01:10 Türkiýedäki babadaşlar kyn ýagdaýda | |
TÜRKIÝEDÄKI BABADAŞLAR KYN ÝAGDAÝDA
Publisistika
Birnäçe ýyllap okan, göwün beren, üstesine arasynda ýaşan jemgyýetiñiz bilen bir dilde gürläp, birmeñzeş medeni umumylyklary paýlaşan ýurduñyzda agaýana we howpsuz ýaşap ýörmeli wagty, gorky-ürküde ýaşaýandygyñyzy, bolýan öýünizdenem daşaryk çykmaga gorkýandygyñyzy göz öñüne getiriñ. Emma daşarygam çykmaly, işe-de gitmeli, güzeranyñyzy-da dolamaly bolýar. Eger daşary çyksañyz-a, polisiýa tarapyndan saklanyp, ilki Yzyna ugratma merkezine äkidilýärsiñiz, ol ýerdenem öz ýurduñyza ugradylýarsyñyz. Munuñ hökman şeýle boljagyny bilýärsiñiz. Öýden çykmasañyz-a, gelip gapyñyzy kakjak, towugyñyza tok diýjek ýok, ýöne beýtseñizem, kireýine ýaşaýan jaýyñyzyñ, toguñ, suwuñ tölegini töläp bilmeýärsiñiz. Häzir Türkiýede ýaşaýan ýüz müñlerçe türküstanly kowumdaşyñ düşen ýagdaýy şular ýaly. Türkiýede polisiýa soñky birnäçe aý bäri daşary ýurtly raýatlara garşy operasiýa geçirýär. Metrolarda, metrobus duralgalarynda garaşyp duran polisiýa işgäri daşary ýurtla meñzeýän adamlaryñ şahsyýetnamasyna seredýär, wagtlaýyn ýaşamaga rugsatnamasy bolmadyk we möhleti geçen daşary ýurt pasportly raýatlary saklap, ilki Yzyna ugratma merkezine äkidýär, ol ýerde birnäçe güne çeken şahsyýetini anyklama we gözden geçiriş işlerinden soñ uçarlara ýüklenip, gelen ýurtlaryna ugradylýar. Gynansak-da, şol gaçgaklaryñ arasynda sany ýüz müñlere ýeten türküstanly kowumdaşlarymyzam bar. Bularyñ bir bölegi serhetden bikanun ýagdaýda geçip, çopançylyk, mal bakmak, biş-düş etmek, zawod-fabriklerde işlemek ýaly dürli hili pes işlerde işleýãn gaçgak işçiler. Günde 10-12 sagat işleýän bu adamlar şol bir iş üçin haýsydyr bir türküñ alýan aýlygynyñ ýarsyndanam azyny alýar. Bu ýagdaýdan olary işledýänlerem diýseñ şat. Heniz murty-da garalyp ýetişmedik ýigrimi ýaşlaryndaky owganystanly türkmen Stambulyñ gyra çetindäki zawodda işleýändigini, polisiýadan gorkup agşamlaryna Zeýtunburnyndaky bolýan öýüne gidip bilmän zawodda ýatýandygyny aýdýar we şeýle diýýär: - Stanoklar gijelerine-de durman işleýändigi üçin sesden ýaña gowy uklabam bilemzok, hatda güwwüldili sesden ýaña indi gulagym eşitmän başlady. Gaçgak ýagdaýdaky kowumdaşlaryñ ýene bir bölegini bolsa, 6-7 ýyl öñ bilim almaga gelen we okuwynyñ soñunda wagtlaýyn ýaşamaga rugsatnamalarynyñ möhleti uzaldylmadyk owganystanly türkmen hem-de özbek raýatlary düzýär. Bu ýaşlaryñ her biriniñ maksady, Türkiýede bilimini tamamlandan soñ öz ýurtlaryna dolanyp, öz halkyna hyzmat etmekdi. Emma 2021-nji ýylyñ tomsunda Talibanyñ häkimiýet başyna gaýdyp gelmegi bilen olaryñ bu asylly maksady puja çykdy. Taliban üçin jemgyýetiñ iñ howply gatlagy olaryñ pikirlerini oñlamaýan we boýun sunmaýan bilimli adamlar. Şoñ üçinem ýurduñ içindäki sowatly adamlaryñ agramly bölegi Taliban gelen badyna ýurtdan çykyp gaýtmaga mejbur boldy. Türkmen, özbek talyplary bolsa turuwbaşdan Türkiýä aýratyn uly mähir-söygi bilen garaýardylar we bu ýurdy özleriniñ ikinji watany hökmünde görýärdiler. Olaryñ köpüsi Türkiýä "başymyza bir iş düşse, birinji ýüz tutjak ýurdumyz" diýen göz bilen seredýärdiler. Nämüçindir olar ýygy-ýygydan eşdilýän "Türkiýe dünýädäki ähli türkleriñ howandarydyr we ikinji watanydyr" diýlen söze tüýs ýürekden ynanypdylar. Emma edil häzir-ä bu ynanjyñ we ynamyñ ýerinu düýpli lapykeçlik eýeläpdir. Polisiýa işgärleri başga halklar bilen kowumdaşlarynyñ tapawudyny biljegem bolup duranok. Gaçgak ýagdaýyndaky owganystanly türkler uçarlara mündürilip Käbile ugradylýar, munuñ bilen birlikde türkmenistanly gaçgaklaram ilki Erzurumdaky Yzyna ugratma merkezine üýşürilýär, şol ýerdenem Türkmenistana ugradylýar. Türkmenistanyñ öñki ady Çärjew bolan Türkmenabat şäherinde karantin astynda saklanýan gaçgak türkmenler hut şu ýerden ýurtlaryna ugradylýar. Ýogsam bolmasa bu babadaşlar soñky 5-10 ýylda Türkiýede özlerine täze durmuş gurupdylar. Hem agyr şertlerde işläp güzeranlaryny dolaýardylar, hem yzlarynda galan maşgalalaryna pul ugradyp, olaryñam güzeranlaryna kömek edýärdiler. Aslynda Türkiýede ýaşaýan türküstanly kowumdaşlar Türkiýe bilen ata ýurtlarymyzyñ arasyndaky iñ berk baglanyşygy emele getirýär. Türk medeniýetine we urp-adatlaryna çalt öwrenişýän kowumdaşlarymyz bulary öz ýurtlaryna äkitmek bilen bir hatarda, öz urp-adatlaryny-da Anadola getirýärdiler. Ýöne häzirki türk hökümetiniñ ähli daşary ýurtlylary ýurtdan çykarma karary Türkiýäniñ onlarça edara-guramasynyñ üsti bilen alyp barýan Türk dünýäsi bilen bitewileşme işlerini paltalaýar. Türk dünýäsini göz üçin geçirilýän duşuşyklar, medeni çäreler we owadan boş sözler bilen birleşdirip bolmaz. Gaýtam, Türkiýe bäş million km² bolan Türk dünýäsi bilen birleşmek isleýän bolsa, ilki gyýyk gözli kowumdaşlaryñ göwnüni awlamaly. Adamlaryñ göwnüni awlamazdan, ynamyny gazanmazdan tegelek stolyñ başynda kabul edilen syýasy kararlar bilen gazanylan zat bolmaz. Türkiýe Türküstan geografiýasy bilen ruhy we garyndaşlyk taýdan üzñeleşesi gelmeýän bolsa, ilkinji nobatda kowumdaşlaryny ýurtdan çykarma kararyndan el çekmelidir. Gaýtam tersine, bu ýurtda ýaşaýan ähli türki halklara aýratyn status berip, olaryñ Türkiýede arkaýyn we howpsuz ýagdaýda ýaşamagyna we işlemegine şert döretmelidir. Ene dili bolan türki diliñ haýsydyr bir şahasynda gürleýänler Oguz handan başlap Atilla, Alparslandan Teýmirleñe we Babyra deñiç ähli milli gahrymanlarymyzy atasy saýýan aý-ýyldyzly türk baýdagynyñ saýasynda arkaýyn ýaşap bilmeýän bolsa, ol ýerde Türk bileleşiginiñ gürrüñini hem edip oturmañ! Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Sişenbe, 07.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |