16:51 Durmuş | |
DURMUŞ
Goşgular
![]() Sergezdan deý, selpeden, Durmuş sen bir salgymmy. Ýaşap ýörenim üçin, Bergimmi ýa algymmy. Arkamda agyr ýüküm, Gezip ýörin bergili. Aljak bolup alakjap, Ýörkäm diýýän, algyly. Illeñkiden artyk zat, Islemen bereniñi. Hakdan özgä ellerim, Görkezme serenimi. Bolup her kese mätäç, Sermesem men ellerim. Mynasyp däl mährime, Tirmese meñ güllerim. Eñkim agyp açlykdan, Agmasa ezenegim. Haýa, namys öñünde, Synmasa gözenegim. Besdir durmuş,razy men, Algym şudur ömrüme. Bergim bolsa yzymda, Yzlar goýsam döwrüme. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |