09:27 Eýran hünärmeni Aždar Takizade: Režimiñ tarapdarlary Hamaneýiñ ýerine adam gözleýär | |
EÝRAN HÜNÄRMENI AŽDAR TAKIZADE: REŽIMIÑ TARAPDARLARY HAMANEÝIÑ ÝERINE OTURTMAK ÜÇIN BIRINI GÖZLEÝÄRLER
Publisistika
19-njy maýda prezident Ibrahim Reisiniñ wertolýot heläkçiligine uçrap aradan çykmagy bilen 28-nji iýunda birinji, 5-nji iýulda bolsa ikinji tapgyry geçirilen prezident saýlawlarynda alty kandidatyñ arasyndan Mesut Pezeşkiýanyñ saýlanmagy dünýäde gyzgyn seslenme döretdi. Hususanam Eýranyñ türki milletlerden bolan saýlawçylarynyñ Pezeşkiýany goldamagynyñ pikiri alşylýar. Eýranyñ Azerbaýjan welaýatlarynyñ hak-hukugy ugrunda kyrk ýyl bäri göreşip gelýän Aždar Takizade ýurduñ içindäki üýtgeşmeleri ýakyndan goldaýan raýat-jemgyýetçilik guramasynyñ başlygydyr. Günorta Azerbaýjan Demokratik Türk bileleşiginiñ başlygy Aždar Takizade Şwesiýadan biziñ soraglarymyza jogap berdi. Aždar Takizade. Fotosurat: The Independent • "Sistemanyñ içinde dürli güýç toparlarynyñ arasyndaky bähbit uruşlary-da barha güýçlenýär" "Şu ýylyñ başynda bolup geçen parlament saýlawlarynda gatnaşygyñ garaşylyşyndan has pes bolmagy režime iñ uly urgyny beren bolsa, boş orunlar üçin geçirilen saýlawda gatnaşygyñ hasam pes bolmagy kosmetiki üýtgeşiklikleriñ hiç hili peýda etmejegini görkezdi. Tähran režimi bu ýagdaýdan gorka düşdi. Çünki ýurduñ içindäki ykdysady kynçylyklara çykalga tapyp bilmän ýörkä, režimiñ Ýakyn Gündogarda we Pars aýlagy sebitinde bäş ýerde uruş yglan etmegi Günbatar dünýäsi bilen öñdenem problemaly ýagdaýlary gatnaşyklary hasam çylşyrymlaşdyrdy. Liwandaky, Palestinadaky, Ýemendäki, Siriýadaky, Yrakdaky pyrryldaklary bilen çäklenmeýän bu režimiñ terrorçylygy goldamak boýunça artykmaçlyklary Argentina we hatda Waşingtona çenli uzaýar. Bikanun ýollardan Hytaýa we başga ýurtlara nebit satmaga belli bir derejede ukyplydygyna garamazdan, çagşan ykdysadyýetini aýaga galdyrmak mümkin bolmajaga meñzeýär. Şonuñ üçinem režim kanunylygyny-da ýitirdi. Dini lider Seýit Ali Hamaneýiñ öte garrandygy sebäpli başdan geçirýän ýarawsyzlyklary režimiñ ýagdaýyny hasam kynlaşdyrýar. Şonuñ üçin režimiñ tarapdarlary Hamaneýiñ ýerine oturtmak üçin adam gözleýärler. Emma sistemanyñ içindäki dürli güýç toparlarynyñ arasyndaky bähbit söweşleri-de barha güýçlenýär we ideologiki döwlet derejesindäki Eýran Yslam Respublikasynyñ geljegine abanýan howp-hatarlary artdyrýar". • "Edýän işleri bilen on ikinji ymamyñ gelişini çaltlandyrmaga synanyşýandyklaryny aýdýarlar" "Häkimiýetde on ikinji ymamyñ gelmegine garaşýan güýçler hatda onuñ gelmegini çaltlandyrmak isleýändiklerini aýtmaga çekinmeýärler. Şuña meñzeş propogandalara görä dünýäde zorluk-zulumyñ barha artan we çäkden-çygyrdan çykan ýagdaýynda 12-nji ymam (Ymam Mäti) hem çalt gelmelimiş. Edýän işleri bilen on ikinji ymamyñ gelişini çaltlandyrmaga synanyşýandyklaryny aýdýarlar. Prezidentlige kandidaturasyny goýan Jelililiñ 13 million raýatyñ sesini almagy bu toparyñ ýurduñ içinde belli bir derejede ses potensialynyñ bardygyny görkezýär. Şeýle-de, "kölege döwlet" hem bir ýandan galanok. Şol nukdaýnazardan alanda Jelilini bihal biridir öýtmäñ. Onuñ we daş-töwerefiniñ iñ çuñ ýerlere eli uzaýan güýçleri bar. Bu "Höjjetiýe" topary 12-nji ymamyñ geljegini bilse tutuş Eýrany otlamaga taýýar we Hamaneýiñ ýerine öz adamlaryny geçirmek üçin hatda onyñ ogly Müjteba Hamaneýe garşy hem kelle süsüşip bilýärler. Olar geçen ýyl mekdeplerde okuwçy gyzlary himiki gaz bilen zäherläp öldürdiler. Ýa-da aýap-gyzlaryñ aýaga galan döwründe kellelerine gelen her dürli eden-etdiligi edendiklerine garamazdan Hamaneý jyñkyny çykaryp bilmedi. Şonuñ üçin häkimiýet güýjüniñ azyndan 60%-niñ Rewolýusion Gwardiýanyñ harbylarynyñ elindedigini aýdyp bileris. Geçen hepdäniñ anna güni Ýemenden uçurylan we Ysraýylyñ Tel-Awiw şäherine düşen raketa hüjüminiñ arkasynda-da Rewolýusion gwardiýa bardy". • "Hamaneýe garaşly "Keýhan" gazeti Pezeşkiýanyñ töweregine üýşenleriñ "kontrrewolýusionerdigini", "ýalançydygyny", "amerikançydygyny" aýdyp, aç-açan aýyplama bilen çykyş etdi" Mundan öñ Pezeşkiýanyñ prezident bolmak kellesine-de gelenokdy. Reisiniñ wertolýot heläkçiligine uçrap aradan çykmagy onuñ ýoluny açdy. Režimiñ oña ýol bermeginiñ düýp maksady ýurduñ türki milletlerden bolan saýlawçylar gatlagyny saýlaw uçastoklaryna çekmekdi. Ençeme ýyl bäri Azerbaýjan etraplaryndan eýran parlamentine saýlanmak isleýänler köpçüligiñ öñünde türkiçiläp birnäçe söz aýdanda gysga wagtlaýyn joşgun döredýär we ses alýar. Tejribeli syýasatçy bolan Pezeşkiýan hem şu meselelerde işiniñ ussady. Şonuñ üçin Pezeşkiýanyñ hut özüniñ aýdyşy ýaly Hamaneýiñ kesgitlän syýasy ugry bilen ýöreler. Ýöne ol Günbatar bilen gatnaşyklaryñ ýumşadylmagyñ we sanksiýalaryñ azaltmagyñ gerekdigini öñe sürýär. Parlamentiñ agzalary bilen birlikde häkimiýetiñ içindäki beýleki ganatlaram Pezeşkiýana garşy hyşy-wyşy edýär. Öñki prezident Hageminiñ, öñki daşary işler ministri Jewad Zarifiñ "täze hökümetiñ ministrlerini biz saýlarys" diýendiklerine garamazdan, olara üns berýän ýok. Hamaneýe garaşly "Keýhan" gazeti Pezeşkiýanyñ töweregine üýşenleriñ "kontrrewolýusionerdigini", "ýalançydygyny", "amerikançydygyny" aýdyp, aç-açan aýyplama bilen çykyş etdi. Soñky çykyşynda Hamaneý deputatlara ýüzlenip, "parlamente hödürlenjek hökümet düzüminiñ sanawynyñ tassyklanmagyny" sorady. Ýogsam bolmasa, parlament diñe başlyk Kalibafdan ybarat däl ahyryn. Kalybafyñ hut özü-de saýlawlara gatnaşygyñ pesdigi zerarly "ýagdaýyñ howp astyndadygyny" aç-açan aýdanlaryñ biridi. Soñky döwürlerde öz gazetlerinde "Eýrandaky halklaryñ meseleleri" temasyny düýpli tankyt edip, "Siz şaýylyga, Eýran Yslam Respublilasyna garşy çykýarsyñyz" diýip ýazdylar. Pezeşkiýanyñ "pozitiw" diýip tanadylandygyna garamazdan, dini lider Hamaneýi özüne öñbaşçy hasaplamagy çaprazlyklary hasam çuñlaşdyrýar. Bu ýagdaýda hiç bir çözgüt peýda bermez; režim dargamanyñ bäri ýanynda dur". Maýis ALIZADE. Duşenbe, 22.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |