17:10 Dünýäniñ täsin ýollary | |
DÜNÝÄNIÑ TÄSIN ÝOLLARY ■ «Uly derwezelere ýol» Hytaýdaky bu ýol Tenmen dagynyň uzaboýy boýunça gurlandyr. Hytaýyň Hunan obasynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Tenmen dagyndaky bu täsin ýoluň ady «Uly derwezelere ýol» bolsa-da, ol ilat arasynda «Asmana uzaýan ýol» diýlip atlandyrylýar. Bu ýol diňe beýiklige çykýanlygy üçin däl-de, eýsem aýlaw-aýlaw öwrümleri bilen hem göreni haýran galdyrýar. Onuň başlangyjy deňiz derejesinden 200 metr belentlikden başlanyp, 1300 metr beýiklige galýar. Bu ýola 99 öwrüm hem diýýärler, sebäbi hytaýlylar 9 asmany we 9 köşgi alamatlandyrýar diýip, 9-lyk sany gowy görýärler. Olar 9-lyk bagt getirýän san diýip hasap edýärler. ■ Atlantik ýol Uzynlygy 8 kilometr bolan Norwegiýada syýahatçylar üçin gurlan bu ýoluň üstünde adajyklary birleşdirýän 12 sany köpri bar. Göni barýan ýoluň kert öwrümi adamlary birbada hopukdyrsa-da, şeýle täsinliklerden, gözelliklerden kalbyny gandyrmaga isleg bildirýänleriň sany ýyl-ýyldan artmasa kemelenok. Sebäbi bu ugur boýunça gezelenje çykan her bir jahankeşde tämiz şemala ýüzüni sypaladyp, uç-gyraksyz suwuň tolkunlaryndan, tebigatyň gözelliklerinden lezzet alyp bilýär. ■ Transfegeraş ýoly Transfegeraş ýoly 1970–1974-nji ýyllarda gurlupdyr. Häzirki wagtda bu ýol dünýäniň iň gözel we täsin galdyryjy ýoly hasaplanylýar. Gyşyna sürçek bolýanlygy sebäpli Karpat daglarynda gurlan bu ýoldan geçmäge her ýylda dine 30-njy iýundan 1-nji noýabr aralygynda rugsat berilýär. Bu ýol Rumyniýanyň Walahiýa we Transilwaniýa welaýatlaryny, şeýle hem daglyk Fegeraşy birleşdirýär. Bu ýoldan geçmek isleýänler ynsan elleri bilen gurlan dag geçelgelerini synlap bilerler. Bu ýolda awtomobil sürüjilere ulaglaryny sagatda diňe 40 km tizlikde geçmäge rugsat edilýär. ■ Sani Pass ýoly Günorta Afrika Respublikasyndaky Sani Pass dünýäde iň belent dag ýoly hasaplanylýar. Bu täsin ýol deňiz derejesinden 2880 metr beýiklikde ýerleşýär. Ony külterläp barýan ýolagçy başga bir döwlete — Lesoto baryp ýetýär. Dagyň üstündäki daş ýol sürüjilerden örän hüşgärligi talap edýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |