10:25 Dile geldi, bile geldi / gündeligiň dowamy | |
MOSKWADA
Ýatlamalar
1976-njy ýylda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Aşgabat şäherinde ýerleşýän Awtobazasynda sürüji bolup işleýärdim. Awtobazanyň giň howlusyna girilýän ýerde gündelik metbugat hem bazanyň gündelik işleri, işgärleri barada maglumatlar, suratlar tagtalarda asylgy durdy. Halypa-şägirtlik baradaky tagtada işine ussat halypa işgärleriň we olaryň iki-ýeke şägirtleriniň gysgaja ýazgy bilen suratlary ýerleşdirilendi. Ýaş şägirt işgär hökmünde meniň hem öz sürýän awtoulagumyň rulunda oturan suratym, özüm hem halypam barada gysgaja ýazgy bilen goýlupdy. Ine, şol surat hem meniň durmuşymda oslanmadyk öwrülişigiň bolmagyna ýagny, işleýän ýerimden, göni Türkmenistanyň Içeri işler edaralaryna, has takygy Döwlet awtomobil inspeksiýasyna işe geçirilmegime sebäp bolupdy. Şol döwürler Içeri işler edaralarynyň topary şäheriň ýokary we ýorite orta okuw jaýlaryna, uly edara-kärhanalara aýlanyp, okuwyny gutarýan tapawutlanýan talyplary ýa-da edara-kärhanalaryň öz işine jür ýaş işgärlerini Içeri işler edaralaryna işe çekmek maksady bilen, wagyz-nesihat işlerini geçirip durýardylar. Şu maksat bilen biziň işleýän Awtobazamyza gelen topar hem ilki meniň tagtada asylan suratymy synlap, soňra özüm barada gyzyklananlar. Şondan soň meniň milisiýadaky bütin iş döwrümiň ilkinji 10 ýyly Aşgabat şäher Döwlet Awtomobil inspeksiýasynda başlanypdy. 1980-nji ýylda şol döwürdäki biziň umumy Döwletimiz SSSR-iň paýtagty Moskwa şäherinde Bütindünýä 22-njy tomusky spot Olimpiadasy geçirilmeli edilipdi. ABŞ-yň baştutanlygynda birnäçe SSSR bilen sulhy alyşmaýan döwletler bu Olimpiadanyň geçirilmegine bökdençlik döretmek üçin ellerinden gelenlerini etseler-de, özleri Olimpiada gatnaşmakdan ýüz dönderen bolsalar-da, SSSR-de Moskwa şäherinde geçirilen şol Bütindünýä tomusky Olimpiada özüniň täsin hem başarnykly gurnalyşy, parahat ýagdaýda, özüniň “olimpiýskiý mişkasy” bilen, diýseň gyzykly geçirilip, dünýäni aňk edip, taryha girdi. Men muny gepiň gerdişine görä diýen ýaly ýatladym. Gürrüň berjek bolýan zadym şol Olimpiada bilen baglanyşykly başga bir kiçijik waka. Ine, şol Olimpiadanyň geçirilmeli döwründe Moskwa şäherinde jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek maksady bilen, başga Sowet Respublikalary bilen birlikde, Türkmeistandan hem, dürli gulluklardan saýlanyp alnan, jemi 40 sany milisiýa işgärleri (şonuň 7-si Döwlet awtomobil inspeksiýasynyň inspektoplary) iki aýdan gowurak möhletli iş sapary bilen, umumy paýtagtymyz bolan Moskwa şäherine goşmaça kömek üçin iberildi. Aşgabat şäher GAI-den iberilen şol 7 sany “gaýişnigiň” biri-de okap oturan ýazgylaryňyzyň awtory, siziň saduk gulyňyzdy. Türkmenistandan kömege iberilen milisiýa işgärleri Moskwanyň Krasnogwardeýskiý raýonynda (öň biziň özümizde-de etraplara raýon diýilýärdi) ýaşamaly hem şol raýonda işlemeli edilen. Şol raýonyň içindäki uly mekdebiň (näçenji mekdepligi ýadymdan çykypdyr) kluby türkmenistanly milisionerler üçin kazarma edilen. 7 sany GAI-lar bolan biz hem şol kazarmada ýaşap, Moskwa şäheriniň Krasnogwardeýskiý raýon Içeri işler Uprawleniýesiniň Döwlet awtomobil inspeksiýasy bölümçesiniň işgärleri bilen bir hatarda, şäheriň köçelerinde we köp awtoulagly hem mähelleli ýerlerinde ýol-ulag hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi gurnap, işläp başladyk. Her bir awtoinspektora belli bir postlar (çäkler) berkidilmek bilen işlerimiz smenalaýyn ýagny sag.07,00-dan 23,00-a çenli iki çalşyk arkaly ýola goýlandy. Maňa esasy berkidilen – Kaşirskiý şossedäki belli bir çäkler, “Kaşirskiý metro” posty, Sewanskiý-Bakinskiý köçeleriniň çatyşýan uçastogy, Akademik Millionşikowa köçesi, Raýkom. Partiýanyň, Awtoparkyň ýerleşýän uçastoklary we başga-da iki-ýeke uçastoklar boldy. Şeýlelikde, Moskwa şäherinde işläp ýörkäk, anyk bellige almandyryn welin, şol wagda ýöredilen iş depderimiň ýazgylaryna salgylananda 1980-njy ýylyň 19-njy iýuly (Olimpiadanyň dabaraly açylyş güni) bolsun gerek, şol günüň birinji çalşykdaky iş gününde özüme berkidilen uçastokda - şäheriň uly şaýollarynyň biri bolan, Kaşirskiý şossesiniň Orehowa bulwary bilen kesişýän uly çatrykda ýol hereketine gözegçilik edýärdim. Günüň birinji ýarymynda, ir wagtlar köçäniň hereketi-de ýetikdi. Elbet-de, o döwürde inomarkalar ýagny, daşary ýurt awtoulaglary Sowet soýuzynyň Respublikalarynyň hiç ýerinde, şol sanda Moskwada hem, (setanda seýranda daşary ýurtlaryň wekilhanalarynyň inomarka awtoulaglary gabat geläýmese), ýok diýen ýalydy. Soýuzyň özünde öndürilýän “Wolga”, “Moskwiç”, “Žiguli”, “Zaporožes”, “Iž-kombo”, “Gaz-69”, “UAZ”, “RAF” ýaly kysymly ýeňil awtoulaglar köçeleri doldurýardy. Hat-da ýaňy-ýaňy öndürilip, önümçilige goýberilen “Žiguliniň” 4-den soňky wypuskalary-da şol döwürden soň çykyp başlapdy. Döwlet ýolbaşçylaryny “Çaýka” kysymly, Soýuzyň özüne degişli özboluşly owadan haýbatlyja ýeňil awtoulag çekýärdi. Uly şäherlerde hem gytyrak duş gelýän “Çaýkalar” ol döwürde hususy eýeçilikde bolmazdy. Esasy gürrüňimizden gatybir daşlaşmankak, Kaşirskiý şossä – çatryga dolanyp geleliň. Çatrygyň bir çetinde gözegçilik edip duran wagtymda, birden swetoforyň gyzyl çyrasynda, öňki hatarda garaşyp duran “Çaýka” awtoulagynyň içinde, öňdäki oturgyçda sürüjiniň gapdalynda maňa tarap seredip oturan, şol wagtky öz respublikamyzyň baştutany – Türkmenistanyň Kommunistik partiýasynyň birinji sekretary Muhammetnazar Gapurowa gözüm düşäýmezmi. Görenimden, haýal etmän, çep elimde saklap duran jürlewigimi yzygyderli çalyp, sag elimdäki ala taýagy ýokary galdyryp ylgadym çatrygyň ortasyna. Çaltlyk bilen çatrykdaky hereketi sazlap, respublikamyzyň şol wagtky birinji adamyna ýaşyl çyra berdim. Ýetişdim. “Çaýka” deňime ýetenden çest berdim. M.Gapurow hem deňimden geçende, öz hoşallygyny bildirmek görnüşinde elini galdyryp geçip gitdi. Ol döwürde Söýuz Respublikalarynyň birinji ýolbaşçysy-da “soprowoždat” edilenokdy. M.Gapurowyň şol wagt Aşgabatdan gelýändigini, Domodedow aeroportynda uçardan düşüp, özüni alyp gaýtmak üçin ibrilen “Çaýka” awtoulagyniň sürüjisi bilen şäheriň merkezine barýandygyny aňlamak kyn däldi. Kaşirskiý şosse Domodedow şossesi bilen ugurdaşdy. M.Gapurow Moskwanyň şol raýonynda Türkmenistanly “gaişnikleriň” hem işläp ýörenliginden, elbet-de, habarly bolandyr. Muny onuň köçäniň çatrygynda “Çaýka” gelip gyzyl çyrada duran wagtynda, awtoulagyň içinden özüme ünsli seredenliginden hem aňsa boljakdy. Sebäbi ýüz keşpim, sypatym-da türkmenligimi aňladyp dur-a. Milisiýanyň general-maýory A.P.Nozdrýakow Dünýäde iň uly döwletiň paýtagty, dünýäde iň ägirt uly owadan şäherleriň biri bolan Moskwada öz Döwletimiziň (Respublika diýilse-de, bir uly SSSR döwletine jemlenen 15 Respublikanyň her haýsy-da resmi ýagdaýda Döwlet derejesinde OON-da hasapda durýardy) şol wagtky birinji adamyna (первое лицо) oslanmadyk ýerde tötänden duşup, öz gulluk borjumy ýerine ýetirip, gyssagarada onuň ýoluny “ýaşyl çyra” edip ýetişenligim welin, ömrümde ýatdan çykmajak wakalaryň biri bolup galdy. “Dile geldi – bile geldi” diýlişi ýaly, öwünmeklik diýip düşünilmese (ýek ýigrenýänim öwünjeňlik), sözümiň ahyrynda şuny-da belläsim gelýär. Moskwa şäheriniň şol döwürdäki Döwlet awtomobil inspeksiýasy Uprawleniýesiniň naçalnigi, milisiýanyň general-maýory A.P.Nozdrýakowyň, şeýle hem şäheriň Krasnogwardeýskiý raýon IIB-niň DAI-niň naçalnigi, milisiýaniň maýory A.I.Matlowyň, hut özleriniň Olimpiada döwründe beren hormat hem minnetdarlyk hatlaryny käteler ele alanymda, olara, bir zamanda öz Türkmenistanymyza berlen sylag hökmünde garap, buýsanýaryn. Geldimyrat SEÝIDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||