10:23 Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy | |
Gylyç
Hekaýalar
Halypam bir gün gürrüň berýär: -Köne döwürde özüne göwni ýetýän, iliň öňüne düşýän, edermen adamlar zentalak gylyç göterer eken. O gyljyň ýüzüne arap hatynda: “Şu gylyç gyndan çykansoň adam ganyny datman yzyna girse, onda ony göterýäniň hatyny talak. Eger-de şu gylyç urlandan soň nämedir bir zady kesmän ýüzi gaýtsa ýa-da döwlüp, başga gylyçdan asgyn gelse, onda ony ýasan ussaň hatyny talak” diýen ýaly manyny aňladýan ýazgy sünnälenen eken. Gyljyň “zentalak” diýen ady, ine şondan gelip çykypdyr. Şeýle gylyç Nurberdi handa-da bar eken. Onsoň ol Güljemal hana öýlenensoň, günlerde bir gün öýünde otyrmyşlar. Güljemal han-a hamyr ýugurýarmyş, Nurberdi hanam çaý süzýärmiş. Sallançakda-da heniz bäbejik Ýusup han ýatyrmyş. Birdenem sallançagyň bady haýallapdyr-da, Ýusupjyk bimazalyk tapyp, aglamaga başlapdyr. Şonda-da Güljemal han, işine başagaýlykdanmy ýa-da aýal mekirligini edipmi, ärine: “Sallançagyň ýüpüni çekip goýbersene, elim hamyrly!” diýäýipmiş. Ýeri, uliliň hany bolup, agyr ýygynlary söweşe äkidip ýören adam özüne aýal işiniň buýrulmagyna çydajakmy? Dergazaba münen Nurberdi han: “Häk, seňemmir!” diýip, gyljyny zarp bilen gynyndan sogrupmyş welin, şo pille sallançakdaky bäbek hasam gatyrak aglaberipmiş. Şo çagaň agysam gözüne gan öýen erkegi bet pälinden gaýtarypdyr. Ýogsa, gaharyna gyljyny hatynynyň egri boýnundan inderjek eken. Ýöne raýyndan gaýtsa-da oň elindäkem ýöne-möne gylyç däl ahyry. Ol zentalak gylyç. Gyndan sogrulansoň adam ganyny datman yzyna girse, hanyň hatyny talak boljak. “Är lebizden koý bogazdan” diýilmeýämi? Onsoň Nurberdi han ikirjiňlenip durman, gyljyň tygyny goluna syhap, oňa öz ganyndan dadyrypdyr-da, gynyna salypdyr. Ine şo saparam, ömründe birinji hem iň soňky sapar Nurberdi hanyň gyljynyň gynyndan çykyp, kelle alman yzyna giren gezegi bolupdyr... Şeý diýdi-de halypam, birsellem dymdy. Ol adatça näme geplese-de ýönelige aýtmaýar. Hökman yzyndan bir kinaýalyja pähime ýugrulan, ýüregiňe jüňk bolýan gepjagazy oklap galýar. Şeýdip ara salym salyp dymmasam, onuň öz aýtmakçy bolýan wäşiligine ünsi çekmek üçin ulanýan tilsimi. Bu saparam şeýle boldy. Halypam uludan demini aldy-da, gülmän-yşman sözüni jemledi: -Biziň gyljymyz bolsa, ibaly bahana bolsa-bolmasa günde on gezek bihuda girip-çykyp, girip-çykyp, birmahal gynynam ýyrtyp taşlady :-)... (Awtordan: Ýokarky rowaýat çynmy-ýalanmy, biljek däl. Nurberdi han hem-de Güljemal han we sallançakly gürrüň barada, halk arasynda başga-da bir hekaýat bar. Hamana, biri Nurberdi hanyň öýüne barsa, Güljemal han-a hamyr ýugrup otyrmyş, han aga-da sallançak üwreýärmiş. Onsoň ol gelen geňirgenip, daş çykanlarynda: “Han aga, agyr iliň hany bolma nire, sallançak üwräp, heleý işini edip oturma nire?” diýen ýalyrak teýeneli gep oklapmyş. Şonda-da Nurberdi han: “Men iliň hany bolsamam, öz öýümiň guly!” diýip jogap beripmiş). “Gözle!” Türkmende şiwe kän. Şoň bilen baglam durmuşda her hili wakajyklar bolýar. Harby gulluga baraýan wagtlarymyzdy. Seržantymyz balkanly ýigit. Bizem gögele. Bir gün türgenleşik meýdançasynda, tälim bermek üçin hatara durzup, ýaňky seržant ýigit bize etmeli hereketlerimizi düşündirmäge başlady. Biz üçinem o wagt daş-töweregimizdäki hemme zat täze, geň. Ony düzüwli diňlemän, töweregimize aňalyşyp durus. Oňa: “diýýämisiňem” diýmän, hamana ol eşegiň gulagyna ýasyn okaýan ýaly çar ýanymyza ýaltaklaşýas. Bu bolup durşumyza seržant ýigdiň girre gahary geldi. Birdenkä düşündirmesini tapba kesdi-de, üstümize jabjynyp başlady: -Gözläň-eý çupanutylar! Men size aýdýan-a şu zatlary! Bizem aňk-taňk bolduk. Içimizden: “Nämäni gözlemelikä?” diýşip, düşünmän biri-birimiziň ýüzümize seredişýäs. Muňa o gaharjaň seržantymyz hasam dergazaba münýär. -“Gözläň!” diýýän-eý men size, sähneler! Ýogsa-da häzir myžžygyňyz çykýança ažžimanýe edip ugraýaňyz!-diýip ol, agzyndan tüýkülik syçradyp gygyrýar. Ýeri nädersiň? “Gözle!” diýip üstüňe çöwjelip durulsa, nämäni gözlemelidigine düşünmeseňem, gözlän bolup ugrarsyň-da. Hatara duranlaň has saly gowşagrak biri ilkinji bolup aşak çökdi-de, nämedir bir zat gözleýän ýaly ýer sermelän bolup başlady. “Türkmeni göçürjek bolsaň, gapdalyndan göç geçir” diýleni. Bizem oň yzyna eýerip, hemmämiz aşak eglip, elimizi eýläk-beýläk ýöredip, gözleýän ýaly hereket etmäge başladyk. Näme gözleýäs? Hudaý bilsin. Biziň bolşumyza seržant bendäň gözi maňlaýyna çykdy. Eline ilenimizi silteşdirip, dikeldip, hasam beter gygyryp ugrady: -Eý sähneler! Nämedip oturypsyňyz-eý?! -Gözleýäs...-diýşip, bizem oňa özüniň diýenini edýänimizi görkezjek bolup, hasam yhlasly ýer sermeleýäs. Ol bolsa öz aýdanyny iki gaýtalatman ýerine ýetirýänimize köşeşmekden geçen, gaýta gaharynda möwjäp, gyzaryp gidip barýar. Birdenem ol sakga durdy-da, maňlaýyna şapylatdy: -Ah-ow dubanutylar! “Gözläň!” diýenimde, men size: “Maňa serediň!” diýdigim-ow... :-). | |
|
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |