12:40 Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Tost | |
TOST
Hekaýalar
Öňler obalarda sähel bahana tapylsa ýowar edilerdi. Ýandak ýatyrmaga gitjekmi? Ýowar. Dostlaňňy üýşürersiň-de, eňersiň guma garşy. Mellegi arassalamalymy? Ýowar. Üýşersiňiz-de, ýeke özüňe ýa-da jigiň bilen bir hepdeläp etjek işiňi, bäş-alty sany degenek jahyl bolup, ýarym salkynda dynarsyň. Ejeňem, ketekdäki jüýje horazlaň birkisiniň mekgesine münersiň welin, kişmişli-jüýjeli, bal ýaly palaw bişirip berer. Gapdalynyň düýeçal-agarany, süzmesi, gök-sögi, tamdyr çöregi bilenem üýşüp ýaplarsyňyz ony. Wessalam gep tamam. Ýa-da biraz soňrak obada hemme hojalyga ýyladyşhana ýoň boldy-da, ýylda iki gezek, şony ýapyşmaga ýowar etmek dessura öwrüldi. Harby gullukdan gelen uçurlarymyzyň yz ýany, bir günem şoň ýaly ýyladyşhana ýapylýançy ýowara çagyryldyk. Günortana çenli “onalty sotok” diýilýän mellegiň gylla ýarysy – ýyladyşhanany ýapyp dyndyk. Öý eýesem dostumyzyň üç-dört çagaly agasy. Ýowarçylaram kileň hojaýynyň dostlary, onsoňam onuň inisiniň çakylygy bilen gelen iki sany biz. Üsti-başymyzy kakyşdyryp, ýuwnup-ardynyp üýşdük saçak başyna. Ortada arakly çüýşeler. Käselere paýlandy. Birki öwran aýlandy, tost aýdyldy. Şo barmaşa-da, hojaýynyň dostlarynyň biri dillendi: -Hany ýaşlara-da gezek bereliň! Birzat gürläp galsynlar... Öň jyňkymyzy çykarman iliň “hähini” ýetirip, urup oturanja pyýadalar, assyrynlyk birek-birege gabagasty nazar oklaşyp, “sen aýt-da, sen aýt” diýýän terzde ümleşýäs. Ahyry öý eýesiniň inisi bilen menden-ä şeý bolmajagyny bildi öýdýän, üçünji dos bize görä dilliräk, dola-bara käsäni eline aldy-da, joşup ugrady: -Äý tüweleme! Nesip bolsa, gowy pärnik bor! Muny buwun biz ýaman gowy edip ýapdyk. Henize buwuna çenli muň ýaly gowy pärnik ýapan ýerimiz ýokdur. Şoň üçinem hasylam nesip bolsa, bi ine,-diýip ol gapdalynda oturan öý eýesiniň inisi dosa garşy üm atdy. Oňam ýüzünden okap oturmaly: “Nirden-aý şüňe gep gezegini beripdiris! Eýýäm piýan-a-how bü! Bar içenem-ä, ýaňybir iküç käselik ysyny aldy welin...” diýip, içinden maňlaýyna şapyladýanyny. Tostçy dos bolsa o dosuň ýüzi azaryna däl. Arkaýyn dowam edýär:-şü gapdalymda oturan dosy gözli-başly etmäge ýamanammyr gowy ýeter. Onsoň oň toýunda-da nesip bolsa ine şeýdip başymyz jem bolup oturyşarys... Aý, gidip otyr, gidip otyr. Goýar ýerde goýmasa nätjek? O käselerdäki suwuklyk, gradusy näçe bolsa-da gyrawlap gitdi. Tostçy dos bolsa entek-entek tükederli däl. Ahyry onuň gowudan-gowy sözleri hernäçe ajapdan-ajap bolsa-da oturanlaň ýüregine düşdi. Olar dilleşmän zat etmän, ýerli-ýerden: -Hany onda, alyň hany, şü aýdylanlar üçin! Ýaman zakonnyý gürledi bü jigimiz! Indi bir ýerde tost aýtmaly bolsa, nirde bolsa-da ýörite şu inimizi tapyp getirip aýtdyralyň!-diýişdiler-de, käselerini galdyrdylar. Ýeri, beý diýlensoň bir gepiňe nokat goýaý-da! Emma tostçy dos beýtmedi. -Hany onda agalar hem doslar, alyň bakaly! Soňky arzuwymam: hemmäňiz söýen gülüňizi alyň!-diýip, owadan tostuny hasam gözel arzuw bilen jemledi. Oturanlar ilki düşünmän, tostuň zarbyna käselerini jyňkytdylar. Emma soňra, agyzlaryna ony-muny atyşdyransoňlaram, olaň biriniň aňyna ýetdi. Saçagyň başyndakylaň şu üçüsinden galany, üç-dört çagaly. Onsoň tostçy dosuň dilegi “ämin” bolaga-da, olaň her biri ýene öňküsiniň üstüne: “söýen gülüni alaýsa” haly-ahwaly neneň boljak?! Öý eýesiniň inisi ikimiziň-ä gulagymyza kemem ýaramady-la welin, onda-da ilki bolup biz pyňkyrmaga başladyk. Soňam galanlar gülkiň yzyny alyp göterdiler. Şondan bärem şo saçagyň başynda oturanlardan haýsyna tost aýtmak nobaty berilse, näme dileg edesi gelse edýär-de, ahyrynda sözüni şo tostçy dosuň arzuwy bilen jemleýär: -Hemmäňiz söýen gülüňizi alyň! :-). | |
|
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |