17:41 Dertli baş -4/ romanyň dowamy | |
Ikinji bölüm
Romanlar
7. Otuz ýediň tutha-tutlugy oba adamlaryna sürä gurt daran ýaly darapdy. Ataly-ogluň yzynda oturan Gülmusa eje dertden ýaňa halys çöpe dönüpdi. Hernä şu günki waka onuň tapdan düşen göwresine jan berdi, ýaňadan daýandyrdy. Gidenler dolanar öýtmeýärdi. Asla olardan tama edip, ýoluna garap oturmagyň özem öz-özüňi aldamakdy. Elleri arkasyna baglanyp äkidilen adamlardan heniz-heniz boşap geleni bolmandy. Ataly-ogluň gaýdyp ýüzüne ýüzüm düşer öýdüp pikir hem etmeýärdi. Il-günüňem öz derdi özüne ýetikdi, ýüregi üzülmedik, çagalary dökülip galmadyk maşgala galdymy näme? Olara tutha-tutlugyň barha möwjemeginiň sebäbini düşündirip bilen bolmady. Iň ýamany-da, äkidilenlere “halk duşmany” diýip at berilýärdi. Ýogsam ilkinji bolup kolhoza girenler-de, komsomol, bolşewik adyny alanlar-da, ýurduň ýörjen-ýörjen bolup ýaňy tirsegine galmagyna hemaýat edenler-de häzirki tutulyp gidilen adamlardy. Obanyň içi gykylyk-gohdy. Daň atyp, töwerek ýagtylanar welin, gijeki at aýagynyň dükürdisidir araba jygyldysynyň sesi tapba kesilerdi. Her gijede gör niçäniň aşyna awy gatylardy. Gülmusanyň ýaş başyny derde çolan zat hem şol dälmi näme? Dokuz aý geçen soň ýalňyz perzendi gaýdyp geler diýip, ýatsa-tursa pikir edipmidi? Düýşünde welin olaryň ikisi bilenem häli-şindi gürleşer durardy. Bir gezegem ataly-ogul: “Biz-ä boşatdylar, “halk duşmany” däl ekeniňiz. Baryň-da öňkiňiz ýaly parahat durmuşda ýaşaberiň” diýdiler diýip, işikden giripdiler. Haýp, şo pille Gülmusa hopugyp ýeinden turanda, bu zatlaryň barynyň düýşdügini bilip hapa bolupdy. Bu ýagdaý ir ertir bilen boldy. Gülmusa daşarda ojakda çaý oturtjak bolup, çöpleme çöpläp, gybyrdanyp ýördi. Şo mahalam howla ýüzüni sakgal-murta basdyran syrdam boýly bir ýetginjek girdi. Gülmusa howla kimdir biriniň girenini aňlasa-da, ona aýratyn bir üns bermändi. Ony ýat bir kişi deý garşy aldy, -- Oglum, kimsiň? -- Eje, eje jan, käbäm, bu men, Narly! -- Narly? Meniň Narlymmy? - Eli çöplemeli Gülmusa duran ýerinden butnabam bilmedi. Göwnüne bolmasa, şo dem ýüregi togtap, endamy hereketden galypdy. Narly baryp ejesiniň gujagyna doldy. -- Eje jan. -- Wah, oguljygym,dirimidiň, balam bilim-ä büküldi. Eneli-ogul esli salym gujaklaşyp, seslerini çykarman oturdylar. Gülmusanyň gözlerinden akan ýaş Narlynyň egniniň esli ýerini ölläpdi. -- Oglum, gaçyp gaýtdyňmy? Narly ejesiniň bu gönümel sowalyna geňirgendi. -- Ýok, ýok eje. Özleri boşatdylar, günäň ýok eken diýdiler, elime hatam berdiler. -- Agzyňdan hudaý eşitsin, oglum, belki, biziňkilerem boşap geläýediler-dä hernä - diýip, bu ýere gelip ýeten bir garry ene gürrüňe goşuldy. -- Eje, Ahmetjanow diýen adam bolmadyk bolsady, belki, menem boşamazdym. -- Şo-ol Ahmetjanowmyka? Lida bajyň adamsy? -- Hawa, şol. Ol häzir uly adam. Meni, hemem ýene üç obadaşymyzy ölüm penjesinden halas eden şol eje. -- Kakaň ikisi ýakyndan dostdular, oglum.-Gülmusa eje bir wakany ýatlamaga durdy. - Bir gezek Musa daýyň maşgalasy Lida bajy gijilewük keseline ýolugan eken. Bu kesel görgülini halys etdi, haçan görseň, gozünden boýur-boýur ýaş döker ýörerdi. Şoňa-da kakaň emi kömek edipdi-dä! Söwüt ýapragyny gaýnadyp, şona-da suwa düşmegi maslahat beripdi. Haýyr tapan bolmaly. Ýörite gelip, taňry ýalkasyn aýdyp gidipdiler. Lida bajy ýokarky mekdepde az-owlak mugallymçylygam edipdi. “Ýagşyny sylasaň, ýadyňdan çykmaz, ýamany sylasaň , gapyňdan gitmez” diýilmänmi? Ömri uzak bolsun bendäniň. Ýagşylyk edip bilipdir. Ol maňa hemişe atdaş diýip ýüzlenerdi. Oglum, kakaňdan näme günä tapdylar. -- Kakam pahyr bolupdyr, eje? -- Näme? Kim aýdýar ony? -- Hawa, eje. Kakamy Bäherdeniň zyndanynda urup öldüripdirler. Onuň jesedinin araba ýüklenilip, näbelli bir ugra äkidilendigini gözi bilen gören adam bar. -- Eý, allam. - Gülmusa tutuş göwresini aşak goýberdi. Horkuldap aglady. Narly ejesini gujaklap, bile ýaş dökdi. Töwerege ýygnanan aýallar bolsa nämäniň-nämedigine göz ýetirensoňlar, olaryň ýanyndan ýeke-ýekeden turmak bilen boldular. Gülmusa adamsynyň aşyny-suwuny bermegiň ugruna çykdy. x x x Garabäpbäniň ýyly geçensoň Gülmusa ogluny öýermegiň aladasyny etdi. Guda bolnup, basym toý etdi. Ýöne Narly bilen Gülöwseriň durmuş toýundan bir aý geçip-geçmänkä, bolmasyz iş boldy oturyberdi. Toýda-da, toýuň yzýanlaram Meretgül daýzanyň öňküligi ýokdy. Ol garahassalyga uçrapdy. Gülöwser täze gelen gelinem bolsa, onuň ähli zadyna kömekleşerdi, çagalaryna göz-gulak bolardy.Ýanyndan aýrylmazdy. Arman kesel ýowuzlygyna tutdy-da, “göni gelen ajala çäre ýok” diýleni bolaýdy. Ýogsam Gylyç hem onuň ugrunda perwanady, peýda bermedi. Olary ýeke galdyryp bakyýa gitdi. Şol günden başlabam Narlynyň gelnine igenji artdy: Sen şy öýe gelin bolup geldiň-de, aýagyn düşmedi” diýip, oňa otursa-tursa azar ýamanyny berdi. Ýersiz ýere igendi. Gülöwser görgüli nätsin, erkinde bolan bolsady, diňe bir onuň daýzasyna däl, asyl ölüm diýlen zady adamzada rowa görjekmi näme. Narlynyň welin nirä gitse-de, kim bilen gürrüňdeş bolsa-da, iki sözüniň biri şol boldy: “Meretgül daýzam şu öýe Gülöwser gelensoň ýogaldy. Gelnimiň aýagy düşmedi”. Gülmusa eje welin ogluna başgaça düşündirdi. -- Könelerimiz “Ölmek isläňokmy - dogulmazlar” diýendir. Dogulmak-ölmek ol biribaryň emri bilen bolýandyr, balam. Oňa senem, menem, Gülöwserem, ýene birem ýazykly däldir. Onsoňam sen öýlenmezden kän owal Meretgül daýzaň hassady, başy ýassykdan galmazdy. Bu hudaý işidir. Sen gelnine igenmäni bes et - diýdi. Narly welin ýene-de öz heňine tytdy: -- Eje, senem şu garamaňlaýyň arkasyny çalýarsyň. Bu ýazykly, ata-babalarymyzyň “Gelnimiň aýagy-çopanymyň taýagy” diýilýäni şy, aýagy düşmedik gelni yzyna it salyp kowsaňam azdyr. Şu gelin geldi-de, Meretgül daýzam ýurduny täzelemek bilen boldy. -- Men saňa bir hakykaty aýdaýyn. Biž seň kakaň bilen toý edenimizde… asyl, toýuň ikinji güni kakam pahyr boldy. Ýeri, muňa näme diýjek? Allanyň salanyna kaýyl bolmalysyň, balam… Narly welin ýaşlyk etdi. Ne ejesiini diňledi, ne-de töweregini. Gülöwser bu igençlere çydamady. Gün geldikçe horlandy. Onuň bu golaýda erniniň ýylgyryp, ýüzüniň gülen çagyny gören bolmady. 8. Ir säher bilen obanyň her ýerinde- her ýerinde sygyr molady. Adamlar ikibir-üçbir bolşup, sygyrlaryny çopanyň öňüne kowup gaýdýardylar. Jahan gelin uly Kesire gitmäge düýnden bäri taýýarlanyp ýördi. Ol ir turup, hamyr ýügurdy. Sygryny sürä goşup gelibem tamdyra ot goýberdi, çörek bişirdi. Säher bilenem ogly Mätini alyp ýola düşdi. Ogly eýýämhaçan eşegiň üstünde joňkaryp otyrdy. Adamlar ýeke erige ýoluň deň ýarpysynyň geçilendigini aňladýan belligem diýip gürrüň ederdiler. Heniz-henize çenli by ýerdäki sowük süwly çeşmäň gözbaşynda oturman, onuň suwundan goşawuçlap içmän öten ýolagçy bolmandy. Olar hem ata-babadan galan bu edähedi bozmak islemedi. Jahan eşeginden ilki bolup düşdi, soňam Mätini göterip ýerde goýdy. Eşegiň ýüpüni erik agajyna daňyp geldi-de, ýelýyrtan ýaglygyna dolan ýarty çöregini alyp, suwuň başyna çökdi. -- Gel oglum, bir döwüm çörek iýeli. Mäti töwerek-daşyň hezilligine tomaşa edýärdi.Ähli zat onuň çaga kalbyna syrly bolup görünýärdi. Arman, ol bilmeýän zadyny ejesinden soramaga çekinýärdi. Öňdenem onuň “Sen ýolboýy ýaňrap ýürege düşdüň” diýip, gulagyny kamata getiripdi. Käkilikler juk-juklaşyp, töwerek-daşda süri-süri bolşup aýlanyşyp ýördüler. Şö barmasa, uzak bir ýerden eşek hem aňňyrdy. Onuň sesi ses-selemsiz parahat oturan sährany parran kesip geçdi. Mäti uly bir zat aňlamasa-da, Jahan ony haýsydyr bir derede odun ýygýanlar bardyr öýdüp çaklady. Basym olaryň eşegem töweregi ýaňlandyryp jogap berdi. -- “Eşek aňňyrar, gurt getirer” diýilýändir, oglum. Oturyp eglenmäli. Ýol uzakdyr, ýöräli guzym. Olar howul-hara suw içdiler, hersi bir döwüm çörek iýdiler. Mäti ýaňy bir eşege münende, Jahan ýylan basan ýaly gygyrdy: -- Suhan! Atly adam ylla ýeriň astyndan çykan ýaly bir ýerden peýda boldy. -- Eje, sen ony tanaýarmyň? Suhan diýdiňmi? Birmeýdan süňk ýuwdan ýaly bolup duran Jahan basym erkini ele aldy. -- Sür oglum eşegiňi. Il bilen işiň bolmasyn. -- Gaçyp gutulasyň ýok, Jahan perii! Şu gezek seň bilen bellisini edäýsem gerek. Jahan sähel salym içinde gan-dere batypdy. Ol eşegiň gapdaly bilen çalt-çalt ädimläp barşyna gorkudan ýaňa ýüzüni ak tam edip, yzyna garaman gelýärdi. “Eý, allam, özüň abraý ber, bu deýýusyň päli düzüw däl. “ Jahan serinde aýlan şu sözlerinden başga hiç zat hakynda oýlanyp bilmedi. “Şu gezek bellisini edäýsem gerek” diýdimi? Eýsem-de bolsa, olaryň arasynda nämeler bolup geçipdi. Elbetde, bu zatlardan Mäti bihabardy. .. O mahal Jahanyň ulugyz döwrüdi. Ol çeşmeden suw alýarka-da, öýe bakan gaýdyp gelýärkä-de, uzagrakdan bir atly ýigidiň özüne ýiti-ýiti seredip durandygyny görüpdi. -- Ha, gyz, sen kim borsuň?-diýip, bir gezek golaýyna gelende, oňa lakam atypdy. Jahan welin oňa baş hem galdyrmandy, sesini-üýnüni çykarman gaýdypdy. Ol atly ýigit töwerekde bukuldym oýnap ýören çagalaryň birini saklady-da: -- Sen kimiň ogly? -- diýip sorady. -- Kakamyň. -- Kakaň kim? --Dükançy. -- Asyl şeýlemi, sen-ä meň tüýs ýegenim ekeniň. -- Men-ä sizi tanamok. -- Ol hökman däl, hany sen maňa aýt, sen ojagaz geçip barýan gyzy görýärmiň, ol kimiň gyzy? -- Ol-a Jahan, Öwez kakaň gyzy. -- Gaty gowy, bar indi oýnaber-diýip, oglanjygyň arkasyna kakdy. Ol gyzyň yzyndan garap oturyşyna “Sen hökman meňki borsuň” diýip, pyşyrdady. Bir nätanyş ýigidiň özüne siňe-siňe seredendigini öýe gelen dessine Jahan ejesine-de gürrüň berdi. -- Göze görnen gyzyň bolsa, töwerek-daşdan hantamalyk bilen sereden göz köp bolar, gyzym. Hemme zadyň wagty, ož nesibelisi bardyr. Onsoňam bu zatlary çözmek erkegiň işi, kakaň özi gowy bilýändir - diýip oňaýdy. Şol günüň ertesi olara iki atly kişi myhmançylyga geldi. Özlerem biz gaýraky obaly, jynlylaryň taýpasyndan diýdiler. Asyl olar hödür-kereme-de garaşman: -- Biz işlije geldik. Biziň dogmamyz Suhan beg bir gyza aşyk bolupdyr. “Şol gyzy almasam müjerret öterin” diýip, bir depen ýerini depip dur. Biz şol ýitigimizi gözläp, siziň gapyňyzdan geldik - diýdiler. Öwez aga birbada näme jogap berjegini bilmedi. Ýöne jynlylaryň taýpasyna-da, nalajedeýin Suhana-da bäş barmagy ýaly beletdi. Şoň üçin olara beren jogabam nagt boldy. -- Çaý meýliňiz bolmasa, onda ýitigiňizi başga ýerden gözläň. Meniň gyzym adaglanan. Özümizden biri bar - diýdi. -- Bilip bolmazmyka şol ýigidiň kimligini? Biz Suhan bege anyk jogabyny eltmel-ä! Myhmanyn öz öýüne gelip, üstüne alarylyp durmagyna Öwez aganyň ýumrugy düwüldi. Gepini oňly düşündirip bilmese-de, eli bilen işigi görkezdi. Sawçy gelşem şol boldy. Şol günüň agşamy Öwez aga doganlaryny, inilerini, ýegenlerini çagyrdy, maslahat etdi. Bu barada gyzyň özüne-de duýdurmagy dogry tapdy. -- Gyzym - diýip, Jahanyň tikin-çatyna güýmenip oturan ýerine bardy. - Ynha, tüweleme, sen indi ulugyz bolduň. Aga-gara göz ýetirerçe boý aldyň, akyl-huşuňam hiç kesiňkiden peslär ýaly däl.Biz garyndaşlaň bolup maslahatlaşdyk. Ýegenimiz Öwlüýäguly oňat ýigit. Eger senem makul bilseň, toý etjek. Bu nika bagtly bolar, sizi birek-birege mynasyp görýäň.Ýok garşy bolsaň, häzirden aýt, men ýeke gyzymy onuň göwnemedik ýerine berip bilmerin. Onsoňam basga-da bir zady unutmagyn, gyzym. Basymrak başyň bogulmasa, Suhan deýýusdan her haýsysyna garaşaýmalydyr. -- Jan kakam, bu zatlara seniň özüň gowy düşünýäň. Kime berseň-de bararyn. Ýöne Suhan diýýäniňe bermeseň bolýar, o gün çeşmäň başynda duşup, maňa lak atanam şol bolmaly. Gözlerem guduzlan itiň gözleri ýaly gorkunç eken. -- Ondan ýaňa sen arkaýyn bolaý gyzym. Şu töwerege gaýdyp köwlenmez ýaly edendirin. “Mende size berer ýaly üýşüp ýatan gyz ýok” diýdim. “Meniň ýalňyz gyzym bar, olam adaglanan” diýdim. Men şonda Öwlüýägulyny göz öňünde tutupdym, gyzym… -- Jahanyň Öwlüýäguly bilen durmuş guraly bäri alty-ýedi ýyl çemesi wagt geçipdi. Mäti bolsa olaryň ýeke perzendidi. Ýöne Öwlüýäguly neressäňem görjegi öňünde eken. Bu şeýle bolupdy. Öwlüýäguly öýe gelip Jahandan eşiden habaryna depe saçy hüžžerip gitdi. “Ýok, bu bolup biljek zat däl!” diýip, gahar-gazaba mündi. Olaryň göz dikip oturan bary-ýogy bir ineri bardy. Onam inisi alyp, Eýran ýurduna ugrapdy. Ol gyssandy, atyna atlanyp ýola düşdi. Bagtyna inisi heniz araçäkden aşman eken. Ol ineri öz maýdalyna idip barýardy. -- A-how, gardaş, seniň bu edýäniň näme? Ähli işimi şol ineriň edýändigini-hä bilýäň. Ineri goýup git - diýip, onuň öňüne atyny keserdip goýdy. -- Agam, bar öýüňe gaýt, sen özüňe düýe gerek bolsa ýene-de taparsyň. -- Ýok, düýämi bermeseň, şu ýerden bir ädimem butnamarsyň. -- Saňa düýe ýok, adam dilinde aýdýän. -- Ýa-ha sen düýämi gowulyk bilen goýup gidersiň ýa-da şu gara kelläni alarsyň-diýip, başyny aşak egdi. - Men bu ýerde düýesiz gury san, nädip maşgalamy eklärin? Sen bolsaň sopbaş özüň. Seniň düýe nämaňe gerek? Isleseň, atymy bereýin. -- Eger ýolumdan aýrylmasaň, soň aýtmady diýme, baý ökünersiň-ä. -- Seň gözüň gyzarypdyr. Seniň kelläňi alaryn. Olaryň ikisi-de ýaraglaryny şakyrdaşyp, birek-birege haýbat atdylar. Öwlüýägulynyň tüpeň atmak küýünde-de ýokdy, häzir-ä tüpeňem oksuzdy. Inisi welin “Gorkan öňürder”etdi. Onuň Öwlüýägulynyň aýagyna nyşanalap duran tüpeňi göçdi. Ok Öwlüýägulynyň çep aýagynyň dyz çanagyndan degipdi. Ol atdan ýüzinligine ýykyldy. Inisi welin muňa ünsem bermedi. Düýäni idip barşyna araçäk gädikden aman-sag aşmagyň pikirini etdi. Öwlüýäguly ýykylan ýerinde ňäçe ýatanyny bilenokdy, birhaýukdan soň özüne gelip dikelip oturdy. Gany kän gidipdi. Ysgyn-mejalsyz göwresini zordan dikeldip, turmakçy boldy, bolmady. Gara gan bolan çep aýagy şalkyldap ýatyrdy. Ýöne hereket etmelidi, bu ýerde ýeke galmak has-da gorkulydy. Ol tüpeňini söýeg edip ýerinden galdy, başy aýlanyp, ýykyljak-ýykyljak boldy, dört-bäş ädim beýleräkde otlap ýören atyna çenli aralygy esli wagtlap, kynlyk bilenem bolsa geçdi. Bar güýjüni toplabam özüni atyň üstüne atdy. At janawar ýüzüni oba öwrüp, ony ynjytman öýe getirdi. Gün ýaşyp, töwerek garaňkyrap ugrapdy. Jahan atynyň boýnuny gujaklap duran adamsynyň bolşuna akyly ýetmän aňalyp durdy. Soň onuň gana bulaşyp ýatan aýagyna gözi dýşende, zähresi ýarylan ýaly jynssyz gygyrdy: -- Saňa näme boldy? Seni kim ýaralady? Ogly Mäti ikisi bolup ony zordan atdan düşürdiler. Onýança töweregiň adamlary hem ylgaşyp geldiler. Öwlüýäguly özüni bilmän ýatyrdy. Birbada hiç kim nämäniň-nämedigine düşünmedi. Olaryň hemmesi Jahanyň üstüne sowal barysyny ýagdyrdy. -- Ony ýaralan kim? -- Haý diýmän tebibe görkezmeli. -- Heý-de dogan-dogana-da kast edermi? Jahan olaryň ählisine-de egnini gysyp, “bilemok” diýip jogap berdi. Onýança tebip mama-da geldi. Hemmeler oňa ýol berip, gyra çekildiler. Tebip Öwlüýägulynyň ýarasyny gözden geçirdi-de, başyny ýäýkady: -- Gany galmandyr muň. Süňküne, damaryna düýpli zeper ýetipdir. Allanyň özi rehim etsin. Meniň edip biljek kömegim ýok. Şeýle halda Öwlüýäguly iki günläp sessiz-üýnsüz ýatdy. Üçünji gün diýlende, gözlerini çalaja açdy-da, adaja gepledi: -- Jahan! -- Men ýanyňda otyryn, ezizim - diýip, Jahan gözýaş edip, horkuldaberdi. -- Gözlerim hiç zady görenok. Sen ýöne mert bol, oglum. Mäti jany aýagyn, kysmatym şeýledir-dä. Oglum… -- Kaka jan men bärde, seň ýanyňda. -- Mäti jan, Yadyňda sakla, ar aljak bolmagyn. Oňa meniň özüm günäkär, yzyndan kowmaly däldim. Soň pikir edip gördüm. Watanyny terk edip gidýän adamdan düýe-zat nämejik. Dogan dogana galadyr welin,ýöne ýurduny taşlap, başyny alyp gidýän dogan başyňa beladyr. -- Wah, atasy, oňa men günäkär. Ony saňa men aýtmaly däldim. -- Jahan, sen aglama. Boljak işe çäre ýok. Sen meni pugta diňle. Suhan saňa hezil bermez. Sen, gowusy… -- Öwlüýäguly! --Kaka jan! Öwlüýägulyň damagy gurap, dili agzynda aýlanmajak boldy. -- Sen, gowusy, garamatyňy Gylyjyň üstüne at. Ol sallahdyr. Jahan gözlerini ýaşdan dolduryp, paýyrdadyp goýberdi.Ýaşmak astyndan pyşyrdady. -- Beý diýme ezizim. Men sensiz ýaşap bilmerin. Şol gün agşam Öwlüýäguly jan berdi. Öleniň yzynda ölüp bolýarmy näme? Indi iki ýylyn içidir Jahan ogly bilen adamsynyň ojagyny saklap otyrdy… Ol näçe çalt ýöreýändirin diýse-de, Suhan atyny dabyrdadyp, onuň üstüne sürnüp ýetip gelýärdi. Birdenem Jahanyň golundan tutagada ony atyň öňüne dartyp aldy.Bu göz açyp-ýumasy salymda boldy. Jahan uly ses edip, iki-baka towlanjyrady. Suhany atdan ýykara geldi, soňam onuň golunyň telim ýerinden agyz saldy. Suhan gelniň ýiti dişleriniň agyrysyna çydaman, ony atyň üstünden agdaryp goýberdi. Yzdan bir ýerden Mätiniň sesi eşidildi. Ol sesiniň ýetdiginden: -- Eje, eje, eje jan! - diýip, eşegini çapdyryp gelýärdi, özi-de möňňürip aglaýardy. Atdan ýykylan Jahan ýerinden galdy-da, özüni ýoluň gyrasyndaky gür tokaýlyga urdy. Suhan hem oň yzyndan at saldy. Jahan ala-zenzele bilen : -- Kömek ediň! - diýip, gygyryp, aýak ýalaň, baş açyk ylgady. Onuň sesi gaýalara düşüp, telim öwre gaýtalanyp gitdi. Jahan şol gaçyp barşyna aýagyna çümen tikenlere-de, tar-mar ýyrtylan köýnegine-de üns bermän gelýärdi. Suhan welin gaýtmandy, gelniň söbügine münüp gelýärdi. Jahanyň bagtyna onuň gidyän tarapynda kimdir bir dowar çopany göründi. Bir atly adamyň naçar gelni kowalap barýanyny gören çopan ýigit nämäniň-nämedigine bada-bat düşündi. Itini ýanyna çagyryp: -- Alabaýym, bas! - diýip, yşarat etdi. Alabaý buýruga garaşyp duran ýaly atylyp bardy-da, atyň boýuna-boýuna böküberdi. Sähel-mähel ätiýaçly bolaýmasaň, atynyň aýagyndan dişläýjek-dişläýjek bolýardy. Muňa Suhanyň girre gahary geldi. -- Ýok et itiňi, haramzada! Itiňem ataryn, özüňem. Ýöne Alabaý onuň bu haýbatyna gulak gabardanokdy. Ol aty gözden ýitýänçä kowalap äkitdi. At janawar eýesine baş bermän, ýüzüni oba bakan tutduryp, zordan itiň deminden gutuldy. Jahan gelip, çopan ýigidiň goşunda oturdy, birsellem demini dürsedi. Mäti hem ejesine gowşanyna begenip, onuň gujagyna doldy. -- Ýörüň, ýeňňe, men sizi ýola salaýyn. Gaýdyp o nejise şu ýoldan geçse, men oň läşini ýere sermesem adam däl. -- Sag bol, dogan jan. Ýöne Suhan munuň bilen Jahandan el çekäýmedi. Bir gezegem ol Jahanyn ejesi bilen daşarda gazan ataryp, gowurga gowuryp otyrka, yzyna iki atlyny salyp geldi.Olar öýde erkek göbekliniň ýok wagtyny peýläp gelipdiler. Togtagül eje gündiziň günortasynda gyzyna beýle sütem ediler öýdüp pikir hem etmändi.Iki adam atdan düşäge-de, Jahanyň gyk-bagyna bakmazdan, ony götergiläp Suhanyň atynyň öňüne keseligine basdylar. Togtagül eje: -- Adamlar, kömek ediň! Nejisi tutuň! - diýip, töweregi ýaňlandyryp gygyrdy-da, näalaç dyzyny ýumruklap galdy. Suhanyň keýpi çagdy. Onuň bu gezek gökdäki dilegi ýerde gowşupdy. -- Tentek, heleý, nämäňe çyrlaýaň diýsene? Men saňa ahyry öýlenerin diýip söz etdim-ä. Suhan sözünden dänýän adamlardan däldir! - diýip, ýolboýy loh-loh edip gülýärdi. Atlylar birsydyrgyn gidip barýardy. Kerkawly derä ýetenlerinde, öňlerinden on-on iki ýaşlaryndaky oglanjyklaryň ikisi çykdy. Eşekli odundan geiýän bu oglanlar atyň üstündäki aýaly bada-bat tanadylar. -- Jahan daýza, seni nirä alyp barýarlar? - diýägede atlylara daş atyp topuldylar.-Goýberiň ony. Suhan ýoldaslaryna garap: -- Bujagaş güjükleriň gözleriniň oduny alyň. Olar meni görenlerinde balaklaryna goýberip durar ýaly bolsunlar - diýip, gözüni gypyp goýberdi. Atlylar aýdyşyndan hem beter etdiler. Çagajyklara göz diýmän, gaş diýmän gamçy saldylar. Jahan oglanlaryň gamçylanyp duranyny görüp, hyrçyny dişläp gelýärdi: -- Etimi çişlige düzseň-de, menden saňa aýal bolan ýok. -- Ony görübiris -- diýip, Suhan gözleriniň agyny köpeltdi.-Ýekeje gijäni bir ýorganda geçireli bakaly, onsoň sen meniň adymy jan diýip tutarsyň. -- Goýberiň meni, meniň başym boş däl! - diýip, ol ýatan ýerinden urundy. Suhan Jahanyn bas açyk kellesini saçyndan tutup ýokaryk galdyrdy-da: -- Ýalan sözleme, ganjyk. Ärsumagyň ölenine iki ýyl bolup barýar. Samsyjak bolma, menden gowusyny tapmarsyň. Asyl-asyl ökünmersiň-ä. -- Men Gylyja dakylan. -- Gylyja? Garry köpegemi? Aý, ony entäk görüberýäs. Men seniň sesiňe aşyk, seniň gülgün gözleriňe aşyk, belki, sen maňa bir oguljygam dogrup berersiň. Barybir, o heleýimden çaga bolanok. Gylyjyňam indiden soň seni meniň elimden alyp, özüne heleý edinip bilse, erkek boldugy. -- Hossarsyzdyr öýtme, doganlarym seniň ganyňy içerler. -- Men seň doganlaryňy ökjäme ýapyşan palçykça-da göremok. Atlylar böwürslenli çeşmä golaý gelipdiler. Olaryň ýöräp barýan eşek ýodasy adam garasy görmedik böwürslenligiň üstünden geçýärdi. Şu ýerde-de… Jahan bar güýjüni tijäp”ölsem-de ertirimden müň paý gowy bor” diýägede özüni ho-ol aşakbir ýerde göm-gök öwsüp oturan gür jeňňelligiň içine oklady. Şo bady bilenem baryp jeňňelligiň düýbüne düşdi. Birbada ony ölendir öýtdiler. Diriligini bilensoňlar welin, ony jeňňellikden çykarjak bolup, uly alada galdylar. Jeňňeliň awuly tikenleri endamyna çümen naçar barha-barha aňryk gidýärdi.Suhanam, onuň ýoldaslaram o jeňňellige girmäge milt edip bilmediler. Bu ýere hä diýmän zastawanyň esgerleri hem ýetip geldiler. Olary gören atlylar dessine ökje göterdiler. Jahany jeňňellikden çykaran esgerler çarwalyga çykan adamlara habar etdiler. Adamlar ony ölüm halyndaka öýlerine getirdiler. Gyzynyň öňünden çykan Togtagül eje onuň perişan halyny görüp, elewräberdi: -- Wah, sen Suhany ýerler ýuwutsyn. Wah, balajygym, seni nädäýipdirler? - Ol gyzyny gujaklap, gözýaş etdi. Basym bu ýere Jahanyň doganlaram, Gylyjam geldi. Olaryň Jahanyň ýüz-gözündäki ýaralara gözi düşüp: “Ah, haýyn, sen ujyzja sypmarsyň!” diýip, hyrçyny dişleşip, öýli-öýlerine dagadylar. Aradan birnäçe gün geçipdi. Jahan Gylyja nikalanylyp berildi. x x x Gurbanaly Jahanyň dälibaşrak, ýöne namysjaň doganlarynyň biridi. Ol indi telim günläp Suhany antap ýördi. Soňky wakadan bäri-hä bar wagtyny şoň gözleginde geçiripdi. Ahyry bir günem ol dagda “Gatyk dökülen” diýen ýerde pete-pet gabat geldi. Bu ýeriň “Gatyk dökülen” adynyň almagynyň hem sebäbi bardy. Uzak aralykdan seredeniňde dagyň örküjindäki akja daşlar ylla gatyk dökülen ýere çalym edýärdi. Suhan hernäçe sapalak atsa-da, bu gezek ol Gurbanalynyň deminden sypyp bilmedi. -- Ýeri, it ogly, sen ahyry eden işiňe jogap bermeli boljakdygyňy bilmediňmi? Hossarsyz naçar bardyr öýdensiň. Men saňa aýal maşgala nädip sütem etmelidigini mazalyja öwrederin. Baý, öwrederin-ä…. Asyl bütin ömrüňe sapak bor. -- Sen, han ogul, ajalyňa el bulaýan bolaýma. -- Namysymy depeledenimden-ä ölenimem gowudyr. -- Namysyň-a depelendigi biläý. -- Hä, itden azan… Olaryň ikisem atdan düşdüler-de, gyzyl ýumruga girdiler. Gurbanaly daýawdy, ol Suhany duran ýerinde ýuwdaýjak bolýardy, her gezek ýumruk salanda, Suhan ýere ýazylyp-ýazylyp gidýärdi, agzyndan gyllygyny akdyryp, söweşi bes etmegini özelenipler soraýardy. Bu mahal ýigrimbäşiň dälijesi Gurbanalyny saklamaga döw gerekdi. Ol Suhany içini sowadýança urup, keýpden çykdy. El-aýagyny daňyp balagyny sypyrdy. Töwerekde hiç kimin ýoklugyny aňlabam, onuň syrtyna geçdi… Soňam: -- A-how jemagat, Gurbanaly aryny alyp bilmedi diýip gürrüň edäýmäň - diýip, ýüz-gözüne gazan garasy çalnan Suhany eşege ters mündürip, obaň içine aýlady. Ol şol gepläp barşyna käte-käte Suhanyň ýagyrnysyna gamçy çalýardy. Gamçyň degen ýeri larsa galýardy-da, soň pökgerýärdi. | |
|
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Dirilik suwy -16: romanyň dowamy - 16.05.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -27: romanyň soňy - 27.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -6: romanyň dowamy - 31.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -6: romanyň dowamy - 12.07.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap: roman - 24.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |