12:37 Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Yrmak sungaty | |
YRMAK SUNGATY
Hekaýalar
Togsanynjy ýyllaň başy. Baýramçylyk. 14-15 ýaşly iki dost Şäherde (bu töwerekde Aşgabada diňe: “Şäher” diýläýýä) gezelenç edip ýÖ:ler. Özlerem kisede it uklan beýnide bit bökýän. Şo boluşlaryna-da keýpleri ýaman kök. Gapdallaryndan it geçip gitse-de, göt geçip giden ýaly, kikir-de-kikir. “Ýeriň ýarygyna gülünýä” diýilmeýämi? Şo-da. Ikisiniň-de bar pikiri-zikirem gyzlar. Hamana, Şähere çyksaň, ilki gabat gelen nowjuwan reýhanlar: “Oh-how! Pelanyşka janlammyz gelipdir-ä!” diýşip boýnuňdan asylyberjek ýaly. Şo barmaşa-da, ýaňkylaň ekabyry, obada ol-bi deň-duşrak gyzlaň beýlekilere görä beýnisi şemallyragy bilen ümmüldeşmek ugrundan az-owlak tejribesi bolandygy sebäpli, beýleki-köwege master-klas görkezmegiň kül-külüne düşdi. Gözüni çarhlap, ahyry öz gözleýän parametrlerine gabat gelýäniniň üstünden barandyr-da, çigit satyp oturan daýzaň öňünde nobata duran iki sany gyzyň ýanyna bardy. Ikinjisem kelte tirkelen ýaly, yzyndan galanok. Öwrenýänmişik-dä. Nämäni? Hudaý bilsin. Özem doly aňlap bilmeýär. Ýöne megerem, dostunyňky ýaly kilçikden-kilçik, süwümsizden-süwümsiz, ýuwandan-ýuwan jilkildemäni bolaýmasa. Ol gyzlara tarap çala eglibräk lak atdy. Olaň biri sesini çykarman alaryldy. Beýlekisi “ýyrş” etdi-de, biygtyýar ýyrşardy. Opba! Hemdemine halypaçylyk kylýan dosuň, guşy uçdy. Dagy nä? Ol-a halypaçylyk görkezjek bolup ýatsa, master-klasyň obýektidigini aňlamaz jenanlaram oň ýüzüni demir darak bilen daraga-da, ony “paşşollap” goýberseler, masgara bolar-da. Indi bolsa oň atan oky pys geçmedi. Diýmek ol öz dost-şägirdiniň gözünde boş paň-paň däl-de, sözi söz, gepi gep ussat. Ýaňky ýylgyryşdan soň o dos, hemdemine tarap göwnüýetmezçilik bilen gözüniň gyýtagyny aýlap äpberdi. Soňam: “Akgaňlaň ediberen boluşjygyny görýäňmi bir-ow özi?! Akgaňlar ba:ka, şü pille mümkinçilikden peýdalan-da, nädip nädeňde nähili bolýanny öwrenip gal-ow senem! Ýohha şo-o-l agzyňa guş gonduryp ýörüşiň bilen gatumyt galyberersiň!” diýýän dek, döşüni çişirip, gomaldy. Soňra gyzlara has ýakynrak süýşüp, alçaklyk bilen hümürdedi: -Gyzlar, belki çigdi men alyp bererin?! Gyzlaň alçagy bu gezek ýylgyrany bilenem oňman, uýaljaň kikirdedi. Surýoznysy birenaýy gaşlaryny hasam surýozny edip, lak atan ýigdekçä alaryldy. Birdenkä-de oňam pikiri üýtgedimi nämemi: -Al onda, alýan bolsaň,-diýip, jorasynam dartdy-da, çete süýşäýdi. Ikinji gögele haýran galdy. “Bäh! Dogrudanam-aý! Muňky çyn bolup çykaýd-aý! Nädip nädäýd-aý, bi?!” diýip, gözüniň alnynda ýaman çalt bolup geçen bü gyz yrdy sungatynyň elýetmez derejesine gulagy galdy. Onuň agzyny öweldip, aňkarylyp durşy gözünden sypmadyk dosty bolsa, hasam beter çişip ýarylaýjak bolýa. “Häzir dädeňiz ba:ka, hiş zady gaýgy etmäň! Häziň hemmeje zady şekelad edýän!” diýýän terzde, epeýlik bilen gyzlara baş atdy-da, kiseden solak gögümtil üçlügi haýbat bilen sogrup aldy. Çigitçi daýza uzatdy. Monopolist daýza-da baýramçylyk güni adam köplüginden, üstesine-de özüniň ýeke bazar oturan ýerinde nyrhyny hiç kimiň dempinglemeýäninden peýdalanyp, külke gara çigdiň yssykanyny bir manatdan güzüledip otyr. -Näçe?-diýip daýza edermen jahyldan sorady. O-da nä, gyzlaň gözüniň alnynda maýdalaşyp durjakmy? -Hemmesine,-diýip ýyrşaryp durşuna: “Soragyň dagy näil-aý, ýeňňe? Muň ýaly zatlar meň ýaly ýigit üçin wiçjig-ä!” diýýän pisint, dodagyny çöwürdi. Aňyrrakda jüp ýaşylbaş gonan dek sülmüreşip duran gyzlara garşy assyryn nazar oklan daýza, düşünmeklik bilen bildirer-bildirmez gülümsiredi-de, dosuň eline üç kulýok çigdi tutdurdy. Olam äwmän-alňasaman gyzlara tarap ýöneldi. Bolan bolup barşam: “Äý indi bizden sypjak ýeriňiz ýok-la!” diýip, awuny atymyna alan mergeniň dähedem-dessem bukdagy ýaly. Ýoldaşam yzyndan galanok. Ýakynladylar. Suhangöý ýigdekçe, elindäki kulýoklaň ikisini salyhatlylyk bilen gyzlara uzatdy: -Alyň gyzlar! Çigitläp oturyň! Nämüçindir gyzlaň hiç haýsy çigde el uzatmady. Gaýta olaň surýoznysy, hamana o ýigdekçe özüni alamanda oljalap getirip, äkidibem Buharaň bazarynda bir halta jöwene çalşyp gaýdan dek, oňa öçli jiňkerildi-de, jabjyndy: -Indem şo çigdi gowuz ýeriňe dyk! Bolýamy?! Soňam olar hyrra aýlandylar-da, dars-dars darsyldap, demsalymda o taýdan sumat boldular. Şondan soň birinji ýigdekçe, dosty näçe haýyş etse-de :-) oňa bu ugurdan master-klas görkezmegi bir saparam boýun almady. | |
|
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |