BAHAR BAÝRAMY DÜNÝÄNIÑ DÜRLI ÝURTLARYNDA
Pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen, tebigat täzeden janlanýar. Muny dünýäniň ähli ýurtlarynda janlanyşyň, täzeden döremegiň, gözelligiň baýramy hökmünde giňden belleýärler. Bahar tebigata täzeden jan girizmek bilen çäklenmän, ynsanlaryň ýüreklerine hem joşgun eçilýär, şatlyk-şagalaň has-da artýar. Gözelligiň, juwanlygyň baýramy hasaplanýan baharyň dünýäniň dürli ýurtlarynda bellenilişi hakynda bilmek has-da gyzykly bolsa gerek.
■ Türkmenistanda Milli bahar baýramy
Türkmenistanda Milli bahar baýramy her ýylyň 21-22-nji martynda giňden bellenilýär. Bu baýram gadymy ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda belläp gelen Nowruz baýramydyr. Milli bahar baýramynda ata Watanymyzyň ähli ýerleri şatlyk-şowhuna beslenýär. Ýaşyl begrese bürenen baýyrlarda oglan-gyzlar joşgunly aýdymlary aýdýarlar, tans oýnaýarlar. Ene-mamalarymyz semeni gaýnadyp, çar tarapa hödür-kerem edýärler, milli lybasly gyzlar läle kakýarlar.
■ Ýaponiýada bahar baýramy
Ýaponiýada bahary eýýäm fewral aýynyň başynda çagyryp başlaýarlar. «Sesubun» atly bahar baýramy özüniň köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu baýramy Heýanyň eýýamynda, ýagny VIII-IX asyrlarda belläp başlapdyrlar. Häzirki güne çenli dowam edýän bahar baýramy her ýylyň 3-nji fewralynda bellenilýär. Bu günlerde ýaponlar «Gyşy ugratmak bilen ähli erbetlikleri hem aradan aýyrýarys, maşgalalary betbagtlyklardan goraýarys we ýagşylyklary çagyrýarys» diýip ynanýarlar. Şonuň üçin hem öz ynançlaryna görä, baýramçylyk günlerinde dürli dini däp-dessurlar ýerine ýetirilip, gyş ugradylýar, ýaz pasly garşylanýar.
■ Tailandda bahar baýramy
Ýurduň demirgazygy heniz gar ýassanyp ýatyrka, günortasynda güller açylýar. Gülleriň muşdaklary fewral aýynyň dynç günlerinde «Güller festiwalynyň» geçirilýän ýeri bolan Tailandyň demirgazygyndaky Çiangmaý diýen kiçijik şähere uly höwes bilen gidýärler. Köp ýüzýyllyklaryň dowamynda bu şäheriň ýaşaýjylary güller bilen şanyň howlusyny bezäpdirler we olary dünýäniň dürli ýurtlaryna ugradypdyrlar. Taý orhideýalaryna dünýäde uly isleg bildirilýär. Şonuň üçin hem Çiangmaýda dürli görnüşli orhideýalary ösdürip ýetişdirýän onlarça gülçülik fermalary işleýär.
Baýramçylyga şäheriň köçelerinde dabaraly ýöriş bilen başlaýarlar. Munuň üçin şäheriň ýaşaýjylary yhlas bilen taýýarlanýarlar. Güllerden dürli görnüşli çylşyrymly şekilleri, kompozisiýalary, heýkelleri, suratlary we ägirt uly çemenleri gurnaýarlar. Taý gyzlarynyň gözelligi bu baýramçylykda güllerden kem galmaýar. Olar özlerine dürli hili owadan lybaslary tikinýärler, başlaryna güllerden täç ýasanýarlar. Gyzlaryň güllere beslenmegi ýöne ýerden däldir, çünki her ýyl bu baýramçylygyň çäklerinde gözellik bäsleşigi hem geçirilýär we «Gülleriň şasy» saýlanylýar.
■ Hindistanda bahar baýramy
Fewral aýynyň ahyrynda Hindistanda bellenilýän bahar baýramyna «Holi baýramy» diýilýändigi bütin dünýä bellidir diýsek, öte geçmesek gerek.
Baýramçylygyň iň gyzykly ýeri şadyýan oglan-gyzlaryň şowhunly oýunlary oýnamaklarydyr. Tans oýnaýan oglan-gyzlar birek-biregiň üstünden reňkleri ýa-da reňk goşulan suwy sepýärler. Birden aralarynda öýkelän tapylsa, olar derrew, däplerine görä, öz gulaklaryndan çekip ötünç soraýan şekilde yşarat edýärler. Şondan soňra garşysyndaky hem şeýle yşarat görkezip, öýkesiniň ýazylandygyny bildirýär.
«Holi» baýramçylygynda hindiler hiňňildikde uçýarlar, oglan-gyzlar toparlara bölünip, bäsleşikli oýunlary oýnaýarlar. Baýramçylygyň ikinji gününde birek-birege reňk sepmek has-da güýçlenýär. Şeýle reňbe-reň, şadyýan baýramçylyk bolan «Holi» baýramçylygyna «Reňkleriň festiwaly» hem diýilýär. Bu gadymy baýramçylyk Hindistanyň dürli dinlere uýýan ähli halky üçin bir bitewi baýramçylykdyr. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan reňkler baýramçylygy häzirki günlerde hem uly şatlyk-şowhun bilen dowam edýär.
Taýýarlan: Maýa APBAÝEWA,
žurnalist.
Edebi makalalar