20:34 Ene toprak | |
ENE TOPRAK
Goşgular
Ene toprak!.. Bu jümläni ozalam Ulanypdym. Ulanaryn ertirem. Seni deňär ýaly zat ýok dünýäde, Agtaryp tapmandy şahyrlaň birem. Onsoňam owadan meňzetmelere Gulak gabardara wagtyň ýok seniň. Aladaňam ýetik, işiňem ýetik, Der bilen eýlenip geçip dur günüň. Gijelerne bolsa sallançak üwräp, Hüwdi ýazýaň dynç almanyň ýerine. Mähir, söýgi, gujur hem gaýrat garyp, Göwsüňden süýt berýäň perzentleriňe. Sen Karun däl, ýygyp-ýygşyryp ýören, Hatamtaýy ýada salýaň, topragym. Hazynaň bar agzyn açýaň-da güýzde, Gyş gelse, ýalaňaç galýaň, topragym. Üşýänsiň, ýöne sen gizleýäň ony, «Perzentlem düşmesin – diýyäňsin – oda». Nätjekd-ä, eneleň häsýeti şeýle, Şeýleräk olaryň ykballary-da. Käte saçlaryňda ak görünýär seň Ýüzüňe-de ýygyrt düşýär käýarym. Hemä perzentleriň gyzgyn söýgüsi Eredýär, ýok edýär olaryň baryn. Şeýdip, hem garraýaň, hem ýigdelýärsiň, Kä dymýaň, kakakýaň buýsanç depregin. Belkem, bakylygyň şonuň üçindir, Eý, meniň mukaddes, ene topragym! Menem bir perzendiň!.. Ugrasam nirä, Bir sowal öňümde keserip durdy. «Saçlaryňa ak sepdimmi, ýa-da men Aýyrdymmy ýüzüňdäki ýygyrdy?!.» Dünýäde jogapsyz galan sowal ýok Munuňam jogabyn tapar meň ömrüm. Emma seniň maňa beren zatlarňy Yzyna gaýtaryp bilmerin ömrem. Seniň jomartlygyň çeni ýok, çeni, Güýjüňe deň gelmez gudratlaň birem. Ene toprak!.. Bu jümläni ozalam Ulanypdym, ulanaryn ertirem. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |