13:24 Düýş, durmuş, hakykat: Düýş näme?! | |
DÜÝŞ NÄME?!
Geň-taňsy wakalar
Öňki makalamyzda hem nygtap belleýşimiz ýaly, “Düýş näme?!” diýlen sowala adamzat pikirlenip başlan döwründen bäri jogap gözleýär, ýöne henize çenli adamzat aňy “Düýş näme?!” diýen sowala anyk jogap bermekden ejiz gelýär. Ylymda düýş hakynda dürli çaklamalar edilse-de, “Düýş näme?!” diýen sowala takyk bir jogap ýok. Din boýunça düýşe nähili garalýar?! Bu sowala hem anyk jogap bermek gaty çetin. Ýöne dini ulamalaryň belli bir bölegi: “Pygamber ýorgudy bolsun” diýip, döwürdeş adamlarynyň düýşüni ýorup berendigi barada anyk maglumatlar bar. Käbir yslam alymlarynyň düýş ýorgudy hakynda azam bolsa türkmen dilinde neşir edilen kitaplary bar. Ol kitaplaryň awtory, mazmuny bilen tanyşmagy okyjylaryň özüne goýup, şu makalada düýş barada bilýän maglumatlarymyzy beýan etmegi makul bildim. Düýşi öwrenen alymlar, dini ulamalar bu mesele hakynda dürli pikir ýöretselerem, düýşüň jemgyýetçiligiň döwrebap dünýägaraýyşynyň bir bölegi hökmünde ýüze çykyp, her bir adamzadyň pikirleniş aňynyň önümidigi tassyklanýar. Has anygy, islendik bir döwürde dünýä inen adamyň pikiri öz ýaşaýan jemgyýetiniň dünýägaraýşynyň bir bölegi hökmünde ýüze çykýar. Şeýlelikde, döwrüň jemgyýetçilik aňy, her bir ynsanyň dünýägaraýşy adamyň görýän düýşüniň esasyny düzýär. Şol sebäpli mundan ýüz, hatda otuz-kyrk ýyl öň ýaşan adamlaryň düýşi bilen häzirki görülýän düýşler tapawutlydyr, sebäbi SSSR zamanynda jemgyýetçilik aňy sosialistik dünýägaraýşa ýugrulandy, häzir bolsa jemgyýetçilik aňymyz bazar ykdysatiýetiniň kanunlaryna laýyk ösýär. Ynsan dünýägaraýşynyň ýaşaýan jemgyýetçilik aňynyň bir bölegidigi üçin, her bir adam hususy düýş görýänem bolsa ynsanyň görýän düýşem jemgyýetçilik aňyna, döwrüniň bolýan wakasyna, her bir ynsanyň başyndan geçirýän hadysalaryna berk baglydyr. Ýöne ynsanyň görýän hemme düýşlerini beýle aňsat düşündirmek mümkin däl. Hatda otuz-kyrk ýyldan geljek wakany şöhlelendirýän düýşleriň hähili ýüze çykýandygyny diňe çaklamak galýar. Mysal üçin, Musa, Isa, Muhammet pygamberiň dünýä gelip, adamzat ýaşaýşyny düýpli özgertjekdigini düýşünde gören adamlar bir ýa iki bolmandyr. Jelaletdin Rumynyň kakasy, meşhur din ulamasy Soltan Welet Horezm şalaryň kuwwatly döwletiniň zalym duşman tarapyndan ýykyljakdygyny alty ýyl owal düýşünde görüp, soňra halka mälim edýär. Horezm patyşasy Muhammet şa Soltan Welediň bu düýduryşyndan adyl netije çykarman, bu beýik pire gyýa göz bilen garandygy üçin, Soltan Welet Horezm şalaryň ýurdyny-öz ata watanyny terk edip, gidende hem, bu kuwwatly döwleti wagşy taýpalaryň döreden döwletiniň (mongollar diýmese-de, olaryň sypatyny gaty takyk aýdypdyr) weýran etjekdigini aýdyp gitmegi şu günki ylym üçinem syrly hadysalygyna galýar. Şeýdip, gören düýşi ahwaly bilen uly şalygyň ýykyljagyny has öňünden bilen beýik pir Soltan Welediň ogly Jelaletdin Rumy dana pederleriniň ylym ýoluny dowam etdirip, Rum ilinde (Häzirki Türkiýe) sopuçylygyň örän adyl, halky ýoly bolan “Möwlana” (Beýik jenap diýmegi aňladyp, sopuçylygyň beýik, ylym ýoly diýmegi aňladýar) sopuçylyk taglymatyny dünýä ýaýyp, adamzat jemgyýetiniň kämilleşmegine uly goşant edipdir. Gökdepe galasyny basyp almak üçin gelen rus goşunlary bilen urşulan halatynda türkmenleriň pajygaly ykbala sezewar boljagyny düýşünde Tilkiçi şahyr anyk görüpdir. Duşman bilen uruşmalymy ýa meýletin boýun bolmalymy diýip türkmenleriň geçiren maslahatynda Hanmämmet atalyk, Maş han ýaly parahatçylykly gepleşik geçirip, duşmana boýun bolmaly diýen türkmen beglerine goşulyp, Tilkiçi şahyr uruşmazlygyň tarapynda bolupdyr. Sebäbi bu uruşda türkmenleriň agyr ýitgi çekjekdigini düýşünde gören Tilkiçi şahyr düýşüni şaýat tutunyp, duşmana boýun bolmagyň amatly pursat boljagyny iline düşündirjek bolupdyr. Emma watan namysy üçin gany gyzan türkmen ol wagt düýşe gulak asjakmy?! Alaçsyz galan Tilkiçi şahyr bu ahwaly örän meşhur “Göründi” diýen şygrynda beýan edipdir. Beýik watançylyk urşunyň başlamazynyň edil bir aý öňünden, mäneli Berdinazar ahun daňdan dörtlerdenem öň gören düýşünden hopugyp oýanyp, şol günden beýläk her gün tä Gün dogynça (irden altyň ýaryna çenli bir ýarym sagat), watanyň parahatçylygyny dileg edip, otuz rekat namaz okapdyr. Bu ahunyň watanyň parahatçylygy üçin namaz okaýandygy oba şurasyna (häzirki oba arçynyň ornundaky emeldar) aýan bolup, oňa halkyň içine dowul ýaýratma diýip, kolhoz emeldarlarlary azaram beripdirler. Edil uruş başlamazynyň bir gün öň ýany şol wagtky Mäne oba şurasynyň başlygy Atar aga diýlen adam Berdinazar ahuny ýanyna çagyryp: “Eger sen ertirden başlap, halk içine dowul ýaýratmaňy goýup, namaz okamagyňy bes etmeseň, hepdäniň aýagyna raýona hasabata gidenimde, işiňi suda geçirerin. Gözüň Sibirde açylar” diýipdir. Özüniň düýş ahwalynyň ýöne däldigini anyk bilýän Berdinazar ahun Oba şurasy bolan Atara şeýle diýipdir: “Atar, sen meni tanaýaň ahyry. Men dowul ýaýradammok. Ýöne watanymyň başynda bir agyr belaň bardygyny duýýan. Uruş turmasa, halkymyň başyna bela inmese, men-ä Sibirde gözümiň açylmagyna-da razy. Indem näme etseň ynsap özüňde” diýip, bu gopbam oba şurasynyň ýanyndan paýhasly ahun kysmatyna kaýyl bolup, çykyp gaýdypdyr. Ediln şol günüň ertesi 1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda sagat irden ýedilerde 27 million adamyň biwagt ölümine sebäp bolan Beýik Watançylyk urşunyň başlandygy hemmelere mälim bolupdyr. Berdinazar ahun bilen şol wagtky oba şurasy Atar aganyň arasynda bolan, biziň mysal getiren söhbetdeşligimize şaýat bolan adamlaryň iki sanysy häzirem aramyzda ýaşap ýör. Belli-belli adamlar diňe özüniň däl, watanyň, halkyň başyna düşýän agyr betbagtçylygy nädip düýşünde görýärlerkkä?! Ynha, şu sowalyň dürlüçe düşündirişi bar, ýöne ol düşündirişler çaklamadan aňry geçmeýar. Rus poplarynyň içinde Gitleriň ähtiýalanlyk bilen SSSR-iň üstüne çozjagyny düýşünde görüp, başyny etegine salyp, Staline hat ýazyp, pajyganyň öňüni almagy duýduranlaram az bolmandyr. Haýp, ol duýduruşlara kembaha garalypdyr. Emma Stalin özüniň bu gödek ýalňyşyna düşünip, urşuň turan ilkinji aýynda Rus poplaryndan kömek sorap ýüz tutupdyr. Şonuň üçin SSSR-iň zalym duşmany ýeňmeginde din wekilleriniňem hyzmaty diýseň uly bolupdyr. Adamzadyň beýnisiniň akyl mümkinçiligi diýseň köpdür. Hatda Darwin, Lew Tolstoý, Lenin ýaly beýnisine agram ýaşan meşhur adamlaryňam özleriniň akyl mümkinçiliginiň 12-15% köp ulanyp bilmändigini ýazýarlar. Adamzadyň akyl mümkinçiliginiň gaty uludygy subut edilen hakykat. Adamzat oýa wagty özüniň akyl mümkinçiligini dürli ugurlara, dagynyk ulanyp, jemgyýetde, öz ykbalynda bolup geçjek wakalara akyl ýetirmek usulyndan mahrum bolýar hem gow-u-erbet hadysalary duýmagy unudýar. Ynsan ýatan wagty adamzadyň beýnisi jemgyýetçilik täsirinden, adamzadyň gündelik aladalaryndan düýpli derejede üzňe ýagdaýda işleýär. Ynsanyň beýnisi ukudaka oýalygyndan has haýal işlese-de, ynsanlaryň beýnisi dumuşy aladalaryndan ýatan wagtynda halasdygy üçin, beýnä howp-hatary, geljegi bilmäge geçmişde bolan wakalardan dogry netije çykarmaga mümkinçilik döreýär. Ynha, ýatan adamyň durmuş aladalaryndan boşan akyl mümkinçiligi özüniň syzan zatlaryny düýş edip, ynsana mälim edýär. Oňa düşünmek ynsanyň oýalygynda akyl mümkinçiligini ulanyp bilşine bagly. Akyl mümkinçiligi has köp bolan ynsanlar düýşünde dürli howp-hatary has öňünden duýmaga ukyplydyr. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. 2011 ý. Surat: Pablo Pikasso / "Düýş" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |