08:07 Ene ýüregi / hekaýa | |
ENE ÝÜREGI
Hekaýalar
Güneş goňşy obadan biriniň gudaçylyga gelýändigini bilse-de, özünden soralman, habar alnar öýtmedi. Ýöne ejesiniň şelaýyn gep urşuny eşidenden, onuň bu gezekki gelenler bilen guda bolmaga döwtalapdygyna düşündi. - Gyzym, Güneş jan, türkmençilikede “Ölümden başga zadyň iri ýagşy” diýilýär. Senem, tüwleme, kiçi-girim däl. Öýli-işikli bolmaga wagt ýetdi. Şü goňşy obadan gelýänler erbet ýerler däl. Soraşdyk-ideşdik, senem gaňryşymyza gaýdyp durasyň ýok-la. Ogullaram sen diýip durmuş. Henize çenli ejesiniň ýüzüne gelmedik Güneş başyny galdyrman gepledi: - Eje, heniz meň bilen gepleşmän, razylygymy alman, o ýigidi görmän, razylyk bereniňize näme diýjegimi bilemok. - -Ol bir ýurtda iş saparyndamyş. - Gelýänçä garaşaýmaly borda. - Olam biçem däl, garaşmaly bolsa, garaşaýarys. Gyzynyň salynyň gowşakdygyny duýan ene başga hörpden gopdy. - Ine, birki gezek gördüňem-dä şonuň bilen adam tanap bolýamy? Ýöne Hudaý gowusyny etsin. Onnoňam saňa ynamym bolansoň, olaryň habaryny alandyryn. Biabraý etmersiň-dä hernä. Güneş ýer depip durmady. Bu gürrüňi ýigit bilen görşenden soňa goýmagy ündedi. Ene gyzynyň aňsatlyk bilen razylyk berenine begenip, aňyrsyna çykyp bilenokdy. Ýöne olar gyzyň kalbynda gopýan harasatdan bihabardy. Çünki toý güýzde diýlensoň, Güneş gijeler uklap bilmedi. Gözüni ýumdygy gapdalynda bir sudur peýda bolýardy-da, esli mahallap aýrylmaýardy. Güneş gözüni açdygy, sudur ýom-ýok bolýardy. Ol muny nämä ýorjagyny bilmedi. Ilki-ilkiler aladalar, pikir-oýlar sebäp bolýanyr öýtdi. Ýöne soňa-baka Güneş gündizlerem ol sudury duýup başlady. Şonda ony sowuk der basýardy-da, ysgyndan gaçýardy. Ol ahyry bu ýagdaýy ejesine duýdurdy. Oguljemal ýüzugra gepledi. -Durmuşa çykjak gyzyň aladasydyr-da. Azrak pikir et. Soraşyp-ideşip gördük, adam çykban ýer didiler, onsoňam öýlenjek ýigit seni görendir-dä elbetde, öz-ä salgy beripdir bizi. Ejesiniň jogabyndan göwni suw içmedik Güneş jorasyna arzyny aýtdy. - Name diýsene, Güneş bü ýerde bir syr bar ýaly. Ony ikimiz açyp bilmeris. Dynç güni goňşy obadaky palça gideli. - Şirin jan, palçy ýalançydyr-da. Ol seniň göwün islän zadyňy aýdar. Üýtgeşik zat diýer öýdýärmiň. - Ynanmasaň, ynanma, baryp göreli, näme diýýänini eşdeli. Belki, haýyr taparsyň. Joralar salam berip, öýe girenlerinden törde oturyp, gelenleri kabul edýän garryja aýal görjekdiler. Olary öý işleri bilen gümra bolup ýören zenan garşylady. Gyzlar ýaýdanmaç gürlediler. - Biz goňşy obadan, palçy daýza diýip geldik. - Hä, şeýlemi, balalam, töre geçiberiň, menem häzir bararyn. Goňşy obadan gelen bolsaňyz, raýyňyzy ýykmaýyn. Ýogsam, çagalar maňa ‘Bü käriňi taşla” diýip, gün berenoklar. Ýöne galyň bende kömek sorap gelse, durubam bilemok, elimden gelenini gaýgyrmajak bolýan. Güneş tolgunmakdan ýaňa gepini düşündirip bilmedi. Oňa derek Şirin gepledi. Gyzlaryň gürrüňinden soň, öý eýesi ak matanyň üstüne esli duz sepeledi-de, iki sany kiçeňräl aýnany biri-birine garyşma-garşy goýup, esli mahallap içinden bir zatlar okady. Soňam aýnalaryň her haýsyny içgin synlap, Güneşi has golaýragyna çagyrdy. - Gyzym, eliňi ber, hany. Ol Güneşiň elini iki eli bilen gysyp, gözüni ýumup oturyşyna çalaja mydyrdady. - Bü ýerde bir syr bar. Ýöne men ony häzir görüp bilemok. Maňa aýan boşuna görä, ýakyn garyndaşyňyzdan biri ýogalan ýaly, gyzym, ýanyňa gelýän ruh bilen iňňän ýakynlygyň bar. Ol saňa birzatlar aýtmak isleýär. - Onuň birzatlar diýjek bolýandygyny menem aňýan. Ýöne ondan gorkýan. - Gorkma, onuň saňa ýamanlygy ýok. Gaýta ol seni alada edýä. Bir zat bolsa, “Ölä aýan, dirä güman” diýilýar. Seni durmuşa çykarjak bolýandyklary üçin onuň alada galýan bolmagam ahmal. - Toýuň güýzdedigi belleneni bäri, şo sudur ýanymda. Ilki-Ilkiler-ä agşam gözümi ýumdygym gelýärdi, indi gündizem ol ýanymda ýaly bolup dur. - Sen, gyzym, kyn görme-de, ejeň bir zatjagazyny getir maňa. Ýogsam men gaty bulaşýan. Haçan eliňiz degse geläýiň, ýöne ara bir hepdeden köp wagt salmajak boluň. Gyzlar obadan saýlanmanka, olaryň yzyndan ýeňil ulag ýetdi. Sürüji ulagy saklap, gyzlara münmegi mürähet etdi. Gyzlar näzini çekdirip durmadylar. - Kyn görmeseňiz, nirä barýandygyňyzy aýtsaňyz. Öýňüze eltip gaýdardym, öňi-soňy elim boş, siz ýaly gözel gyzlar bilen gürrüňdeş bolmagam ýakymly. - Biz gaýraky obadan. Ýol ugrunda düşürseňizem bolar. - Menem şo tarapa barýan, özüm hol, çetki obadan. Biziňkiler siziň obaňyzdan biriniň gapysyny açypdyrlar weli, şo gyz bilen görşüp bolmazmyka diýip barşym. Ene-ataňky bir başga, ömrüňe ýoldaş boljagyň bilen özüň tanyşmasaň, bilmeseň, uzak ýolda kösenmegiň ahmal. - O diýýäniň dogry, häzirki döwürde tanyşman toý tutýan bardyram öýdemzok. Ýöne ilçilik-dä. Ýigit ýoldan ünsüni sowmaýan ýaly bolsa-da gyzlary synlamaga ýetişipdi. Onuň hyrydar nazary Güneşiň gamly gözlerinde saklandy. -Gözel gyz, näme hakda oýlanýandygyňy-ha bilemok. Ýöne bir aladaň barlygy görünýä. - Sen-ä bilgiç ekeniň. Ýöne bize seretme-de, ýoluňa esewan bol. -Oň gaýgysyny etmäň, ynjytmanjyk öýňüze elterin. Ýogsa-da, siz Sahy agalary tanaýaňyzmy? Güneşiň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. “Bu ýigit gudaçylyga gelenlerden ýaly-la. Gepi-söz-ä ýerlikli. Ýöne ene-atasyny tanamadyk gyzyna gudaçylygä iberýän bolsa, ýa-ha ejem ogludyr, ýa-da gezip ýören bihepbedir.” Ol sere gelen şübhesini barlamak üçin jorasyna ýüzlendi: -Şirin, Sahy agalaryň neberesine sen beledräk dälmi? - Golaý-a ýaşaýas weli, gaty bir beletçiligimiz ýok. Olar köplük bolansoň, obanyň bir çetini tutup otyrlar, tüweleme. Güneş Şiriniň öz soragyna dogry düşünendigine begendi. Ýigit ara düşen böwşeňlikden peýdalandy: -Gyzlar, hiç zat tötänlikden bolanok diýýäler weli, size tötänden duşanyma juda begenýän. Men Sahy aganyň gyzyny görmeli. O gyzyň ady üýtgeşik, ýöne kes kelläm, häzir hiç ýadyma düşenok. Ejem dagy “öz-ä ýyly söz berdiler” diýeli bäri, gije-gündiz, ýatsam-tursam şol gyz hakdaky pikirler beýnimi ýaryp barýar. Iş-alada bilen elim degmänsoň, şü çaka çenli ugruna çykyp, görşüp-gürleşip bilmedim. Onsoňam talyp döwründe dostum şo gyzyň waspyny dilinden düşürenokdy.Eger ýüregini başga birine bermedik bolsa, şo gyzy sypdyrmajakdygyny aýdym ederdi. Men o gyzy görmesem-de gaýybana haladym. Indem ejem başlyklaýyn “Olar obada sylanýan adamlar. Gyzlarary hem juda artykmaçmyş” diýip, şol gyzyň salgyny berýärler. Perzentlik borjumy ýerine ýetirip, olary hormatlamak, hemem şol birmahalky öwgüli gyza sataşmak üçin şu gün aýgyt edip, siziň obadaşyňyz Sahy aganyň gyzy bilen görme-görşe barýan. Şirin gürrüňi daşdan aýlady: - Saňa Sahy aganyň gyzyny görmek kyn düşäýmese. Onuň ýekeje gyzy bar. Olam bireýýäm durmuşa çykan, agtykly- çowlukly. Ýöne Sahy aganyň ogullary, agtyklary kän. Siz olaryň haýsy birine söz aýtdyňyz? Agtyklarynyň hemmesi biri-birinden zyýada. Onsoňam ilki sen bize özüň hakda gürrüň ber. Siz Sahy aganyň agtygyna mynasypmy –dälmi şony bileli. Sahy agaň ol agtygy seň diýýäniň bolsa, iňňän salyhatly, işeňňir, owadan hem mylaýymdan gelen sypaýy, içen suwy bokurdagyndan görnüp dur diýilýän gyz. Maşgalasyna içgin belet bolmasagam, adynyň üçtgeşik bolşy ýaly, onuň peri-peýker ýalydygyny aýdyp biljek. Oňa duşan ýigdiň tüýs bagty çüwer. Ýöne seni tanamzok. Ýigit ulagy ýoluň gyrasyndaky baglaryň kölegesinde saklady-da durky bilen gyzlara tarap öwrüldi. Onuň nazary ýene-de Güneşiň gözlerinde eglendi. Güneşiň gözlerindäki inçejik harasady ýigit şobada duýdy. Şol dem ol ýüzüni aşak salyp, bir agaryp, bir gögerip oturan gyzyň kimdigini öz ýanyndan çaklady. Muny aňan Şirin oglany barlasy geldi: - Özüň-ä gelinligiň bilen tanyşmaga barýaň, gözüňem gyzlarda. Bolşuň şü bolsa, öýleneňsoň, kyn düşäýmese. Ýiigit gyzlaryň hyýalyna düşündi-de gep owadanlady: - Erkek oglanlaryň arasynda şeýle bir düşünje bar. Men oňa hut şu wagt göz ýetirdim. Oglanlar öýlenmänkä, ähli gyzlary, onda-da owadan gyzlary özüniňki ýaly hasap edýarler, toýdan soň weli, diňe öz gözeli, öz söýeni. - Sen ýaly nätanyş gyza öýlense näme? - Ilki bilen-ä biz o gyz bilen hökman görüşeris. Onsoňam nika söýgiň açary diýilýär, şondan soň dörän söýgi ahyrete çenlimiş. O gyz dogrudanam siziň aýdyşyňyz ýaly bolsa,diýmek, meň bagtym çüwüpdir-dä. - Gelnini ahyrete çenli söýjek ýigidiň ady näme? Tanap galaly, bilip bolmaz ykbaldyr bü. - Ykbal siz ýaly perizatlar bilen duşursa, Yhlas müň mertebe razy bolardy. - Sahy agaň agtygyna taý bolmak islegiňiz nire, bü gürrüňiňiz nire? - Kimiň kime taýdygyny Alla bilýär. - Edil ýaňyja nika söýgiň açary diiýip durduň. Indem Alla bilýär diýip, ýöwselleýäň. - Duýman durkam, siz tarapdan yşkyň şemaly öwsäýdi öýdýän. Güneş Şirini gyssady: - Ýör, Şirin, düşeli ulagdan, bu ýigidiň rejesi geň däl. Bir gyzy görmäge, synlamaga barýarka, başga birine göwnüniň gitmesi munuň kimdigini aýan etdi. - Gyzlar, men muny gepbaşy bolsun diýip aýtdym. Bagyşlaň. Eger siz ulagdan düşseňiz, menem yzyma dolanjak. O gyzy görmäge ýene bir gezek gelerin. Siz onuň owadanlygyna, sypaýylygyna, işeňňirligine güwä geçdiňiz dälmi, diýmek, ol meniň üçin dörän maşgala bolmaly. - Gyzyň seň bilen görüşmegi hökman dälmi? - Görüşmäge-de, tanyşmaga-da wagt kän, ýol uzak. - Ýol uzak diýseňem, sanalgy güne salym ýokdur, hä diýmänkäň geçer. - Oňa çenli bir alajyny taparys. Gyzlar ulagdan düşüp, esli ýöränlerinden soň, oglan olaryň yzyndan ýetdi. -Keçjallyk etmäň, gyzlar, ýörüň, obaňyza çenli elteýin. Sizi orta ýolda taşlamak günä bolar. *** Güneş bu tötänleýin duşuşygy nämä ýorjagyny bilmedi. Yzly-yzyna beýnä dolýan pikirler birden durmuş gurjak ýigidini görendigine begendirse, birdenem ol ýigdiň gözlerindäki mähirden elheder aldy. “Nazarlar Ilkinji gezek kaklyşanda onuň ýüreginde gopan harasat yz galdyrman bilermikä? Men-ä şol nazardan birhili goram-gowşak bolaýdym. Muny olam duýdy öýdeýän. Belki, onuň toý tutmak isleýän nätanyş gyzy görmäge höwesi şondan soň gaçandyr.Ol ýigidiň hiç zat tötänleýin bolanok diýýäni belki, dogrudyr. Biziň edil şü çak ýola çykmagymyz, Yhlas bilen sataşmagymyz tötänlik bolmagy hem ahmal. Öz söz aýdylanyň mendigini bilensoň, ol näderkä? Meniň diýýän zadymy ,ol muny nireden bilsin. Oba giren ýerimizde yzyna dolandy. Bizem oňa adymyzy aýtmadyk. Bolýa-la bü zatlary unudaýyn.” Unudaýyn diýse-de Güneş ol pikirlerden saplanyp bilmedi. Ýigidiň asmany ýatladyp ýylgyryp duran mawumtyk gözleri, mähirden doly keşbi onuň hyýalynda at çapýardy. Indi ol özüne birzatlar aýtmak isleýän sudury-da unutdy. Bar küý-küçesi şol ýigitde jemlendi. Otursa-tursa öz bagtyndan çykjak ýigide düşünmek üçin oýlaryň ummanyna çümdi. Şirin gelende Güneş öý-içeriniň işleri bilen gümrady. - A gyz, seň, goňşy oba gitmek hyýalyň ýokmy? O daýza bize kän eglenmän, geliň diýdi ahyry. - Gitsek, gidäýeris. Ýöne eýýäm ýolagçy awtobusdan gijä galdyk. - Bir alajy bolar-la. Ýola çyksaň, ulag kän. Onsoňäm Yhlas ýaly ýigidiň gabat geläýmegem ahmaldyr. - Hä, näme diýjek bolýaň? Näme ol gije-gündiz obamyzyň töwereginde aýlanyp ýörendir öýdýärmiň? - Dagy näme? Seni taryplap başlanymdan, onuň ulagy saklaýşyndan duýmadyňmy näme? - Ýöne men başga bir zadam duýdum. Onuň başga biirini synlamaga barýarka, gözi bilen iýäýjek bolşuny senem gördüň, menem. Ýolugra duşan maşgalasyna imrinip bilýan ýiigit soňam wepaly bolar öýdemok. - Näme diýsene, hiç zady öňünden çak edip bilip bolmaz. Ony diňe Alla bilýär. Belki, Yhlas seniň bagtyňdyr. Görýämäge erbet oglan däl. Galanynam durmuş görkezer. O zatlary pikir edip, aňyrsyna çykyp bilmeris. Ejeň ýaglygyny al, ýör, gitdik. *** Palçy zenan ýaglygy eline alandan, pikire batdy. Onuň duz sepilen ýaglygyň iki tarapyndaky aýnalara bakyp, ýaglygy mynçgalap, başyny galdyrman oturmasy esli salyma çekdi. Ahyry ol Güneşe ýüzlendi: - Gyzym, källäňdäki ýaglygyňy bersene, ýogsam men bulaşjak bolup durun. Ol ýaglyklary biri-biriniň üstünde goýup, gaýtadan mynçgalap, ysgaşdyryp başlady. Soňam agraslyk bilen Güneşe seretdi. - Meň aýtjak zadym saňa juda agyr düşýämese. Ýöne näçe agyram bolsa, men ony aýtmaly. Sen toýdan öň muny hökman bilmeli. Güneş howsala düşdi. - Guda bolnan ýer gowy dälmi, ýa-da başga bir emmasy barmy? - O zatlary gaýgy etme, guda bolnan ýeriň kemi ýok, oglanyň ýüregem sende. Geljegiňem, nesip bolsa, gül ýaly bolar... - Onda näme? - Gyzym, seniň ýakyn hossarlaryň biri dünýäden ir gaýdypdyr. Şol seniň geljegiň aladasyny edýä, şoň üçinem onuň ruhy daş-töweregiňde aýlanyp ýör. Ýöne häzir men seň bilen onuň nähili garyndaşlyk gatnaşygynyň bardygyny seljerip bilemok. Öz-ä ol saňa juda ýakyn. Güneş palçynyň näme diýjek bolýandygyna düşünmedi. -Men-ä haýsy ýakyn hossarymyň pahyr bolandygyny bilemok. Hudaýa şükür, ejem-kakam, jigilerim, agalarym, enem hemmesi saglykda gezip ýör. Siz bar zady bulaşdyrýäňyz. Ýör, Şirin, tizräk gideli. Palçydan gowy zat eşitmeris. Palçy zenan şol bir parahatlygy bilen gürledi: -Dur, gyzym, howlama. Men mydama pal atyp ýören adam däl. Ýöne geçen gezek seni görenimden bir syryň bardygyny duýdum. Şonuň üçinem saňa ejeň bir zadyny getir diýdim. Ynha, ýaglyklary biiri-birine çyrmaşdyranymdan soň, hemme zat aýan boldy.Ýalňyşmaýan bolsam, seň töweregiňde gezip ýören ejeň ruhy bolmaly. - Siz gaty ýalňyşýaňyz. Ejem Hudaýa şükür, aman- sag gezip ýör. - Ýok, gyzym, maňa aýan bolşuna görä, eşeň seni dünýä inderende ýaş üstünden heläk bolupdyr. Ýaş üstünden ýogalan zenan iň soňky deminde dünýä inderen balasyna tutuş ruhuny bagyş edermiş. Özem şol balasy ese-boýa galýança, mydama goraglap gezermiş. Seniň eje ornuna kabul edip ýöreniň öweý bolmaly. Seň ejeň heniz gelinlikden saýlanmanka, dünýäden gaýdypdyr. Sen duýmasaňam, ejeň ruhy şü çaka çenli seni ähli bela-beterlerden goraglap, daşyňda pyrlanyp ýör. Ýöne öweý ejeň seni ynjytmansoň, ene ýüregi arkaýyn eken. Indem birine ýyly söz berjek bolup durkalar, ol seniň geljegiňi alada edýär-de, hiç ynjalyp bilenok. Onsoňam eziz balasy durmuş ýoluna atarylanda özüniň ak pata berip bilmejekdigine gynanýar. Şü çaka çenli muny senden gizländikleriniň sebäbi öweý ejeň gowulygyndan. Ol seni özüniňkilerden ileri görmese, gaýra tutanok. Güneş indi palçynyň näme diýýänini eşidenokdy. Gulaklarynyň şaňňyldysy, beýnini ýarara getirýän güwwüldi ony oturan ýerinde bir ýana ýaplady. Şirin näme etjegini bilmän, iki ýana elewredi. -Muny nätdiňiz? Tizräk bir zat ediň ahyry. Palçy Şirini köşeşdirdi: -Howlama, häzir özüne geler. Bar, bir käse sowuk suw getir. Esli salymdan Güneş özüni dürsedi. Ýöne öýlerine gelýänçä, palçynyň aýdanlary onuň gulagyndan gitmedi. “Haýal etmän, ejeň ruhuna bagyşlap, aýt-töwir ediň. Şonda ähli zat aýan bolar, ejeňem ynjalar.” Güneş Şirin bilen hoşlaşyp, öýlerine gelende kakasynyň bardygyna begendi. Onuň bilen çynlakaý gürleşmäge alňasady. -Kaka, men senden bir zat sorasam bolarmy? - Iki zat sora, gyzym. -Nämeden başlajagymam bilemok. Halys bulam-bujar boldy bu pikirler. - Gyzym, gudaçylyga gelenler barada aýdýan bolsaň, öz razylygyň bolmasa, seniň garşyňa gidiler öýtme. Nowbahar balam sen. Diňe seniň diýeniň bolar. Ýigit bilen gürleşeýin, görşeýin diýseňem, ol sapardan gelen ýaly-la. Habarlaşyň, eger razy bolsaňyz, sähedi onsoň anyklarys. - Kaka, men siziň edeniňize razy. Ýöne meň aladam başga. Men şu gün bir zat eşitdim. Men oňa ynanjagymam, ynanmajagymam bilemok. -Eýgilikdir-dä hernä. Güneş ýuwduna-ýuwduna zordan gepledi: - Ejem meň hakyky ejemmi? Durduly näme diýjegini bilmän, gyzynyň ýüzüne köp manyly seretdi. - Gyzym, Güneş jan, bü syry senden gizlemeli däldigini bilýärdik. Ýöne ýaş ýüregiňe agram salmazlyk üçin henize çenli aýtmadyk. Durmuşa çykmankaň aýdarys diýip ýördük. Sebäp durmuşa çykýan gyza-da, öýlenýän oglana-da dünýä getiren ene ak pata bermeli diýýäler. Şoň üçinem biz Oguljemal bilen maslahatlaşyp, toýuň öň ýany aýytmagy müwessa bildik. Ýöne sen öňürtilediň. Kimden eşiden bolsaň hem şo hakykat. Ejeň pahyr bilen durmuş gurup, göni dokuz aý ömür sürdük. Biz mydama biri-birimizi ýitirip tapan ýalydyk. Şonda eneň maňa: “Ýedi balamyň iň körpesi bolanyň üçin seň mähriň has güýçli ýaly. Ýöne men siziň Aýsona bilen bolşuňyzdan gorkýän. Hudaý jan siizi biri-biriňize köp görmesin. Daşyňyzdan guwansamam, giziň juda hamraklygyňyzy görüp, gözden, dilen az gorkamok. Şo belalardan Alla gorasyn. Ýöne beýdip biri-biriňize öte hamraklyk etmäň” diýerdi. Men weli o zatlara üns bererden ýaşdym. Ýaşlykda ähli zady eliň bilen düzedäýjek ýaly ekeniň. Emma seniň dünýä inen günüň men şol bagtymdan mahrum boldum. Şonda ejemiň diýýän ýaman belalary Aýsonanyň dünýäden gaýtmagyna sebäp bolandyr diýip, öz-özümi kän kötekledim. Ölüm, onda-da biwagt gelen ajal adamy seňseledäýýän eken. Birbada senem gözüme görünmediň, bu durmuş gutarandyr öýtdüm. Çünki dünýä şärikçiligim ejeň bilen gidipdi. Seni bäbekhanadan alyp gelenlerinde eneň aýdanlary häzirem gulagymda. “Durduly, oglum, öleniň yzynda ölüp bolanok. Hudaýa şükür, Aýsonadan Aý ýaly ýadygardlik galdy. Şol seniň bagtyňdan güneş bolup döresin, adyna Güneş dakaly. Sebäp adamyň ady onuň häsiýetine täsir edermiş. Ýöne Güneş jana seretmäge, ony aýaga galdyrmaga indi mende gurbat galmady. Agalaryň çagalaram bäbege serederden ýaş. Gol doly naşgala bolup otyrkak, Güneş jany çagalar öýüne tabşyrmaga men-ä razy däl. Maslahat bilseň, hol, ilerki Ajabyň gyzyny öýe getiräýeli. Ajaba çalaja ýaňzytdym weli, ol garşy däl ýaly. Hiç kime-de bäş şaýy artykmaçlyk etmez, onda-da çül çagaly maşgala. Oguljemal ýaşlygyna garamazdan, jigileriniň ählisini aýaga galdyrdy. Ol gelse, hem öý-içerä göz-gulak bolar, Güneş janan-da eneke.” Men eneň bilen razylaşdym, sebäp indi sen gözümiň ilki göreni Aýsonadan galan ýalňyz ýadygarlikdiň. Meň dünýä şärikligimem seň bilendi. Şeýdip Oguljemal bizde ýaşap başlady. Oguljemalyň mähri saňa ejeňi küýsetmedi. Durmuşa çykmadyk gyzdygyna garamazdan, onuň seni mähre çoýuşy üýtgeşikdi. Ejem olara gatnap-gatnap, ahyry onuň ejesiniň razylygyny alyp, olar bilen guda boldy. Şeýdibem bir ýaşaňda ol seniň hakyky ejeň ýerini tutdy. Ynha indi, ýigrimi ýyldan gowrak biz bir maşgala. Oguljemal seni dünýä getiren ene bolmasa-da, el süýdüni berip, bagryny gerip ulaltdy. Özüňem bir zat diýeniňde onuň gaşyny çytan mahalyny, ýa-da özüniňkilerden aýra tutanyny duýan dälsiň. Ynha, ýüzi-de gözi aýdaý özüň. -Kaka jan, eje jan, men sizden razy. Ýöne gudaçylygy çynyrgatmankaňyz, ejemiň ruhuna sadaka bereliň. Şolaryň habaryny alaýsak diýeniňz bäri ejemiň ruhy meniň ýanymda. Ilki men onuň kimdiginem, näme üçin gelýändiginem bilmedim. Gijeler gözümi ýummaga gorkdum. Muny ejeme aýtsam, aladaň köplügi üçindir diýdi. Şol sudur gije-gündiz ýanymdan aýrylmansoň, Şiirin bilen goňşy obadaky palça gitdik. Şol aýtdy, barybir men oňa ynanmadym. Şoň üçinem gele-gelmäşe sorag baryny ýagdyryp oturyşym.. - Ynanmasaňam bü hakykat, gyzym. Sadakaň gürrüňi ýok. O bolmanda-da toýdan öňürti sadaka berilýar ahyry. - Kaka, toýdan öňürti berilýän sadaka ejem üçin berjegiňi goşma. - Bor, gyzym, ejeň üçin sadakany indiki annada berýäris. - Onda şol sadaka gudalaryňyzam çagyryň. *** Sadaka gelýänler böwşeňleşende daşarda gap ýuwup ýören Şiiriniň gözi tanyş ulagda eglendi. Ol howludan çykdy-da, ulagdan düşmän, pikire batyp oturan Yhlasyň ýanyna bardy. Yhlas Şiirini görenden begenjini gizlejegem bolmady. - Salam, gözel gyz, joraňa meni ýamanlan dälsiň-dä hernä. - Oň ýaly gylygym-a ýok. Ýöne ... - Ýönäň näme? - Joramy çagyraýyn. Ýönesini şondan soň bilersiň. - Meni seň o baýakky joraň gyzyklandyranok. Men bü gün Sahy aganyň agtygy bilen tanyşmaly. - Dur hany, ýiigit, ýalňyşmaýan bolsam, “Siz tarapdan yşkyň şemaly öwüsdi weli, ýüregimi ersdiräýdi” diýýän sendiň öýdýän. - Bolup biler, ýaşlykda owadan gyz görende öýlenmedik ýigitleň diliniň açylýandygyny eşidensiň-le. Bolýa, men sizden utulandygymy boýun alýan. Tanyşlygymyzyň hatyrasyna, meni utandyryp durma-da, güneş ýaly Güneş gyzy çagyryp ber. Esli salymdan Şirin bilen tirkeşip gelýän Güneşe gözi düşen Yhlas duýgusynyň aldamandygyna düşündi. Ýöne dem salymda beýnisinde at çapan pikirler ony bökdedi. “Sen şo gyzyň Güneşdigini aňanyňdan soň, ikilenç yzlaryndan ýetdiň ahyry. Güneşe badabat göwnüň gitdi. Onuň owadanlygy oglanlaryň taryplaýşyça bar eken. Ýöne düýpsüz derýa ýaly balkyldap duran nazaryndaky gussany weli, nämä ýorjagymy bilmedim. Belki, olam toýuň aladasyny edýandir diýip, oýladym.” Yhlas pikirini jemläp-jemlemänkä, Güneş ulagyň gapysyny açdy. - Salam. Yhlas Güneşi tanamadyksyran boldy: - Salam, meni bagyşla. Men Güneş bilen tanyşmaga gelipdim. - Gaty gowy. Geliň, tanyş bolalyň, men Güneş. Yhlasyň dili tutuldy. -Hawa, hawa, men Güneş. Sahy aganyň agtygy. Maňa däl-de, başga birine garaşdyňmy? - Ýok, ýok, men ejem dagyny sadaka getirdim, hemem sadakaň garma-güýrmeliginde seň bilen has ýakyndan tanyşmaga pursat taparyn öýtdüm. Ýöne näme etjegimi bilmän, hälden bäri ýaýdanyp durşum. Hernä Şirin howludan çykaýdy. Dogrymy aýtsam, şol günden bäri öz duýgularymyň meni aldamajakdygyny aňýardym. Çünki şo gezekden soň, seniň Güneşdigiňe ynamym birjik-de gowşamady. Sebäp Şirin sen hakda gürläp başlandan, ýüzüňi galdyryp bilmän, boz-çaz bolup oturdyň. Men şonda seň Güneşdigiňi bada-bat aňdym. Onsoňam biziňkiler tötänden gelip, siziň gapyňyzy açmadylar. “Saňa öýlenmäge wagt boldy. Ýa özüň tap, ýa-da bize rugsat ber” diýenlerinde sizi salgy berenem özüm. Sebäbi obadaşyňyz Ilamanyň sen hakdaky gürrüňleri talyplyk döwründen bäri gulagymda ýaňlanyp durdy. Indem uly umyt bilen gaşyňda otyryn. Mende göwnüň bolmasa, aýdaý... - Men... men... Yhlas Güneşiň ýüregindäkini duýdy: - Gaýgy etme, hemme zat gowy bolar.Meniň seň çak edişiň ýaly ýeňles däldigimi bilersiň. Sebäp şo gezek seni tanap, men hakdaky pikiriňi bilmek üçin bilgeşleýin şeýle batyrgaý gürledim. Syrymy bildirmän gidenimiň sebäbi saňa oýlanmaga wagt bolsun diýdim. Indi toýy güýze goýmasagam bor-la. Şeýle dälmi! Güneş başyny galdyranda ho-ol beýlede duran suduryň bir demde ap-ak buluda öwrülip, gaýyp bolandygyny gördi. Ene ýüreginiň ynjalandygyny duýan Güneş rahatlyk bilen uludan dem aldy... Ogulgerek USSAÝEWA. | |
|
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |