08:12 Düýş / hekaýa | |
DÜÝŞ
Hekaýalar
Sen maňa şol ertekini aýdyp bereniňde birbada onuň düýp manysyna düşünmedik bolarlym. Soň weli, ol meniň beýnimde mazaly ornaşdy galaýdy. Ynanmarsyň, saňa ýalan, maňa çyn, şol günden soň men durmuşa, dünýä başgaça garap başladym. Aslynda, dünýäň, durmuşyň manysyna düşünjek bolup, görgä galyp ýörmelem däl eken. “Başa gelenini görmäge başym sag bolun” diýip, ýaşap ýörenden gowusy ýok ýaly. Onsoňam her kimiň öz dünýäsini diňe özüniň döredýändigini bilýänsiň. Seň özgelerden üýtgeşik dünýäňe biri giräýse, oňa uýgunlaşmak juda çetin bolýar. Şonda dünýäňde özüňden bidin başga bir älem dörän ýaly bolup durýa. Näme üçin diýýärmiň? Onuň näme üçindigini aýdyp bilerin öýdemok. Ýöne şol dünýä meniň bilen ýaşaýar. Näler men oňa düşünjek bolýan weli, teý uç tapamok. Ine, bu gün ýene meň dünýämde şol syrly älem. Sen ýene şo-ol, birmahalky ýaly uçýamyşyň. Özem ho-ol, al-asmandaky durnalara goşulyşyp, uzak ülkelere gidýärmişiň. Seniň uçup barşyňy synlap, munuň düýşümdigine, häzir oýansam, hemme zadyň ýerbe-ýer boljakdygyna ynanýan. Onsoňam ýene bir zat-gören düýşüň erbetdigini duýsaň, turup ýele, suwa silkinmelidigine, hiç kime aýtman, ondan saplanmalydygyna düşünýän. Häzirem ukudan oýandygym hökman şeýderin. Düýşi her kim birhili ýorýar. Kimler düýşüňde asmana uçmagyň gowydygyny, myradyňa ýetjekdigiňi tekrarlasa, başgalar ony tersine ýorýar. Şony eşidem soň, men indi gaýdyp bu düýşümi hiç wagt hiç kime aýtmazlygy ýüregime düwdüm. Ýöne seniň maňa aýdyp beren ertekiň hemme zady çepbe çöwürdi oturyberdi. Indi men bu düýşüň diňe gowulygydygyna ynanýan. Edil ertekileriň gowulyk bilen gutaryşy ýaly, meniň bu düýşümiň hem ýorgudy diňe ýagşylyga. Şu ynam sen al-asmanda durnalar bilen uçup barýarkaň hem meni bir gezek hem terk etmedi. Gykuwlaşyp barýan durnalaryň owazy üýtgeşik bir duýgy döredýärdi. Toýnuk gurup barýan durnalar bolsa, peýkamyň okuny ýada salýar. Sen durnalardan galmajak bolup, jan edýärdiň. Bu düýş bolsa-da meniň üçin hakykat ýalydy! Onsoň durnalar bilen uçup barşyňa seredip, seniň aýdyp beren ertekiňi ýatlaýan-da, hemme zadyň gowulyk bilen gutarjakdygyna ynanýan. Sebäp ertekileriň hemmesi diňe gowluk bilen tamamlanýar ahyry. Ýagşylyk ýamanlykdan üstün çykýar. Ine, häzirem al-asmandan uçup barýaň weli, hemme zadyň gowulyk bilen gutarjagyna, ukudan oýanan badyma bularyň hemmesiniň ýalana çykjakdygyna düşünýän. Ýöne näme üçindir bu gün düýşüm gaty uzaga çekdi. Eýýäm sen obalaryň, şäherleriň deňinden geçip, Garagumuň aňňat-aňňat çägeleriniň üstünden uçup barýaň. Garşy-garşy aşak garaýaň. Menem bir depäniň üstünde elimi kölegeledip, yzyňdan garap durun. Şol uzaklykdan seniň umman ýaly gözleriň çuňlugyndan çogup çykýan mähriň meni eredip barýar. Adamyň dünýesi bir täsin. Gowulyk, gözellik çakdanaşa kän bolanda, tutuş älem özüniňkimikä diýýä. Şol halat onuň öňünde çözülmejek mesele, alynmajak gala ýok ýaly görünýä. Özüni han, soltan saýýa. Ine, menem häzir seniň asmanda ak durnalar bilen ganat ýaýyp barşyňa seredip, yssy mähriňi duýýan. Onuň biziň söýgümizi gorajakdygyna-da çynym bilen ynanýan. Onsoň ynsan balasyna mahsus häsiýetler meniň dünýämi dolap alýar. Birdenem şol mähriň uç-gyraksyz ummanynda gark bolup barýan ýaly tisgindim. Şo halat ukudan oýanandyryn öýtdüm. Bir görsem, sen henizem durnalar bilen uçup barýaň. Indi seň keşbiňi saýgarmajak bolýan. Her gezek ganat kakanyňda ara bir menzil açylyp barýar. Seň menden daşlaşyp barýandygyňa hopukdym. Indi bu meniň düýşüm däl-de, huşum ýalydy. Men şol dem seniň dünýäňi yzladym. Ondan hemaýat taparyn öýtdüm. Ýöne näme üçindir seniň dünýäňe girmäge gapy tapman, kän elewredim. Nirä barsam ýapyk. Men aljyradym. Sen-ä al-asmanda, men bolsa ýerde. Pikir-hyýalym senden ara açyp bilenok. Bu bolýan zatlara seretsene! Men-ä sen diýip, ot-elek, seň dünýäň bolsa meň üçin ýapyk. Ana, indem arany barha açyp barýaň. Bu nämäniň alamaty?! Oýlanara wagt ýok. Ynha, gözden ýitersiň weli, onsoň men seniň dünýäňe girmeg-ä däl, özüňi görmäge-de zar bolaryn. Belki, sen gözden giden zadyň ýürekden hem gidýändigini bilýän dälsiň. Maňa edil şuş-şu pursat bu hakykat aýan boldy. Saňa ýetjek bolup çarpyndym.Çapalanyp ýatyşyma oýanypdyryn. Onuň düýşümdigine müň şükür etdim. Ýöne şol pursat beýnä dolan pikirler meni aldym-berdime salyp başlady. Sen indi meniň gözümden gaýyp bolaýjakmykaň? Men sensiz nädip ýaşarkam? Düýşümde seň uçup, gözden ýitişiňe däl-de, dünýäňe girip bilmedigime gynanyp, ony özümçe ýordum. Seň göwnüň başga ýerlerde bolaýmasyn. Ýogsam men seň dünýäňe girerdim, onuň gapysyny tapardym. Sen weli, bu zatlardan bihabar gapdaljygymda süýji ukuda ýatyrsyň. Men beýnime dolan pikirleri kowjak bolýan weli, gaýta olar has beter sürünýä. Seni oýarmajak bolup, özüme zor salýan. Bir göwnüm “Turuz, sen-ä ejir çekmeli, olam süýji ukuda ýatmalymy” diýse, başga göwnüm “Seň bolgusyz pikirleriňe o günäkär däl. Düýşdür-dä, düýşe näme girmeýär, ýatan adama degme” diýärdi... Daň tilkiguýruk bolandan ýerimden turdum. Ertirlik taýýarladym. Oňa-muňa güýmenip, ahyry ýanyňa bardym. – Sanjar, turjakmy?. Sen gözüňi açalak-ýumalak edip, meni gözlediň. – Gel, hany, saňa näme bolýar? Ýüzüň-gözüň gara örtle. Meniň seni binjalyk edesim gelmedi. – Aý, hiç-le. – Sen ýene şo düýşi gördüňmi? – Hawa. – Onsoň näme? Indi ýüz ýyl bäri görýän düýşüňden elheder alýaňmy? Görýäň-ä men ýanyňda. Düýşe ynanyp, özüňi horlap ýörme. – Ondan däl. – Onda nämeden? – Sen uçup barýakaň, men hakda pikir etmediň. Gaýta durnalara garyşyp, olardan delalat gözlediň. – Wah, samsyjak, şoň ýaly zatlary göwnüňe getirerlermi? O düýş ahyry. Birbada ynjalan ýaly bolsamam, bilniksiz ünji böwrüme sanjy boldy. Meniň ünjimi duýan dessiňe ýene erteki aýdyp başladyň. Dogrusy, meň ir bilen erteki diňlemäge wagtym ýokdy. Ýöne seň maňa çynyň bilen birzatlary gürrüň berşiň, ýamanyň ýagşylykdan rüstem gelişi ünjimi säher şemalyna goşup, al-asmana ugratdy. Indi men huşumda ho-ol, ýokarda ak bulutlaryň arasynda gaýmalap, özümden arany açyp barýan ünjimi alyslara ugradyp, rahat dem aldym. Kalbymda ýene-de şol birmahalky ynam mekan tutdy... Ogulgerek USSAÝEWA. Surat: Pablo Pikasso / "Düýş" | |
|
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |