12:08 Eswin we Garagöz / hekaýa | |
ESWIN WE GARAGÖZ
Hekaýalar
…Gyş güni… …Irden… …Saçlary buýr-bulaşyk, heniz ukudan doly açylmandygy sebäpli, düzüwli gözünem açyp bilmeýän, dört-bäş ýaşyndaky gyzjagaz, ýukajyk köýneginiň etegine çolaşyp, patanaklap daşaryk çykdy. Gözüne urlan ýaly, ulili bilen gygyrdy: -E-e-eswin-n-n! E-e-eswi-i-i-n-n!!!... Aýaguçda, malýatagyň gapdalyndaky, gabat gelen agaç böleklerinden, bolşuna görä çüýlenip ýasalan itýatakdan atylyp çykan, çypar reňkli, ýapbyldak, durşy bilen tüý bolup duran gürji it, gyzjagazyň sesini eşiden badyna, gapa tarap düwdenekläp gaýtdy. Gelşine-de gyzjagazyň töwereginde tüýlek guýrugyny bulaýlap, ýalmanyp, ýalym-ýulum edip ugrady. Türkmen maşgalasynda geň eşidilýän “Eswin” atly gürjiniň daşynda pyrlanmasyna “jykyr-jykyr” gülüp ugran gyzjagazam, gözlerini açalak-ýumalak edişdirip, ukudan açyldy. Birdenem, hälden bäri üns bermeýän täsinligi aňyna ýetdimi nämemi, çyzyk gözjagazlaryny ýalpa açdy. Dünýe duw-aklyk. Uzak gije ýagan gardan ýaňa, çar-töwerek ap-akja ýapynja beslenipdir. Hezillik! -Eje-ä-ä!!! Gyzjagaz sesinde baryny edip, çirkin gygyrdy. -Merez-z-z!!! Zährämä ýardyň-la, saçy uzaplar galan, geçi! Nämäňe beýle wägirýäň?! Näme boldy, şumat?!-diýip, açyk işikden kellesini uzadan ejesi, gyzjagazyň al-petinden aldy. Ejesiniň jabjynmasyny gyzjagaz piňine-de almady. Gaýta, “jana balam” diýip, söýgülenen ýaly, gül-gül açylyp, edil bassyrmalarynyň aşagyna çenli süsňäp giren galyň gara, barmajygyny çommaltdy. -Eje-ä! Seret, muňa! -Wa-eý, toba! Bi, geçini! Näme, şumada çenli gar görmediňmi?!-diýip ejesi, gatyrganýan kişisirese-de, gözleri, onuň içinden ýylgyrýandygyny aýdyň görkezip durdy. -Eje! Didar bilen Kanunam alyp, oýnamaga gidäýeli?! Hä?!-diýip gyzjagaz, towsup bosagadan içerik geçdi-de, ejesiniň eteginden aslyşdy. Gyzjagazyň daşynda hyzlawuk bolup pyrlanýan Eswinem, ýalynjaňlyk bilen onuň yzyndan sümüljek boldy. Emma, gyzynyň saçjagazyny sypan ejesi: -Jüt, ýok bol! Wa-eý! Şu haýranam, mydam ýantazyň edinip ýörsüň welin, şondan ýokaşyp, bitlemeseňem biridir!-diýip, Eswine aýagyny salgady. Bikesiniň hereketine düşüş gürji, yza tesdi. Kowlanyny gaty görjegem bolman, işigiň öňünde garysyna ýassandy-da, tamakinlik bilen ýalym-ýulum edip, eneli-gyzyň ýüzüne bakdy. Şol pille, aňyrdan, galyň garyň üstünden äwmezeklik bilen “gütürt-gütürt” edip Garagözem göründi. Heniz doly bir ýaşamadyk alabaý güjügiň adynyň, onuň çalymtyk-sarymtyla ýakyn ak reňkinde, gözleriniň daşyna egele bolup duran, ep-esli gara tegmilden gelip çykandygy göz-görteledi. Eswinden tapawutlylykda, heniz güjüklikden saýlanmadygam bolsa, Garagözüň özüni alyp barşy, eýýäm böribasarlyga ýetişiberen köpekler kimin, agrasdy. Ol, ýalym-ýulum etmäniň nämediginem bilmeýän ýaly, tutuksydy. Häzirem, aňyrdan gelşine, iň bärkisi, işigiň agzyna ýakynlamalydyram öýtmän, bassyrmanyň aňry çetinden girdi-de, üýrmän-çyňsaman, tersine döndi duruberdi. Hamana: “Sag-aman ördüňizmi-how, biziň bilen bile bir ojakda ýaşaýanlar?! Bizem ynha, bu ýanlarda uzak gije şöwür çekip, sizleriň rahat ukuňyzy gorandyrys, bilseňiz!” diýip, adaty salyhatlylygy bilen habar berýäne çalymdaş… Eneli-gyz çyplak geýnendikleri sebäpli, açyk işikde uzak durmadylar. Gyzjagaz hammama eňdi. Ejesem aşhana girdi-de, uly ogullarynyň biriniň öten agşamdan itlere taýýarlap goýan ýalyny çala ýyladyp alyp çykdy. Ýalyň ysyna çyňsanjyrap daşynda hozanak bolýan Eswin-ä “haý-küş” edip, hol beýleden agraslyk bilen käte bir ätmärläp gelýän Garagöze-de: “gel, bäri” edip, olaryň ýalagyny doldurdy. Itleriň her haýsy öz ýalagyna egildi. Olar ýalgabyny boşadyp-boşatmanka-da ýaňky gyzjagaz, eýýäm saçjagazlary daralyp, galyňja geýindirilen sypaýy keşpde, jigilerinem yzyna tirkäp daş çykdy. Çykyşyna-da kümä ylgap, öten gyşdan bäri dagy-duwara mundan buýana geregi bolmajak ýaly edilip, münder bolup ýatan köne-küşülleriň arasyna oklanan tyrpaňňyry dörüne-dörüne tapdy. Üstüni syr-süpür etmänem onda jigileriniň körpesini joňkartdy-da, özem öňüne iltelen ýüpünden dartyp, galyň garyň ýüzünden ony eýläk-beýläk taýdyryp süýräp ugrady. Özem üstünde lopbuja oglanjyk oturan tyrpaňňyry dartmaga zordan güýji ýetýär. Itenek-de-çomanak. Arasynda tyrpaňňyry süýremekden ýadap gara ýykylýar. Turýar. Ýene-de dartyp başlaýar. Aşak ýanyndaky tokarja jigisem: “Menem münje-e-e-k! Menem aýlaý-da-a-a!” diýip, ol ikisiniň yzynda yzan-da-çuwan, ser-sepil. Tyrpaňňyryň üstünde lopbarylyp oturanam uýajygy her ýykylanda ýykyr-da-ýykyr. Onuň guzy mäleýän ýaly enaýyja gülküjigine gyzjagazam jykyr-da-jykyr. Olaryň gülküsine yzlaryna eýerjek bolup, garyň üstünde ýykan-da-sürän bolup ýören ikinji tokarja hem jykyr-da-jykyr. Eswinem ýanlaryndan galmaýar. “Haw-hawlap” daşlarynda pyrlampaç. Hemişeki tutuksylygyny saklamaga çyr-çytyr çytraşýan Garagözem, olary ägirt uly gyzyklanma bilen synlaýar. Onuňam olara goşulasynyň gelip içiniň byjyk-byjykdygy, aýagyny-aýagyna kakyp, sabyrsyz durşundanam bildirýär… Hezillik!... Birdenem, goňşularynyň tutluk ýabyndan duýdansyz okdurylyp çykan hüýt-gara it, özüni gören batlaryna aňalyp galan çagalarydyr-itlere gözi düşdi-de, oslagsyzlykdan ýaňa kürtdürip durdy. Onuň erninden gyzgylt hyllygyny akdyryp, has-haslap, sojap dem alyp, gapyrgalary sanaýmaly hor göwresinde iýmeşik tüýli gerşini tüňňerdip durşy haýykdyrýardy. Çylgym-çylgym gan öýen gözleri bilen jiňkerilip seredişi bolsa onuň ýolunda sataşan hiç kesiň ondan oňlulyk tamasyny etmeli däldigini bildirýärdi. Guduz it uzak durmady. Ýöne, hyňranmadam-üýrmedem. Diňe gan-gatyşykly sülekeý çaýylan azy gyýaklaryny hasam beter saňňartdy-da, doňňara-daş bolup duran çagalara garşy ses-selemsiz topuldy. Şar-gara allajynyň özlerine tarap gaýdanyny gören dessine, hälden bäri çagalaryň ýanyndan aýrylman, olaryň aýagyna çolaşyp oýnap ýören Eswin, naýynjar waňkyrdy-da, guýrugyny ýamzyna gysyp, dört aýagyny sekiz-ä däl, on sekize öwräýjek bolup, howla garşy ökjäni göterdi. Aljyran gyzjagaz dagy näme etjegini bilmän tyrpaňňyryň ýüpüni taşlady-da, göýä, ýetip gelýän nägehandan iň bolmanda ejizje göwrejigi bilenem bolsa jigisini penalamakçy bolýan dek, bolup geçýän zatlara düşünip ýetişmän agyzjygyny öweldip oturan lopbuja körpejäni garsa gujaklady. Misli, guduz açan it özüne agyz uranda gygyrmazlyk üçin edýän ýaly, gözjagazlarynam, dodajyklarynam bar güýji bilen pugta ýumdy. Jygba-jyg ýagdaýda gaçmalydygynam aňynda aýlap ýetişmedik ortanjy oglanjyk bolsa, şol duran ýerinden garyň üstüne lampa özüni goýberdi-de, hemişe nämedir bir zatdan öte üýşenende edişi ýaly, gözlerini mäkäm ýumaýdy. Guduz bela, arryklygy zerarly ysgynsyz görünýän göwresine gelişmeýän çalasynlyk bilen iki-üç towsup, gujaklaşyp duran gyzjagazdyr-oglanjyga ýetdim-ýetdim bolanda, birdenkä onuň çep böwründen sarymtyla ýakyn çal düwdek ses-selemsiz “gütüläp” uruldy-da, doganjyklara garşy agzyny hatap ýaly açyp böken gara iti gapdallygyna zyňdy. Gara guduz garyň üstünde patylap düşen dessine gözilmez çaltlykda aýaga galdy-da, birhili elhenç hyňranyp, öz urgusynyň zarbasyna az-kem seňseländigi sebäpli kellesini silkeleýän güjügiň üstüne özüni oklady. Gabarasynyň güjügiňkä iki-üç esseliginden peýdalanybam ony gabyrdadyp aşagyna basdy-da, kekirdeginden agyz urmaga synanyşdy. Emma, türkmen ýowbasarlarynyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda dürli ýyrtyjylara garşy aldym-berdimli söweşlerde garpyşa-garpyşa toplan baş söweş tejribesi gany bilen zannyna geçen Garagöz beýle aňsatlyk bilen ýeň bererli däldi. Ol tagaşyksyzam bolsa, nähilidir bir juda çalasyn hereket bilen kellesini garşydaşynyň garnynyň astyna sokdy-da, ony öz bogazyny çeýnemek mümkinçiliginden mahrum etdi. Soňam jana dalaş edilýän gazaply garpyşykda hyňranmaga ýa-da çyňsamaga wagt ýitirip durman, ilk-ä garşydaşynyň iýmeşik tüýli uýlugyndan agyz bir silkende, ony arkanlygyna agdardy. Dessine-de onuň uýlugyny agzyndan sypdyrdy-da, güjüklikden ýaňy saýlanyp başlanam bolsa, eýýäm ýalaw ýaly ýiti dişlerini, öz düşen ýagdaýyna dem salymlyk äm-säm bolup galan gara guduzyň garawsyz gyzgylt garnyndan geçirip, edil päki bilen dilnen ýaly parran böwüsdi. Neneňsi guduzam bolsa, gara nägehan iç-goşuny çogduran ýaranyň ýiti yzasyndan ýaňa nädip ulili bilen sogduryp-sogduryp naýynjar çyňsap goýberenini özem duýman galdy. Emma, her näçe çyňsasa-da beýnisini iýen keselden ýaňa serinde däl allajy, janhowluna aýaklaryny däbşenekledip bir dyzanda, öňki-yzky aýaklarynyň ýiti dyrnaklary bilen ahmal galan Garagözüň tumşugyny pers-ala edip, ony honda zyňyp taşlady. Iň näzik ýerinden öte ynjyly awunan Garagöz gözünden-ä ýaşyny, tumşugyndanam al ganyny sarkdyryp ýaňybir aýaga galanyndanam, öňem guduz allajy janhowluna dälilik hetdine ýetip, atylyp dikeldi-de, bir bökende Garagözüň alkymyna dykylyp baryp, onuň gerşinden gyýaklaryny geçirdi. Ony edil, öküzçäniň agzyna düşen çöp dessesine dönderip, agyz uran ýerini goparmaga dalaş edýän dek, iki ýaňa bulap-bujap başlady. Agyra çydaman biygtyýar çyňsamajak bolup bogazynda gaýnadyp hyňranýan Garagöz bolsa, garşydaşynyň atagzy kimin gapjan äňinden sypybam bilmän, oňa agyz urmak üçin yzyna-da öwrülmäge mümkinçiligi bolman, nalaç galdy. Megerem, bedenine ajal aýgydy aralaşan guduz it janhowluna, ölmezinden öň ýaş alabaýyň oňurgasyny döwse-de döwerdi, ýöne, hernä, Garagözüňem, göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup geçýän heýhatly hadysa aňkaryp galan çagalaryňam çöregi bitin ekeni. Howla urdurylyp girişine, şol badyny gaýtarman ýatagyna kürsäp girenden soňam ulili bilen waňkyrmagyny bes etmedik Eswiniň sesini, gädiklerinde garpyşýan itleriň gabyr-guburyny eşidip daş çykan öý eýesi, bolup geçýän wakany gören dessine, sähelçejigem eglenmän, çagalaryna garşy topuldy. Ok kibi okdurylyp barşyna-da, ýüzüniň ugruna haýatyň düýbündäki mähnet demir külüňi garbap alyp geçdi. Bara-barmana-da elindäki guralyň ýiti ujuny, bar güýji bilen gara guduzyň edil boýnunyň biten ýerinden inderdi. Demir külüň, “men” diýen pyýadanyň ämert güýjüniň zarbyna, birinji urguda gara allajynyň boýun oňurgasyny pytratyp, kekirdeginden böwsüp çykdy-da, guduzlan itiň haýy giden läşini ýere çüýledi… “Guş bar etini iýmeli, guş bar et iýdirmeli” diýleni-dä. It bar – elmydama seniň bilen oýnamaga taýyn… It bar – elmydama seniň üçin ölmäge taýýar… | |
|
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 9 | ||||||
| ||||||