07:21 Dostoýewskiden Dostoýewskaýa: "Diñe 12 imperial we birküç sany zikge galdy" | |
DOSTOÝEWSKIDEN DOSTOÝEWSKAÝA: "DIÑE 12 IMPERIAL we BIRKÜÇ SANY KÜMÜŞ ZIKGE GALDY"
Edebi makalalar
Bir är, bir kaka, bir ýazyjy we aýalyny jany-teni bilen söýen erkek... "Jenaýat we jeza" romanyny okan Fridrih Nişse "Bolsa-da, Russiýadan dünýä edebiýatyna roman geldi" diýipdir. Ine, şol romany ýazmak üçin "Новое время" žurnalyndan awans alan Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiý, hem-ä wagtynyñ tygşytly, hem-de ýazuwynyñ juda ýaramaz bolandygy sebäpli stenografça gözlemäge mejbur bolansoñ, žurnalyñ redaksiýasy oña 21 ýaşly Annany ýanyna almagy maslahat beripdir. Aralaryndaky 25 ýaş tapawuda seretmezden biri-birlerine aşyk bolansoñ, Anna adaglysyndan aýrylypdyr we az wagtyñ içinde nikalaşypdyrlar. Şeýdip Dostoýewskiniñ az wagt öñ Anna Grigorýewna ýazan hatlarynyñ netijesi oña Dostoýewskaýa familiýasyny almagyna getiripdir. Anna Grigorýewna Dostoýewskaýa (1846-1918) "Edebi ýatlamalar" tapgyryndan 1976-njy ýylda Moskwa-Leningradda çap edilen kitapda är-aýalyñ biri-birine ýazan (köpüsi Dostoýewskiniñ galamyndan çykan) 239 haty bar. Ýewropanyñ we Russiýanyñ dürli ýerlerinden ýazylan bu hatlar romany ýatladýar. Ömrüniñ her minudyny (içen piwodyr aragyna çenli) aýalyna habar bermegi özüne borç bilen Dostoýewskiý döwrüniñ edebi çekişmeleri hakdaky pikirlerini-de aýaly bilen paýlaşypdyr. Dostoýewskiý Lew Tolstoý, Iwan Turgenýew ýaly ýazyjylar hakdaky pikirlerini-de bu hatlarda aç-açan beýan edipdir. Meniñ türk diline terjime eden we çykdajylaryñ çakdanaşa köpelendigi sebäpli neşirýatda çap edilerine garaşyp oturan kitabymdaky 1880-nji ýylyñ awgustynda ýazylan soñky hatlarda Anna Grigorýewna Dostoýewskaýa hemişe bolşy ýaly kitap satuwyndan aljak teññeleriniñ sanawyna çenli görkezmek ýatdan çykarylmandyr. Onsoñam bäş aýdan soñ söýgüli ýanýoldaşynyñ ömür tanapynyñ üzüljeguni nirden bilsin?.. Jaýlanmagyndan az salym geçenden soñ aýaly, çagalary we ýakynlary Dostoýewskiniñ mazarynyñ başynda, 05.02.1881 ý. Är-aýalyñ hat alyşmalary döredijilik bilen meşgullanýan adamlar babatda şu hakykaty hiç bir şübhä ýer goýmazdan subut edýän subutnamalardyr: Gündeliklerini, hatlaryny we şeýle-de ýatlamalaryny okamazdan hiç bir dörediji adamyñ içki dünýäsine düşünme mümkinçiligi ýokdur. Dostoýewskiý aradan çykan badyna onuñ suratkeş dosty Krymskiniñ gara galam we syýa bilen çeken portreti Men häzir şu ýerde Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniñ jepakeş aýaly Anna ýüzlenip Gamburgdan ýazan hatyny okyjylaryñ dykgatyna ýetirmek isleýärin. 750 sahypalyk kitap çap edilenden soñ türk okyjylarynyñ "Hatlary" gyzgyn garşylajagyna ynanýaryn. "F.M.Dostoýewskiden A.G.Dostoýewskaýa Gamburg. Şenbe, 18.05.1867 ý. Ir sagat 10:00. Drezdene Salam, meniñ perişdejigim Anýa! Ine, saña ýene birnäçe setir, gündelik habarlardan. Häzirlikçe günde irden ýazaryn. Bu meniñ üçinem zerurlykdyr, çünki hemişe seni pikir edýärin. Bütin gijeläp sen, çykanym, Fedýanyñ uýasy Maşa düýşüme giripsiñiz. Biz onuñ bilen düýşde ýaraşdyk we men örän şadyýan ekenim. Emma iş sebäpli. Düýn howa sowuk we hatda ýagyşlydy. Uzak günläp men tapsyz gezdim, nerwimem ýöremäge ýagdaýym ýok derejede bozulypdy. Hernä, wagonda iki sagat ýaly ýatmaga wagt tapypdym. Uzakly gün ýatasym gelýärdi. Bu tarapda bolsa aýrylyp bilmeýän oýnum bardy, nähili tolgunýandygymy pikir edip bilýärmiñ özi? Göz öñüne getir: ir säherden oýnap başladym we günortana çenli 16 imperial utdurdym. Diñe 12 imperial we birküç sany kümüş zikge galypdy. Öýleden soñ has oýlanyşykly bolmak üçin gitdim. Hudaýa şükür, utduran 16 imperialymyñ hemmesini we üstesine 100 gulden utdum. 300-em utul bilerdim, hemmesi öz elimdedi. Töwekgellik etdim, aşakda sakladym. Ine, meniñ anyk synym Anýa: akylly, ýagny göýä mermerden, sowukganly, adatdan daşary seresaply bolnan ýagdaýynda hökmany suratda hiç bir şübhä orun bermezden isleýşiñçe utup bilýäñ. Emma köp oýnamaly holýar, birnäce günüñi sarp edip nesibäñ şowlamanda az bilen kanagat edip we nesibäñ üstüne ony basyp ätlemezden. Bärde biri bar: ol birnäçe günden bäri aýylgabç sowukganlylyk bilen, hasaplyja, hamana adam däl ýaly oýnaýar (ony maña görkezýärdiler) we bankyñ özem indi ondan gorkmaga başlady. Ol pul barsyny utýar we her gün azyndan 1000 gulden äkidýär. Bir söz bilen aýdanda oýlanyşykly hereket etmek üçin adatdan daşary güýç sarp ederin, emma beýleki bir ýandan meniñ birnäçe gün bärde galmaga ýagdaýym ýok. Gizlemän aýtsam, Anýa, bularyñ barsy maña şeýle bir ters, ýagny ýüregedüşgünç bolýar welin, öz-özümden gaçyp gidesim gelýäe. Seni pikir edip başlaýanam welin, ähli barlygymyñ saña tarap owsunyşyny diýsene. Ah, Anýa, sen maña juda gerek, men muny duýdum. Seniñ ýanyñda bolanymda öz-özünden ýüregime siñen şol nurana ýylgyryşyñy, şol şatlykly çalasynlygyñy ýatlanymda garşy gidip bolmajak görnüşde ýanyña gelesim gelýär. Sen meni ýönekeý biri ýaly görýänsiñ, Anýa: asyk ýüzli, agras, ynjyk. Emma bu diñe daşyndan görmäge şeýle, üzüm-üzüm bolan we bulam-bujar bolan durmuşym bilen men hemişe şeýle görünendirin, içerden bolsa düýbünden başga hilidirin, ynan, ynan! Munuñ ýany bilen bärdäki ýaly añsatlyk bilen pul gazanmagyñ, doly añsatlyk bilenem däl - azap çekmeli, bir hili gaharyñy getirýän we seriñi sämedýän tarapy bar, emma puluñ näme üçin gereklidigine düşüneniñde bergiler we menden başgalara-da gereklidigini pikir edenimde aralap gitmeli däldigini duýýarsyñ. Utulan we hiç zat etmedik ýagdaýymda öz muşakgatymy göz öñüme getirýärin: gelenimden has garyp ýagdaýda yza dolanmak. Anýa, bu hatlary gaýdyp hiç kime görkezmejegiñe söz ber. Meniñ masgaraçylykly ýagdayymyñ dile düşmegini islämok. "Şahyrmy, diñe şahyr bolup tanalsyn!". Seni bagryma basýaryn, Anýa, şamçyragym meniñ. Belkäm şu gün senden kiçijik hat alaryn, meniñ ýeke-täk syrdaşym. Ertir hökman ýazaryn. Her hili ýagdaý bolanda-da, men bärde kän galmaryn. Düýn garañky gatlyşyp başlanda tüssesi çykan peji ýakjak bolup, özümi ýakdym. Kellämiñ agyrýandygyna garamazdan gijäni öli ýaly uklapdyryn. Şu günem tut ýaly sag. Gün dogup al-asmana galdy, nähili gowy gün. Hoş gal, meniñ şatlygym. Ebedilik seniñ F.Dostoýewskiñ. Haýsydyr bir sebäp bilen haýsydyr bir günde menden hat almasañ, gynanaýma. Ertesi gün alarsyñ. Emma beýle bolmaz diýip pikir edýärin". Maýis ALIZADE. Ýekşenbe, 12.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |