DIL TARYHYÑ GÖZGÜSI
Dil milli medeniýetiň sütüni. Halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan baýlyklaryny, dünýä medeniýetiniň naýbaşy gözellikleriniň biziň ruhy dünýämizde orun alşyny, dabarasy daglar aşýan şan-şöhratly taryhy geçmişimizi öwrenmekde ene dilimiz egsilmez hazynadyr. Biz munuň şeýledigine, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip dabaralandyrylan 2019-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan gelip çykýan wezipelere eýerip, güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde alyp barýan arheologiýa we etnografiýa ylmy barlaglarymyzyň netijesinde ýüze çykarylýan maglumatlarymyzyň esasynda has magat göz ýetirýäris.
Mälim bolşy ýaly, belli hökümdarlaryň, alym-ulamalaryň, Watan berkararlygyny goramakda nesillere nusgalyk işleri bitiren merdana pederlerimiziň atlaryny göterýän galalara, desgalara, taryhy-medeni ähmiýete eýe bolan ýadygärliklere ýurdumyzyň dürli ýerlerinde duş gelýäris. Änewdäki Seýitjemaleddin binagärlik toplumy, Kaka etrabyndaky Abu Seýit Mäne babanyň kümmeti, Sarahs etrabyndaky Sarahs babanyň kümmeti, Gadymy Merw taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyndaky Soltangala, Abdyllahangala, Baýramalyhangala ýadygärlikleri, Soltan Sanjaryň, Ýusup Hemedanynyň, ibn Zeýdiň, Ýolöten etrabyndaky Talhatanbabanyň, Amyderýanyň kenaryndaky Hojaidatgala, Soltannyýazgala, Annagulydepe, Daýahatyn, Köneürgenç taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyndaky Nejmeddin Kubranyň, Tekeşiň, Törebeghanymyň, Pirýarweliniň kümmetleri, Görogly etrabyndaky Yzmykşir ýadygärligi, Magtymguly etrabyndaky Magtym Agzam, Etrek etrabyndaky Rüstemgala ýadygärlikleri we beýlekiler munuň aýdyň mysallarydyr. Hut şu ýadygärlikleriň atlarynyň üsti bilen biz olary gurduran merdana atalarymyz, olaryň ýaşan ýa-da hökümdarlyk eden döwrüniň taryhy barada örän gymmatly maglumatlar bilen tanyşýarys.
Dessanlardyr şadessanlaryň gahrymanlarynyň atlary dakylan ýadygärlikler bolsa şol edebi eseriň dörän wagtyny, onda hereket edýän hökümdarlardyr belli şahsyýetleriň atlaryny, ýaşan döwrüni we beýleki medeni baýlyklarymyzy öwrenmekde örän gymmatly çeşme bolup durýar. Gadymy Was topragynda ýerleşýän, miladydan öňki I müňýyllygyň ahyrynda düýbi tutulan «Şasenem-Garyp» dessanynda Şasenemiň, Diýarbekiriň we şa Abbasyň hormatyna olaryň ady dakylan galalar, miladydan öňki III-I asyrlara degişli, Şasenemiň jorasy Akjageliniň adyny göterýän gadymy şäheriň, Hojambaz etrabynda ýerleşýän «Zöhre-Tahyr» dessanynyň baş gahrymanlarynyň atlary bilen baglanyşdyrylan Zöhre we Tahyryň köşgüniň, Köýtendag etrabynda «Görogly» şadessanyndaky Bezirgeniň hormatyna atlandyrylan Bezirgengala ýaly ýadygärlikleriň atlaryny sanasaň sogaby bar.
Ylymda hatda adam ady bilen baglanyşykly at dakylan guýularyň, bentleriň, ýaplaryň, obalaryň atlarynyň üsti bilen belli taryhy wakalara, şahsyýetlere degişli maglumatlar ýüze çykarylýar. XX asyryň 50-nji ýyllarynda Bäherden etrabynda ylmy-barlag işlerini geçiren etnograf alymlar gadymy ýer-ýurt atlaryny öwrenmek arkaly bu etrapdaky kärizleriň taryhyna degişli maglumatlary toplamagy öz öňünde wezipe edip goýýarlar. Netijede, Bäherden etrap merkeziniň we Durun obasynyň golaýyndaky kärizleriň Aýnabat, Hüntüş, Ýylysuw, Egri, Geçiniň kärizi, Goturyň kärizi, Durun, Şorja, Gargyly, Pantyş, Çopanyň kärizi, Garajanyň kärizi ýaly atlandyrylandygyny anyklaýarlar. Mundan başga-da, halkyň hakydasynda müdimilik orun alan rowaýata görä, Isgender hanyň gyzy Aýnabadyň hormatyna käriz suw ulgamyny gurdurandygynyň hakykata laýyk gelýändigini, has takygy, käriziň gurlan wagtynyň hanyň ýaşan döwrüne, ýagny XVIII asyra degişlidigi mälim edilýär.
Soňky ýyllarda geçirilen etnografiýa ylmy gözlegler, käbir ýer-ýurt atlarynyň gönüden-göni Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly dörändigini äşgär edýär. Mysal üçin, Beýik Ýüpek ýolunyň Şähryslam – Ürgenç şahasynyň ugry boýunça ýakynda geçirilen arheologiýa we etnografiýa gözlegleriň çäklerinde Bäherden etrap merkezinden 42 kilometr demirgazykda ýerleşýän obanyň adynyň ir zamanlar şu ýerde düşläp geçen arap hökümdarynyň hormatyna Arapşa diýlip goýlandygy baradaky maglumat ylmy dolanyşyga girizildi. Ýerli ilatyň maglumat bermegine görä, Garagumuň jümmüşinde ýerleşýän bu gadymy obada dynç almaga, azyk ätiýaçlyklaryny edinmäge süýji suwly guýular, ýüzlerçe adamy birbada myhman alar ýaly kerwensaraý we ýerli maldarlar bilen söwda-satyk guramaga zerur amatlyklar döredilipdir. Arap şasynyň kerweni şu oba ýetende, onuň geljekde mirasdüşer bolmaly ogly dünýä inendigi baradaky hoş habary oňa ýetirýärler. Şanyň keýpi çag bolup, bu ýerde kyrk günläp toý tutup, oba ilatyna halat-serpaýlar ýapypdyr, kerwensaraýyň çägini giňeltmek, süýji suwly guýularyň sanyny köpeltmek üçin zerur pul kömegini berip ýola rowana bolanmyş. Ýerli ilat bu uly wakanyň şanyna dogduk mekanyna Arapşa obasy diýip atlandyryp başlapdyrlar.
Taryhy maglumatlara esaslansak, hakykatdan-da, Horasanyň emiri bolan Al-Mamunyň tagallasy bilen 813—819-njy ýyllarda Merw tutuş musulman dünýäsiniň – halyfygyň paýtagtyna öwrülýär. Halyfyň köşgüne dünýäniň çar künjünden gelen hökümdarlardyr akyldar alymlaryň, belli täjirleriň kerwenleriniň gatnawynyň yzy üzülmändir.
Biziň bu gadymy obada gözleg işlerimiziň dowamynda ýüze çykarylan küýze bölekleriniň arasynda hem Al-Mamunyň döwrüne, has takygy, IX—XIV asyrlara degişlileri bar. Bu bolsa Arapşa obasynyň adynyň döremeginiň aňyrsynda taryhy hakykatyň duran bolmagynyň mümkindigi baradaky çaklamany öňe sürmäge esas berýär.
Diýarymyzda arap hökümdarlarynyň, täjirleriniň ýa-da olaryň wekilleriniň hormatyna goýlan ýer-ýurt atlaryna mundan başga-da, köp ýerde gabat gelinýär. Mysal üçin, Arapata ýadygärligi we Arapjyk obasy Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda, Arapgala atly köne oba Kaka etrabynda, Araphana atly ýadygärlik Dänew etraplarynda bar.
«Garagumuň ýalkymy» tebigy oduň ýerleşýän ýeri bolan Derweze obasynyň ady bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý-Hywa şahasynyň ugrunda ýerleşen uly howlyny ýada salýan süýji suwly ýaýladaky kerwensaraýa iki depäniň arasyndan, ýagny tebigy derwezeden geçilip barylýandygy bilen bagly döräpdir. Beýik Ýüpek ýolunyň Garagumuň jümmüşinde kesişýän ýerleri dört ýoluň çatrygy manysyndaky Atanak ady bilen atlandyrylypdyr. Atanakdepe ýadygärligi Mary etrabynda, Atanak atly süýji suwly guýuly we kerwenlere düşlemek we mallaryny otlatmak üçin giň öri meýdanly düzlükler Bäherden, Tejen, Sarahs etraplarynda bar.
Tagtabazar etrabynyň ady bolsa gadymy Pendi ýaýlasyna Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen dünýäniň çar künjünden gelen täjirleriň gyzgalaňly söwda guralan bazarynyň hormatyna dakylypdyr. Bu barada belli dilşynas S.Atanyýazow 1980-nji ýylda neşir edilen «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Tagtabazar şäherçesi uzakdan uly depäni ýa-da salýan üsti tekiz beýiklikde ýerleşýär. Geçen asyrda, hatda şu asyryň başlarynda hem şol beýigiň üstünde uly bazar bolup, oňa Eýrandan, Owganystandan söwda kerwenleri gelýän eken. Şol uly bazaryň tagt, ýagny düz ýer-de ýerleşendigi üçin bu bazara Tagtabazar, ýagny «belent düzlükdäki bazar» diýip at beripdirler».
Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenleriň daşan gymmatly harytlarynyň bazary gyzgalaňly guralan ýerleri bilen bagly dörän gadymy oba atlaryna-da köp duş gelinýär. Mysal üçin, Esenguly etrabyndaky Bazar, Balkanabat şäheriniň golaýyndaky Bazarlyböwür, Köýtendag etrabyndaky Bazardepe, Kerki etrabyndaky Bazarjaý, Saýat etrabynda Talhanbazar, Mary etrabyndaky Bazarçäge atly obalaryň atlarynyň döremegi şunuň bilen baglydyr.
Orta asyrlardan Beýik Ýüpek ýolunyň Merwden Balha we Hyrada rowan bolan kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşendigi bilen baglylykda Ýolöten etrabynyň ady döreýär. Gadymy Pendi ýaýlasyndaky adybir gala Tagtabazar etrabynyň Marçak obasynda ýerleşýär. Bu ýadygärlik orta asyrlarda gülläp ösen Merwerut şäheriniň düzümine giripdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň hereketi kerwen ýollarynyň ugrunda, çöl içinde, sähra ýa dag derelerinde birnäçe täze oba-kentleriň, kerwensaraýlaryň, orta asyrlarda atlandyrylyşy ýaly rabatlaryň döremegine getiripdir. Şol gadymy rabatlaryň atlary bize Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugurlaryny kesgitlemekde we dikeltmekde tutarlykly çelgi bolup hyzmat edýär. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň II kitabynda şeýle gymmatly maglumatlar berilýär: «Kerwensaraý» manysyndaky bu söz Türkmenistanyň ýer-ýurt atlarynyň düzüminde köp duş gelýär: Daşrabad, Agajarbad («agaç rabad»), Repetek («rabatek», ýagny rabadjyk) we ş.m.».
Etrek etrabyndaky Serhengrabat, Baýramalydaky Al-Esger saraýy, Köýtendagdaky Agyzrabat, Darganatadaky Akrabat, Görogly etrabyndaky Aksaraý ýaly kerwensaraýlar gadymy söwda ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenleriň esasy düşelgehanalary bolandygyny habar berýär.
Görnüşi ýaly, dil hazynamyz medeniýetimiziň aýrylmaz ülşi bolan taryhymyzy, arheologiýa we etnografiýa baýlyklarymyzy, hususan-da, ýer-ýurt atlarynyň, gadymy şäherleriň, taryhy ýadygärlikleriň, durmuş-ykdysady ähmiýetli köne desgalaryň we beýleki etnografiýa gymmatlyklaryň taryhyny, olar bilen bagly dörän köne sözleriň aňladýan manylaryny, şonuň ýaly-da, şanly geçmişimiziň bellibir wakalary bilen bagly maglumatlary özüne siňdirýändigi sebäpli örän uly ähmiýete eýedir. Şu jähetden, dil baýlygymyz eziz Watanymyzyň we halkymyzyň şöhratly taryhy ýazylan kitapdyr. Gözümiziň göreji ýaly eý görýän ene zybanymyzy ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we ýaş nesillerimizi atalarymyzyň taryhy ruhlaryna ygrarly edip terbiýelemek biziň jana-jan borjumyzdyr.
Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri.
Türkmen dili