- Daýzamyň ogly boldy! Ýok başyndan aýdaýyn. Ilk-ä ol ýykyldy. Soň ejemi çagyryp getirdim. Ejemem meni göbegenäniň yzyndan iberdi. Içerik welin salmadylar. Men ejemden eşitdim. “Daýzaň ogly boldy” diýdi. Onsoň ýoluňy sakladym. Sen bolsaň hijem gelmediň, daýy? -- Aşyrmyrat bar zady birdemde aýtdy. Garabäpbe üçin bary düşnükli boldy. Onuň ýüregi nähilidir bir zatlary duýupdy ahyryn. Ol ýegenini atyň öňüne mündürdi-de, atyna gamçy çaldy. -- Ýeri, sen onsoň köp garaşdyňmy? -- Üç-dört sagad-a bolandyr. -- Çüw janawar, çüw, ýegenim maňa kän garaşypdyr. Daýy-ýegen aty cäpjedip gelende, Aşyrmyradyň oýnap oturan ýoldaşlary: -- Aşyrmyrat, daýyň büşlügyňa näme berdi? Hany bize-de görkez-dä, görkez - bolyşdylar. Garabäpbe çykgynsyz hala düşdi. Ol horjunyna elini sokup, onuň içine elini aýlady. Eline ilen togalak zatlar boldy. Görse, hersi goşa ýumruk ýaly agzyňy suwjardýan şeker narlar. Ol oglanlaryň hersine birini berdi. Aşyrmyradyň eline-hä ikisini tutdurdy. Berse-de berdi welin, şo dem bu narlaryň nireden, hädip horjunda peýda bolandygyna haýranlar galdy. Çary kepbeler horjuna nar atandyr öýdüb-ä kellä-de getirmedi. -- Daýy, ogluň adyna näme dakjak? -- Wah, ýegen jan, ogluň diýen diliňden aýlanaýyn. Alla jan, ýoluňa bir semiz tokly sadaka bolsun. Aşyrmyrat öz sowalyna jogap bermänsoň, daýysynyň agzyna aňkarylyp otyrdy. Onuň ýüreginiň galpyldysy atyň üstündekä-de bildirip durdy. Aşyrmyradyň çaga bilesigelijiligi ony öz gününe goýmady: -- Daýzam-a hijem bilenokmyşyn. “Daýyň gelse, onuň özi gowy at tapar” diýipdir. Garabäpbe bulam-bujar pikirlerden aýňalan yaly tisginip gitdi. -- Daýzaňam ogly boljagyny bilen däldir, ýegen. Ýöne başga bir gep bar. Ine, şu ýyl hasylly ýyl, nar ýyly. Nar ýylynyň bolsa bize düşdügi boldy. Oglum nar ýylynda doguldy. Goý, onuň ady Narly bolsun. Hä, neneň görýäň? Soň olar gaýdyp geplemediler. Daýy-ýegeniň ikisi hem täze doglan Narlyjygy görmäge howlygýardy. | |
|
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -28: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -12: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Geñeşden öñki sala - 19.08.2024 |
√ Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |