22:34 Durmuşdan özüñi tapmak | |
DURMUŞDAN ÖZÜŇI TAPMAK
Edebi makalalar
Meniň enem örän okumyş. Şindizem gözüne äýnegini dakynyp, gowuja kitap bolsa dessine okap çykýar. Ol ýakynda şeýle rowaýaty gürrüň berdi: – Gadym zamanda bir baýyň üç sany ogly bolupdyr. Ogullary alamançylyga gidipdir. Alamanyndan gelip her kim getiren zadyny kakasyna görkezipdir. – Pah-pah, kaka, meniň getiren baýlygyma bir bak! – diýip, uly ogly demirdir polatlaryň bir gujagyny onuň öňüne döküpdir. Ikinji ogly: – Kaka, bu ata bir bak, tüýs tohum at eken. Bu aty gördüm-de, öz atymdan göwnüm geçip, muny alyp geläýendirin. Üçünji ogly bolsa bir horjun kitaby onuň öňüne döküpdir. Ýaňky adam ogullaryna birlaý nazar aýlap: – Seniň ussa, seniň seýis boljakdygyňy ozal hem aňýardym. Bi oglum dana bolar. Siziň heriňiz iliň biri bolup güzeranyňyzy dolap bilersiňiz! Ynha, bi oglum bolsa ömür ýetde-gütde-de ýaşar! – diýip, körpe ogluna barmak çommaldypdyr. – Ata, diýýäniň näme! Men birgiden baýlyk getirdim ahyry... – diýip, kiçi ogly öýkeläpdir. – Jan ogul, eýesine nesip etmedik zat, saňa hem wepa bermez! Käbäm öz rowaýatyny tamamlap myssa ýylgyrdy: – Biziň ogul giden ýerinden kitap getirer! Iliň kagyzdan pul ýasaýan zamany biziň ogul puldan kagyz ýasaýar... Ýöne seniňki dogry! Adam pahyr gydyrdanyp, baýlyk agtarýar. Garnyň doýup, geýmiň bitin bolansoňam hoş söze zarsyň! Giden getirer, oturan nyrh sorar!.. Biziň her günümiz, her aýymyz komandirowka, syýahat. Adam kitap okamaýar, ol kitabyň üsti bilen syýahata gidýär. Ylmy kitap okanyňda ylym dünýäsine, taryhy kitap okanyňda – taryha, çeper kitap okanyňda – ynsan kalbyna, ynsan dünýäsine! Gep seniň haýsy dünýä gidýäniňde hem näme getirýäniňde! Bir gezek Sokrat hakynda okan kitabymy gaty öwenim ýadyma düşýär. Şonda ýoldaşlarymyň biri şol kitaby okap görmek isledi. Men onuň kitap adamy däldigini hem bilmeýärdim, bolsa-da, berdim kitaby. Bir aýdan soň yzyna gowşuryp: – Sokrat diýseň pygambere barabar kişi görjekdim. Ah-aw, Sokrat diýilýän bir beçebaz, ömrüni hepbesizlik edip geçiren arakhor bolsa nätjek!.. Men ýylgyrdym, sesimi çykarmadym. Beýik dana hakynda örän pähim bilen ýazylan kitapdan onuň bilen, alan zady ýaňkylar-da!.. Kitap okaýan kän, millionlarça... Olaryň hemmesi kitap okap dana bolmaz, kitap onuň ýaramaz häsiýetlerini dessine düzedip, ýagşy adama öwürmez, ýöne onuň özem bilmezden kitapdan köp-köp zat alar. Ony terezi bilen ölçäp bolmaýar, ýöne näçe köp ynsan kitap okasa, şonça hem durmuş gowulaşýar, adamlaryň arasyndaky gatnaşyk mylaýymlaşýar... Bir zaman örän atly ussanyň ýanyna iki sany çagany şägirtlige eltipdirler. Ussa çagalary synlap: – Gidiň-de tokaýdan derege ýaramajak bir bölek agaç tapyp geliň – diýipdir. Çagalar uzyn gün aýlanyp agşamlyk gelýärler. Biriniň eli boşmuş, beýlekisiniň elinde burum-burum gözli agaçmyş. Ol: – Ussa aga, ine, şu agaç hiç derek tutmaz – diýýär. Beýleki oglanyň näme diýip boş gelenini soraýar ussa. Ol: – Ussa aga, derege ýaramajak agaç tapmadym – diýip jogap beripdir. – Ynha, sen maňa şägirt bolup bilersiň!.. Döwletler ýokary okuw jaýlaryny, orta okuw jaýlaryny, hünärment taýynlaýan uçilişeleri açyp, özüne gerekli spesialistleri taýynlaýar. Tutuş dünýäniň özi bolsa Allanyň mülki. Ol özüne zerur spesialistleri taýynlamak üçin ýerde okuw jaýyny açanok, sebäbi ýerde ýaşaýan näçe milliard adam bolsa şonça milliard kişi durmuş atly kämil «uniwersiteti» «tamamlan» spesialistler. Dünýäde ýekeje-de artykmaç, derege ýaramajak adam bolmaly däl, sebäbi Taňry bizi talantly, üşükli, akylly-başly ýaradyp goýberýär. Ähli taýynlygymyz biziň genimizde. Biziň beýnimizde. Emma dünýäde özüni açyp bilýänlerden özüni açyp bilmän görgi görüp, durmuşa görgi görkezip ýörenler has kän... Durmuşda öz ornuňy tapmaly. Her kim öz ornunda oturanda durmuş düýbünden başgaça bolar!.. Osman ÖDÄÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |