13:30 Eger şu gudraty duýmaýan bolsañ... | |
EGER ŞU GUDRATY DUÝMAÝAN BOLSAŇ...
Goşgular
Ýene şol bir sowal, Şo keçjal sowal «Şahyryň nämesi üýtgeşik menden?.. Muny saňa nädip düşündirsemkäm Hem nädip gutulyp bilerkäm senden? Barýansyň köçeden arkaýyn ýöräp, Unudyp dünýäniň pikirin-gamyn. O bolsa, öňünden çykan adamlaň Gözlerinden okap arzuw-hyýalyn, Olaň hem begenjin hem-de gynanjyn Geçirip barýandyr ýürekden-serden. Eger şu gudraty duýmaýan bolsaň, Şahyryň üýtgeşik ýöri ýok senden. Seň üçin ýönekeý guran- agaçdyr, Emma oňa şahyr dikse nazaryn, Guşlaryň äkiden ýaşlygyn ýatlар, Biçäre daragtyň çekýän azaryn Duýar-da, derdini paýlaşar onuň Hem on göz ýaşyny syrar gözünden. Eger şu gudratam duýmaýan bolsaň, Şahyryň üýtgeşik ýeri ýok senden. Görkden gijä galan bir eziz gyzyň Gözelleň ýanynda kemsinşin görüp, Şahyr ony şygyr bilen bezese, Durandyr gyz perizada öwrülip, Onsoň oň daşynda perwaz urarsyň, Gyzyň bolsa nur döküler ýüzünden. Eger şu gudratam duýmaýan bolsaň, Şahyryň üýtgeşik ýeri ýok senden. Deň çekişer goç oguldan aýrylyp, Ýurtda ýalňyz galan eneleň derdin. Iň bolmanda, şygry bilen birsellem Gaýtaryp getirer olaň perzendin. Şeýdip, teselli biýr hem müňläp enäň Alkyş alar keramatly dilinden. Eger şu gudratam duýmaýan bolsaň, Şahyryň üýtgeşik ýeri ýok senden. Sen-ä gijelerne gidersiň uka, O bolsa hyýalda dünýä aýlanyp, Haýyr işe çyn ýürekdeň guwansa, Şeriň garşysyna çykar şatlanyp. Zeýrenmez şonda-da, güýç alar gaýtam, Ýazan goşgusyndan hem dogýan günden, Eger şu gudratam duýmaýan bolsaň, Şahyryň üýtgeşik ýeri ýok senden. Wah, men saňa nädip düşündirsemkäm Hem nädip gutulyp bilerkäm senden. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |