07:09 Durmuş näme... | |
DURMUŞ NÄME..
Goşgular
![]() Durmuş näme... şatlygymmy, gussammy, Haýsy agdyk, haýsy kemter bilmenem. Çekip ýören azabymmy hemişe, Ýa armanmy, kalplar içre gizlenen. Durmuş, gözüm ýumdum görgüleriñe, Bagtdan birazajyk dadanym üçin. Razy boldum, nowçalykda goýnuñdan, Gitmän, kyrk ýyl ömri gädenim üçin. Bagtly günlem durmuş senden gorkym kän, Birazajyk kemter bolsun, kän berme. Düşün durmuş, agdyk berip aldasañ, Bagtdan taýyp, bagtsyzlyga ýan bermek, Kyn düşer, şoñ üçin öñküjäñ ýaly, Beriber azajyk, kalba melhemlik. Öñde-soñda aýnatmadyk gyzyña, Az hem ýeter, görkezmäge merdemlik. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Surat: Tamara Kiselýowa / "Durmuşyñ öwüşginleri" | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||
| |||