13:28 Emläk ezeli / hekaýalar toplumy - Palta | |
PALTA
Hekaýalar
Paltaňky paşmady. Ilkibaşda ezeli-täleýi hakda çaklamasy başgady. Özüni her biri on bäş gujaklyk, mähnet-mähnet agaçlary çapyp, hyrdap, olardan gadymy şalaryň köşgi-eýwanlaryna çalymdaş, zynatly ymaratlary bina kylmak üçin ýaradylan diýip hasaplaýardy. Ýa-da iň bolmanda, gymmatbahaly agaçlardan haşamly öý goşlaryny bejermek üçin ýasandyrlar öýdýärdi. Emma, satyn alnyp getirilen gününiň ertesi, onuň bilen adam öldürdiler. Waçyrt! Edip, ýalaw ýaly ýalpyldap duran tygy, özüni elinde saklaýanyň garşydaşynyň çüwdesinden girende, oslagsyzlykdan ýaňa paltanyň heýýaty göçdi. Eger-walla, şol pille aýaklary bilen agzy bolan bolsady, duran-duran ýerinden ulili bilen wägirip, şo ýandan göz açyp-ýumasy salymda sumat bolýardy. Dagy nä, ýasalyp, dünýä ineniňe ýaňybir iküç hepde bolan halyňa, beýle-beýle elhençlikler ýadyna-oýuna düşmeýän sen janaweri, ele alakga, garawsyz bir bendäniň beýnisini çogduryp taşlaýsalar, neneň bolar öýdýäň?! Ol-a gözüňe urlan ýaly bagyryp, şo jelegaýdan ökjäni götermek ekeni, duran ýeriňde balagyňa goýberip, çaşarsyňam! Hernä, onuň adam däl-de, palta edilip ýaradylanam bir töwra! Weýran edere jalbary ýok, çaşara-da huşy! Megerem, şonuň üçindir, ol “waçyrdap”, ýeňseden girenden soň, hatda gusmadam. Diňe, edil şol pille, onuň ýok gursagynda nämedir bir zat şarpa üzülen ýaly boldy. Şol zadyň ýolunmagy bilenem paltanyň ýok kalby buz ýaly sop-sowuk nämedir bir zatdan doldy. Misli: “Äý indi, näme bolanda näme-aý?!” diýip, tutuş ykbala-da, mundan buýanky galan ömre-de, gol salgap, “näme bolsa şol bolsun-a” salynýan ýaly... Onsoň paltanyň kalbyny köýdüren bigäne, ony şol pisat işini eden ýerinde taşlap gitdi. Şol ýerdenem birki gün yz ýany, ony: “jenaýatyň ýaragy” diýşip, özara düşnüksiz hümürdeşýän birmeňzeş lybasly adamlar tapdylar. Ony edil gyzyl tapan dek ilik-düwme gözden geçirip, kagyza nämedir bir zatlar ýazyşdyrdylar. Soňra onuň tygyndan gan ýokundylarydyr, ýelmeşip galan saç bölejiklerini syryşdyryp aldylar. Iň soňunda-da ol, ylla bir ady dünýä dolan, meşhur artist deýin, ony terslin-oňlyn tutup, eýlesine-beýlesine öwrüşdirip, nijeme gezek surata düşürdiler. Ahyrynam akja kagyza dolap, birküç sany möhür basdylar-da, alyp gitdiler. Ondan soň ol esli wagtlap, öz aralarynda degşipmi ýa-da çypbakaý-çyndanmy, birek-birege: “hormatly bilermen aga” diýşip ýüzlenýän, birtopar halatly-halatsyz adamlaryň gündelik güýmenjesi bolup gezdi. Günlerde bir günem ony, örän agras keşpli, sereden badyňa iňkise gidirýän adamlaryň üýşen otagyna alyp bardylar. Şol ýerde-de ony, owalbaşky zanny-ýasawyna laýyklykda: “palta” diýibermän, “maddy subutnama” diýip, gümürtik atlandyryp, daşynyň dolagyny ýyrtdylar-da, ýene-de bir ýola jikme-jik synladylar. Şonda ol töweregindäkileriň gürrüňinden many ogurlap, özüniň kazyýet mejlisine getirilendigini, bu ýerde-de özüniň ezeli maksadynyň üstüne atanak çeken bigänäniň takdyryny kesgitleýändiklerine göz ýetirdi. Seljeriş tamamlanyp, höküm okalanda-da, ol özüniň “düýäň üstünde it ýaran” diýilýän, tükenen garamaňlaýdygyna doly düşündi. Ganhor-a çärýek asyrlyk basyldy. Olam jenaýatyň ýaragy hökmünde bellenen tertipde ýok edilmäge buýruldy. Paltaňky paşmady... | |
|
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||