01:11 Estrada bagşylarymyz hakynda söhbet | |
ESTRADA BAGŞYLARYMYZ HAKYNDA SÖHBET
Aýdym-saz sungaty
Türkmeniň aýdym-saz sungatynyň gadymy döwürlerden gözbaş alýandygy jedelsiz hakykatdyr. Gadymy aýdym-saz sungatymyzyň taryhy hakynda söhbet etmeli bolsa, bir däl, müň makala, belki, şonça kitap ýazybam aýdym-saz sungatymyz baradaky söhbetimizi soňlap bilmeris. Men şu makalada tutuş aýdym-saz sungatymyz hakynda däl-de, estrada bagşylarymyz barada mesele gozgamakçy. Sebäbi şu günki gün, bolmanda, otuz baş, hatda kyrk ýaşa çenli bolan adamlarymyz, esasan, estrada bagşylaryny diňleýär. Bu bolsa ilatymyzyň esasy köpçüligidir. Ilatymyzyň esasy köpçüliginiň diňleýän estrada bagşylary barada söhbet etmek bolsa derwaýys meseleleriň biridir. Estrada bagşylary barada söhbet edilende, köpleriň olaryň ogurlyk sazlara aýdym düzüp aýdýandyklaryndan zeýrenýärler. Dogrudanam, estrada bagşylarynyň köpüsi diýen ýaly daşary ýurt sazlaryny “türkmenleşdirip”, şol saza goşubam aýdym aýdýarlar. Bu hakykaty inkär etmek kyn. Ýöne estrada bagşylary ogurlyk sazlara goşup aýdym aýdýan bolsa, olary diňlemäge bolan isleg näme üçin azalyberenok?! Diýmek, biz diňleýjiler dilimizde bir zat diýip, edýän hereketimizem başga bolansoň, estrada bagşylarynyň gymmaty (göni maddy manyda: estrada bagşylaryny toýa çagyrmak jübä mazaly agram berýär) gün-günden artyp gidip otyr. Käbirleriniň "biziň çykalgamyz ýok, ene dilimizde estrada bagşylary diňlemesek, näme aýdym diňläli?!" diýen sowaly berip, ogurlyk aýdym-sazy aýdýan estrada bagşylaryny diňleýändigini aklajak bolmagy-da mümkin. Ýöne estrada bagşylar kangatlandyrmaýan bolsa, klassyk aýdymlarymyzy-dutar bagşylarymyzy, operada, tarda aýdýan bagşylarymyzy diňlemegiň nähili ýakymlydygyny diňleýjilere, okyjylara ýatladasym gelýär. Estrada bagşylary baradaky söhbete dolansak, olary ogurlyk aýdym-saza goşup aýdym aýdýar diýip, estrada bagşylary ýumruk ýassygy edip tankytlamgam birtaraplaýyn bolýar. Sebäbi estrada bagşylarynyň aýdymlaryny döretmek üçin ilki bilen gowy goşgy, soňra hem şol şygra ýazylan saz gerek. Dünýä tejribesinde şahyr, kömpozitor hem aýdymçy üçüsiniň birleşen zähmeti bilen bir aýdym döredilýär. Emma biziň estrada bagşylarymyz aýdymyň sözünem, sazynam özleri döredip, soňra ol aýdymy ýerine ýetirýärler. Biziň estrada bagşylarymyz diňe bir bagşy däl, olar hem şahyr, hem kompozitor, hem aýdymçy. Estrada bagşylarymyzyň aýdymlarynyň 70-80% sözleri ýa özleriniňki ýa-da tanyş-bilişleriniňki. Şonuň üçin ol aýdymlaryň, esasy böleginiň sözleri gaty ýöntem. Indi estrada aýdymlaryny diňleýän ýaşlarymyz (estrada bagşylaryny diňleýänler ýaşam däl, hatda 40 ýaşyndan soňam olary diňleýänler az däl) aýdymyň içindäki belli-beli sözleri diňläp, galan bölegine ünsem bermeýän ýaly. Ýaşlaryň söýüp diňleýän sözlerem şeýleräk. “Men seni söýýän, ugruňda köýýän”, “Kyn günde, taşlan ýarym”, “Men adagly, söýüp bilemok, ýarym, men adagly...”. Bu sözleri toýlaýlaýmaly. Bu setirler iniňi düýrükdirýär: ...Gitdiň, meniň elimden, Gelin bolduň, Miwe. Gel, duşuşaly, Miwe, Gel, görşäli, Miwe... Bu setirlerde ne bogun, ne ölçeg saklanypdyr. Biriniň maşgalasy bolan gelne, “Gel duşaly” diýip, bagşy bogazyna salyp, çyny bilen aýdym aýdýar. Häzir şuňa meňzeş “şygyrlar” toýda iň ýörgünli aýdymlaryň biri. Toýdaky märekede bu aýdymlara tans edýär. Şu zeýilli aýdymlar bir ýa iki däl. Bagşylaryň şeýle aýdym aýtmagyna diňe olar günäkärmi?! Bu sowala “Hawa, diňe şolar günäkär” diýmäge dilim baranok. Sebäbi şol aýdymlar köpçülik tarapyndan diňlenýär. Isleg bolan ýerde şeýle aýdymlaryň dörejegi öz-özünden düşnüklidir. Aslynda “Näme üçin şeýle aýdymlar döreýär” diýen sowal aýratyn gürrüň etmeli tema. Bu temany soňa goýup, estrada bagşylary baradaky söhbetimizi dowam etdireliň. Diýmek, estrada bagşylary ogurlyk sazlary “türkmenleşdirip” aýdym aýtmakdan daşgary olar örän ýöntem, kähalat namys-ar meselesine kölege salýan aýdymlaram aýdýarlar. Munuň üçin estrada bagşylaryna edilýän tankyt adalatlydyr. Ýöne... Türkmen bagşylarynyň tagallasy bilen türkmen estrada aýdym-saz sungaty emele geldi diýip ynam bilen aýdyp bileris. Dutarda, tarda, hatda gyrgy tüýdügiň we beýleki gadymy saz gurallarymyzyň gapdalynda aýdym aýtmak gadymy döwürden gözbaş alýar. Emma biziň bilşimize görä, türkmeniň estrada bagşyçylyk sungatynyň taryhy 1960-njy ýyllaryň aýaklaryndam 1970-nji ýyllaryň ýyllaryň başyndan (Belki, ondan az-kem irräk bolmagam mümkin) gözbaş alyp gaýdýar.1960-njy ýyllaryň aýaklaryna türkmen toýlarynda daşarda stol goýup, bagşy aýtdyryp ugrapdyrlar, 1970-nji ýyllaryň başyna (1971-72-nji ýyllar) türkmen toýlarynda daşarda aýdym aýtdyrmak köpçülik häsiýetine eýe bolupdyr. Şeýdibem türkmen estrada bagşylary türkmen toýunyň iň arzyly myhmany bolup, şol ýyllardanam olara bolan isleg barha artypdyr. Estrada bagşylaryna ilki başda dik durma bagşylary diýipdirler. Eýýäm 1970-nji ýyllaryň ortalaryna türkmen toýlarynyň şüweleňli bolmagy haýsy estrada bagşysynyň toýa gelmegine bagly bolupdyr. 1970-nji ýyllaryň başynda estrada bagşylary türkmen toýlarynyň iň arzyly myhmany hem bezegi boldy diýip ynam billen aýdyp bileris. 1960-njy ýyllaryň aýaklaryna 1970-nji ýyllaryň başyna toýlarda aýdym aýdýan estrada bagşylary kimler bolupdyr?! Bu sowala jogap bermek aýratyn bir tema. Ýöne halk içinde ilkinji toýa çykan estrada bagşylary beýle bir ýatlanybam baranok. Şol sebäpli ol bagşylaryň atlaryny edil şu makalada getirmek hökman däl hasap edýärin. Emma türkmen toýlarynda 1973-74-nji ýyllardan başlap, aýdym aýdan bagşylar hakynda söhbet etmek derwaýys. Şol ýyllarda Nurýagdy Tokgaýew, Daňňy, Taňňy, kakaly Nury ( bu bagşylaryň familiýasy ýadyma düşenok), olardan az-kem soňrak Rejep Ulugiow, Bally Hajyýew, Akmuhammet Saparow, Atabaý Çarygulyýew, Jemal Saparowa, Leýla Şadurdyýewa ýaly adamlar estrada bagşylary hökmünde halkyň içinde ykrar edildi. Olaryň yz ýanyndan Kiçi Mälik, Uly Mälik, Kakajan Nuryýew, Sabo Artykow, Kakow (familiýasy ýadyma düşenok, halk içinde Kakow eşegem diýilýär), olardan soňra Dörtguly Hezretow, Annuş Myratdurdyýew, Röwşen Hallyýew Rejepguly Kerimow, Aman Kadyrow ýaly estrada bagşylary orta geldi. Garaşsyzlygymyzyň başky ýyllaryndan bolsa Nurmuhammet (Nury kasoý) Meredow estrada bagşyçylyk sungatynda täze nesliň gelendigini subut etdi. Elbetde, halkyň içinde ykrar edilen, şu adyny agzan bagşylarym bilen egin deňän estrada bagşylarynyň onlarçasyny agzamadym. Halk içinde ykrar edilen estrada bagşylarynyň hemmesini agzajak bolsak, uly sahypaly sanaw düzmeli bolar. Ýöne şu adyny agzan hem onlarça adyny tutmadyk estrada bagşylarymyz türkmen aýdym-saz sungatyna öz atlaryny ömürlik ýazdy diýsem, köpler ylalaşsa gerek. Şu bagşylaryň aglabasy otuz ýaşyna çenli ussat bagşy hökmünde halkyň içinde özüni ykrar etdirip bilen adamlar. On ýaşyma giden oglanam bolsam, meniň şu günki ýaly ýadymda 1978-nji ýylda Mäne obasynda Agaly kel diýen adam oglyny öýerende, Jemal Saparowa aýdym aýdypdy. Onuň mahmal owazy, aýratynam, “Gaşly ýarym” aýdymy aýdyşy köpleri aňk etdi. 1990-njy ýylyň fewralynda Mäne obasyndä Bally Hajyýew aýdym aýtdy. Ol döwürler bagşy toý günüň bir gün öň ýany hem gelnalyjy güni irden 9-lara ýbaşlap, öýlän ikä-üçe çenli aýdym aýdardy. Toýuň bir gün öň ýany bagşy Gün ýaşar uçurlary ýatyrylyp, öýde bagşynyň aýdym aýtmagy agşam on birlerde ýatyrmaly edilendi. Emma Bally Hajyýewiň aýdymyna teşne adamlar ony gijä ýarymda-da diňläpdirler. Ýaşulularyň biri obanyň tertip-düzgünine jogap berýän Muhammet molla Bally Hajynyň gije ýarym bolsa-da aýdym aýdyp durandygyny aýdyp arza gelipdir. Muhammet Berdinazar ogly arza eden ýaşuly bilen gije sagat biriň ýarynda Bally Hajynyň aýdymyny ýatyrmak üçin,bagşynyň aýdym aýdyp oturan ýeri bolan Hojageldi Akmämmetleň öýüne gelipdir. Muhammet aga öýden gaýdanda, bagşyny ýatyryň diýmekçi eken. Ol ýaşulynyň sözi kanun derejesindedi. Muhammet aga Bally Hajynyň aýdym aýdyp oturan howla girende, bagşy Magtymgulynyň sözlerine “Ýekäniň" diýen aýdymy aýdyp dur ekeni. Ol aýdymyň yzyndan beýik akyldaryň sözlerine yzly-yzyna aýdymlar ýaňlanypdyr. Daşarda bir tarapda gelin-gyzlar, beýleki tarapda erkek adamlar azyndan iki ýüz adam, öýde bolsa 20 töweregi adam Bally Hajyýewi sesini çykarman ukudan galyp diňläp oturan ekenler. Aýdym ýatyrmaga baran Muhammet aga-da halk aýdymlary diňläp olara goşulypdyr. Muhammet aganyň hut özüniň gürrüň bermegine görä, Bally Hajy ýedi-sekiz aýdym aýdyp, çaý içmek üçin on bäş minut ýaly arakesme edýär eken. Şol arakesmede hem ol bagşyçylyk sungaty hakynda diňleýjilerine gürrüň berýär eken. Ýerden ses çyksa-da adamlardan ses çykmandyr. Muhammet aga: “Men baranymdan soň bagşy üç gezek arakesme etdi. Ine, şonda bagşyň ýadawdygy duýuldy. Sagada seretsem daňdan dört bolup gelýär eken. Men: “Adamlar bagşam ýadady, indi oňa dynç bereliň” diýenimden, Bally Hajam ýadandygyny aýtdy, Şondan soň adamlar dagady” diýip gürrüň beripdi. Muhammet aga Bally Hajynyň estrada aýdymlaryna haýran galyp, aýdymy ýatyrmaga baryp, bagşynyň mahmal owazyna maýyl bolup, oturan diňleýjileriň biri bolup, ony dört sagada golaý diňläpdir. Bally Hajynyň estrada bagşyçylyk sungaty aýdym-saz sungatynda kämilligiň ýokary derejesidir. 1980-nji ýyllarda türkmen estrada bagşyçylyk sungaty has kämilleşdi. Özem ol zamanlar estrada bagşylary häzirkileri ýaly döwlet tarapyndan goldanylanokdy. Gaýtam tankyt edilýärdi. 2012 ý. | |
|