06:22 Emgek - 2 / powestiñ dowamy | |
EMGEK
Powestler
2. Omar metbugat öýünden çykyp, öz çygly ”oraçasyna” bakan ugrady. Häzir onuň aýaklaryndan daş asylan ýalydy. Onuň kalbyny “Ogluň bolýar” diýen şübheli, aldaw lukmajygy ýaly yrga duýgy bilen, öz agasynyň “Müň manta pulumy alyp, berenok” diýen iki sany äpet labyr elendirýärdi. Omar şol iki labyryň arasynda hallanatyp baryşyna başyndan gelip geçýän agyr oýlaryň arasynda sergezdan bolup galypdy. “Zyýany ýok. Jaý alsak gerek bolar diýip, ýygşyryp goýanja müň manadymyz bolmaly. Äkidip, gözüne dykaryn. Iň esasy, oglum bolsa bolýar.” Bu ýeňiljek oý Omaryň başyndaky galyň dumany dargadyp goýberdi-de, göwni düýdansyz açyldy. Häzir ýüregi Almany küýsedi. Onuň ertir ir bilen gaçyp diýen ýaly gaýdan öýüne barasy geldi. Bu biri şeýle süýji, birem ýaş ýigit üçin diýseňagyr, aýylganç habary Alma bilen paýlaşasy geldi. Ol aslynda öz agasyndan hiç haçanam pul aljak adam-a däl, Ýöne ejesi pakyr dagy Omar öýlenende, beýlekide alan bolaýanda-da, Alma hökman syzdyrmaly. Ýöne Omar bu meseläni kän bir ýüregine ýakyn tutuyp barmady. “Aý, puldur-da, bererin. Sähel ir bermände, gijiräk beriljek eken-dä, ýöri, şu ýerde “Tokmaga “ ýazar ýaly, meni uly ile masgara eder ýaly name barmyş” Ýöne ol ogla garaşýardy. Oglunuň boljagy baradaky il agzy gürrüň onuň tas zähresini ýarypdy. Sebäbi, ol Alma bilen durmuş guraly bäri neneň edipler ogla garaşypdy. Alma ony nadyl etmedi. “Kaka jan, adyň geldi” diýip, Omar dokuz aýyň içinde, gör, näçe saparlar buýsanç bilen pyşyrdapdy. Emma, ilki Leýlimiz boldy. Özem Omaryň bagrynyň gapdalynda ok sygar ýaly deşigi bilen. Ýyl ýarymdan soňra, bagyrdaky şol deşigiň gapdalynda ýene bir göz açyldy. Serwijik indi üç ýaşap barýar. “Maňa-ha peýdaňyz degmez, soň biradyňyzdan utanmaly bolmaň, gyzam bolsaňyz” diýip, Omar gyzlaryna owadan atlary dakypdy. Ýöne, Omar indi şeýle owadňan atlaryň üçünjisini saýlamaga özüniň gaýratynyň çatmajagyny aňýardy. Alma welin, ýene-de yňňyl-çyňňylyna başlady. Oňa indi bir zat diýip, iňirdemäge Omaryň gaýraty çatmady. Alma adamsyna düşündi. Agyrysyny, ynjysyny gizlemäge çalyşdy. Ýöne, mazaly, olam nadyl bolmady. Kireýine ýaşalyp oturylan jaýdan şu hütdige gelnensoň, onuň bar jyny şu çygly hütdüge düşdi. "Artyp galan, çygdan ýaňa biliňi-başyňy alyp bolanok. Biziňem bi rile gatyşan wagtymyz bolarmyka? Tyllalar okuwy bizdenem soň gutardy. Iki otaglyja, gül ýaly jaş alypdyrlar. Şu çygly hütdükden-ä, aýyna elli- altmyş manat berip , ile meňzeş jaýda kireýne ýaşalsa-da gowy bolardy…” Omar Almany diňläp dymýardy. Özem, edil bir gara ýer ýaly dymýardy. Ol elbetde, Alma öýlenenene ökünmänem duranokdy.” Söýüp alan bolsam, şnuň ýaly, günde müň sapar saýgylap durmazdy. Belki, ilkinjimiz ogul bolsa-da bolardy. Bu oýlar Omary garratdy. Onuň ýigit dünýäsine güzeranyň sowuk, buz ýaly şemallary kürsäp urdy. Ol özüni dünýädäki iň bagtly adamlaryň biri hasaplap başlady. “…Ogluň ýokdur, Omar jan, ýekesiň.Ýeke bolsaň, aýalyňam üstüňe şir bolar, beýlekilerem. Onuň üstesine, ile meňzeş sümelgäňem-ä ýok. Haýyp, seniň ýaşan otuz ýaşyňa haýyp…” Birden Omar ýaraly ýolbarsa döndi duruberdi. Ol günde-günaşa aýaly bilen sene-mene etmäni çykardy. Aldy-da Merkezi komitete gazaply arza ýazdy. Şäher sowetine bir aýyň içinde, üç arza ýazdy, dört saparam häkimiň Kabul edýän gününde, onuň ýanyna bardy. Bu günem, ömründe etmedigini edip, uly gazetiň baş redaktorynyň ýüzüne geldi. OL mundanam aňry gitjekdi. Ony şol çokuly çogup duran Kümüş aldy-da, birwagtky sada, arassaa, ynsaply Omaryň ýaş ýigit dünýesine gabap goýdy. “Ogluň bolar!” Bu söz Omaryň tutuş dünýesini ýagtylandyryp goýberdi. -- Bagyşla, Alma!—diýip, Omar samyrdylanynam bilmedi.Ol häzir edil Almanyň gaşynda duran ýaly, az-kem öňe egildi.—Men! Men!.. -- Näm-ow, özbaşyňa gepläp gelýäň-le? Ol ziňk edip özüne geldi. Gaysynda Myrat durdy. Olar obadaşdylar. Myrat goňşy obada ýaşaýardy. Uniwersiteti bir döwürräkde tamamlasalar-da, Myrat eýýäm jaýly, howluly, hatarlydy. Ol özüni Omardan rüsemräk hasaplaýardy. Ony görse, hemişe akyl-parasat berip gepleýärdi. -- Beýdip, ýolugra gepläp ýörmezler. Ýoldan ýöräniňde, başyňy aşak salyp ýöregin. Tanyşlar duşsa hökman salam bergin. -- Bolar, Myrat. Omar öz obadaşlarynyň özüni gowşak, alasamsygrak görýändigini bilýärdi. Olaryň ählisi, Omaryň üstünliklerini äsgermeýärdi. Muny Omar bilýärdi. Şonuň üçin Omar olary görende özüniň rüstemräk ýerini däl-de, şowsuzlyklaryny gürrüň berýärdi. Ol bu saparam şeýtdi. -- Beý, Myrat. Duşanyň gowy bolaýdy. Men bir meseläni seniň bilen geňeşeýin diýip ýördüm. Myrat ulumsyja ýylgyrdy. -- Aýdyber. Biz obadaşa. -- Saňa aýdaýmasm, ile syryňy aýdybam bolanok. Derrew dünýä doldurýarlar. -- Arkaýyn bol! -- Men-ä gardaş, Alma bilen aýrylyşsam diýýän. Men-ä, halys ugruny tapamok, şonuň. Meni äsgerenok. Işden barsaň, nahar ýok. Eşiklerimi özüm ýuwýan. Elten pulumy, edil ýele sowran ýaly. Aý, garaz, men-ä irdim. Myrat baş atdy. Muny oňarýaň. Ýöne ýerine bir adamyň barmy? -- Enteg-ä ýok. Bir kömek edersiňiz-dä. Myradyň dili açyldy. -- Men bir pikir edeýin. Ýöbe redaksiýaňyzdaky Kümüşe degäýmegin. Ol meniň gezýänimdir. -- Aý, ýok-la. Redaksiýada öňem meni sygdyranoklar-laý. Şu gün baş redaktor meni ýanyna çagyryp, birinji gün arzaň ýanyňda bolsun diýdi. Men-ow, gel diýseler gelýän, git diýseler gidýän, ýaz diýseler, ýazýan, geçen hepdede, ullakam makalam çap edildi. Şonda gödek ýalňyş gidipdir. Men günäkärem däl, ýogsam, sekretapýat günäkär. -- Menem eşitdim, Merkezi komitetde-de gürrüň bolupdyr. Awtora berk tmmi bermeli diýäýipdirler öýdýän. -- Wah, Myrat jan, onbuň üstesine jübimde ýeke köpügim ýok. Barja pulumy aýrylyşmak üçin suda beren arzama berdim. Indi, ýaşar ýaly jaýymam ýok. Şu jaýyma göçjek bolanymda, seniň obadaşyň Weliden birneme pul alypdym. Olam meniň pulumy ber diýip, redaksiýa bäş sapar geldi. Walla, men-ä halys ugrumy ýitirdim, Myrat. -- Bolýa, wiý, ýogsa, Teke bazaryna bardyňmy? Obadaşlaryň nar satmaga gelipdir. Agşam öýe obadaşyň Aýnazar agsak geldi. Şolam-a sen barada bir topar zatlar aýtdy. Aý, „Tokmak“ diýdi, prokuror diýdi. Kakaň dogany diýdi. Sen şonuň ýanyna bar. Beýdip, seni masgara edip ýörmesin...—Myrat uly buýsanç, hoşbagtlylyk bilen, ýagny meniň obadaşlarymyz obadaşynyň özünden betbagtlygyny görende bolýan bagtly keşbine girip, öz ugruna gitdi. 3. Teke bazary güýz nygmatlarynyň ählisini eliniň aýasynda serip otyr. Ýüzünden ýugrup, bişiren zenanyň mähri, yhlasy duýlup duran tamdyr çöregi, Sirkä ýatyrylyp, ysy janyňy alyp barýan sarymsagyň, badamjanyň ysam tagtalaryň üstünde sergi bolup ýatan nazy-nygmatlaryň üstüne... Omar gyzan bazary sowuklyk bilen eledi. Ol obadaşlarynyň köpüsini gördi.Onuň gorkýany Aýnazar golakdy. Asyl, şol adamy çagalykdan bäri halanokdy. Dogrusyny aýtsaň-a, Aýnazar golak ony çagalykdan bäri halanokdy.Özem, ol ýöne-möne halamazlyk däldi. Ol adam gaty ýigrenýänini gizlänokdam. Iner onuň ogly Iner bilen deň-duş ösüpdi. Ýöne Aýnazar golak üçin onuň ogly bilen basdaş ösmän, özi bilen basdaş ýalydy. Onuň gorkýanynyň sebäbi, bu adam, ýeri bolsa, bolmasa-da ony çakýardy. Özem, ne çakma, ol bir çakaýsa, ýylanyň, içýanyň zäheri gider, emma Aýnazar golagyň çakan zäheri ýüregiň başyndan asla gitmänjik geçer. Ol seni öldürmezem, güldürmezem. „Eýt, seniň ogluňam ýokmy, birki sany gyz- gyrnagy bar diýýeller-ä“ Ýeri,heleý ýaly bolup, seniň näme işiň diýsene...“ Bu adamyň myrtar ýüzüni, päki ýaly zäherli sözüni, ýadyňdan çykaryp bilseň, çykar-da. Iň gowusy, oňa görünmezlik. Omar boýnuny süýndüre-süýndüre, barjak ýerioni peýledi. -- Gel, oglum, gyzgynjak çörek al, ýaňja bişirdim. -- Süzme al-uuw, mesge ýaly süzme. -- Nar alyň, gözel Sumbaryň narydyr. Bahasm arzanjak, geliň-haw! Omar ýalt edip gapdalyna garady. Garagöz daýza! -- Obam Omar jan! Käbäm Omar jan!Sona boýdaşymyň gara gözi. Jigerimiň parasy.Ýüreklerimiň ýarasy, Omar oglum, Omar janym. Garagöz daýza aýagynyň astyndaky ýaşşiklere büdüreý-büdüreý gelip, Omary gars gujaklady. Boýuňa döneýin. Arkalarymyň dagy. Ol çöňňelen gözlerini dikanlap, Omaryň ýüz-gözüne birlaý seretdi-de, soňra onuň ýüzünden, boýnundan, soňam elinden gaýta-gaýta ogşady. Garagöz daýza hem ýylgyrýardy, hem kemiş-kemiş edip, aglaýardy. Ol mahmal donunyň urnama ýeňi bilen gözlerini agyrýança süpürdi. -- Wah, boýuňa döneýin, Omar jan, arda düýşüme giripsiň. Sona pahyram barmyş diýýän. Görgüli:“Ýygnanjamy, ýygşyranjamy toplap, Omar jana at aljak diýip otyrmyş“ Pahyr, edil aýatdaky ýaly-da. Özem, meniň hälki boluşym ýaly, hem gülýä, hem aglaýa. Onsoň, diýdim:“ Ol Omaryň elini goýberdi. – Wah, hakydam gursun. Al, nar iý, obam.—Ol omaryň eline öňündäki topbakdan iň uly, iň owadan gyrmyzygabyk nary alyp berdi.—Onsoň, diýdim:-- wah, ol gara gelin ikigatmyka?—diýdim.Omar janyň ogly bolaýjakmyka?—diýdim. Onsoň, obam, iýdim-içdim-de „ allowwhy äkber, Sona boýdaşymyň alyna barsyn“ diýdim. Wah, nähilidi, nähilidi, gara ýere dözer ýalymydy, pahyr.—Bu mähriban aýalyň gözleri ýene-de gözýaş siuline gark boldy. Omaryň ullakan naryň daşyna oralan owadan inçe, uzyn barmaklary tibirdedi diýäýmeseň, tuituş durky doňup galypdy. Ýene Garagöz daýza garry gaýratlygyny etdi. -- Onsoňam, Omar jan, görgülimiň ölen güni ýetip gelýändir. Seni nähililer görýärdi, görgüli.Öli halky tamakin bolagandyr. Birje nsahar bişirtdejik, ýaşulularyň birini çagyrdyp, „Allahy äkber“ diýdirgin. Seniň edenleriň biziňi ýaly däldir. Göni alyna barar. Seni nähili görerdi, obam. Obada menem sadakajyk ederin. Häzir Omaryň jany Garagöz daýzanyň agzyndady. Ol üsgürdigi, jany tarp edip, hol ýere düşäýjek ýalydy. Garagöz daýzanyň ýüzi üýtgedi. -- Iki manatdan, balam!—Ol narlaryň uluragyny garşysynda duran akmeňiz gyza tapap süýşürdi. -- Köpräk alsaň, arzanjak berjek. Akmeňiz gyz Omaryň ýüzüne ýylgyryp garady-da: -- Süýjümikä?—diýdi. Omar sesini çykarmady. -- Ah, balam, seni aldap, günä galmaýyn. Özüm-ä, şunuň bir dänesini iý, bäş manat berjek diýselerem ýeke dänesinem dadyp biljek däl.Nädeýin, işigimizde çüýräp gutaryp barýar. Aýnaza golak dagy, baryp-ha, awgustyň başyndan bäri Şu ýerde. Jan durmazykda, döneýin, iýýän ýok. Onsoň, alyp gaýdyberdim-dä. Hem, ine şu balany göreýin diýdim-dä. Akmeňiz gyz Omaryň owadan, näzi ýüzüne, uzyndan gelşikli didaryna ogryn-ogryn garady-da: -- Ohluňyzmy, daýsa?—diýdi. -- Wah, jan balam, ýekeje boýdaşymyň oguljygy. Boýuna döneýin. Oglumdanamartygrak-da. -- Bolýa, daýza. Ol gyz ýylyryp, Omaryň ýüzüne garady-da, gidiberjek boldy. -- Waý, çagam, dur, saçyňa döneýin. Dur, gitme, alyp git. Ol gyz yzyna garady. -- Bor, daýza, aýlanyp göreýin, soň geýäýerin. Bu gyzyň ýaňaklaryna naryň aly öwüsgini köýlege saldy. Akja dişleriniň ýalkymy owadan dodaklaryna düşdi. Waý, waý, çagam, me3n saňa satyn al diýemok. Ýaňy eliňi degirenjeleriňi bir al. -- Ýok, daýza! --Wah, daýza diýen diliňe döneýin, ak bala. Hany, al iki sanjagyny. Bu bir bişen aş ahyry, saçyňa döneýin... Akmeňiz gyz gözlerina ýaş aýlap, Garagöz daýzanyň beren ullakan narlaryny bagryna basyp , yzyna garaman , adamlaryň arasyna siňip gitdi. Garagöz daýza rahatlandy. Omaryň ýüzüne hoşamaý nazar bilen garady. -- Obam, takyr-takyr edip, hal- ýagdaýlaryňam soraşdyryp bilmedim. Gara gelnim gurguinmy?Agtyjaklarym nähili? Gyz diýip, gynanmagyn, obam. Gyzam, adamdyr.“Gyzy bolmadygyň gymazy bolmaz“ diýmänmidirler. Gyzy boan bolsa, Sona pakyr ölermidi? Paky şeýle bolanda, ýeke özüm agladym, ýekeje özüm.“Wah, gyzyň bolan bolsa, ýanyma pýoldaş-a bolardy, bajym!“ diýip agladym. Garyp öldüň-dä, Sona jan! Garagöz daýza ýene aňyrsyna bakdy. Soň gyzaran gözlerini Omara dikdi. --Wah, pahyr bolan bolsa, sizi näderdi.Iki geçim ekiz guzlady. Her gyzyma bir owlak inji berendirin. Şuny gara gelnime-de aýt. Ol egildi-de, narly haltalaryny dörüşdiruip ugrady. Omar birneme özüni tutdy. Onuň bu mähriban aýala bir ýagşylyk edesi geldi. „Men ony öýe alyp gideýin. Ol şu pikirinden aňry geçip bilmedi. Ýaş çagaly öýden gelýän zeý ysly, hütdük ýaly otagda bu eziz aýala ýer tapmady.Öz öýünden Omaryň özi utandy. „Wah, abatja öýüm bolsady, sylap, hormatlap, hezzet-hormat etsem. Ýogsa, öýümew äkiden bolsam, hiç bolmanda Aýnazar golagyň agzyn-a dolak bolardy“. „ Omar jan eýle ýaşaýan eken, Omar jan beýle ýaşaýan eken. Gelni beýle eken, çagajyklar beýle eken. Güni-güzerany beýle eken“ diýip, obadaşlarymyzyň arasynda meniň gowy gürrüňlerim-ä dilinden düşürmezdi. -- Haýran, huşum gursun, obam. Haýsy halta salanymy bilemok-da. Sapargül jan: “Eje, Aşgabat uludyr, Omara dşup bilmersiň—diýse-de etmedim-dä, „wah, Sona pahyr bolsanäderdi“ diýdim. Mundan iki elimi burnuma sokup gitsem, nähili bolar, gyz—diýdim. Ur-tut, birjr tamdyr süýtlüje külçe bişirdim. Onuň-a zaýa bolasy ýokla, ýöne, baggoýnumyzy öldürtdim. Şonuňam birje buduny alyp gaýdypdym. Ine, şol islenip, beýleki eder diýip, gorkdum, gelmäberseň. Mazaly, geleniň gowy boldy, obam. Garagöz daýza aşakdaky narly haltalardan çekip çykaran ullakan düwünçegini Omaryň eline tutdurdy.Omar elene bereilen bu agyr ýüli ýerde goýjagynam, ellerinde saklajagynam bilmedi. Garagöz daýza, öýe gitmeseň, bu zatlaram alyp barsam, „getirmänsiň“ diýip, gara gelniň meni öýe goýmaz. Häzir diýseňem, soňurrak diýseňem, men näçe garaşmaly bolsa, garaşaýyn, gitmeseň bolmaz. Garagöz daýza agyr ýüküň astyndan sypan ýaly bolup, elini ýeňiljek salgady. -- Sag bol, obam. Garagöz daýzaň öýüňe baran ýaly gör. Gelnime,agtyjaklaryma köp salam diý. Indi iki gündir,nähili bişeninem bilmedim. Alma jana salam aýtdydiý, Serip goýsun. Sen indi gaýdybyr, balam. Ýaltanmasaň-a, ertirem bir gel. Boýuňa ýene birje guwanaýyn, obam! Omar beýleki obadaşlarynyň duran ýerine tarap garady. -- Hä, Garagöz, içiňi jüwledip otyrmyň?—Bu ses Omary tisgindirdi.Bu ses merginiň jebirli howury bilen ýüregi daglanan adamyň ýoňlamanyň gyzdyrmasyndan e ýmenişi ýaly bir duýgy döretdi..—Bu ýere Aşgabadyň Teke bazay diýerler, Teke bazary. Ol Omar bilen sowuk elleşdi. -- Bu tentek heleýiň öten agşam bir halta naryny göterip gidipdirler.Hah-hah! Aý, seniň bazarçy bolaýşyňdan. Haý, söwdagär bolaýşyňdan. Ýene, sen şükür et. Özüňi göterip äkitselerem biljäk däl ekeniň... Garagöz daýzanyň maňlaýynyň gasynlary çuňaldy. -- Alsalar meniň narymy alypdyrlar. Sen nämä guduraýaň, haram golak. Nesibämizde ýokdur. Mugt alan bolsa, şularam alyp gitjek. Halys boldum, bazarda daňylyp oturmakdan. Aýnazar golak üşerildi. --Mugtmy, hä? Mugt däl, baryny bir manatdan berseň, duran ýerinde hemmesini men alaýyn. Ýöne, erkek bol! Garagöz daýza gep alyp galmady. -- Duşa-gumra dökerin, ýöne welin Garagöz naryny Aýnazar golaga satypdyr diýen ada galmaryn, deüşündiňmi? Özüňen bar, işiň bilen bol, ugra ýu ýerden basymrak... --Diýdim-ä, içi jüwläp dur diýip. – Ol ýakymsyzja hikirdän bolsa-da, öňki hörpinde däldi.—Gerek däl-how, naryň, men oýun edýän. Öz narymy satsam, han boldugym.—Ol elini Omara uzatdy.—Ine, şuny gördüm-de, bir habar aýdaýaýyn diýip gaýdyberdim. Omar bu adamyň bihaýa ýüzüni, Garagöz daýzanyň haýbatyny eşidip, özi duýmazdan agyr oýa gark boldy. ... Uruşyň yz ýanlarydy. Kolhozyň ähli derdini aýallaryň çekýän döwürleridi. Garagöz daýzalarda onuň öz ejesi bilen Garagöz daýza orta düňderilen jamyň üstünde goýlan çyranyň daşynda oturyp, keşde çekýärdiler. Bie gapdalda Omar keçäniň üstüne süýnüp, „Zöhre-Tahyr“ dessanyny hetjikläp okaýardy. Eli-gözi gaýmada bilsa-da, aýallaryň gulagy Omaryň agzyndady. Dessanyň iň dartgynly ýerinde, Hasan şugulyň Zöhre jan bilen Tahyr jany Babahan patyşa şugullap, Tahyr jany bendi edip, soň derýa atýan ýerlewrini okadýardylar. Şonda aýallar: -- Wan, Hasan şugulyň öýi ýykylsyn-da, öýi ýykylsyn—diýişip, gargaýardylar. Zöhre janyň, Tahyryň ejesi Şahy hubanyň patyşa ýalbaryp:“Şa, meniň Tahyrym azat eýlegil“ diýen ýerlerinde hasrat bilen gözýaş dökýärdiler. Şeýle gijeleriň birinde, wagtýary gijeden öten mahaly şu Aýnazar golak içeri kürsäp urupdy. -- Hä gelinle, mesjemisiňiz? Omar şonda-da bir tisginip gidipdi. --Geliň, geçiň—diýip, öý eýesi bu çagyrylmadyk myhmana dil ujy mürehet edipdi. --Aşyklyk kitabyny okaýaňyzmy? – Ol bihaýaja hikirdedi.—Kitapda, baş heziuldir-ä. Emma durmuş beýle däldir. Durmuşyň öz kadasy bardyr. Kitapdaky ogşalyşy bilen, goç ýigidiň gaňryp dodaklaryňdan sormasynyň arasynda Ýer bilen asman ýaly tapawut bardyr. Garagöz daýza oturyp bilmedi. -- Näme diýjek bolýaň, han? Aýnazar golak okamasyny goýan Omara gözüni gypdy. --Meni golak gördi, Sona gelin. Ussany sagat gördi. Pelegiň oýnuna bak, indi. Men, golagam bolsam diri galdym. Emma, Ussany bolsa Ýer ýuwutdy. -- Senem Hudaýdan dilhat alan dälsiň. Ýeten wagty senem gidersiň. -- Ýok, mewniň diýjek bolýanyma düşünmediň, Garagöz!Bagty kowalap alyp boljak däl ekeni diýjek bolýan, men. Garagöz daýzanyň sesi gaharly çykdy. -- Şony aýtmaga gelen bolsaň, göteril, şu öýden. Omar Garagöz daýzadan şonda razy bolupdy.Ýöne, çep goluny bölek-bölek edip, gujagyna alyp oturan adamdan gaty gorkdy. -- Haha, maňa bar diýsem etmedi., indi çeksin ärsizlik derdini.Sona, sen Hudaýyňdan tapdyň. Men şony aýtmaga geldim. Indi başy telpekli görseň, süňňüňi saklap bilmän, iniňi tisgindirde ýörüber. Oşyklyk kitabyny kan bolup... -- Wah, seniň telpegiň başyňy iýsin, ýezit! Omar jan, hany, şol gyrkylygy alyp ber maňa. Ýer çekeniň böwrüni garaldaýyn-la! Aýnazar golak ýumlukdy.Ýöne, onuň telpegi işigiň depesine degip, zyňylyp baryp, edil çyranyň gapdalyna düşdi. Ol telpegini almak üçin yzyna-da bir dönjek boldy. Emma Garagöz daýza eýýäm gyrkylygy eline alyp, ýetip gelýärdi.Ol häzir adam gaýgyrjaga meňzänokdy. Şol gije Garagöz daýza Omarlaryň öýünde ýatypdy. Ertesi bolsa, ol Aýnazar golagyň telpegini kolhozyň başlygyna eltyp beripdi. Şodur-da- şodur, Aýnazar golagyň alyp bilmez agyr ýagysy Omar bolupdy... Şondan bäş-alty ýyl geçenden soň oba bir agyr habar ýaýrady. „Ýene uruş turjakmyşyn.Dagyň aňyrsyndan sansyz uly goşun ýetip gelýärmişin“ diýip. Bu habar öňem uruş diýen beladan bagry deşilip, gözleri gaty gorkan adamlaryň zähresini ýaerypdy. Bu habary eşiden adamlar işden-güýçden bizar bolup, iki jahan owarrasyna dönup galypdylar. Çagalar mekdepden galdy. Eger üstümize duşman döküläýse, ahmal galmazlyk üçin, ätiýaçlyk zatlatyny düwüşip, etrap merkezine eňmäge taýýar bolup otyrdylar. Iki-ýewke ugran hem ýok däldi. -- Eje, biz näderis. Men gorkýan!—diýip, Omar ejesiniň gujagyna gysylypdy. -- Hany, goý, oglum, il bilen gelen toýda-baýram—diýipdirler..Beýle zat ýokdur. Bu bir Aýnazar golak ýalynyň tapyp ýören gepidir, hany, goý. Adamlar gitdiler. Özem Sumbar derýasynyň çille mesi bolup akýan mahaly, siliň läbik suwuna urup geçip gitdiler. Galan bir-ä Omarlar, birem Garagöz daýzalar bolupdy. Ertesi bu iki naçary etrabyň belli edarasyna çagyrypdylar. -- Eje jan, näme bolýar. Eje, näme diýdiler?—diýip, giç agşamlap öýlerine dolanan ejesibden Omar sorapdy. -- Balam,!—Omar ejesiniň buza dönen golundan tutdy.—Balam, şu obadan göçeli.Şol ýaşy ýanan Aýnazar golagyň özündenem, ýalan-ýaşryk töhmedindenem bez-bez boldum, balam. Omar ejesiniň perýadyny ahyryna çenli diňläp bilmedi. Bu zatlaryň hasabyny çaltyrak çykarasy geldi. -- Wah, balam, onuň meniň ýüzüme durup aýdýan zadyny il-gün bir eşitmesin. Ol bir garyp naçara ganym boldy-la. Ýetimleriň ýagysy boldy diýde, goýaý, ony... -- Sen ýetim däl-ä, eje. Men bar-a, men ony öldürerin. Öwlüýä kessin, öldürerin... Omar özüne geldi. Elindäki içi külçeli , etli, almaly-narly saçak ýerde ýatyrdy. Garysynda-da, Aýnazar golak agzyny jallardyp, it ýylgyryşyny edip durdy. Eh-eýt! Men aýtmadmmy? Tat alsaň, tat bolarsyň, kürt alsaň,kürt bolarsyň. Ine, bu tenegem, aldy bir kürti, özem indi halys kürt bolup gitdi. Omaryň ýigit gany depesine urdy. -- Agzyňy onda-munda urma. Ýogsa, häzir tumşugyňy gan ýalan ganjygyňky ýaly ederin. Aýnazar golak birküç ädim yza çekildi. -- Ho-haýt! Dogrusyny aýtsaň ýagryňa basylan ýalydyr, hä. Sen eşeklik etseňem, men- adamdyryn. Ýogsa, şu kepiň üçin: “Birinji gruppaly uruş ernwelidine haýbat atdy“ diýip, gözüňi Büzmeýinde açdyrardym welin... Garagöz daýza Omaryň öňüni gabsalady. Haý, porsy maslyk. Bu çaga saňa degenok, dolaşanok. Özüň geldiň, özüň üýrdüň, indikiň näme seniň. Gümüňi tapdiýmedimmi, men saňa, gümüňi tap. Aýnazar golak köşeşer ýaly däldi. Daşyna üýşen bazarçylarygörüp, hasam elden , aýakdan çykdy. -- Görüň-eý, il-gün. Görüň, bu çöpdüýbiniň uruş enwelidini nädýändigini görüň. — Ol çagşap ýatan çep elini silkeledi.—Men şular ýaly burny pohly üçin elimi gyzan söweşde goýup geldim. Şular üçin!—Ol märekä hasam göterilip, ýeňini tirsegine çenli çermedi-de, üç-dört bölek bolup ýatan bilegini bulaýlady. Omar erbet utandy. Ýöne ol ýüreginde telim ýyllar bäri gaýnap duran gazabyny sowadyp bilmedi. Ol başardygyça ýuwaşja gepledi. -- Seniň eliň nirede döwülenine tutuş obadaşlaryň ýetik. Sen, sen, utançsyz adam... Adammlar ara düşdüler.Olar Aýnazar golagy hoşamaýlap alyp gitdiler. -- Bäý-bä, bu eýýamyň ýaşkiçisinde-de utanç-haýa galmandyr. Ýaşuly adam bilen näme işiň bar. Burana ýaşuly çyny bilen käýindi. -- Wah, aga, bizar-la. Bu oglanyň üstüne onuň özi gelip, dökülip dur. Ýaşuly ylalaşmady. -- Gelin, küpür keplemezler. Men gulagym bilen eşitdim-ä, ol oglanyň“Tumşygyňy gan ýalan ganjyga döndererin“ diýenini.Heý, adama-da beýle sözi aýdyp bolarmy? Onda-da ataň ýaly adama. Garagöz daýza ýangynly gepledi. --Diýse, hakyndan çykýar, şonuň. Towza hakyny alýandyr, ol ýaşy kesilen.Şolmy, adam. Wah, onuň adamlygymy, sen meni ýakma... Ýaşuly mundan aňry sanaşyp durmagy artykmaç bildimi, ýa gahar gaty geldimi, öz ugruna gitd. Omar Garagöz daýza bilen hoşlaşyp, ogurlygyň üstünde tutulanyňky ýaly duýgy bilen bňazardan çykdy. --Dur—diýip, Aýnazar golak onuň garşysyndan çykyp, saklady. Omar ýene özüni gepe goýar duýgusy bilen bir gyra çekilip durdy. -- Indi näme gerek? Aýnazar golak kesmekläp giden dodagyny ýalady. Meniň ikinji bir aýtjak zadym bar. -- Aýdyber! -- Gaýtmankam, Mejit dädeňi görüp gaýtdym. Ol senden ýandy. Öýleneniňde bäş-on günden getirerin diýip, müň manat alypsyň. Bir topar adamyň arasynda aýtdy. „Henizem getirip berenok“ diýdi.“Tokmaga“ ýazdym“ diýdi. Indem, etrap süýdüne berjek bolup ýör. -- Haçan men müň manat alypdyryn? Bar, ony agaňdan sora. -- Men agamdan alan bolsam, agam bilen özüm oňuşaryn, ýöne, seniňki näme. Sen nämä guduraýaň? Omar obadaşynyň gözlerindäki haýasyz ýylpyldydan başga zady görmedem, onuň aýdan sözünden başga zady eşitmedem. (dowamy bar)... Öwezdurdy NEPESOW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |