DOMMA DAÝY
«Ejem-kakam öýde ýok, oba gitdiler, ertir geler» diýdiňmi, ýegen jan, zyýany ýok, bizem ýolagçy, daň saz berenden şähere tarap ýüzümiz. Bir käse çaý içip, gözümiziň awusyny alaýmasak, halys bürlip barýar. 3-4 günüň ýadawlygy — diýip, Şamuhammet daýym odun ýükli maşynyndan düşüp durşuna maňa gürrüň berýärdi.
— Geliň daýy, meniňem öýde ýeke özüm, içim gysyp durdy — diýip onuň içmegini göterip öýe tarap ýöneldim. Pagtaçylykda bolanymyz üçin palçykdan jaýymyz bardy. Dardy, pessejikdi. Daýym uzyndan daýaw bolansoň gapydan eglip zordan girdi.
— Häk, ýegen jan, şunyňyz bolanokda. Obada şarňyldap duran jaýyňyzy taşlap, ýylyň köp wagtyny şu hütdükde geçirýäňizdä — diýip, daýym öýüň törüne geçip durşuna aýtdy. Soňam yzyna öwrülip, gapydan boýnuny uzatdy-da, ýoldaşyny çagyrdy:
— Domma, geliber. Ýegeniň ýeke özi eken. Bu gün munuň ýanynda dynç alaly. Men daýymyň «Domma» diýip adyny tutan adamsynyň ýüzüne seretdim.
— Geliň, agam, giriberiň — diýsemem diýdim welin, şeýtan böwrümi gyjyklap goýmansoň gülüp goýberdim. Birdenem eden işime gaty utandym. Daýym kömege ýetişdi.
— Domma diýenime gülensiň sen, zyýany ýok. Onuň çyn ady Muhammet. Emma ony tutýan ýok. Domma diýmeseň tananoklaram. Senem arkaýyn «Domma daýy» diýiber. Men çekinjeňlik bilen Domma daýa seretdim.
— Daýyň dogry aýdýar. Dommada men.
Oňaýsyz ýagdaýda galdym. Adamyň nebir adyny tutman oňa gödek bir at dakmak nämä gerek bolduka? Kän oýlandym.
Elime suwly taňkany alyp daş çykdym. Ejemiň süýt bişirýän ojagynyň ýanyna baryp, garanjaklap durkam Amansoltan gelnejem geläýdi.
— Wiý, ýwürjijigim, daýym geldi, çaý ber — diýip, aýdaýmal-a. haçan sen çaý gaýnadyp görüpsiň — diýip elimdäki taňkany ojagyň agzynda goýup, jygrama salyp ot ýakdy. Çäýnekleri çaýkap demledi. Käseleri ýuwuşdyryp süpürdi. Goşa çäýnegi özi göterip öýe girdi. Menem elim käseli yzynda.
— Amanmy gelin, sag-gurgunlykmy? — diýip daýym saglyk-amanlyk soraşdy. Domma daýam:
— Manlykmy keýgim — diýip, baş atdy.
Gelnejem myhmanlaryň öňüne çaý goýdy. Saçak atdy. Gowurmaly pitini, alaçaly ýagly jamy öňlerine süýşürip maňa ýaşamagynyň aşagyndan pyşyrdady.
— Gerek zat bolsa, gygyraý, «gelneje» diýde — diýip, çykyp ugrady. Daýym edil onuň pyşyrdysyny eşiden ýaly:
— Sag bol, gelin, taňryýalkasyn! Duz dadyp bir käse çaý owurtlasak ýeterlik, iki günň ýaawlygy, gözümiz bürlip barýar diýdi. Men daýymyň gapdalyna baryp oturdym. Ol çaý teýi edinip, az-kem dynjyny alansoň, gül-gül açyldy.
— Ýegen, ikiaşakdan biz şu ýoldan ilerik-gaýrak geçýäris. Ho-ol ýeke tamyň ýanynda bize garaşsaň maşyn sürmäni öwretsemem öwredäýerin — diýip ýylgyrdy. Domma daýam gürrüňe goşuldy:
— Öwredeli, öwredeli Şamuhammet! Bu akyllyja oglan ýaly-la.
Meniň azajyk ýüzüm gyzardy. Oňly tanamasa-da ýüzüme öwüp oturşyny halamadym. Daýym bu ýagdaýy aňdy.
— Ýegen Domma daýydan geň görme. Bu bir kän gepläp ýören adamam däl. häzir geplese gepläp otyr.
— Şony diýsene, Şamuhammet! Ýegen entek meni tananok — diýip meniň ýüzüme seredip oturşyna dowam etdi:
— Kakaň öýde ýok ekeni. Ho-ol baýak bir gije gelenimizde oňa hezil beren ekenim gepläp.
Şamuhammet daýym hezil edinip güldi:
— Ýa-ak, şo gezeg-ä dogrudanam bolmajyny boldyň.
— Wah, Şamuhammet, meni geplemä bilseň gepletme. Soňy kyn bolýa diýip aýtdym-a saňa. Gaýtam odunçylara degip, olara meçew berdiň-ä.
— Şu günem-ä geplänsiň weli hernä Hudaý ýegenjigini gorkuzaýmasaň biridir.
— Ýok-ýok, arkaýyn bol. Üýtgeşik gep ýokdur.
Iki dostuň düşnüksiz gürrüňi uzaga çekmedi. Gaty ýadapdyrlar öýdýän:
— Hany, gözümiziň awusyny alaly, namaz wagty ýola düşmelidiris — diýip Domma daýy ýene köne heňine tutdy. Onsoň içmeklerini üstlerine çekip, ýassyga kellelerini goýdular.
— Ýegen çyrany birneme peselt-de arkaýyn ýatyber. Biz irden özümiz örüp ýola düşeris. Ejeňe-kakaňa salam aýt — diýip, Şamuhammet daýym assaja aýtdy. Men çyrany sönere gezek getirip, ýassyga gyşardym. Gözüme uzak wagtlap uky gelmedi. Ahyry ymyzganypdyryn. Näçe ýatanymy-ha bilemok welin, bir sese oýandym. Şamuhammet daýym parahat uklap ýatyrdy. Domma daýy bolsa, ukuda ýatan ýerinden ellerini kelemenledip kimdir birine görkezme berýärdi.
— Ah-ow beýtme! Pürüni orta bas, gowy tutluşar. Azajyk ýaýrat, ana-ana, boldy. Yzyny azajyk ýygna! Gapdalyny çüreltme, deň bas!
— Şu sözler yzly-yzyna gaýtalanýardy. Ol şu mahal odunçylar bilen gürleşýärdi.
— Şamuhmmet, şu gije Annalarda düşläp, gözümiziň awusyny alaýmasak meniň-ä ýagdaýym ýok.
Domma daýy ýene dymdy. Birsalymdan soň öz-özi:
— Şeýledi — diýdi.
Men indi nämäň-nämedigine göz ýetirdim. Asyl Domma daýy daň atandan tä agşam düşüp ýatmak üçin ýerine girýänçä näme geplese gije ukuda ýatyrka şony edil gündizkisi ýaly, gylyny gymyldatman gaýtalaýar eken. Ine, şu günem şeýle boldy. Ol iň soňunda daýyma ýüzlenip:
— Hany Şamuhammet, birsellem irkileli. Ertirem namaz wagty ýola düşmelidiris — diýen sözlerine çenli gaýtalady. Şondan soň ol parahat ýatdy.
Men birbada onuň bolşundan heder etmänem durmadym. Ol gürläp ýatyşyna ukudan oýanar öýtdüm. Emma arasynda horam çekýärdi. Owurdyny ýelden dolduryp, birdenem «Myşş» edip, bar ýelini daşyna çykarýardy. Ellerini salgap, birhili-birhili hereketler edýärdi. Birden-birden hiňlenip görýärdi. Men ol hereketler bilen tiz öwrenişdim. Diňe gaty ses bilen birki ýola gülende endamym düýrügip, gorkjak boldum. Ýorganym bilen başymy basyryndym.
Selärlik wagty daýym oýandy. Meniňem gözlerime çiş kakylan ýalydy. Oýadygymy her näçe bildirmejegem bolsam daýym aňdy:
— Ýegen gorkmadyň gerek?
Men tirsegime daýandym-da:
— Ýok, daýy, Domma daýy aýdymam aýtdy — diýdim.
— Wah, Domma daýyň gursun ýegen diýip, Dommada ýerinden galdy.
— Gorkmadyň gerek diýip daýymyň sowalyny gaýtalady.
— Bar bolup bilşimdä şu. Onsoň ýat ile düşsem geplemän dommaryp ýörenim üçin Domma diýdiler-dä. Garaz özümi tanatmajak bolup görgä galýarn. Şu bolşumdan ullakan ýamanlyk gören ýerimem ýok welin, garaz gelşiksizräk-dä.
— Ýok dost, oňa gyýylma ýüregiňdäki diliňde seniň. Beýle häsiýetli adamlara türkmen aýratyn sarpa goýýar — diýip, daýym dostunyň göwnüni göterdi.
Şondan soňam Domma daýyny kän gezek diňledim. Heniz-henizlerem käte ony diňläsim gelýär. Domma daýynyň watançylyk urşuna gatnaşandygyny, golaýjygynda ýarylan bombanyň onuň kellesine şikes ýetirendigini soň-soňlar bilip galdym.
Nowruz GURBANMYRADOW.
Hekaýalar