01:10 Gaza tragediýasy ikinji "11-nji sentýabra" sebäp bolup bilermi? | |
GAZA TRAGEDIÝASY IKINJI "11-nji SENTÝABRA" SEBÄP BOLUP BILERMI?
Publisistika
Şu synlaýan emeli hemrañyz arkaly alynan suratda 7-nji maýda Gaza sektorynyñ günortasyndaky Refahda Ysraýylyñ hüjüminde jaýlaryñ birinden asmana galan tüssäni we Refaha umumy garaýşy görkezýär. / Fotosurat: AFP Ysraýylyñ Refaha garşy başlan hüjümi bilen Gaza tragediýasy täze tapgyra gadam basdy. 2023-nji ýyldan bäri geçen ýedi aýyñ dowamynda bolup geçenler şuny görkezdi: Adyna yslam dünýäsi diýilýän musulman döwletler toplumy özüne garşy nähili hüjüm, zorluk, gandöküşlik, gyrgynçylyk edilse edilsin, hiç wagtam muña agzybirlikde garşy çykyp bilmeýär we bildirýän garşylygy gury sözden añry geçmeýär. A Ysraýyl ilaty köpçülikleýin gyrsa-da, müñlerçe nowça çagajygyñ üstüne bomba ýagdyrsa-da, aý garaz, näme poh etse-de, nähili wagşyýanalygy amala aşyrsa-da, Günbatar elmydama we bir jan-bir ten bolup jöhit döwletiñ arkasynda durup gelýär. Bardy-geldi arasyndan muña garşy çykýan ses eşdiläýen ýagdaýynda-da, eýdip-beýdip sesi sem edilýär. Bolup geçýän zatlara dogry baha berip we dogry netijeleri çykaryp bilýän Ysraýyl bolsa bilenini edýär. Üstesine bütin dünýäniñ muny ýazgarýandygyna garamazdan. Indi Ysraýylyñ maksadynyñ ullakan ýylanyñ syçany ýuwduşy ýaly Gazäni tutuşlygyna ýuwtmak we öz territoriýasyna birikdirmekdigini hemmeler bilýär. Şeýle bolan ýagdaýynda, elbetde, dünýä jemgyýetçiliginde birgiden goh-galmagal turar, protest demonstrasiýalary bolup geçer we ýene uruş nagralaryny dartanlar bolar. Emma hiç kim ýürek edip Ysraýyla garşy uruş yglan edip bilmez. Garşylyklar edil şumatky bolşy ýaly birnäçe aýyñ içinde kiparlar, ýumşar ee hemmeler jöhit döwletiniñ zor bilen amala aşyran hakykatyny kabul etmäge mejbur bolar. Ýada salyñ, ýedi aý mundan öñ atly-owazaly hünärmenlerimiz "Ysraýyl Gazä guryýer operasiýasyny guramaga milt edip bilmez" diýipdi, şonda Müsüriñ, Türkiýäniñ, Kataryñ daşary işler ministrleri "Gaza biziñ gyzyl çyzygymyzdyr" diýip beýanat beripdiler. ABŞ-nyñ sebite awianoses ibermeginden soñ bu ýurtlar lal-jim boldy, Ysraýylam döşüni gere-gere Gazä girip, ýönekeý ilaty we körpe çagalary gyrmaga başlapdy. Dogry, Müsür, Katar, BAE, Iordaniýa, Saud Arabystany ýaly arap ýurtlary Ysraýyly duruzmak üçin diplomatiki taýdan ellerinden gelenini edýär, "Hamas" hdm Ysraýyl bilen gepleşikler geçirip, ortalyk ýol tapmaga synanyşýarlar, emma olaryñ birem hakyky manyda elini daşyñ aşagyna goýmaga gaýraty çatmaýar. "Eliñi daşyñ aşagyna goýmak" näme diýmek? Pars aýlagynyñ arap ýurtlarynyñ öz aralarynda birleşip, Günbatara nebit geçirijilerini duruzmagy, Müsür, Liwan, Iordaniýa ýaly goñşy ýurtlaryñ Ysraýyl bilen gatnaşygyny kesmegi diýmek. Ýeri gelende matlabyñyzy belli-külli görkezip bilmeseñiz, hiç kim sizi äwmeýär. Türkiýäniñ Ysraýyla garşy söwda sanksiýasy dogry, ýöne gijä galynan ädim boldy. Türkiýe käşgä muny AKP-niñ tarapyndaky kompaniýalar çaknyşyklaryñ dowam edýän eagtynda Ysraýyla aýagaldygyna eksport önüm çykaryp, girdejilerini mazaly artdyrmazdan has öñ, ýagny ysraýyl tanklary Gazä giren pursatynda eden bolsady, has köp at-abraýa we ynam-ygtybara eýe bolardy. Soñky ýedi aýda dünýäde köpüsi Günbatarda bolmak bilen, millionlarça adam Ysraýylyñ amala aşyrýan genosidine garşy köçelere döküldi, meýdanlary doldurdy. Häzir yslam dünýäsinde meýdanlar bireýýämden bäri boş ýatanam bolsa, Günbatarda azat ruhly ýaşlar we talyplar ABŞ-dyr Ýewropanyñ şäherlerini sarsdyrmagy dowam etdirýär. Hemmesiniñ maksady Ysraýylyñ edýän gyrgynçylygyny haýal etmän duruzmak. Täsin ýeri, dünýä birnäçe aý bäri Palestinanyñ aladasy bilen ýatyp-turýan wagty, bu heñgamada sesi zordan çykýan ýa-da hiç çykmaýan Palestinanyñ Awtonom hökümetiniñ ýa-da Palestina döwletiniñ prezidenti Mahmud Abbas boldy. Köne türk kinofilmlerindäki merhum Nobar Terziýanyñ janlandyran tonton gojalaryny ýatladýan hereketleri bilen Abbas hamana bu mesele özüni hiç hili gyzyklandyrmaýan ýaly hereket edýär. Ýa agzyny açanok ýa-da açaýanda-da zordan mydyrdap bir zatlar aýdýar welin, şu goh-galmagalyñ içinde hiç kim onuñ näme diýýänini eşitmän galýar. Ýogsam bolmasa, hemmelerden öñ onuñ orta çykyp dünýäniñ belli-başly paýtagtlaryny aýlanyp, halkara jemgyýetçiligini Ysraýyla garşy aýaga galdyrmagy gerekdi. Gazada müñlerçe çaga öldürilip durka dünýäniñ Abbasyñ agzyndan dogry-dürs ýeke söz eşitmezligi hem gynandyrýar, hem utandyrýar. Başdaky soraga dolanyp gelsek, Ysraýyly hiç kimiñ durzup bilmeýändigine görä, elde ýeke-täk çykalga alýar. Bu çykalga biçäre adamlaryñ ýüz tutan iñ soñky çykalgasydyr: Yslam dünýäsinde we sanlary barha artýan ABŞ-dyr Ýewropadaky musulmanlaryñ arasynda gahar-gazaba atlanýan ýüz müñlerçe adam bar. Bu adamlaryñ haksyzlyk duýgusy eýdip-beýdip kanagatlandyrylmasa, aralaryndan adalary öz eline aljak biri hökman çykar. Hemmeleriñ gözüniñ alnynda edilýän jenaýatda polisiýa edaralary we sud aç-açan ganhorlary goraýan bolsa, gurban bolanlaryñ ýakynlaryna adalaty öz ellerine almakdan başga çykalga galmaýaram. Gazada häzirki bolýanlar şular ýaly. Dünýäniñ ikinji "11-nji sentýabr" wakasyny başdan geçirmeginden öler ýaly gorkýaryn. Emma by gezek hadysa Günbatardaky haýsydyr bir şäherde birküç sany köpgatly binanyñ asmana uçurylmagy bilen çäklenmez. Bu gezek dünýäniñ başyna ýadro howpy abanýar. Günbataryñ gaty gijä galmanka muña düşünmegi gerek. Yslam dünýäsiniñ düşünmeli zady bolsa, Ysraýylyñ Gazäny basyp almagyna sesini çykarman ýörseler, gezek yslam ýurtlaryna geler. Ýöne ondan soñ iş işden geçse gerek. Atalarymyzyñ aýdyşy ýaly, "Soñky tüýkülik sakal ezmez". Biziñki aýtmak. Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Anna, 10.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |