15:35 Edebiýat barada sorag-jogap | |
Maňa @Revo agza edebiýat barada birnäçe sorag berdi.
Söhbetdeşlik
Onuň özünden rugsat alybam, şu ugurdan pikir alyşmak beýleki agzalara-da gyzykly bolmagy mümkin diýen çaklama bilen, şol sowallary olaryň jogaplary bilen bilelikde şu saýtda goýmagy makul bildim. Ine şo sowallar: 1) Häzirki döwrüň (biziň günümiziň) edebiýaty nähili bolmaly? 2) Geljegiň edebiýaty nähili bolmaly we geljekde edebiýatyň orny? 3) Häzirki nesil okamana döwtalap däl, sebäpleri nämede we nädip okamana bolan höweslerini oýaryp bolar? Hakykatdanam gowy soraglar. Mazmunly. Derwaýys. “Türkmeni dürtmeseň duýmaz” diýleni. Soraglar birhili içimi byjyk-byjykdan dolduryp gitdi. Şoň üçinem olara başardygymdan giňişleýinräk jogap ýazmagy dogry hasapladym. 1-nji soragyň jogaby: Şahsy pikirim (bu belligi ýazýanymyň esasy sebäbi, hiç kime öz nukdaýnazarymy dakmak islemeýändigimi aňlatmak üçin): Edebiýatam – adam aňynyň miwesi. Öz-özünden döräýen zat däl. Şoň üçinem adamzadyň ulanýan, özgerdýän islendik zadyna mahsuslykda, onuň aň-paýhasynyň, edim-gylymynyň, dünýägaraýşynyň üýtgemegi bilen edebiýatam mazmunyny, usulyýet düzümini üýtgedýär. Gadym döwürlerde Gomeriň ýa-da gadymy oguz dessanlarynyň, gadymy skif, müsür, hindi, şumer we ş.m. ýazgylarynyň dilinde, ynsan paýhasy öz-özüni, kapyýasyz ýa-da çalak-çulak, gödeňsi kapyýaly, sazlaşyksyz (ritmsiz) ýa-da tagaşyksyz sazlaşykly, soňraky sillabo-toniki goşgy düzüliş formalaryna mahsus bolan bogun ölçeglerini saklamasyz görnüşde beýan edipdir. Wagtyň geçmegi bilen bu usul, bu tilsim adamlary kanagatlandyrman, çeper söz döredijiliginiň täze-täze formalary emele gelipdir. Şu wagtky dünýäde ýörgünli bolan ýazyş stiliniň paradigmasy bolsa, biziň halkymyza takmynan 90 ýyl mundan ozal, ýagny 1930-njy ýyllarda geldi. Günbatar halklary bolsa, beýle ýazyş stilini, ilki bilen-ä olaň özleri döretdiler. Üstesine-de şol stilde, şo halklaň ýazyjy-şahyrlary 7-8 asyr bäri, ýagny 14-nji asyryň başyndan gözbaş alyp gaýdan Renessans (Galkynyş) döwründen bäri ýazyp gelýärler. 19-njy asyryň başyndan bäri-de, dünýä edebiýatynyň meýdanynda prozada – Onuň Alyhezretleri Roman, poeziýada bolsa – Onuň Ajap Meleklikleri Sillabo-toniki şygyr hökmürowanlyk sürüp gelýärdi. Indi bolsa, üns bilen synlasaň, çeper edebiýatyň bu iki esasy žanrynda düýpli üýtgeşmäň bolup geçýändigini aňşyrmak bolýar: 1. Kyssada – ugurlaýyn ösdürilýän (lineal) sýužetli, uly göwrümli eserleň möwriti geçip, okyjylar, günsaýyn, gysgajyk, takmynan A4 formatdaky 1 sahypalyk, eger mümkin bolsa şo formatdaky 0,5 sahypalyk möçberli çeper tekstlere okamagy ürç edinýärler. 2. Şygryýetde – bolsa awtoryň beýan edýän duýgulary, pikirleri, hernäçe tagaşyksyz, gödeňsi, başgaça aýdylanda “ýylmap-ýülmenmedik” görnüşdäki setirlere salynsa, şonça-da özüneçekiji bolýan ýaly. Munuň sebäbi näme-de? Meniň pikimçe: 1-nji sebäbi, häzirki zamanda diňe bir ýaşlaň däl, eýsem, aýti enjamlardan belli bir derejede peýdalanmagy başarýan ortaýaşlylaň hem beýnisinde klipleýin oýlanyş ornaşan. Eýsem, klipleýin oýlanyş näme? Klipleýin oýlanyş – bu maglumaty ýiti, ýöne gysgajyk şekilleriň üsti bilen kabul etmek we özleşdirmek ukybydyr. Mysal üçin, häzirki döwrüň ýaşlary uzyn çeper filme garanyňda gysgajyk wideoroligi, agyr romana garanyňda çaklaňja henegi (anekdoty) çalt kabul edýär we özleşdirýär. “Microsoft” korporasiýasynyň 2015-nji ýylda geçiren barlaglaryna görä, häzirki döwrüň ýaşlary (şol sanda, aýtiçi beýleki adamlaram) haýsydyr bir zady okamaga başlanlaryndan 8 sekunt soňra ünslerini jemlemegi bes edýärler (konsentrasiýany ýitirýärler). Deňeşdirmek üçin aýdylanda, 20 ýyl mundan ozal, ýokary okuw mekdebinde mugallymlar talyplaryň 15 minutlap üznüksiz ünsüni bir ýerde jemläp, saklanyp bilýändiklerini, soňra bolsa konsentrasiýasyny ýitirýändikleri sebäpli, olary berilýän leksiýa dahylsyz haýsam bolsa bir gülkünç ýa-da ýatda galyjy waka bilen çuslandyrmalydygyny aýratyn nygtap geçerdiler. Indi deňeşdirip göreliň. 20 ýyl mundan ozal adamlar 15 minut anyk bir zatda ünsüni jemläp saklap bilen bolsalar, eýýäm şu döwürde ýaşlaryň aglaba köpüsiniň ünsüni jemläp saklap bilýän wagtlary bary-ýogy 8 sekunt möçberine gelipdir. “Microsoft” korporasiýasynyň çykaran netijesine görä, bu ýagdaý ynsan aň ýetiriş ukybynyň göýdükmegine (degradasiýasyna) getirýär. Ýöne, şol bir wagtda-da aýti enjamlaryň ýesirine öwrülen adamlaň maglumaty özleşdirmek ukyplary öňki döwürleriň adamlarynyňka garanyňda birneme ýokarlanypdyr. Onsoňam häzirki döwrüň adamlary üçin sowallara jogap tapmaga sarp edilýän wagt bary-ýogy birnäçe sekunda çenli azalypdyr. Mundan 40 ýyl öň, haýsam bolsa bir çylşyrymly sowala jogap tapmak üçin alym uçara petek alyp, Moskwa uçmaga we şol ýerdäki ägirt uly kitaphanalarda birnäçe günläp, galyň-galyň ensiklopediýalary dörmäge mejbur bolupdyr. Häzirki wagtda bolsa kompuň öňüne geçip ýa-da smartyňy açyp, Gugl babadan medet diledigiň bes. Gözleg setirine ýazan her bir soragyňa millionlarça salgylanmany çykaryp berýär. Bu uzyn maglumatlar bilen aýdyljak bolunýan esasy zat, häzirki döwrüň okyjylarynyň aňy gysga wagtda şeýlebir üýtgedi welin, olaň her gün net-serfinge endik edip, şol bir maglumaty, wakany saýtdan-saýta (has takygy, ssylkadan-ssylka) böküp, onlarça, hatda ýüzlerçe, müňlerçe interpretasiýada (manyda, düşündirmede) görmäge, okamaga we diňlemäge halys eýigen beýnisi, indi uzyn tekstleri irginsiz kabul edip oturmaga, düýbünden kanagat etmeýär. Sabry ýok. Şu nukdaýnazardanam, geçen asyryň okyjysyndan tapawutlylykda, häzirki döwrüň okyjysyna kyssada, ýedi müň ýedi ýüz ýetmiş ýedi sahypada suratlandyrylýan: “Ikimiz goňşy. Men seni çagalykdan söýdüm. Emma sen mahaw, guşbeýni, muň şeýledigini wäpşe duýmaýan wäňk bolluň. Soňam bir bolgusyz çmo, maşennige maýyl bolup, kelläň Hinnistanyň aýdym-sazy kekirdekden Baliwudyna seýil etmäge paşol. Ol dili bir gulaç horazam, seň kakaň baklažanreňkli, gözüňi iýýänskiý WAZ-2106-syna mugtjak ýerden eýe çykmak üçin, sen-sammygyň başyny-gözüni aýlap, il gözüne saňa öýlenen kişi bolly. Soňam pullyň biriniň atduşi žäniçgesini tapyp, saňa: “Ti kto takoý? Dawaý daswidanýa!” diýdi. (Çynymy aýtsam, mužik o! Meň ýaly tyrwapka dä! Sen-tentegi oňardy şeýdip.). Soňam men ýene-de çyn söýgümiň hatyrasyna iki çagaly saňa öýlendim. Häppi end...” diýen fabulaly küt-küt romanlary düýbünden okasy gelmeýär. Oňa derek prozada, anekdot möçberli we şekilli, bary-ýogy birnäçe setirde güldürýän, gynandyrýan ýa-da agladýan, iň bolmanda duýguňy gyjyklaýan çaklaňja çeper kyssajyklar, häzirki döwrüň okyjysyny, esasanam ýaşlaryň janyna noş bolýar. Şygryýetde häzirki döwrüň okyjysynyň gödeňsizligi, erkin formalary halamagynyň esasy sebäbi bolsa, dürli-dürli, biri-birine gapma-garşy gelýän dogry-nädogry maglumatlardan, ýuwantak resmilikden, glamur ýylpyldawuklykdan bez bolan okyjy, aňastaňynyň erki bilen, özünden biygtyýar, erkin şygyr galyplarynyň tagaşyksyzlygyny, “hakykat, ýülmenmedik” diýip kabul edýär. Dünýädäki şu tendensiýalary göz öňünde tutubam, meň pikirimçe, häzirki döwrüň edebiýatynda şu aşakdaky alamatlaryň bolmalydygy hakynda netijä gelmek bolýar: 1. Gyzyklylyk – Çünki edebiýat öwretse-de, öwretmese-de, suratlandyrsa-da, öňe dartsa-da, gowulyga ündese-de, gowulygy wasp etse-de, ýagşy bolmagy ynsan aňyna guýsa-da...ol ilki bilen gyzykly bolmaly. Sebäbi gyzyksyz zat okalmaýar – bu aksioma (jedelsiz hakykat). Elbetde, hatda iň bir tukat eseriňem wagtyň geçmegi bilen öz okyjysy tapylar. Şeýle eseriň ýazylan döwrüniň edebiýatyny öwrenýän alymlar, hünärmenler, tapan zadyny okaman “ýuwudýan”, “okyjylyk mädesi juda iri” okyjylar... Garaz, Şekspiriň öz sonetleriniň birinde: “Ýazylan hatlary ýüzýyllyklar bozup bilmez” diýşi ýaly, ýazylyp “bozulman” galan zady, ahyrynda kimem bolsa biri okar (...myka diýýän :-)). Ýöne gyzyksyz zatlaňňam okalýan muň ýaly ýagdaýlaryny kadadan çykma diýip hasap etmeli bolýar. Her birimiziň bilşimiz ýaly: “Islendik kadadan çykma bolsa kadany subut edýär”. 2. Geň-enaýylyk – Häzirki zaman edebiýatynyň bu häsiýeti, gönüden-göni ýokarky alamatdan gelip çykýar. Çünki häzirki döwrüň okyjylaram, tomaşaçylaram birnäçe asyrlap ýazylyp gelinýän kitaplarda, soňky düşürilen kino we multfilmlerde, kompýuter oýunlarynda şeýlebir üýtgeşik täsinlikleri gördüler, olar barada okadylar welin, indi olary gyzykdyrmak üçin, olary diňe geň galdyraýmasaň başga alaç ýok. Elbetde “geň galdyrmak” diýlende, hökmany ýagdaýda öň görlüp-eşidilmedik sýužeti oýlap tapmak göz öňünde tutulmaýar. Ýazyjy, şahyr talantly bolanda öň müňlerçe gezek beýan edilen sýužetlere-de täzeden “jan berip”, olary aňk ediji derejede täzeçe röwüşde çeper şekillendirmegiň hötdesinden gelýär. 3. Gysgalyk we anyklyk – Döwrüň edebiýatynyň bu häsiýetiniň esaslandyrmasy barada, ýokarda, “klipleýin oýlanyş” hakdaky tesimlerde (abzaslarda) beýan etdim öýdýän. 4. Manylylyk – Döwrüň edebiýatynyň bu alamaty bolsa, diňe bir şu zamanyň däl, eýsem, hemme eýýamlaryň hem edebiýatyna bildirilýän talapdyr. Ýöne beýle diýildigi, häzirki döwrüň edebiýatynda absurd edebiýatyna ýa-da logika laýyk gelmeýän beýleki edebiýat žanrlaryna orun ýok diýilmegini aňlatmaýar. Absurd edebiýaty we edebiýatyň ýörgünli (adaty, ykrar edilen) mantyga laýyk gelmeýän gaýry görnüşleri hem manyly bolup bilýär. Bimany manylylyk ýa-da pynhan manylylyk şeýle eserleriň naýbaşylaryna mahsusdyr (Ýöne, bu aýdylanlar, şu görkezilen žanrlaryň adyna duwlanyp, şeýle žanrda ýazylan eserler hökmünde götergilenýän barypýatan bolgusyz samahyllamalara degişli däldir). 5. Çeperçilik – Bu hem edil manylylyk ýaly edebiýatyň ähli tapgyrlaryna degişli alamatdyr. Çünki “çeper edebiýat” diýlip atlandyrylýan närsäniň çeperçiliksiz bolmagy nonsensdir (bolgusyzlykdyr). Sebäbi, islendik çeper eser, ha ol kyssa bolsun, ha-da şygyr, ilki bilen okyjyny, özüniň aýtmakçy bolýan zadyny çeperleşdirip, ýagny haýran galdyryjy görnüşde owadanlap aýdyp berýänligi bilen özüne çekýär. Şeýlelikde, pikirimi umumy jemläp aýdanymda: - Biziň günümiziň edebiýaty nähili bolmaly? -Biziň günümiziň edebiýaty, gyzykly, täsin, gysga we anyk mazmunly, manyly hem-de çeper bolmaly. Onsoňam häzirki döwürde dünýäde ýörgünli bolan: fentezi, fantastika, detektiw, alternatiw-taryhy, stimpank, laýt-nowella, modernizm, horror we ş.m. ýaly edebiýat žanrlarynyň hiç birem ünsden düşürilmän galmaly dälmikä diýýän. Çünki tebigatda-da köpdürlilik gözelligi emele getirýär dälmi?! 2-nji soragyň jogaby: Üns berseň, günsaýyn kagyz kitaplaň möwriti ötýändigi saýgardýar. Olaň ornuny elektron kitaplar alýar. Okyjylar, hernäçe kitabyň muşdagy bolsalar-da, elektron riderlere (okmaçlara :-)) geçýärler. Sebäbi, bu amatly, arzan, ykjam. Nirä gitseňem, müňlerçe kitap ýanyňda (eltelefonyňda), islän ýeriňde açyp okap bilýäň, onlarça esbabyň deregine-de bary-ýogy birje şapbat göwrümli enjamy göterseň bolany. Soňky ýyllarda bolsa, elektron kitaplardan hem okyjylaň ünsi sowlup, audiokitaplar barha ýörgünleşýär. Sesli kitaby “okamak”, ýagny diňlemek hasam amatly. Nähili çalt okaňda-da bir jiltlik, takmynan 250-300 sahypalyk kitaby okamaga sarp edýän 3-4 günüňi, şo kitabyň sesli görnüşini diňleseň, bary-ýogy 4-5 sagada sygdyrmak bolýar. Üstesine-de, ne kagyz kitapda, ne-de elektron kitapda elýeterli däl “opsiýa”, sesli kitaplarda tekstiň gapdaly bilen (ikinji fon edilip), tekstdäki wakalaň häsiýetine görä sazlar hem goýberilýär, tekstde beýan edilýän duýgulara dahyllylykda diktor sesini oýnadyp, teksti dürli intonasiýalarda berip bilýär. Bu bolsa, teksti has täsirli, duýguňy gyjyklaýjy edýär. Meniň pikirimçe, uzagyndan audiokitaplar hem öz ornuny wideorýadly, ýagny rolikpisint kitaplara berermikä diýýän. Şeýdibem ahyrynda, eýýäm bir asyrdanam gowrak wagt bäri kitap bilen kinoň arasynda dowam edip gelýän aldym-berdimli bäsdeşlik, olaryň biri-biri bilen “durmuş gurup (nikalaşyp)”, “bir jan bir ten” bolmaklary bilen tamamlanarmyka diýýän. Ýöne bu aýdylanlaň hemmesi, edebiýatyň daşky formasyna degişli. Onuň mazmunynyň geljekde nähili bolmalydygy hakynda çaklama bolsa, meniň pikirimç-ä, edil goýnuň çöründe gurra taşlap ýa-da geçiň köne pilçesinde pal atyp geljegi biljek bolan ýaly bir zatmyka diýýän. Sebäbi, ýokarda-da aýdypdym. Edebiýat – ynsan paýhasynyň önümi. Ertirki gün adamyň paýhasy, aňy nä derejede we nähili görnüşde üýtgejek? Muny, bir Alla biläýmese, kim bilip biler?! Onsoň, ynsanyň aňy, paýhasy hereketiň (üns berseňiz: “ösüş” diýýän däldirin, çünki paýhas, adamkärçilik nukdaýnazaryndan indiki gadam basyljak tapgyr: “ösüşmi” ýa “tesiş”, belli däl diýip hasaplaýan) indiki basgançagyna gadam basanda, onuň durmuşyny, jemgyýetçilik aň ýetirişini emele getirýän beýleki närselerdäki ýaly, edebiýatda-da täze-täze akymlaram, formalaram, usullaram, ideýalaram dörärmikä diýýän. Şol agzalanlar nähili sypatda, niçiksi mazmunda boljak? Alla bilsin. Mundan ýüz ýyl öň internetiň ýagşy-ýaman taraplaryny, onuň edebiýata-da, adamzadyň durmuşynyň ähli ugurlaryna-da ýetirjek täsirini hiç bir fantastyňam doly we gutarnykly göz öňüne getirip bilmeýşi ýaly, geljegiň edebiýatyna-da ynsanyýetiň haýsy oýlap tapyşynyň neneňsi täsir etjekdigini, ýaşap, başyňdan geçirip biläýmeseň, çak edip bilip bolmazmyka diýip hasap edýän. Ýöne, şahsy pikirim hökmünde, geljegiň edebiýatynyň, has dogrusy diňe bir geljegiňem däl-de, eýsem döräli bäri hemişe-de edebiýatyň öňünde duran borç, wezipe hakynda welin birki agyz söz aýdyp biljek: -Edebiýatyň borjam, wezipesem onuň adyndan gelip çykýar. Edep bermek. Ýagny, adamy, jemgyýetiň umumy ykrar eden ahlak hem ýagşylyk ölçegleriniň çäginde gowy şahsyýet edip ýetişdirmäge ýardam bermek, gowulygy ündemek, gowulygy mazamlamak, erbetligi tankytlamak, ýagşylygyň lybasyna duwlanýan ýamanlygy paş etmek, ynsanyň ýagşy häsiýetleriniňem, ýaman häsiýetleriniňem bolşuny bolşy ýaly edip, çeper şekilde suratlandyrmak... 3-nji soragyň jogaby: Üns berýäň welin ýaşlaň kän bir kitap okamaýandyklary hakynda netije emele gelýär. Ýaşlaryň şol sanda, beýleki adamlaryňam kitap okamaga döwtalap däldikleriniň sebäbi hakda, birnäçe ýyl mundan ozal: “Näme üçin okamaýarys? Näme üçin okamaýarlar?” diýen materialy ýazypdym. Meniň pikirimçe, şu ýerde şo materialy tutuşlygyna goýsam, 3-nji soragyň birinji bölegine jogap bolarmyka diýýän. Näme üçin okamaýarys?! Näme üçin okamaýarlar?! Otuz ýyl mundan ozalam üýtgeşik bir, haçan görseň elinden kitap düşürmän, kellesini basyryp, okap ýatanlar harman-harman bolup, depe turzup ýatmaýardy. Ýöne, häzirki ýaşlara garanyňda, her on adamdan biri-ikis-ä barypýatan kitaphondy. Her bäş-altysy hem iň bolmanda, ýylda bir-iki kitap okaýardy. Bütin dünýäde-de kitap okamak meselesinde ýagdaý şeýleräk ýaly. Internetdäki maglumatlara görä, 2014-nji ýylda Müsüriň Medeniýet işleri boýunça Ýokary döwlet geňeşiniň ýanyndaky Kitap neşirýaty soraglary boýunça komitetiniň geçiren statistiki barlaglarynyň netijesinde şu aşakdakylar anyklanypdyr: Arap ýurtlarynyň ýaşaýjylary ortaça her ýylda çärýek sahypa kitap okaýar ekenler. Şu hem dünýäde kitaplara bolan isleg babatdaky iň pes görkeziji bolup durýar. Bu ugurdan iň ýokary görkeziji bolsa ABŞ-nyň ilatynyňky ekeni. ABŞ-nyň her bir ýaşaýjysyna ortaça ýylda 11 sany kitap okalýan ekeni, olardan soň Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylary ortaça her ýylda 7 kitap okaýar ekenler. Ondan başga-da arap ýurtlarynda bir ýylyň dowamynda 1650 kitap neşir edilýän bolsa, ABŞ-da bir ýylda 85 000 sany täze kitap neşir edilýän ekeni. Şonuň ýaly-da ÝUNESKO-nyň 2014-nji ýylda neşir eden maglumatlaryna laýyklykda, bir ýylda okalan kitaplaryň umumy sany paýlananda arap ýurtlarynda ýaşaýan her bir million adama 30 kitapdan, ýewropa ýurtlarynda ýaşaýan her bir million adama 854 sany kitapdan ýetýär ekeni. Mundan başga-da 2014-nji ýylyň maglumatlaryna görä, Russiýanyň ýaşaýjylary ortaça her üç aýda 4,5 kitap, ýagny her ýylda 18 kitap okaýar ekenler. Russiýada okalýan kitaplaryň iň meşhurlary söýgi romanlary bolup durýar. Ýagny, kitap okaýanlardan 13%-i şol žanrdaky eserler ekeni. Ýöne, şu ýerde bellemeli ýagdaý, Russiýada geçirilen seljermede sorag-jogap alşylanlaryň 35%-i özleriniň düýbünden kitap okamaýandyklaryny aýdypdyrlar. Şonuň ýaly-da alymlaryň hasaplamalaryna görä, Hindistanda adamlar her hepdede kitap okamaga 10 sagat, Tailanda 9 sagat, Hytaýda 8 sagat sarp edýärler. Ýaşlaryň, çagalaryň näme üçin okamaýandyklary hakynda maglumatlary, ylmy seljermeleri umumylaşdyryp hem-de gysgaldylyp alnanda, munuň şu aşakdaky ýaly esasy sebäpleriniň bardygyny bellemek bolar: 1. Maglumat tehnologiýalarynyň, telewideniýaniň ösmegi bilen adamlar özleriniň maglumat bolan zerurlyklaryny esasan, telewideniýäniň we internetiň üsti bilen alýarlar. Sebäbi, bu tehnologiýalaryň üsti bilen maglumaty kabul etmek, özleşdirmek, kitap okamak arkaly maglumat alanyňdan, özleşdireniňden has aňsat, amatly we ýokary netijeli. Mysal üçin, haýsydyr bir taryhy waka barada nähili gyzykly ýazylan kitap bolsa-da, onda beýan edilen wakalary adam diňe okaýar. Soňra olary hyýalynda özi janlandyrmaga mejbur bolýar. Şol waka barada kinofilme tomaşa edende adam wakalaryň, ähli hereketleriň janly şaýady bolýar, üstesine-de ol wakalar saza, režissýoryň, artistleriň, dekoratorlaryň, kompýuter grafikasynyň çeperçiligine hem täsirliligine ýugrulyp, adamyň aňyna ýetirilýär. Kitap bolsa näme? Diňe gara harplar bilen ýüzüne sözler ýazylan ak kagyz…Onda ýazylan zatlara düşünjek bolsaň, özleşdirjek bolsaňam, kelläňe agram salmaly, oýlanmaly… Umuman, kinosyny göreniň has aňsat. 2. Kitap okamaga üznüksiz dowam edýän maglumat galmagaly päsgel berýär. Her niçigem bolsa, kitap okamak ünslüligi, rahatlylygy talap edýär. Häzirki zaman adamsynyň bolsa daş-töweregi üznüksiz dowam edýän goh-galmagaldan doly. Telewizor, eltelefon, radio, gepleşýänler, gygyryşýanlar, aýdym-saz, ulaglaryň goh-galmagaly… Bu üznüksiz galmagala adamyň beýnisi öz-özünden ýadaýar. Sebäbi onuň ýaradylyşy şeýle, ol öz eýesini daşky gurşawyň howp-hataryndan goramak hem-de onuň şahsyýetiniň üznüksiz ösmegini üpjün etmek üçin her bir görýän, eşidýän, ysyny alýan, tagamyny duýýan, syzýan zadyny yzygiderli seljerip, baha kesip, öwrenip durýar. Hatda, geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň adamlarynyň ýaşan maglumat çygry bilen şu döwrüň adamlarynyň ýaşaýan maglumat meýdanyny deňeşdirmek üçin bolsa, çöl-beýewanda ýalňyz özi gezip ýören çopanyň häzirki zamanyň megapolisine düşen ýagdaýyny göz öňünde janlandyryp göräýmeli. Şeýlelikde, bu üznüksiz maglumat gohy, adamlaryň beýnisini ýadadýar we oňa günüň dowamynda hyryn-dykyn bolýan gerek-gerekmejek maglumatdan ýaňa, onda kitap okamaga ýer galmaýar… 3. Kitap okamaga boş wagtyň ýoklugy. Iş, alada, okuw, täze çykan oýny oýnamaly, täze çykan kino tomaşa etmeli, täze çykan aýdymy diňlemeli, klipi synlamaly, IMO-da (ýa Instagrammda, ýa Telegrammda) hat ýazyşmaly, şol zatlardan biraz eliň boşaşsa, howul-hara-da bolsa, sapaklara-da arasynda taýynlansaň, ertir kelle agyryň azrak bolaýjak ýaly… Garaz, iş kän, kitap okamaga puryja NÖW! 4. Ýaltalyk. Ýokarda bellenip geçilişi ýaly, kitap okasaň, onda beýan edilen maglumatlary azda-kände özleşdirmek üçin isleseň-islemeseň oýlanmaga mejbur bolýarsyň. Tomaşa edeniňde bolsa, kinoda adatça hemmeje zat “çeýnelip” “ýuwutmaga” taýýar edilip goýulýar, hasam soňky döwrüň filmlerinde. Umuman, “ýaltanýan diýmäge-de ýaltanýan”! 5. Gowy kitap ilkinji nobatda, edil aýnada görkezen ýaly özüňe özüňi görkezmäge synanyşýar. Ähli erbedi-gowusy, astyn-üstüni bilen…Bu bolsa köplere ýaramaýar. Özüň hakykatdanam nähilidigiňi göreniňden, özüň hakda ajaýyp pikirde bolanyň ýaşamak üçin has amatly… 6. Kitap okamak köpleriň içini gysdyrýar. Sebäbi, kitaby gyzygyp okamak üçin adam hyýala, duýga baý bolmaly. Zannynda ol zatlar bolmadyk adam, hatda Žýul Werniň kitabyny okasa-da ukusy tutar. Meniň pikirimçe, ýaş nesli köpräk kitap okamaga imrikdirmek mümkinmikä diýýän: 1. Esasy zat, olaryň isleýän, olar üçin gyzykly bolan žanrlarda, olaryň kabul edişine laýyklap, gyzykly, gysga we anyk, manyly, täsin, çeper eserleri ýazmak. Şeýle görnüşde ýazylan eserleriň içindenem, ýaş nesli terbiýeleýji, olary jemgyýet üçin bähbitli ugra gönükdiriji, ahlaklylyk, adamkärçilik ýörelgelerine laýyk gelýän pikirleri, duýgulary eriş-argaç edip geçirmek. 2. Ondan başga-da ýaşlary kitap okamaklyga imrikdirmek üçin olara gyzykly bolan baýraklary goýup, kitap okamak, okalan kitaplaryň mazmuny bilen dahylly bäsleşikleri gurnamak, ýagny kitaphon bolmagy, edebiýathalar bolmagy monetizirlemek :-). 3. Edebiýatyň naýbaşy eserleri boýunça gyzykly kinofilmleri, multfimleri düşürmek, sahna oýunlaryny goýup, olary göni ýaýlymda görkezmek. 4. Naýbaşy eserleriň sazdyr-wideoşekiller bilen utgaşdyrylan çeper okaýyşlaryny gurap, olary internetde elýeterli etmek. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||
| ||