11:29 Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Öte eşitmek... | |
ÖTE EŞITMEK...
Hekaýalar
“Öte eşiden öý ýykar, çala eşiden çatma” diýleni. Togsan dokuzynjy ýyl. Kärhanada ýükçi bolup işleýän. Ýükçüler brigadasy üçinem ýörite wagonjyk bar. Onda eşik çalşylýar, günorta nahary iýilýär. Bir gün irden gelip, eşigimi çalyşmak üçin şo wagonjyga tarap barýan. Öňümden bile işleýän garrymyz, milleti tatar Fatma daýza çykdy. Ol ýeňňe kärhana bilen goňşulykda ýaşaýar. Onuň bilen duldegşirem ýene-de bir işdeşimiz, kellesi biraz üýtgänräk Ommat oturýar. Şo sebäpdenem ol ikisi köplenç işe bile gelýärler. Bu gün Fatma daýzaň ýeke özi. Özem nämedir bir zada gaharlymy ýa aladalymy, ýüzi-gözi gamaşyp dur. Menem salamlaşanymdan soň, elbetde, o bendäň göwnüni açmak üçindir-dä, degşen boldum: -Töt Fa:ta, hany bü Ommaşy nämetdiň? Bu gün nä ony ýitiräýipsiň-le?! -Üküs üsüpdir...-diýdi-de, hemişe bälçireşmäge bahana tapsa hezil edýän Fatma daýza, bu gün ýüzüniň şol bir çytyklygy bilen, hüňürdäp geçip gitdi. Ýüregim jigläp gitdi. Pahyra dözmedim. “Beh...o bende edil beýdip, uksus içip özüni heläkläýer ýaly nähili çykgynsyz ýagdaý-a düşdükä-raý?! Öz-ä bir, kellesi sähel-mähel nemeräk diýäýmeseň, ile zyýansyz, ýer ýaly ýuwaş pahyrdy weli...” diýip, içimden iňkise gidip, wagonjygymyza girdim. Girsem, o taýda özümden bir ýaş uly kärdeşim eşigini çalşyp dur. Menem günortanlygymy penjiräň öňünde goýdum-da, iş eşigime ýapyşdym. -Töt Fata näm diýýär-aý?!-diýip kärdeş dos sorady. -Äý,...-diýdim:-Ommat neresse özüni heläkläýipdir-aý... -Aý goýsan-aý? Nämmolluka?-diýip kärdeş dos ör-gökden geldi. -Äý Töt Fata-ha: “ukus içipdir” diýýä... -Bäh...Bende. Edil beýdip öliň kösenji bilen öz janyna kast eder ýaly oňa nämmollykar-aý?!-diýip kärdeş dos, meniň ilki eden pikirimi sözme-söz diýen ýaly gaýtalady. Men ilk-ä egnimi gysdym. Soňam dil bir öl ýere biten zat, beýnisi bekemedik ýöntemligimi edip, kelläme gelen çaklamamy aýdyp galdym: -Äý...Pikir edýän, pahyryň şo ebtini agdyryp ýörşi. “Bergisi dagam gaty köp” diýýädiler... Özüň bilýäň-ä aýlyk berilse, bäş gün geçmänkä gabat gelenden karz sorap ýörýädi...Belki algydarlary gyssandyr...Şoňa çydamanam şeýden bolaýmasa...Haý pahyr...oňarmandyr-aý... Edil beýdäýmelem däl ekeni... -Şo aýdýanyň-a biçem däl-ow,-diýip kärdeş dosam, meni goldady:-mendenem-ä pahyr, birki gezek az-owlakdan alypdy...Äý, indi geçäýmeli bolar-da... Işdeşim lapykeçlik bilen elini silkdi-de, daş işige ýöneldi. Bosaga-da säginibem sorady: -Haçan çykarýarkalar? Bileňokmy? -Äý, günortana çenli çykararlar-la... Gitdi. Men birsalymdan ýük düşürýän ýerimize baranymda, eýýäm toparymyzdaky oglanlaň barysy Ommat neressäň habaryny ýaňky kärdeş dostdan eşidipdirler. Olardanam bütin kärhana ýaýrapdyr. Kyrk minudrak işlänimizden soň ýolbaşçymyz Aman aga gelip, Ommat pahyryň günortana çenli jaýlanjakdygyny aýtdy. Soňam: -Jigiler, pahyryň kän hossaram ýokdur. Şoň üçin öwlüýä oň jaýyny gazyşmaga özüňiz gitmeli bolarsyňyz. Honha, başlyk: “edaraň awtobusyny äkidiň” diýdi. Derwezäň öňünde awtobus garaşyp durandyr. Bärde birdenkä gyssag iş çyksa iki sanyňyz galyň-da, galanyň gidäýiň, sogabyňyza ýazylar... Pahyrjyk... Bergisem depesinden agdykdy-da... Algydarlaňammyr hemmesi özümiz ýaly: “gaýtarsa gaýtarsyn, gaýtarmasa-da tersinde gaýtarsyn-la” diýip ýören, pälipes, gowy adamlar däl-dä. Halys jan berene jaý bermän, gyssap-gyssap, o neressäni öz başyny özi iýer ýaly edip äpberäýipdirler-dä...-diýdi. Soňam: “Häý, neresse! Çaga ýürekli, erigiň kişdesi ýaly oglandy-da...” diýip, çalarak hamsygjagam boldy. Biz özara kimiň galmalydygyny ylalaşdyk-da, awtobusa ýöneldik. Eşigimizem çalyşmadyk. Barybir gabyr gazmaly bolsa, hapalanjak. Kärhanaň derwezesiniň gapdalynda, awtobusyň ýanynda kimdir birine garaşyp durus. Birdenem... Ileri ýüzden ýempikläp, bize tarap Ommat gelýä... Dirije. Ýüzem sirke içip özüni zäherläniň ýüzüne meňzeş däl. Keýplije. Agzymyzy öweldip, aňalyp galypdyrys. Onýança Ommat deňimize ýetdi. Salamlaşdy. Gepi kärhanaň içine esasy ýaýradan kärdeş dos, men özüni oýnandyryn öýdüp, ýüzüme alarylýar. Men näm-aý? Eşiden zadymy aýtdym-a. Her niçigem bolsa, wakaň änigine-şänigine ýetjek bolup, salamlaşansoň deňämizden ötüberjek bolan Ommady lak atyp, sakladym: -Ommat kaka, bi nä gijä galypsyň-a?! Özüňem-ä ýaman agsaklaýaň-la?! Içimdenem dileýän: “Şumat: “Öten agşam ýalňyşyp, arakdyr öýdüp, haladillikde duran ukusy içipdirin. Tas ölýädim. hatda, dugtorlaram ölendir hasaplap, morga taşlapdyrlar welin, birhaýukdan soň özüme gelip, o taýdan çykyp gaýdyberdim. Agsaýanymam şondan” diýäýse!”. Beýle diý nirden? -Aý, irden öküzim boşanyp, şony tutjak bolanymda-da aýagyma süsdi-laý, swolyçyň biri!-diýip Ommat, göwnübirlik bilen elini salgady. Soňam sorady: -A siz nirä şaýlanýaňyz, oglanlar?! Ýeri, näme diýjek? “Saňa gabyr gazmaga!” diýjekmi? -Äý ýöne-laý, Ommaş kaka...-diýen bolup, ýerli-ýerden myňňyldap oňaýdyk. Soň seredip otursak, Fatma daýza: “üküs üsüpdir” diýende, Ommat “uksus içipdir” diýmän, ony “öküz süsüpdir” diýen bolsa nätjek :-)... | |
|
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||