19:11 Eşek we käbir beýleki zatlar barada / hekaýa | |
EŞEK WE KÄBIR BEÝLEKI ZATLAR BARADA
Hekaýalar
Bekki goňşy obadan eşek satyn alyp geldi. Daýaw, gök eşek. Mada däl. Şaýy-july bolmasa-da, tamam esbaby tükel. Arabasy, agyzdyrygy, keçesi, gaňňasy, hemmesi ýerbe-ýer. Ozalky eýesi muny satmakçy däl ekeni. Zerura düşüpdir. Ogly gyz alyp gaçypdyr-da, gyssagara toý şaýyny tutmaly bolupdyr. Bekki hem zerura düşüp aldy. Bakyda duran bäş-alty baş gara malyň iýjek ot-çöpüni meýdandan galtak bilen daşaýmak aňsat däl. Aýlanyp-dolanyp aldajy gyşam gelip dur. Dokuzyňy üçe ýetirmek üçin oňam öňünden gaçmaly. Köneje-de bolsa, bir ulag edinibilse, kemje-kerdem boljak däl welin, Bekkiňem çagalary ýetişip gelýär. Okatmaly, öýermeli, çykarmaly. Wagtynda öýerip-çykarmasaň, biri gyz alyp gaçarmy, ýene biri ýüzüne gara çekip, äre gaçyp gidermi, nädermi? Eşek getirilen güni ondan-mundan eşidip-görüp, goňşy-golam Bekkilere üýşdi. Bekki ilkibada: “Beh, eşek alamda şunça adam üýşýän bolsa, täze maşyn alaýsam dagy nähili bolarka? Bulara çaý-suwam bermelimikä?” diýip, öz ýanyndan biraz gaýga-da çümdi. Ýöne adamlaryň çaý-suw azaryna däl, gelen ilki bilen eşegiň daşyndan böwür berip, terslin-oňlyn aýlanýar-da, ur-tut bahasyny soraýar. Bekki hem aýdýar. Onsoň dileg edýärler, gutlaýarlar: – Nesip etsin! – Haýryny bersin! – Gutly bolsun! Bekki zol “Taňyrýalkasyn! Aýdanyň gelsin!” diýip, jogap berýär. Arasynda ýeňsesini gaşap, ýeserlik bilen: “Nätjek? Boljakmy özi? Ýa oňarmandyrynmy?” diýip, adamlaryň pikirini bilmek üçin soraýar. “Oňarmansyň” diýýän ýok. – Oňarypsyň. – Sazlapsyň. – Derdiňe ýarasa, bolanlygy şol. Eşegem ýat oba düşdüm diýip, ýadyrgap duranok. Öňüne oklanan ot-çöpe äwmezlik bilen agyz urup, gaty arkaýyn. Gelenler mahaly bilen dagabermänsoň, ol birki gezek hynçgyrdy-da, özüniň hakyky eşekdigini tassyklamakçy bolýan ýaly, adamlara gep-üýn alyşdyrman, diň-gögüne garap uzy-yn aňňyrdy. “Ana-da, ana!” boluşdylar. “Gördüňmi ediberşini!” diýişdiler. Gelenleriň biri: – Nesip etsin welin, indi sen muň bilen näme iş etmekçi bolýaň? – diýip, Bekkiden sorady. Bekki: – Öňde-de bir eşek bilen düýäni toýa çagyrypmyşlar – diýip, tymsala tutdurdy. – Eşek begenip, aňňyryp, mesirgäp, bolmajysy bolupdyr. Şonda düýe: “Ýer-ow, uzyn gulak, ýaman hyzzyn atýaň-la? Näme boldy?” diýip sorapdyr. Eşegem: “Ikimizi toýa çagyrdylar. Men-ä şuňa begenip, iki bolup bilemok. Sen näme begeneňok?” diýipdir. Düýe näme diýendir öýdýäňiz? Ha-ha! “Häý, eşek dost! – diýipdir. – Oň üçin tanapyňa towsup, gaňňaňy garnyňa alma, ikimizi toýa çagyrýan bolsalar, men-ä guýudan suw çekmeli bolaryn, senem odun daşarsyň” diýipdir. Ha-ha-ha! Bu gürrüňi öň eşiden bolsa gerek, Atabaý çypar gülmän-yşman, göz-gaşyny çytyp: – Obada ýene kimde eşek bar? – diýip, başga zat sorady. Bada-bat: – Mälikde bar – diýdiler. – Ýene kimde bar? – Ho-ol Toýlyda bar. Ýöne oňky mada eşek. Deme gelen wagty golaýyna eltenok. – Ýene? Juda derwaýys zadyň jogabyny gözleýän ýaly, her kim oýa batdy, obany öýin-öýin hyýalyndan geçirip, başga eşek tapmadylar. – Ýaňy-ýaňylaram her öýde bir eşek bardy. Üýtgeşik jandardyram öýdülmezdi. Ynha, indi Bekkiň eşegine edil muzeýiň eksponaty ýaly seredýäs. Döwür üýtgäp gidip otyr. Gerekmejek zatlary aýryp zyňýar, ýerini başga zatlar bilen doldurýar – diýip, Çary mugallym köpmanyly gürledi. Bekki: “Eýse, men indi döwrüň zyňan, gerekmejek zadyny aldygym boldumy? Özüni oňarmaýan ysnat boldummy? Onda nämüçin...” diýip, pikir edip ugrady welin, gapdaldan Jepbar çykyp, onuň pikirini bulaşdyrdy. – Dogrudanam şo eşekler nirä ýitirim bolduka? – diýip, ol gyzykly sowal berdi. Atabaý çypar: – Hm, şonam bileňokmy? Şäheriň haýwanat bagyndaky ýolbarslar iýip gutardy – diýdi. Duranlaryň içinde muňa ynanany az boldy. Heý, ýolbarsam eşek etini iýermi? Haýwanlaryň şasyna ýaraşjak zatmydyr şü? Ynha, keýik ýa gulan iýer diýseň, hä diýse bor. Häliden bäri çetde bir özi gürrüňçilige goşulman oturan, Şamyrat aga nasyny gapdala tüýkürdi-de: – Hany, şü eşegi duşap biljegiňiz barmy? – diýip, hiç kimiň garaşmadyk sowalyny orta atdy. Üşerilişip, dymdylar. Şamyrat aga oslagsyz sowallar bilen adamlaryň sustuny basmagy gowy görerdi. Ilden tapawutly görünmek üçin hemişe adamlary haýran galdyrmaga çalşardy. Niçikmi, gürrüňdeşiniň osal ýerini tapdygy bes, sypdyrmazdy. Hüjüm ederdi. Öwünmegi halaýardy. Häzirem ol tüýs jaý pursatda hereket etdi. Biraz eglense, adamlaryň dagap gitmegi mümkindi. – Barmy? – diýip, Bekki Şamyrat aganyň sowalyny gaýtalady. – Menem bilemok şony. Öwrenmeli-hä bolar. Araba goşman-a öňki eýesinden öwrendim. – Inim Bekmyrat! Bular eşek duşamany bilmez. Gaňňa salmanam bilmez. Araba goşmanam bilýändirler öýdemok. Sen bulardan eşegiň haýsy tarapyndan münüp, haýsy tarapyndan düşmelidigini sora, şonam bilýän däldirler – diýip, Şamyrat aga igendi. – Hakyky zat, bilemzok – diýip, Jepbar boýun aldy. Çary mugallym nägilelik bilen: – Bilmek geregem däl. Nämä gerek? Eşekdir-dä – diýdi. Şamyrat aganyň muňa girre gahary geldi: – Çary-y! Gerekdir, gaty gerekdir. Eşekdir-dä diýip kemsidýäň welin... Ol demsalym oýurganyp durdy-da: – Gaýraky tutly ýaby kimiň çekenini bilýäňmi? – diýip, Çary mugallymdan sorady. “Bu sowal nireden geld-aý bu ýere?” diýýän ýaly, her kim geňirgenme bilen Şamyrat agaň ýüzüne seretdi. Çary mugallym bilmeýän ekeni. – Bilemok – diýip, ol gysgajyk jogap berdi. – Bilýäňizmi? – diýip, Şamyrat aga beýlekilerden sorady. Hiç kimden ses çykmady. Ýaşuly ähmiýetini artdyryp esli dymansoň: – Bilmeýän bolsaňyz, bilýän otyr ýanyňyzda. Kiçilik bilmän, soraň – diýdi. Diýdi welin: – Kim çekdi? – diýişdiler. – Kakam pahyr çekdi – diýip, ol aşak seredip dymdy. Duranlar tutly ýap bilen eşegiň näme baglanyşygynyň bardygyna düşünmän, ýene soragly nazaryny Şamyrat aga gönükdirdiler. Ýaşuly olaryň wajyp gürrüňi diňlemän, dagabermeginden ätiýaç edip: – Nädip çekenini bilýäňizmi? – diýip sorady. – Kimiň çekenini bilmesek, nädip çekenini näbileli? – diýip, Atabaý çypar takat etmän, kineli dillendi. – Kakam pahyr ummadan akylly adam bolan – diýip, Şamyrat aga köne zamanyň gürrüňini edip ugrady. – Bir gün, ine, şü gaýraky tutly ýaby çekmeli bolýar. Ýerem nätekiz. Ýap çekmek kyn däl, nätekiz ýeriň arasy bilen suw çykarmak kyn. Şo gezek Batman aga aljyrapdyr. Batman aga diýýänim şo döwrüň başlygy. Aljyrap, näderini bilmän, kakama ýüz tutupdyr. Kakam, näme, ömürboýy o zatlaň içinde gezip ýörensoň, darykmandyr, “Arkaýyn bol!” diýipdir. Onsoň noburyň sakasyna barakgetdin, horjunyň iki gözünem çägeden dolduryp, eşegiň gerşine basypdyr. Ýene bir haltanam çägeden dolduryp, keseligine eşegiň ýagyrnysyna ýükläpdir. Onsoň “Byssymylla! Hyh, janawer!” diýip, eşegi kowup goýberipdir. Özem eline pilini alypdyr-da, eşegiň ýörän yzyny çapyklap gaýdyberipdir. Başlyga-da “Meň pilimi uran ýerim boýunça gazyp gaýdyber ýabyňy” diýipdir. Şamyrat aga bir gulaga öwrülip diňläp oturan adamlara seredip kanagat tapdy. Ardynjyrap, täze açyş eden ýaly, dabaraly gürledi: – Hergiz bilip goýuň! Üsti ýükli eşek hiç wagt beýik ýere tarap ýöremez. Ýeriň pesini adamdan gowy bilýändir. Jepbar: – Bäh, kellä geljek zat däl-aý. Adamdan emel gutulmaz – diýip, çyny bilen geňirgendi. Amaty gelenini bilip, şu ýerde Şamyrat aga bireýýäm ölüp giden aslyny öwmegi hem ýadyndan çykarmady: – Kakam pahyryň bilýänini kagyza geçirseň, bir tam kitap bolardy. Ummadan akylly adam bolan pahyr. Indi ol adamlar ýok. Biz şolarça bolup bilemzok. Adamlar üýtgedi. Şamyrat aga barmagyny çommaldyp, beleň aldy: – Hany, obada eşek münübilýän ulugyz barmy? Ýokdur. Tapmarsyňyz. Öň eşek münübilmeýän ýokdy, indi tersine. O-ol eşek münüp, meýdanda kätmen urýan gyzlar indi oral aýal boldular. Hamana şu duranlar günäkär ýaly, Şamyrat aga adamlara gaharly göz aýlady. – Ikindiň wagty girdi, men ýöräýin – diýip, Jepbar Güne seretdi. Şamyrat aganyň muňa-da az-kem gahary gelen ekeni. – Sen, Jepbar, şu ýere gelip, eşegi ellediňmi? – diýip ol ýene-de bir syrly soragy berdi. – Ýok, ellämok. Ony nämüçin soraýaň? Jepbar böwrüne doňuz diňini salyp, Şamyrat aga gürläp başlamanka jogabyny üýtgetdi. – Dur entek, elledim öýdýän. Sypaladym öz-ä. – Hä-ä bolýa – diýip, Şamyrat aga töwereginde kejikdiriji duýgulary döredip, dymdy. Jepbar ýerinden tursa-da gidip bilmedi. Ýaşuly bir zat diýmekçi bolýar. Ony bilmän, gidib-ä bolmaz. – Hawa, Şamyrat aga, ýekeje gezek sypalap gördüm. Ýuwaş eşek ekeni. Hä, sypalamaly däl ekenimmi? – Ýok, sypala, sypalaber. Ýöne ikindini okajak bolsaň, täretiňi täzelegin diýjek bolýan. Şeý diýip, Şamyrat aga hiç zat bolmadyk ýaly, hiç hili geň gürrüň etmedik ýaly, kesä bakyp dymdy. Jepbaram bir tünt ekeni. – Täretim bar-a. Öýläni okamakam täret kyldym-a – diýip, günortanky eden işini ýatlady. – Ýene täzelemeseň bolmaz. Eşege eilini degireniň täreti bozulýandyr – diýip, Şamyrat aga başyny belent tutdy. Bekki Şamyrat agaň ýüzüne seredip, myssa ýylgyrdy. “Ýeri, bu gürrüňi nireden oýlap tapdyň? Häzir bu duranlaň biri subut et, ynanamok diýse nätjek?” diýip pikir etdi. Eýse, onuň ýaşulyny ýalançy edesi gelmedi, dilini dişledi. Şamyrat aganyň bolsa töweregindäkileriň ählisiniň agyzlaryny öweldişip, aňkarylyp duranlaryny görüp, ýüregi joşdy. Adamlary ýene bir gezek haýran galdyryp bilenligi üçin buýsandy. – Eşegiň aslyny bilýänsiňiz-ä. Ýa onam bileňzokmy? Onam aýdyp bereýinmi? – diýip, ol süründi. Aýtsa, aýdyp bererdem welin, şu ýerde öý eýesi Bekki garasöýmezlik etdi-de, adamlary tiziräk dagytmak maksady bilen: – Weý, hany, beýdip eşegiň ýanynda durmalyň-la! Öýe gireliň-le! – diýdi. Adamlar: “Ýok-la öý bolmaz. Işim kän. Ýene bir gün” diýişip şo bada hersi bir tarapa dagaşyp gitdiler. Jepbaram ýeňsesini gaşap, iňkis bilen öýüne gaýtdy. Şamyrat aga-da ýerinden turdy. Aýtmaly möhüm bir zady unudyp, indem ony hakydasyna getirjek bolýan ýaly eşege seredip biraz oýurganyp durdy. Aýdara degerli zat ýadyna düşmänsoň, Bekkä ýüzlenip: – Eşeg-ä meňem edinesim gelýär welin, arman elim ýuka. Işigiňde gannyzyny titredip, hynçgyryp duran eşegiň bolaýsa! Menem bardyryn haw diýip, obany ýaňlandyryp aňňyryp dursa-da! Şuňa şeýle bir höwes edýän welin, hiç zadyň çaky däl. Häk... – diýip, arman bilen başyny ýaýkady. Şol wagt ol Bekkiniň gözüne “Şu eşegiňi maňa beräý. Eşegiň gadryny men senden has gowy bilýän” diýerli göründi. Soň Şamyrat aga: – Setdaram ýaman kejeňek. Hol arada eşek alaly diýsem, “Ýykylyp bir ýeriňi döwdürersiň. Hany indi eşek çapyşyk geçirilýämi öňki ýaly. Indi gezek atyňky. Eşek däl-de, at çapylýa indi” diýýä. Hamana, men o zatlary bilmeýän ýaly – diýip, öýdeş oglundan zeýrendi. Bekki: “Beh, bi işigaýdan eşegi nätjekkä? Meňki ýaly ot-çöp daşara mal-garasy ýok. Eýläk-beýläk gidere oglunyň suw ýaly aýagulagy bar. Ýaşam ýetmişden aňyrda” diýip pikir etdi. Näçe pikir etse-de, eşegiň ýaşula nämüçin gerekdigine teý düşünip bilmedi. Ýetirilmesi derwaýys habar ýadyna düşdi öýdýän, “Hä, dur entek” diýip, Şamyrat aga dikeldi. Eşegiň öňündäki suwly bedrä garap: – Aýyn bolmasa, at diýýändirler. Atam gowy janawer, şekim ýok. Ýöne eşekden egsik ýeri kändir – diýdi. Bekkiniň kellesinde “Haryň işi hardyr, dostlar, müň magtasaň atça bolmaz” diýen setirler biygtyýar gaýtalanyp ugrady. – Ine, şü janaweriň suw içýän bedresinden senem içip bilersiň – diýip, Şamyrat aga dowam etdi. – Ýöne atyň suwa ýakylýan bedresinden suw içmek haram bolýar, bilseň. Sebäp näme diýseň, ady eşegem bolsa bi janawer suwy dişinden syzdyryp içýär. Bedresine demi düşýän däldir. Emma welin, at muň ýanynda halamadyr. Içýän suwuna pyşgyrýandyr. Sarkdyryp, dökan-saçan edýändir... Häk, ýaňky Jepbara aýtmalydym şuny. Şamyrat aga kädisini çykardy-da, düýbüne pitikläp, umumy gürrüň etdi: – Eşegem bolsa, hyzmatyny görjek bolsaň, janaweriň göwnüne ýetmelidir. Bilmedik zadyň bolsa, soramak aýyp däldir, arkaýyn sorabergin. Öwrederin. Bekki gysgajyk: – Bor – diýdi. Ol geplemsek bolsa-da, Şamyrat aganyň ýanynda kän gürlänokdy. Şamyrat aga nasyny atdy-da, öýüne gaýtdy. Dodagyny müňküldedip, nasyň pinegini görüp gelşine bir wagtlar kakasynyň eşekden düşüp, täretini täzeleýänini ýa täzelemeýänini göz öňüne getirjek boldy. Hiç ýadyna salyp bilmedi. Maý, 2013 ý. Mary. Kakamyrat ATAÝEW. | |
|
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |