09:05 Duşman döretmek | |
DUŞMAN DÖRETMEK
Publisistika
Professor Aşil Mbembe… Kamerunly. Taryhçy. Ykdysatşynas. Syýasy teoretik. Kolonializm we onuñ netijeleri boýunça ýazan işleri bilen tanalýar. Ýokary bilimini Parižiñ Sorbonna we Nýu-Ýorkuñ Kolumbiýa uniwersitetlerinde aldy. Günbataryñ adybelli Ýel, Berkeleý, Pensilwaniýa, Garward, Dýuk uniwersitetlerinde işledi. Dogduk depesini ýatdan çykarmady: Afrikada sosial ylymlar boýunça işlerini alyp barmak üçin CODESRIA-da işledi. Şeýle-de ol Günorta Afrika Respublikasyndaky Witwatersrand uniwersitetiniñ Sosial we ykdysady ylmy-barlag institutynyñ (WISER) agzasy… Professor Mbembe Afrika hakyndaky ylmy we populýar pikirleriñ günbatarly fantaziýalaryna we gorkylaryna bagly dürli klişeleriñ içinde gysylyp galandygyny öñe sürýär. Bu ýaramaz kartinanyñ autentik Afrikanyñ däl-de, günäkärlik, inkär etme we gaýtalama mejburylygyna bagly añsyz ýañzytmasydygyny aýdýar... Tankydy düşünjäniñ häzirki zaman wekilleeinden professor Mbembäniñ iki kitabyny okadym "Negroid akylyñ tankydy...", "Duşmançylyk syýasatlary". Okadym diýýän kitaplarymyñ esasanam ikinjisi käbir gatlaklardan köp seslenme aldy. Bir mysal bereýin: Germaniýada jöhit duşmançylygyna garşy göreşe jogapkär federal komissar Feliks Kleýn 2020-nji ýylyñ 14-nji awgustynda professor Mbembäniñ etjek çykyşyna päsgelçilik döretdi. Nemesleriñ pikiriçe "Duşmançylyk syýasatlary" kitabynda Mbembe Ysraýylyñ basyp alan palestin ýerlerindäki syýasatlar bilen Aparteid döwründäki Günorta Afrika döwletiniñ arasynda paralellik gurmagy jöhit duşmançylygyndan başga zat däl. Dogry, professor Mbembäniñ nasistik režim bilen imperializmiñ arasynda Hanna Arendt ýaly baglanyşyk gurandygy ýalan däldi. Emma ol şeýle diýdi: "- Ýewropanyñ "siwilizlenen" halklarynyñ öñler "wagşylara" rowa gören usullarynyñ Ikinji jahan urşunda giñden ýaýrandygyna şaýatlyk edýäris." Uzatmaýyn. Üstünde uly gowur turup ýörkä okadym men bu kitaplary... Şuña ünsüñizi çekeýin: • AŞAGYNY ÇYZANLARYM Günbataryñ şu günlerde Şwesiýany we Finlandiýany NATO-nyñ hataryna goşmak bolmasyna Türkiýäniñ garşy çykmagyny nähili düşündirmek gerek? Türkiýäniñ diýýän zady: - Bölünişikçi PKK-ä syýasy goldaw berýärsiñiz. - Bölüji PKK-ä ýarag goldawyny edýärsiñiz. - Burnumyzyñ aşagynda terrorçy döwletiñ gurulmagyna gatnaşýarsyñyz. - Siz nähili ýaran bolýarsyñyz? Biziñ bilen däl-de, terrorçylykly gurama bilen hyzmatdaşlyk edýärsiñiz? Professor Mbembäniñ kitaplarynda aşagyny çyzan setirlerimi ýene okadym. Aýratynam "Duşmançylyk syýasatlary" kitabyndaky käbir bölümler Türkiýäniñ ýokarda ýazylan soraglaryna jogap berýär. Kitap Günbataryñ "duşmançylyk syýasatlarynyñ" üstünde durup geçýär: - Kolonial döwür gutarmady, imperializm soñlanmady. Basybalyjy (kolonial) alamançylykly uruşlar dowam edýär; - Döwrümiz militarizm we kapital galkanynyñ astynda globallaşma we munuñ netijesinde demokratiýadan çykma döwrüdir; - Adatdan daşary ýagdaýy adatylaşdyran Günbatar liberal demokratiýalaryñ öz ýerleriniñ daşynda kontroldan çykma aktlaryna dowam edýär; - Daraldylan we harbylaşdyrylan bu topraklarda prinsipial formada serhetler döretmegi dowam etdirýär; - Uruş demokratiýanyñ bagryna ornaşany bilen çäklenmedi, syýasata we medeniýete-de syzdy; - Millet, etnos we bu boýunça uruş taryhyñ iki mukaddesliginiñ biri diýip yglan edildi; - Ýurtlar, jemgyýetler, adamlar biçilip, gul bolmagy hut özleri islär ýaly ýagdaýa getirildi, "balyk kelleden çüýrär" diýlenini edip kelleden kesellendirildi! Ine... Şu setirlerem Günbataryñ ikiýüzliligini ýüze çykarýar. "Kürt hereketi" diýip götergilenen PKK-ä goldawynyñ düýp manysy belli bolýar: Koloniallaşdyrmak! Düýn Yrakda, şu gün Siriýada näme körleri bar? NATO-nyñ hötjetlik bilen gerimini giñeltmeginiñ manysy näme? Bular biri-birinden üzñe däl... • IKIÝÜZLI SYÝASAT Günbatar içerde we daşarda gorkyny döredip, ulaldyp, duşman döredip, gapma-garşylygy güýçlendirýärr. Soñam dosty duşmandan aýyrmak üçin ýa ýarag satýar, ýa-da özi uruş turuzýar. Ganyna siñen "gylyç kanunyny" ulanyp, adamlaryñ özlerini gurban etmeklerini, pida etmeklerini, biri-birini gyrmaklaryny gurnaýar! YŞYD ýaly, PKK ýaly... Kolonial basybalyjylygyñ özi fiziki-geografiki zona girmek, araçäk bölme we gözegçiligi ele almak, meýdana täze jemgyýetçilik-ýer gatnaşyklar kompleksini getirmekdir. Günbatar özüne edilmedik terrorçylygy syýasy gurluşdaky ýalñyşlygyñ düzedilmeginiñ ýoly hökmünde görýändigini hemişe gizledi! Şeýdibem, döredilen duşmana duýulýan öç, ýigrenç ýokanç kesele öwrüldi, her näme bolanda-da ýeke-täk maksat döredilen duşmanyñ abandyrýan howpuny ýok etmelidi... Günbatar dünýäniñ çar künjünde gan hukugyny şeýdip gurdy we uruşy üznüksiz hala getirdi, getirmegine-de dowam edýär. Maksat belli: ýer ýüzüne agalyk etmek. Haçly ýörişlerden bäri müñ ýyllyk açgözligiñ doýdumy-doldumy ýok, doýjaga-da meñzänoklar. Ukrainanyñ näme sebäpli gižželenendigine şu nukdaýnazardan seretmelisiñiz. PKK-nıñ eline tutdurylan ýaraglara şu nukdaýnazardan seretmelisiñiz. Professor Mbembe şeýle diýýär: "Indi kolonial formalaryñ ýer ýüzüni gutarnykly opurlyşyga tarap äkitmeginiñ öñüni alyp biljegimiziñ ýa-da bilmejegimiziñ üstünde oýlanyşmagyñ wagty gelip ýetdi." Gynanýan zadym: Türkiýäniñ NATO çykyşyna çepçi hereketleriñ aglabasynyñ sesini çykarmazlygy... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 17.05.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |