17:09 Emgek - 3 / powestiñ dowamy | |
4.
Powestler
Bazardan daşlaşdygyça, Omaryň ýüreginiň başyndan asylyp duran daş kem-kemden ýeňledi. Düýşünde görende gorkusyna tisginip oýanýan bu adamdan daşlaşdygyça, onuň derisi giňedi. „Wah, şonda öldürmeli ekenim. Eje jan, adama el galdyraýmagyn, gargyş alaýmagyn“ diýdiň durduň-da.Ýogsa, atardym, dynardym-da. Goý, soňy nirä degse degibersin“—diýip,Omar dişlerini8 jygyrdadyp gaharly oýlandy. Ýene Sona ejäniň jebirli keşbi onuň aňynda janlandy.:“Ony men öldürerin, özüm öldürerin! Öwlüýä keesin özüm öldürerin!“ Şol elhenç gün lowlap duran otdy. Omaryň lowlap duran duýgulary şol oda özüni urdy.Saklatmady.Özem ganatlaryny gyrdyryp, ýukajyk tütüne öwrülip, Omaryň ýüreginde sorkuldap duran ýara ýelmaşdi. .. Omar şonda ylgap daş çykypdy. Töňňäniň üstünde duran aýpaltany eline alyp, Goňşulary Aýnazaryň işigini depdi. Içerden Aýnazar golagyň ogly tasanjyrap çykdy. --Bolşuň nähill-low! -- Bolşum şu meniň. Çyksyn, kakaň gapa.Aýpalta bilen kellesini pytyratmasam, içim sowamaz meniň, Nany, kakaň?! Daşky gapy jygyldady.Oňa çenlem Omaryň eli demir gapjadylan ýaly bolup, gaňryldy.Agyry demligine dykyldy.Aýpalta patylap, ýere gazdy.Omar bu içeriniň zähresini ýaryp gygyrdy. Atal ogul ony depip-depip, tultukly suwa dönderip,Äkidip, işiklerine taşladylar. Omar şonda adam öldürmeden geçen, tas onuň özi ölüpdi. -- Ýok, eje, aglama, men ony hökman öldürerin. Olar ýaly adamyň il içinde gezmäge haky ýokdur. Eger, şol bu dünýäde ýaşamaly bolsa, onda men bu dünýäde ýaşamaryn. Garagöz daýza gözlerini girýan edip zeýrendi. -- Olar bir ganojak ahyryn.Özi özelinden atyp, gaýadan ýykyldym diýip, uruşdan galyşyndan onuň köpbilmişdigini bileňokmy? Nemisi ýeňendöwletiň gözüni-başyny aýlap ýör ol. Onsoň, bujagaz ýetim naçar bilen, bu ýetim oglanyň näme, onuň ýanynda. Sona daýza ogly birneme bäri bakansoň az-kem begenjinden birneme açyldy. -- Özi, ahyry, soňy turanyň:“Uruş turdy. Dagyň aňyrsyndan goşun süýşüp gelýär. Diýipdir. Enkebedeler sorasa-da:“ Men bu gepleri Ussanyň heleýi Sona bilen Gandymyň aýaly Garagözden eşitdim“ diuýipdir. Wah, meniň günüm, başyňa guýulsyn, ylahym. Omar iňledi. -- Men ony öldürerin, eje.Seniň aryňy alaryn, eje jan... Omar dişlerini jygyrdada-jygyrdada,bu haýyn adam bilen söweşe, söweşe, onuň aýdan her deliline jogap bere bere öýüne golaýlady. Öz kepbejigini görübem, birhili derdi ýeňlän ýaly boldy „Nesip bolsa, oglum bolar!“ Ol ahyr soňy, şu süýjümtik duýgular bilen işigi açdy. -- Alm-a-a! Emma içerden Alma çykmady. Omar içeri girensoň, gujagyndaky goşlaryny emaý bilen oturgyjyň üstünde goýdy. -- Leýlm! Leýli jan! Içerden ses çykmady, „Wäh, bular nirä gitdilerkä?“—Omar köwşüni çykaryp durşuna aladaly oýlandy.Onuň gözi keçäniň üstünde göze ilgiç bolup ýatan ak kagyza düşdi. Ol kagyzy galdyrdy. „Omar!“ Ol iri-iri harplar bilen ýazylan jümledn aňyrsyny okap bilmedi.Ol sermenekläp, elektrik çyrasynyň düwmesini gözledi. Ýöne ony tapyp bilmedi.—Ýok, ýene tok kesilendir—diýip, oýlandy.Ol elindäki kagyzy titredip, daş çykdy. „Omar! Men mundan artyk çydamok. Özüm owarram diýsem, çagalary halys maýyp etdi, bu bu gabyr ýaly çygly hütdük.Men öz balamyň ganhory bolup biljek däl...“ --Gidiň! Ataň öýüne däl, baryň babamyň aýak ujuna gidiň. Jähenneme gidiň... Omar silkinip, silkinip aglady. 5. Otagyň içi garaňkydy, çyglydy. Ýöne Omar welin şu sowuk, çygly içeriniň özi ýaly, boşap galypdy. Onuň özi diri jesede meňzeýärdi.Häzir onuň ýadaň,ynjyk başynda diňe iki pikir gezek-gezegine at salýardy. „ Bu gün nähili gün boldy?“ diýip, ol başyndaky pikirleriň esasysynyň jylawyndan pugta ýapyşdy. „Mejit dädemden kim müň manat alypdyr?Aslynda şol müň manatly gürrüň, gel-gel, aýry-başga şu gün nireden gelipdir? Mejit dädem näme üçin „Tokmaga“ meniň üstümden areza ýazmaly. Bu gürrüňler, ylaýta-da, men onuň ýadyna nireden düşüp ýörün? Bu gürrüňleriň arasynda, Aýnazar golagyň ne göri bar. Aslynda, bu gepleriň barynda şonuň eli bar bolaýmasyn?“ Omar Aýnazar golagyň özüne beýle ýüregiňden çykmaz ýaly kast edip ýörmesiniň teýkaryna düşünenokdy. „Oba gewp-gürrüňleri, dawa-jenjeller. Ol etjegini etdi. Indikisi näme.Men bir adam ogluna degemok, dolaşamok. Ejem pahyr ýogalansoň-a, oba-da baramok.Onsoň, özüne azar bermeýän, oňa hiç babatdan päsgel bermeýän bir ýetim oglana munça azar berip ýörmek, şonuň ýaly ýaşuly adama uslypmyka? Ýok, bu ýerde meniň bilmeýän, düşünmeýän, özüm bilen gytaklaýyn kesişýänje bir bähbit bolaýmaly!“ Omar ahyryn belanyň uşlybyny tapdym hasap etdi. „Indi, men bu emgeklerden nähili dynmaly?“ Ol bu gün başynaz düşen emgekleri gaýta-gaýta ýatlady. „ Mejit dädemiň arzasyny, müň manat pully gürrüňi bir ýaňalyp etmeli. Men oba gitmeli!. Puly kimiň , haçan alnanyny anyklamaly. Häzir maňa şondan uly bela ýok. Şol meseläni çözüp bilsem, „Tokmak“ meselesem, Aýnazar golak meselesem üstümden sowulýar. Alma meselesini häzir gozgamaýyn. Ertir, birigün dynç günlerim. Men oba erte agşam otla münsem, birgün aňgşamlap dolanyp gelýän. Şondan soň, Almanyň göwnüni taparyn. Juda bolmasa, bu jaýymy satyp,şäherde kireýine otag taparyn. Öz taýyňy, çagajyklaryňy surnukdyryp bolmaz.“ Bu pikir Omar üçin iň dogry, özi üçin elýeterli pikir boldy. Ol birhili janlanan ýaly boldy. Ýerinden turup,ýüküňiň aşagyndaky, Alma bilen ilkinji gijeleri ýapýnan ýorganlarynyň gatyny eliniň tersi bilen ileri-gaşra syrdy. Almanyň:Puly şol ýorganyň gatynda goýaýjak“ diýeni onuň ýadyndady.Düwünçek eline ildi. OL akja düwnçegi çykdy-da, hälki ýatan ýerine oklap goýberdi. Ol düwünçege seredip durşuna, jübilerini çöwürdi. Bary ýogy on dört manadybar eken. Ýeter!—diýip, gysgajyk oýlandy-da, ýene ýassyga gyşaryp, düwünçekdäki puly sanady.—Müň manat! Omar ýene oýa batdy. -- Men erte agşama garaşmaýyn. Irden awtostansiýa baryp, Gyzylarbada çenli awtobusa müneýin. Garrygala çenlem, ugurdaş maşyn taparyn... Indi onu1ň üçin bary birdi. Ol öz abraýyna zeper ýetiräýjek deşijekleri beklemegiň ýollaryny tapypdy. --Abraýyma zeper ýetmese bolýar. Öl ýetimligiň jebrini kän göreni üçin, diňe bir zatan gorkýardy. Aslynda-da,Omar diýseň edepli-tertipli adamdy. Onuň okuwyny tamamlap, „Sowet Türkmenistany“ ýaly gazýetiň redaksyýasyna işe baryp, ýeke sapar işe gijä galanyny, giden ýerinden dişlije material getirmän, buýrulan işi oňarman, ýa nobatçylyga, beýlekä gijä galyp gelenini gören adam ýokdy. Ony redaksiýada biçak bek sylaýardylar. Onuň makalasy çap ediläýdigi, şol makalany gowy görüp okamadyk, ony gutlamadyk, onuň ýazan makalasynyň baýrak alman galan sapary ýokdy.Ony ýekeje zatda aýyoplap bolýardy. Olam, Omar işe täze gelipdi. Şonuň üçin, jaý almaly bolanda-da, partiýa çilenligine götermeli bolanda-da, wzipä bellemeli bolanda, dişlije makala ýazyp getirmeli ýerinde, respublikanyň gyrak bujak ýerlerine adamlaryň gidesiniň gelmeýän, ulagyň beýlekiniň seýregräk ýerlerine gitmeli biolsa, Omary tapýardylar. Omar üç meselä degişli ýerine: birinjiden, abraýyna çirk geläjek ýerden, ikinjiden, jaý almagynda päsgel geläýmeli ýerden, partiýa çlenligine geçilende „Aý, şu oglan şoňa mynasyp däl“ diýiläýjek ýerden, bölüm müdiri-beýleki edilmeli bolanda gep-gürrüň geläýjek ýerinden hemişe seresap bolýady. Ýöne, düýn ol haýran galaýmaly ädimleri edip goýberdi. Redaktoryň ýüzüne geldi. Öz agasynyň üstünden „Tokmak žurnalyna ýazan arzasyny şeýle sowuk ganlylyk bilen kabul etdi.Bu žurnalyň redaktory bilen deň-duşy ýaly, arkaýyn gürleşip bildi. Bazarda çekinmän, Aýnazar golaga öz ýigrenjini duýdurdy. Öň beýle häsiýeti ol arzuw edibem biljek däldi. Ol bazardan çykyp redaksiýa jaň edende-de onda öňki çekinjeňlik ýom-ýok bolupdy. Hoja Akgaýewiç! Obadan agyr habar geldi. Kakamyň agasy bardy. Şol agyrmyşyn. Men häzir şoňa barýaryn! Bölüm müdiriniň sesi birhili ynjyly çykdy. -- Weh, oglan, soramaň näme. Erte-birgün dynç güni. Soň galmaly bolsaňam habar edäý. Git, hökman git oňa... Pul ýagdaýyň nähili? -- Oňuşarlyk bar. Onda sag boluň. Indi onuň ýekeje aladasy bardy. Olam, öz agasynyň alyna baryp, onuň özi baradaky ýakymsyz geplerini diňlemekdi. Ol irde-giçde öz agasynyň özüne eden hemaýatyny ýatlady. Bir sapar ol Aşgabada gelýärkä Gyzlarbadyň bazaryna sowuldy. Ol şol ýerde Mejit dädesiniň odur-budur satýandygyny eşidipdi. Bardy, gördi- görüşdi. Gaýtjak bolanda Mejit dädesi oňa üç manat pul berdi. Omar puly aldy. Agasyndan minnetdar boldy Hoşlaýan mahaly Mejit aga: -- Aşgabatda bar bolsa, bäş-on sany gülli çemçe getir—diýdi. Omar oňa şol pul çemçe üçin berildi diýip hasap etdi.Emma ol, şondan soň tä öýlenýänçä agasyny görmedem, oňa gülli agaç çemçesini getiribem bermedi. Onuň muny edere elem degmedi. Ýöne bir sapar onuň ogly Mämmik Aşgabada , Omaryň ýaşaýan umumy ýatakhanasyna aýaly, ogly, gyzy bilen baryp, bir gije ýatyp gaýtdy. Olar Omar dagy okuwa gitjek mahallary: -- Men gelnejeňi keselhana getirdim—Diýdi. Soňam Omaryň eline otuz üç manat berdi. Mämmigiň aýaly keselhana girdi. Omar onuň yzyndan çaý- sçýji, köke alyp bardy. Gelnejesi gaty närazy boldy. -- Şonam utanman getirýäňmi?—diýdi. -- Men size başga näme getirsemkäm? Gelneje sanap başlady: -- Jigiňe on iki manatlyk çaga welosipedini getir. Maňa-da, aýal adam geýer ýaly, finka getir. Soňam, jigiň içer ýaly goýaldylan süýt getir. Bu dermanlaram ýüregimi syryp barýar, bazara bar-da, gowurlan towuk bilen iki sany tamdyr çöregini getir. Omar oýurganyp onuň ýüzüne seretdi. -- Näme gözüňi çerreldýäň.Mämik saňa elli manat berdim diýdi. Yzyňdan her gün gatnap, näme isleseň getirip berer diýdi. Bolmasa-da, şol puly yzyna ber, özüm getirtmäge adam taparyn. Omar ýylgyrdy. -- Şeýdäýsen-e, gelneje. Barybir, bizi ertir Tejana pagta sürýärler. Ýöne,Mämik maňa elli manat däl-de,otuz üç manat berdi. Men şonuň bir manadyny sowaýypdyryn. – Ol jübüsinden çykaran otuz iki manadyny tumboçkanyň üstünde goýdy-da, hoşlaşyp, çykyp gaýtdy. Ertesem olary pagta ýygmaga Tejen etrabyna sürdüler. Şonuň üçin yzyndab barybam bilmedi. Ine, Omaryň özüni bilip, öz kakasynyň beýleki hossarlatynyň elinden ýekemanatlyk sowgat-serpaý alan bolsa, itiň etinden haram bolsun... Şol adamlaryň ejesinemüň manady berip goýberjegine Omaryň ynamy azdy. 6. Awtobus ugrady. Gijesi bilen alasarmyk oýlara gark bolup, oňly ukusynam almadyk gözler bürülip başlady.Omar süňňüniň az-kem ýeňlänini duýdy. Tekiz ýol bilen parlap barýan awtobuz, arassa aýnanyň aňyrsynda çeşme suwuna düşünip ýören gelin ýaly alaň-açyk meýdan dideleriňi soguryp barýardy. Baglaryň üstüne dürli reňke batyrylan ýüň serilen ýaly täsinligi juwanlyk hyjuwyňy höwürtgesinen uçuryp goýberýärdi. Omar ýpoly öňem gowy görýärdi.Asyl, ýüreginiň teýinde şygra meňzeş sözler, sözlewmler çoguberýärdi.Kimdir birini göresi gelýärdi. Onuň Gurnadurdy diýip bir çagalyk dosty bardy. Ol okuwa synanyşybam, girip bilman, indi obada şofýor bolup ýördi.Häzirem, başlygy bilen Aşgabada göçüp gelenmişin. Onuň başlygyny ministrlige ýokary çekenlerinde, olam Gurbandurdymy öz ýany bilen alyp gadanmyş.Omar ýola çykdygyGurbandurdyny ýatlardy. Onuň bilen ýene birje sapar duşuşyp, derdinişmegi arzuw ederdi. Hut häzirem, onuň ýadyna Gurbandurdy düşdi. „Sen Aşgabadyň niresindekäň, doganym?“ Gurbandurdy Omaryň obadaky durmuşyna. okuwa girişine gaty beletdi. Elbetde, Omar elpe-şelpe gün gören adam däldi. Ol okuwa aty kynlyk bilen giripdi.Ol okuwa girenden soňky kynçylyklaryny ýatlamajak boldy. Ol diňe uniwersitetiň gaýbana bölüminden üç sapar gündizki bölümindenem iki sapar ýykylypdy. Ol her sapar okuwdan geçip bilmän, oba baranynda çeken hasratlaryny häzir ölçäbem, ölçeribem biljek däldi. Ol hasratlar kesgir gylyç ýaly agyr dert bolup, onuň ýüreginiň bir ýerlerinde gemrä öwrülip, öz wagtyny peýläp ýatan bolmaly. Ahyr bir gün agyr wulkanlar ýaly bolup atylar diýibem gorkýardy. Şunuň ýaly, ýola düşüp, beýleki edip ýüregi galkynanda, ol:“AÝ, tente-gäý, sen, okuwa gidip, şunça ýykylyp geli, munça harç edip, işiňi gutarypsyň. Beýdip iki baka tentiräp ýöýrenden, işlew, birneme poul ýygnap, öýlen“ diýip akyl satýanlaryň sesini eşidýärdi. „Ýykylan göreşden doýmaz“ diýenleri boldy. Omar pýene gaýtdy. Ýöne, bu sapar okuwa girip bildi. Indi täze aladalar başlanypdy. Aşgabatda ejeň ýokdy. Özi iýmän:“Tur, balam, muny ýi, muny iç“ diýip duram. Hasam gyş gaty erbet horlandy. Ol gyşy ýöne agza-da goýaý. Kireýine alan otaglarynda ne ot bar, ne ojak. Iýere, içere-de zat ýok. Ol stependiýä çenli, bäş-alty günläp aç gezibem gördi. Ýöne, indi ol kyn günleň bary yzda galdy. --Arada Şeker gelnejeň geldi, oglum. Ol „Mejit dädesi adamlaryň içinde Omar jana otuz manat beripdir“ diýdi. Ýanynda oturan adamlaram:“Mejit aga, sen tüweleme, gaty zor adam.Iniň ogluny hor-zar edeňok“ diýipdirler. Şolaryň çemçeli gürrüňi nähili boldy. Omar ejesiniň bu sözüne ýylgyrdy. -- Eje, ol maňa otuz manat däl-de, üç manat berd-ä.Onsoňam, men çemçäni nireden alaýyn, olaryň hersi bir manat.Men öz günümi zordan görýän.-ä, jan eje... Aşgabada baransoň Omar ejesinden hat aldy. „Jan balam, bular meni halys goýanoklar. Ine, saňa bäş manat, bäş sany çemçe alyp iber...“ Bukjanyň içinde hat bardy-da, pul ýokdy.Ýöne, onda-da Omar çemçe almaga bazara iki sapar bardy. Birind-ä ,ýanynda ýeterlik puly ýok eken. Ikinji sapar, oba gaýtjak gabatlary bardy. Onda-da, her näçe ters aýlansa-da, gülli çemçe tapmady. Şeýdibem, şol çemçeli gürrüň eneli ogluň maňlaýyna tagma bolup galdy. Ejesi pahyryň ýogalan, beýleki belli günlerinde-de, şol çemçeli gürrüň telim gaýta agzaldy.Emma şondan soň, Omar bu gürrüňe kän bir gulagam gabartmady. Omar gapdaldaky oturgyçda oturan ýaşulynyň ýüzüne garap ýylgyranyn duýman galdy.Ýaşulam ýylgyrdy. -- Ýa meniňki ýalňyşmy, ogul? – diýip, döşündäki „Şöhrat „ ordeniniň üçüsi şildiredip, asylyşyp duran ýaşuly aýtdy. Omar „hawa“ diýen manyda baş atdy. Dogrusy, ol bu ýaşulynyň näme diýýänindenem habarsyzdy. Ýaşulynyň gürrüňini tassyklasa-da, oňa goşulma meýli ýokdy.Ol başga zada ýylgyrypdy.Oilam Mämigiň Omara pul berişi bilen, onuň aýalynyň ol pulky yzyna alyşy bilen baglydy.“Herne, şol puluň gürrüňi edilenok. Şoňa-da şükür“ diýip, ol başyny ýaýkady-da, baýyny oturgyjyň arkasyna berdi. 7. Ine, bolaýdy—diýip, hälki nurana ýaşuly Omaryň ýanyndaky boş ýere geçip, jaýlaşykly oturdy. -- „Ýylanyň ýigreneni narpyz, olam hininiň agzynda bitermiş“ diýenleri boldy.—diýip, ýaşuly hüňürdisini goýmanka, öňdäki oturgyçlaryň birinen: -- Seniň ýaly ýylanlar dälmi, dünýäni bulap ýörenler. Sakalyň bişse-de, beýniň çig seniň. Ýogsa, ömrüň boýuna ýamanlyk edip geldiň. Indi bu aýal-oglan –uşagyň arasyndakyň näme, indi.--iýip, çakyr sesli ýaşuly oňa azgyryldy. Omar çakyr sesli ýaşulynyň ýüzüni görüp bilmedi. Ýewrli-ýerden „goý-da-goý“ bolşup, onuň sesini goýdurdylar. -- Wah, indi men „ýylan“ boldum galyberdimmi?—diýip, gapdalyndaky ýaşuly nurana ýüzüne gelişmeýän gazap bilen gaşlaryny çytdy. Nuranalyk onuň ýüzündäki gazabyny bada-bat ýuwutdy. -- Men şular ýalylar bilen bir obada ýaşaýanyma däl, bir jahana inenimenamys edip ölüp bilmän ýören halyma, Bir awtobusuň, bir oturgyjyna düşýän oturberýän, ogul. Gör, bu pelegiň oýnuna, hä-äk... Öňdäki ýaşulynyň diňe gulagy pakgaryp görünýärdi. Omaryň göwnüne bolmasa, şol gulagyň gözi bar ýalydy.Sähel däl hereket etseň, görüp duran ýalydy. Nurana ýaşuly Omara tarap gysmyljyrady. Ýöne hiç zat diýmedi. Oba barýaňmy?—diýip, Omar gyzyklanyp sorady. -- Gyzylarbada!—diýip, bu ýaşuly öz obasyna barýanyna gaty gynanýan ýaly bolupaýtdy.—Frontda bileje bolan oglanym bardy.Şol ýogaldy, neresse. Üstüne zordan ýetişdim.Düýn ýedisini sowduk.Yzymdan ynjalmadym. Aýsenemimiň hem aýagagyrsy bardy.Baş çekmesem, ýadyma düşdi durdy.Ýogsa, neressäniň kyrkyny sowuşyp gaýdybermelidim.Wah, inim, adam bolup bu dünýäse ýaşajak bolsaň,gün diýdy, güzeran diýdi, halys adamçylykdan çykarýar, köşegim.Ýaşuly töwerginew birlaý göz gezdirse-de, ýoldaşy taýdan gözlerini bökdürip geçirdi. -- Ýok, inim, halys goýanok, halys goýanok--diýip, gapdaldaky ýaşulam birden ýanjynyp gürledi.—Elli ýyl bäri goňşy otyrys, elli ýyl bärem, şeýle.Ýüregi pis, bahyl. Halys görüp bilenok, meniň ýagşy günümi!.. Omar gapdalyndaky ýaşula gözüni aýlady.“ Ýaşuly gaty göräýmesin-dä, hernä“ diýip , gorky bilen oýlandy. -- Sen , özüň nirä barýarsyň?—diýip, ýaşuly göwnübir halda sorady. -- Garrygala, agamy soramaga barýan—diýip, Omar ýalan sözledi. Ýogsa, ol dogrusyny bu dara-direlikdenädip aýtsyn. -- Bolsa-da, gözleň-ä ünjüli, köşegim.Ýa agyrmydy? Omar ýene-de ýalan sorady. Agyr diýip habar geldi. Ýaşuly oýa batdy. Elinden gidip barýan müň manat, „Tokmaga“ ýazylan arza. Beriljek, berilmejek jaýyň aladasy , Aýnazar golagyň iniňi titiredýän gepi-gürrüňi ýadyna düşende,Omaryň kükreginiň başy daglanyp, daglanyp gitdi. „Men ol puly, bu abraýy nädiplerýygnadym! Nadipler. Gyýylma, köşegim.Gelen gitmeli dünýädir by.ÖzünemMagtymguly babaň aýtmanmy:“Peder bize miras goýmuş bu derdi“ diýip.Peder diýmek, ata-baba diýmekdir. Hany, heý, olardan galan barmy?Ýokdur! Ýöne, ölüm bar, ölüm bar!Kim ölýä, iline hormatyny goýup gidýä, kim ölýä, iline melamatyny goýup-goýup!Iň kyny, bergidar bolup gitmek. Şol iň kyny, köşegi8m... -- Wah, bergiň bilen haklaşsaň bor-la. Ýöne, kyny, garyndaş garyndaşy derde goýýar. Ondan öleniň gow-a. Omar öz agyran ýerini tutdy. Ol muny Mejit dädesiniň öz juwan kaslbyna salan derdi-dagyna çydaňman aýtdy. Gerek bolsa, ugruny tapyp, öz derdini bu ýaşula ilik-düwme aýdyp bermek üçina aýtdy. Ýaşuly dymdy.OL maryň sözüni ýa eşitdi, ýa eşitmedi. Ýa bu oglantak ýigide kän bir pisindi oturmady.Ýa-da onu saldarlap görmek üçin, terezisine mündirmek isledi. -- Wah, köşek, ölmek, elbet-de gowy zat däl.Ýöne, dirisi bardyr, ölüsiniň hormatyna degmez.Näçe, gül ýaly ýygytler agyr jeňlerde galdy.Olaryň görmeli hormat-sylagy, olaryň g gazanan şöhratam bize galdy. Omar öňdäki hatardaky ýaşula gözüni aýlady.Ol ýaşuly irkiljiräp otyrdy. -- Ol meniň öňki kamandirim.Frontda patiýa girdi. Gelibem raýispolkomyň başlygy boldy. Soň oba hojalyk uprawleniýesiniň ketdesimiň, raýkomyň oba hojalyk boýunça sekretazrymyzyň, raýon gazetiniň redaktorymysyň, , aý, garasaý, garny kädilileriň biri bolup, döwranlar sürüp ýaşady.Oglyny uly okuwa saldy. Ony agyr howluly, maşynly etdi. Gyzyna komunal jaý alyp berdi.Indi öýzi gapy-gapy aýlanyp, agtyklaryny okuwa saljak bolup ýör. Şolara jaý aljak bolup, Aşgabatda kakmadyk gapysy ýok. --Şoňa gaharyň gelýärmi? -- Eý, köşegim-eý, diňe ol bolsa owarram-la.Bu bolmada-da, biziň bu frontçylarymyz özleriniň ynsabyndan baýaky öňe düşdi. Gaty öňe düşdi, köşegim... --Beýle däldir-le—diýip, Omar ýaşuly bilen şu meselede ylalaşmaýandygyny aýtdy. Ýaşulynyň nurana ýüzi kölegelendi. -- Men, köşegim, şu wagta çenl-ä ýalan sözlän däldirin. Onsoňam, ynsabymyň tersine gidip, göwnüme gelenini diýen däldirin.Sen, hany, munça bolanyna görä, şunam bir diňle.Biz frontçylar, ynsabymyzdan gaty kän öňe düşdük.Hä diý.Biz frontda gan gördük., gan. Howwa diý. Döýrt ýyllap oýnagymyz uruş boldy. Komandirimiz nirä sürse, şol ýerde jan alyp, jan berik. Sen diňe biziň üstümize çozan nemisler halka jebri-jepa edendir diýýäňmi?A biz? Biziňem öz ynsabymyza gidip, buýruga görä eden etdilik baryny eden ýerlerimiz az bolan däldir. Uruşda diňe ýekeje adalatsyzlyk üçin müňläp adalatsyzlyk edilen ýerleri gaty kän boldy. Men ony öz gözüm bilen görendirin. Dogry, gan, hun, jebri-jepa, jan alyp, jan bermek, açlyk, horluk,. Sen pikir etme, giden menzillere ornan duşmany ol ýerlerden alyp taşlamak üçin, ýag bilen ýüpek ýaly hereket edilendirler diýip. Baş-buw, gör näçe adalatsyzlyklaryň üstünde gurlandyr, bu ýeňiş diýen zat. Men şony aýtjak bolýan.Urşam gutardy. Biz ýeňdik. Ýeňenleri sut etmeýän ekenler. Ýeňenler näme adalatsyzlyklar, eden etdilikler edenem bilsa, ol hasaba alynmaýan eken. Biziň eden adalatsyzlyklarymyza, eden- etdiliklerimiz hem getiren ýeňişimiz bilen ýuwulyp gitdi.Frontdan gaýdyp geldik. Ber habaryňy, onsoň.Näme bolandyr öýdýäň.Ilki-ilkiler ynsap bilen işledik Soň front ýagdaýyndan rahat hala öwrülip başladyk. Indi öňki komandirlerimize derek, öz naçalniklerimize gulak asyp başladyk.Üstümizi, öýümizi düzetdik. Maşgalamyzy düzetdik.Mal-garajyk edindik, ulagjagaz aldyk.Öň watan derdi, il-günüň şirin jany şirin bolsa, indi, bize puluň, wezipäniň höziri süýji bolup başlady.Öň komandiriniň buýrugyna boýun bolan esger, indi öz naçalniginiň gowşak damaryny tapmaga jan edip başlady. Ýaşuly uludan bir demaldy. -- Özlerem, bu işe ýöne-möne ýapyşylan däldir.Gerek ýerinde hajyk-hujugam edilendir.“Seniň hyzmatyňa menden goşant“, „Aý, kurorta girseň sowalgajyk bolar.“.“Ogluňy öýeripsiň, menden paý, gyzyňy çykarypsyň, menden serpaý“. Sen maňaz, men saňa başlanandyr-ow.Özem, her kimiň alyn deri bilen gazananjasydyr öýtme, ýok.Döwletiň maşasyndan gyrp-çyrpdyr-ha. Baý-buw, hany, öz zadyňa eliňi bir degirip bir gör.Onsoň, agzyna toşap çalnan ýokardaky ketde aşakdaky ketdäniň towguna tok diýsin-le.Sebäbi olar indi ogurlykdaş frontçylar boldylar.Gaýta, ol ogurlyk olary dostlaşdyrdy.Ýeri gelende, olar biri-birlerini şeýle bir goldadylar, şeýle bir goldadylar.Bir göwüsden emip, bir göwüsden süýt emewnlerem biri-birini b3eýle goldap bilmez. Eger şeýdip, biri-birini goldamasalar, syrty açyljak, olaryň.Şeýdip, el-eli ýuwde, iki elem birigip ýüzi ýuwdy.Olaň haram gazanjyny iýip ulalan nesil nätdi, indi.Olar öz ataklaryndanam aznawur bolup çykdy.Okuwçylar öň näme okadylsa, şoňa ynanardylar. Olar indi, näme görse, şoňa ynanyp başlady.Olar indi kakalaryndanam geçirip başladylar. Kakasynyň ogurlanyndan köpräk gyrp-çyrp etmeli. Kakasynyň guran jaýyndan has kaşaň jaýlar fgurmaly.Kakasynyňkydan ýumşak maşynlar münmeli. Ine, şu ýerde ýene biz masgara bolduk. Bäş-üç sany myzy mazamlap, ýokary okuwuň başlygynyň ýanyna ýelk.“Barybam,“Men bir frontdda maýyp bolan aadam, özümem uruş enwelidi.Bir dogmajygym bar, şony okuwa ýerleşdiriň!“ Haý, haý! Bizi hökümet azdyrdy. Özbaşymyza dükan, öz başymyza küpe,özbaşymyza odun, kömür, maşyn, pul!Onuň üstesine biziň bu gözden çykmamyz näme?Seniň frontda söweşeniň nire, seniň „Meniň dogmama jaý beriň“, „Meniň dogmamy okuwa alyň“ diýip, gapy-gapy kakyp ýörmäň nire. Hawa, köşegim, bizi döwlet azdyrma kemini goýmady. Biz bolsak,tutuş nesle ters görelde bolup, tutuş nesli azdyrdyk...“ Biz frontda bolanymyz üçin, öňler ogul gyzymyzyokuwa saldylar, gowy-gowy jaýlary berdiler. Indi näme, indi agtyklarymyza, çowluklarymyza jaý, okuw diýip gapy-gaýy tentiräp ýörmämiz näme?! Ýaşulu uludan bir dem aldy.Omar oňa seretdi. Indi, onu1ň ýüzünde hälki nuranalyk ýokdy.Şol nuranalygyň ornuny gojalygyň ýowuz yzlary, guraksy, çyňňur gasynlar tutup ýatyrdy.Ýaşuly öňde oturan ýoldaşyna tarap ýüzüni öwürse-de, oňa seretmedi. -- Biz-ä öz dogman geçenlerimizi hülli-hülli edip ýörüs.Frontdan gelmedikleriň çagalary näme?Hülli-hülli ediljek bolunsa, ilki bilen şol ýetim biçäreler edilmel-ä, köşegim.Ýöne biz başga bir belanyň döremegine-de sebäp bolduk. Omar gojanyň gözlerine garady.Geň galdy. Ol göreçlerde ot ýanyp duran ýalydy, özem, gyzyl ot! -- Frontçylara frontçylar diýdik, olaryň bakla-çagalaryna, fronta gatnaşanyň bala –çagasy diýdik. Indi olaryň üçünji nesli gübürdäp galdy. Gör, bak, muňa näme diýjek. Özlerem bara, otuzynjy ýyllaryň çekirtgeleri ýaly! Ekgende ýok, dikgende ýok.Olar bir :“Dok öýüň, aç owlagy“. Olary orta mekdepde bäşlik goýdur, bal iýdir, ýüpek geýdir. Olary uludan-uly okuwlara sal.Ony kim etmeli. Döşşündäki bäş-alty medallyny güjeňläp ýören frontçylar etmeli. Olar şeýdibem ýör-dä. Gör, biz nirelere baryp ýetdik. Wah... Bu ýaşulynyň bu gürrüňleri Omara kän bir. Täsirem edip baranokdy. Onuň özem frontçynyň ogludy. Dogrusyny aýdanyňda, ýaşulynyň bu gürrüňiOmara ýaramady. Onuň ýaşula hä bermän, gapdaldaky oturgyja geçesi geldi. Ýaşyly welin arkaýyndy. -- Ýok-la, ýaşuly. Seniň bu aýdýanlaryň gybat bolýar.—diýip, Omar özüni saklap bilmän, morta aýtdy. Ýaşuly gikeldi.Ol başyny puşman bilen ýaýkady. -- Ana, men aýtdym-a, şol adam meniň komandirim—diýip. -- Bolandanäme?—Omar gapdalyndakylar eşidäýmesin diýip, ýuwaşja gürledi. -- Bolanda näme? -- Gaty gowy bdosty, fronçy ýoldaşy ýogaldy. -- Barmadymy? -- Bardy. Ýöne aýak üstünden. Onuň dost aladasy däl.Agtyklarytmy pagta alyp gitjek bolýarlar, şony goýuň. Men frontowik“ diýip, institutyň rektorynyň ýanyna barmak üçin Aşgabada gitdi.Barybam, pata ýereçala bir ýüz görkezdimi, ýa görkezmedimi, olam belli däl. -- Bu ýerde näme erbet zat bar? Ýaşulynyň gür gaşlary çytyldy.Ol Omaryň ýüzüne haýran galyp garady. -- Hä, erbetlik ýokmy, şu ýerde, hä?Oňa seret! Düýn-ä uly partiýa işgäridi. Ketde başlykdy.Indem, uruş weterany! Oba barybam, özi ýaly işýakmazlar bilen süpül-süpül edip, kimiň dulunda ölüsi barka diýip, aýlanyp başlarlar.Näme, olam... Omarýaşulynyň sözüni böldi. -- Ölini jaýlamak dirileriň graždanlyk borjy ahyryn. Ýaşuly agyr, kuwal ýasly gara, düwün-düwün bolup duran elini Omaryň eliniň üstüne goýdy. -- Ol graždanin däl-de, .Oňky diňe öli jaýlamak bolsa, bolmajakmy?Ol bolmazyndan tutýar-a. Bu dünýäde hezil edip ýaşady. Ogul-gyzlary, agtyk çowluklary bal kölüne batdy. Ol indi, ahyretde-de, ilden üýtgeşikje ýaşamanyň aladasyny edýär.O dünýäniň eşretindenem kem galmajak bolýar. Omaryň ýadyna ýene-de agşamky ejirli pikirleri düşdi.Onuň ini jümşüldäp gitdi.Şol arada-da:--Ýaşuly, adamdyr-da – diýip goýberdi. Ýaşuly ýene-de ýanyp başlady. -- Biz näme, ýaşuly dälmi, köşegim?Bizde näme, ogul-gyz, agtyk- çowluk ýokmy!Bizdenäme, şonda bar agyz ýokmy?Bizde-de bar şonda bar göwünem, nebisem.Birneme „haý“ diýmel-ä. Omary bu gürrüňler irizdi.Awtobus indi Gyzylarbat şäherine golaýlaşýardy. Omaryň indi ýaşulynyň öz ýakasyndanalasy geldi. -- Aý, öz-ä, ýaşuly, özüňde gün-ä-hä goýmadyň. Ol ýagşam bolsa, ýamanam bolsa, seniň gözüň alynda ýaşapdyr-a, şol wagt diýmeli ekeniň oňa, ähli kütüw, hyrşyňy.Näme üçin oňa, şolar ýalylara garşy irräk göreşmediň. Indem , iş-işden geçensoň, meniň ýanymda zeýrenen bolýaň. Ýaşuly ýylgyran ýaly etdi. Soňam, ýuwaşja gürledi. Munyňa „Hä“ diýerin, köşek. Biz gaty ýalňyşdyk, örän gaty ýalňyşdyk. „Il bilen işimiz ýok, özümiz ýagşy bolsak bolýar, özümiz ýalňyşmasak bolýar“ diýip, şol gidip oturypdyrys Şeýde-şeýde, özümizem hapa batyp galypdyrys. -- Başga günäň ýokmy? Ýaşuly“ýok“ diýmedi.Oýa batdy. Bir haýukdan soňam agyr başyny göterdi. -- Men oglum, günäniň ulusyny etdim. Ol günäniň astyndan çykma ýok, maňa. -- Ýaňky aýdanyňmy?! -- Wah, ýok-la—diýip, ol gubar basan gözlerini agyr elleri bilen sypap goýberdi.—Men ony ýatlasam, gaýralar ýaşaýan, gaýralar! Sen ýaňy Garrygala barýan diýdiň welin, ýüregim tas agzymdan çykypdy. Mewn gandar boldum, köşegim. Bir itçe bolup bilmedim, itçe... Omar gyzykdy. --Näme, adam öldürdiňmi? --Wah, öldürendenem müň esse namysly, arly boldy. Müň esse. Men birbinamys bolup çykdym, binamyslar... Omar ýaşylynyň titireýä süňňwüne, gagşaýan dodaklaryna seretdi. „ Bu adama düşüner ýaly bolmady.Ýa, akly zady üýtgäp ýörmükä? Ýa bir, tutgaýy beýlekisi barmyka?“ -- Gyzylarbada ýetip barýas. Aýdyp ber-dä, näme bolanyny. Ýaşuly agyr oýa çümüpdi.Ol öz obasyna gelenine beýle bir begenibem barmaýan ýalydy.Ol başyy göterdi.Gyzylarbat şäheriniň daşyna egrelişip duran gara daglaryň çür başyny nazarlady. -- Meniň armanym şol gara daglaryň aňyrsynda galdy. Garrygalada galdy. -- Näme boldy, ahyryn? -- Nemis çozup gaýtdy. Ol ýigit pulemýotçydy.Menem onuň ok berýäni. Ussa diýip, özüň ýaly bir nurana ýigitdi.Duşman oky çabga ýaly ýagýar, Ilki ony snaýper atdy. Soň awtomat tatyddap baýlady. Ussa agyr ýaralady.Özüni ýitirdi. Nemis bolsa, hababaýlap , ajal baryny sepeläp, eňip gelýär.Biz näme aljyradyk. Ony goýup, yza çekildim. Ol wagt her kime jan, jan öz jany.Gaçdyk. Ýaňky neressäni birneme süýredimem. Nemis bolsa, hut, ýeti p gelýär. Gorkdum. Barybir, öler. Ol oklardan, ölmese-de gülmez“ diýip, taşlap gaýtdym. Dogrusy, gaçdym. Janymy gutarjak boldum. Onsoň, meniň taşlap gaýdan ýigidim, gabawdan çyksam, öňümde ýatyr. Ony sanitar itleriň biti duşmanyň aýagynyň astyndan alyp gaýdypdyr... Ýöne heniz özüne gelmän eken. Ony bada-bat başga şähere alyp gitdiler. Omar doňup galdy. „Kakammyka? Ussa bolsa, hökman kakm bolmaly. Tanaýarmyka? Aý, ýok-la. Ussa atly azmy? Garrygalanyň erkek göbeklisiniň ýarysynyň ady, Ussa!—Ol neresse, gospitala düşüp, agyr halda gaýdyp gelipdir. Gaty kän ýaşamanam ýogalypdyr. Onuň geleninwem eşitdim barlygynam eşitdim,.Hiç aýagym çekmwedi.Ine, şeýdip, gijä galdym, gaty gijä galdym. Indem, älem –jahan şol bolup dur.Tutuş dünýä şol.Men indi nädeýin, giç indi.Ganhor boldum, namarty boldum, köşek. Ýene, iliň içine çykyp, geplän bolubam ýörün. Awtobus gelmeli ýerine geldi.Adamlar howlukman düşüp başladylar.Ol hälki, öňdäki ýaşuly awtobusdan düşýänçä gozgammadm,Omara barmyň, ýokmuňam diýpmedi. Soňra howlukman maşyndan düşdi. Omaryň gözi töweregindedi.Garrygala tarap gidäýjek ulag agtardy.Maşyn köpdi.Tanyş welin ýokdy. Biri onuň synyndan çekdi.Omar ony obadaşlarynyň biridir öýtdi.Hälki ýaşuly aljyraňňyrak seredip durdy. -- Köşek, häzir öýe degip, soň gidibereli. Omar çürt-kesik garşy boldy. -- Aý.ýok-la, men öý diýiop durmaýyn, ýaşuly. Ýaşuly öz teklibini orta atdy. -- Agam agyr bolsa, seni ýeke goýberip bolmaz.Meniň oglum Oraz bizi erter gaýdar.Hany, öýe birbaraly!.. Omaryň ýüzi gyzardy. Ýok, gaty bir beýle-de däl.Ýaşuly adamdyr-da, ýöne görüp gaýdybereýin diýdim. -- Beýle bolsa ýagşy-la.“Haýal“ diýeňsoň, men başgaçarak pikir edipdirin. Zyýany ýok. Onda-da seni Oraz jan eltip gaýdar. Omar sypjyklady. --Ýok, ýok. Han-a, klasdaş oglanlarym çykypdyr, ulagly. Men şolar bilen giderin.Azar edinmäň. Ýaşuly munuň bilen ynjalmady. -- Haçanyzyňa dolanjak. -- Birigün! -- Onda öýe sowul. Magtymguly kyrk ýedidir. Men saň garaşarym, bormy!Sag-salamat bol.Ýoluň bolsun. Ýaşuly gitdi. Omar birsalym durdy. Onuň ýanyna indi halki gulagy pakgy ýaşuly geldi.Ol ýylgyryp, töweregine garanjaklady. -- Gaýtdyňmy? -- Hawa. Ol hälki ýaşulynyň giden tarapyna garady-da gyssanmaç gürledi. -- Hälkiniň çypdyrma geplerine ynanma. Ol ýakynda dälihanadan çykandyr. Ýurt bahyly. Içi-daşy bilen bahyldyr.Ile-güne töhmet atyp, azar ýamanyny berýär. Maňa Ata Hommatow diýýändirler. Türkmenistanda men bir sylanýan kişidirin. Adamçylykdyr. Gyzylarbatlyk meseläň bolsa, ölümem bolsa, töwella edip, alyp galar ýaly ýagdaýym bardyr. Bolýar, onda, sag-aman bar. Ol ýaşulam gitdi. Omar agyr oýa batdy. „Meni tananoklar, bilenoklar. Ogullary, agtyklary ýaly çaganyň alynda bularyň bolup ýörşüni“. (dowamy bar...) | |
|
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |