DOGAN
Men ýene-de şol ikimiziň arzuw mekanymyzda. Sen bilýänem dälsiň, şo mahallaram sen öýde ýokkaň, bu ýere käte-käte ýeke özüm gelip, arzuw ederdim. Olaryň bir ujy dünýäniň o başyna çyksa, beýleki tarapy Garagumuň giň sähralaryny gulaçlaýardy. Näme üçindigini-hä bilemok. Ýöne men şu arzyly mekanda oturan çagymyzy hiç zada çalyşmazdym. Ikimiziň mydama bileje bolmagymyzy arzuwlardym. Saňa garaşýardym. Seniň bilen dünýä seýrana çykýardym. Dogrusy, şujagaz bukyja ýeri arzuw mekanyna öwren mahalymyz biz balaja bolarly. Heniz aga-gara düşünmänkäk, şol ýeri arzuw mekanyna öwüripdik. Ýöne öz doganyň bilen şeýdip arzuw mekany gurmak, onuň goýnunda bagtyýar bolmak hemmelere nesip edýän däl bolaýmasa! Biz weli, dogan bolsagam basdaşlygymyz ýokdy. Biri-birimizi juda gowy görýärdik. Özem ekiz ýaly mydama bileje tirkeşerdik. Ýogsam sen menden esli uludyňam weli, pikirimizem, dünýämizem göwnüme bolmasa, bir ýalydy. Obada “Nurgöeliň gyzlary” diýdirmegi başarypdyk. Sen onýyllygy gutaryp, eýýäm işläp ýördüň. Saňa häli-şindi sawçylyga gelip durmaklary meniň gaharymy getirýärdi. Sebäp, sen durmuşa çykyp gitseň, men bu dünýäde ýalňyz galaýjak ýalydym. Ejemmi? Ejemiň iş-alada bilen bize eli degenokdy. Daň atandan sygyr sagmaga giderdi-de ho-ol, gijäň ýarynda dolanardy. Sen weli, işden geldigiň maňa tikin tikmäni, keşde çekmäni öwrederdiň.
Ilkinji gezek keşde çekjek bolşum ýadymda. Iňňäni elimden geçirip aglamjyrap otyrkam geldiň şonda. Hysyr-hysyr meniň tikip oturan tahýamy beýläk taşladyň-da, iňňe çümen barmagymy ogşaşdyrdyň weli, bar agyry aýrylan ýaly boldy. Şol günüň ertesem ýene saňa gudaçylyga geldiler. Bürenjekli daýzalaryň ýöne ýere gelmändigini aňyp, öýden çykman oturdym. Olara çaý äberdim, öňlerine saçak ýazdym. Olar maňa ünsem bermän, ejem bilen ýuwaşjadan gepleşip otyrdylar:
– Nurgözel, biz-ä habarlyja geldik. Habarymyzy alaýsaň – diýdiler.
Meniň üstümden sowuk suw guýlan ýaly bolady. Göýä olar seni äkidip barýana döndi. Men gaharymy saklap bilmän, olaryň garşysynda durdum-da:
– Siziň oňlulyga gelmäniňizi-hä bilýädim – diýdim.
Oturan daýzalar birbada aňk-taňk boldular. Ejem weli, çyny bilen gatyrgandy.
– Balam, bul-a eneden öň gyz geplär boldy. Men size beýle terbiýe bermändim ahyry. Ulularyň gürrüňine goşulmak biedeplik bolýandyr. Bar, öz işiň bilen bol.
Men torsaryp, çykyp gitdim. Sawçylaram köp oturmady. Ýöne şondan soň obada “Nurgözeliň gyzy sawçylaryň köwşüni öňüne ataýypdyr” diýen gürrüň ýaýrady. Şol gün ikimiziň aramyzda ilkinji gezek agzalalyk ýüze çykdy. Sen işden gele-gelmäne maňa nagaraňy döwüp başladyň.
– Sen her gelen sawçyny gaýtarjak bolup, azara galma. Ahyry senem, menem durmuşa çykmaly bolarys. “Nurgözeliň gyzy öýüne sawçy eltenokmyş” diýip, seň eden işiňem meň adyma gidýär. Gaýdyp, dagy-duwara sesiň çykaýmasyn.
Maňa merk diýlen ýaly boldy. Indi näçe sawçy gelse-de, azaryma bolmajak ýalydy. Ýöne içimde gopýan harasat weli, aýdyp-diýer ýaly däl. Ol meni şol arzuwly mekana idirdedip alyp gidýärdi. Şol ýerde oturyp, bu sawçylaryň sözüniň alynmazlygyny dileýärdim.
Ine, bir günem ýene sawçy geldi. Özem olar gije geldiler. Men ejemde bir galagoplygyň bardygyny duýsamam, edil beýle bolaýar öýdemokdym. Asyl, ol eýýäm seniň räzylygyňy alan eken. Halat geçdi, toý sähedi bellendi. Şondan soň meniň bu dünýä bilen gatnaşygym, şärikliligim gutaran ýaly boldy. Ejemiň saňa garaýşy weli üýtgedi. Senem toý köýnegini tikinip başladyň. Men öz-özüme düşünemokdym. Günümi şol arzuwly mekanda aglap geçirýärdim. Bir günem aglap otyrkam üstüme sen geldiň.
– Jigim jan, sen bu ýerdemi? Men bolsa seni gözläp ýörün. Hana, radioda seň halaýan aýdymyňy aýdýalar. Naharam guýup goýdum, sowap barýar. Ýör hany, beýdip oturma.
Men sesimi çykarman müzzerip durdum. Şonda sen meniň dünýämi duýduň öýdýän. Aldygyna ýaňaklarymdan ogşap başladyň.
– Jigim jan, sen nähili horlanypsyň. Sen gaýgy etme. Men durmuşa çyksamam, geler-gider duraryn.
Men ýüregimdäkini aýtdym.
– Näm üçin çykjak? Men sensiz näderin?
Şonda sen hezil edip güldüň.
– Wiý, nätdiň sen muny? Nätmeden Hudaý saklasyn. Ejem ýanyňda ahyry. Nämäni alada edýäň? Onsoňam sen bir zada düşün, ikimiz mydama bile bolup bilmeris. Men durmuşa bu gün çykmasam, ertir çykmaly. Senem, tüweleme, kiçi-girim däl ahyry bu zatlara düşünmez ýaly. Onsoň wagty gelende senem durmuşa çykarsyň.
Men hasam ejilledim:
– Sen gaty daşa çykýaň. Görübem bilmen, barybam.
-Goýsana, jigim jan, beýdip meň ýüregimi paralama. Menem daşa çykýanyma gynanýan. Ýöne men ol oglany halaýan-da. Ho-ol, arada Sadap durmuşa çykanda toýda gabatlaşdyk. Şondan bärem... Onsoňam geleni gaýtaryp, dannap otursaň, gowulygyň üstünden barmarsyň diýip, halys gulak etimi gutardy ejem. Ejem gowy bilýändir. Onuň bize ýamanlygy ýok. Biz näme köplükmi? Ejem, men, sen. Kakam uruşdan gaýdyp gelen bolsa, belki, bizem köplük bolardyk... Sen hiç zady gaýgy etme, beýdip otursaň, menem bozulýan.
Seniň aýdanlaryňy üns bilen diňleýänem bolsam, ony kabul edip bilemokdym. Göýä sen durmuşa çykyp gitseň, ýetim galaýjak ýalydym.
Gelnaljy gelende men süýnüp ýatyrdym. Sebäbi, işdäsizlik, gaýgy meni halys tapdan düşüripdi. Ýerimden turmaga halym ýokdy. Seniň başyňa gyzyl kürte atyp, alyp ugranlarynda uly sesim bilen möňňürip yzyndan ylgajak boldum. Şol bada ýykylypdyryn. Şonda gelnejem gatyrgandy.
– Näme doganyňy göz ýaş bilen ugradýaň. Yrymyna ýagşy däl. Ynha, senem-ä äre gitmeli bolarsyň, şonda aglaýarmykaň häli.
Gelnejemiň sözleri meni birbada köşeşdirenem bolsa, beýnimde gopýan harasat dünýämi düňderip barýardy...
Çagyryjy baranymyzda gujagyňdan düşürmän oturyşyňa gaýynlaryň haýran galdy öýdýän.
– Gelin, beýdip, uly gyz çykan uýaňy gujagyňa gysyp oturmaň näme!
Men seni olardan gabanyp ölüp barýardym. Özümiz bilen öýe äkidesim gelýärdi. Ýöne her zadyň öz ýol-ýörelgesi bar eken. Seni sähetli gün gaýtaryp getirdiler. Şol gün ýene-de men arzuw mekanymyza baryp, seni entekler gaýtarmazlar ýaly dileg etdim. Ýöne sen indi uzak saklanmak islemediň. Ýaş çatynjalaryň biri-birine nähili ymtylýandygyna men has soňrak göz ýetirdim.
Şeýdip men sensiz ýekeje özüm arzuw mekanymyza gatnap başladym. Indi men edil öňküler ýaly sen diýip ölüp-öçüp baramokdym. Meniň beýnimde başga-başga pikirler at çapýardy. Indi dünýä gözellige bürenen ýalydy. Öýde ýeke ikijigimiz galanymyzdaň soňmy, nämemi, garaz, ejemem öňküsinden has mylaýym, mähremdi. Indi meniň dünýäniň depesine çykasym, bu dünýä şärikligimi buşlasym gelýärdi. Çünki älem-jahan gözelligini diňe meniň kalbyma guýlup duran ýalydy. Men oturyp-oturyp, bu täsin duýga düşünjek bolýardym. Ähli zady aň terezime mündürip, saldarlap görýärdim. Aňyrsyna göz ýetirip bilmän, ýene-de şol ajaýyplyga özümi aldyryp, süýji duýgulara ýan bererdim. Hut şeýle pursatlar maňa dünýäň baýlygyny, dünýäň ajaýyplygyny peşgeş berýärdi. Men özümi şol ajaýyplygyň tolkunlaryna urup, gulaçlap-gulaçlap ýüzýärdim. Deňziň ak tolkunlarynyň kenary ýuwuşy ýaly şol duýgular meniň dünýäme tämizlik çaýýardy...
Ynha, men ýene-de şol arzuwly mekanda. Ýöne indi biziň her haýsymyz uly maşgalanyň eýesi. Ýöne seni günde-günaşa görmesem, häzirem karar tapamok. Ata ojagyny saklap oturamsoň, köplenç bizde – garry öýde duşuşýas. Şonda men birsellem ýaşymyň birçene ýetendigini unudyp, hakydamda şo-ol birmahalky çagalyk döwrümize dolanýan. Onsoň şol birmahalky bolşum birme-bir göz öňümde janlanýar. Sen şu pursat näme hakda pikir edýärkäň? Meniň çaga gabanjaňlygy bilen seni hiç ýere goýbermejek bolanymymy ýa-da ýoldaşyň bilen halaşyp, toý tutanyňdaky agymymy? Men henizem şol edenlerime ökünip, aňyrsyna çykyp bilemok... Onsoň her gezek hyýalymda ýene senden ötünç soraýan. Dogana toba ýok ahyry! Şeýle dälmi?!
Ogulgerek USSAÝEWA.
Hekaýalar