17:51 Eýran nähili ýurt? | |
EÝRAN NÄHILI ÝURT?
Publisistika
Eýran hakda hiç zat bilmeýän sözde eýranşynaslar ençeme ýyl bäri Eýranyñ näderejede güýçlüdigini aýdyp geldiler. Eýranyñ soñky ýyllarda nähili ösenliginiñ, "Sipahi Pasdaran" ady berilen rewolýusion gwardiýaçylaryñ agzyñy uçukladýan söweşjeñ ukybynyñ gürrüñini etdiler. Ýogsam bolmasa, Eýrany öwüp-arşa çykarýan şol hünärmenleriñ birem pars dilinden ýeke söz hem bilenoklar, Eýrany-da ýeke gezek görenoklar. Men bolsa birnäçe ýyl bäri Eýranyñ boş, pöwhe ýurdugyny, kagyzdan ýasalan gaplañdygyny aýdyp geldim. Elbetde, meniñ bu pikirim mawy ekrandan görülen bölek-büçek maglumatlaryma däl-de, eýran dilinden, medeniýetinden, taryhyndan we edebiýatyndan alan düýpli maglumatlaryma, Eýranda geçiren ýyllaryma we eýranlylar bilen bolup geçen gynançly tejribelerime esaslanýar. Ilki bilen şuny aýdaýyn: Eýranda we Owganystanda agramly ýagdaýda pars medeniýeti höküm sürýär. Menem Owganystanda doglup ulalan biri bolamsoñ, pars medeniýetiniñ içinde ýetişdim. Şonuñ üçin pars medeniýetinde ýetişen adamyñ añ-düşünjesine, dünýägaraýşyne beletligim bar. Şeýle-de çagalygymda, Etran-Yrak urşunyñ başky ýyllarynda bosgun bolup maşgalam bilen belli bir wagta çenli Eýranda ýaşadyk. Mundan başga-da, Germaniýada birnäçe ýyllap eýranlylar bilen bir ýerde ýaşadym, ýakyndan gatnaşýan tanyş-bilişlerimiñ arasynda-da eýranly kän. Şonuñ Eýrany we eýran medeniýetini gowy bilýändigimi aýdyp biljek ýagdaýdadygymy bilýärin. Elbetde, Eýran 1,5 million km² bolan ümmülmez territoriýasy, ýerasty tebigy baýlyklary we segsen milliondan geçýän ilaty bilen uly hem-de güýçli ýurt bolup görünýär. Emma fiziki we geografiki ululygyna ýaraşýan (syýasy we harby) güýje eýe däl. Taryhdaky müñlerçe mysaldan ýakyn wagta degişli mysal bermeli bolsa, segseninji ýyllardaky Eýran-Yrak urşunda Eýranyñ iki şäheri sekiz ýyllap Saddam Hüseýiniñ elinde galdy. Eýran muny diñe (urşup däl-de) ýaraşyk baglaşyp yzyna alyp bildi. Homeýni şonda "Saddam bilen ýaraşyk baglaşmak meniñ üçin awy içen ýaly boldy" diýipdi, kän wagt geçmänkä-de aradan çykypdy. 1997-nji ýylda Taliban Eýranyñ Mazary-Şerif şäherindäki konsullygynda işleýän 11 sany eýranly diplomaty dardan asanda, homeýnistik režim owgan serhedine 100 müñe golaý esgerini çekipdi we Owganystana çozjakdygyny aýdyp, haýbat atypdy. Olaryñ garşysyna dikilen 5 müñe golaý baldyry çermelen taliban militaristleri bolsa "erkek bolsañ, gel!" diýýän ýaly bir ýumruga düwülipdi, emma eýran goşuny ýürek edip, owgan topragyna ýeke ädimem ädip bilmändi. Bular ýaly mysallary biziñ eýýamymyzdan öñ Aleksandr Makedonskiniñ 50 müñ adamlyk goşuny bilen bir million adamlyk eýran goşunyny nädip derbi-dagyn edendiginden başlap, biziñ günlerimize çenli sanasañ sanap oturmaly, ýöne geregi ýok. Eýran düýpli howp bilen ýüzbe-ýüz bolanda taryhyñ dürli döwürlerinde özüni alyp barşyna umuman baha bermeli bolsa, ilki "asarys, çaparys, ýok ederis" diýip uludan hop çekýärler, ýöne muny iş ýüzünde etmäge gezek gelende welin, olardan dem-düýt çykmaýar. Eýranlylar şaýy ynanjyna uýýandygy üçin örän duýguçyl adamlar, şonuñ üçinem olat duýgularyny köpüñ öñünde görkezmekden çekinmeýärler. Kasym Süleýmanynyñ jynazasynda eýranly generallaryñ mawy ekranyñ öñünde möññürip aglamagy, hatda Hamaneýiñ özüniñem ajy gözýaşa gark bolmagy munuñ iñ aýdyñ mysalydyr. Hamaneý Süleýmanynyñ jynazasynda gözýaşlaryny saklap bilmedi Şol sanda eýranlar tebigaty boýunça hemme zady gereginden artyk çişirýärler, olaryñ dostlugy-da, duşmançylygy-da aşa çişirilen ýagdaýdadyr. Şonuñ olaryñ dostlugyna-da, duşmançylygyna-da ynanyp bolmaýar. Kyrk ýyl bäri "Amerika ölüm!" diýip gygyryp gelýändiklerine garamazdan, ABŞ-na, Kanada we Günbatar ýurtlaryna ýaşyryn meýil bildirilýär. Galyberse-de, ähli ýokary gatlakly eýranlylar (muña režimiñ içindäki mollalaryñ we ýokary düzümli ýolbaşçylaryñ maşgalalary-da degişli) bir alajyny tapyp, Günbatara gitmäge synanyşýar. Her dürli şübheli pikirlerden uzak görnüşde iki müñ ýyllyk taryha esaslanyp ýönekeýje dilde aýtmaly bolsa, Eýran islendik şertde Türkiýäniñ duşmany bolup geldi ýa-da az-kem ýumşadyp aýdanymyzda, hiç wagtam Türkiýäniñ dosty bolmady. Munda gaznawy we seljuk türkmenlerinden başlap, müñ ýyla golaý wagtlap, Eýranyñ türkleriñ golastynda bolmagynyñ paýy uludyr (250 ýyllyk seljuk agalygy, yzyndan 1500-nji ýyllardan 1925-nji ýyla çenli dowam eden asly türkmen sefewi, owşar, gajar hanedanlyklarynyñ agalygy). Eýranyñ türk duşmançylygynyñ bardygyna garamazdan, türkmen hökümdarlary elmydama eýran diliniñ we edebiýatynyñ muşdagy, howandary, iñ uly hemaýatkäri bolup geldi. Mahmyt Gaznawy eýranly şahyr Ferdöwsiniñ genial eseri "Şanama" üçin müñlerçe altyn dinar sowgat edenem bolsa, Ferdöwsi Eýran bilen türk ýurdy Turanyñ arasyndaky ezeli basdaşlygyñ we söweşleriñ beýan edilýän eserinde türkleri ýedi gat ýeriñ teýine sokupdyr. Eserde legendar eýran gahrymany Rüstem Zal her gezeginde ezeli duşmany Afrasýabyñ hüjümlerini yza serpikdirip, Eýrany uly howpdan halas edýär. Eserde Afrasýap erbet niýetli, hilegär, zalym, rehim-şepagatsyz duşmanyñ obrazynda, ýagny otrisatel rolda çykyş edýär. Položitel obraz bolsa, eýranlylaryñ gahrymany, mert ýigit, gaýduwsyz, peleñleriñ peleñi Rüstem Zal. Şu ýerde eýranlylaryñ Afrasýabyñ obrazynda türkmen hakany Mete hany göz öñüne tutýandyklaryny-da aýdyp geçsek gowy bolar. Şular ýaly aç-açan türk duşmançylygyna garamazdan, ähli türki halklary-da we olaryñ hökümdarlary-da Rüstem Zalyñ gyzykly başdan geçirmelerini halapdyr, Rüstem Zal Anadolyda (şol sanda Türkmenistanda hem -t.b.) mertligiñ, gaýduwsyzlygyñ, dogruçylygyñ simwolyna öwrülipdir. Şol bir ýagdaýda seljuk we osmanly soltanlary eýran diliniñ we medeniýetiñ uly janköýeri bolupdyr. Seljuklar Eýrany eýeländen soñ pars dilini imperiýanyñ döwlet diline öwrüp, tejribeli eýranly wezir Nyzamylmülki-de baş wezirlige (premýer-ministr) belläp, döwletiñ başyna oturdanam bolsa, Osmanlynyñ Günbatara edýän her ýörişinde Eýran arkadan çozýanam bolsa, osmanly soltanlary pars dilini öwrenipdir, hatda öwrenmek bilenem çäklenmän pars dilinde şygyr diwanlaryny ýazypdyr. Şunça dostluga, gyzyklanma, ýakynlyga we janköýerlige garamazdan, olarda şular ýaly tükeniksiz ýigrenç we duşmançylyk bolupdyr. Hakykatdanam düşünmesi kyn ýagdaý! Ýeri gelende gysgaça aýdyp geçeýin: häzir Wenada meşhur buthananyñ girelgesiniñ üstünde hristian apostoly Jon Kapistranonyñ heýkeli bar. Heýkelde Keramatly Kapistranonyñ aýagynyñ aşagynda ölüp barýan osmanly esgeri bar. Bu heýkel 1683-nji ýyldaky ikinji Wena gabawynyñ şowsuzlyga uçramagyndan soñ hristianlaryñ ýeñiş gazanmagynyñ hormatyna dikilipdir. Şol döwrüñ Mukaddes Rim imperiýasynyñ ilçisi ýatlamalarynda şeýle ýazýar: "Türkler bizi ýere arkan ýatyryp, hanjarlaryny kükregimize syhap durka, eýranlylar olaryñ arkasyndan çozup ünslerini sowmadyk bolanlygynda Wenanyñam soñy Konstantinopolyñkydan gowy bolmazdy. Bizi halas eden apostollaryj ruhy däl-de, eýranlylar boldy. Hudaý olaryñ iki dünýäsini abat eýlesin". Hakykatdanam, iki Wena gabawynda-da Sefewi Eýrany Osmanlylary ýeñsesinden urup, olaryñ ünsüni sowupdy. Ýogsam bolmasa, iki gabawda hem ähli hristian dünäsi türklere garşy agyz birikdiripdiler, olar diñe şeýdip osmanlylaryñ garşysyna çykyp bilipdir. Ýakyn döwüre gelmeli bolsa, Eýran 1984-nji ýylda PKK orta çykan gününden bäri bu terror toparyny ogryn-dogryn goldap geldi. Muña garamazdan Türkiýe hiç wagtam "Halkyñ Mojahetleri" ýa-da "Tudeh" ýaly Eýranyñ öz içindäki oppozision toparlary goldap, olary Eýrana garşy ulanmaga synanyşmady. Daglyk Garabag operasiýasynda Eýranyñ sözde molla we yslam režimi aç-açan görnüşde Ermenistany goldan holsa, Türkiýe Azerbaýjanyñ arkasynda durdy. Azerbaýjanyñ ýerleri basylyp alnanda we Eýran Ermenistany goldanda, by ýurduñ 30 milliondan gowrak häzirbegjanly (azeri) ilatyndan ýeke ses çykmady, gaýtam tersine babadaşlarynyñ gurbanlyk goýun ýaly güýlünişine perwaýsyzlyk bilen tomaşa etdiler. Gysgaça alanda şuny aýtmak gerek: Eýranyñ azeri ilaty bilen pars halkynyñ Türkiýä bolan garaýşy birmeñzeşdir. Eýranly azeriler ruhy taýdan parslaşyp gidipdir, şonuñ üçin olar bilen añrymyz birem bolsa, Türkiýä hiç hili ýakynlyk duýmaýarlar, munuñ tersini subut edýän käbir faktlary baram bolsa, ýagdaýyñ şeýleligini üýtgedip bilmez. (Şonuñ üçin Eýranyñ ýarsynyñ añyrsy türki milletden bolmagy, uruş bolan ýagdaýynda biz tarapyñ artykmaçlygy ýaly bolup görünse-de, biziñ "agzynda aş gatyklaýan" hünärmenlerimiziñ öñe sürýän pikirleriniñ hiç bir babatda güýji ýok). Eýran Türkiýäniñ garşysynda düýpli kompleksiñ içindedir. Ýöne bu ýurt ummasyz ýerasty baýlyklaryna, Türkiýäniñ iki essesine barabar geografiki giñişligine garamazdan hiç bir ugurda Türkiýä deñleşip bilmändir. Molla režimi ýurduñ girdejilerini Owganystanda, Ýakyn Gündogarda, Ýemende öz tarapdarlaryny goldamak üçin ýele sowurýarka, Eýranda düýpli ykdysady agsamalar bolup geçýär, halk ýygy-ýygydan köçä çykyp režimiñ garşysyna protest bildirýär. Kyrk ýyl bäri sanskiýalaryñ astynda iñleýän Günbatara garşy aldym-berdimli psihologiki, ykdysady, syýasy uruş alyp barýan döwründe Türkiýe "Marmaraý" tebigy gaz geçirijileri, köprüleri, täze howa menzillerini gurýan äpet taslamalary bilen dostlaryny-da, duşmanlaryny-da añk edip, diplomatiki we harby ugurdaky möhüm öñegidişlikleri bilen regional güýç bolmakdanam ozup, bäsdeşlerini howatyrlandyryp başlady. Häzirki wagtda Türkiýäniñ ona golaý ýurtda goşuny we harby bazasy bar. Şeýle-de Türkiýäniñ harby-goranyş senagaty-da soñky ýyllarda ýyldyrym çaltlygynda ösdi. Munuñ bilen birlikde Türkiýe soñky ýyllarda Günbatara garşy Russiýadyr Hytaý bilenem güýçlendirýän gatnaşyklary bilen ykdysady we syýasy alternatiwalaryny köptaraplaýynlaşdyrdy. Şeýle-de Türkiýe durmuşa geçirýän ykdysady mümkinçilikleri, syýasy azatlyklary, liberal durmuş garaýşy, dynç alyşdan söwda-satuwa çenli birnäçe ugurda töweregindäki ýurtlaryñ adamlary üçin uly jenneti mekana öwrüldi. Soñky ýyllarda Türkiýe uruşdan, syýasy oñşuksyzlyklardan we haosdan gaçýan owgan, eýran, arap elitalary üçin parahatçylykly we asuda ojaga öwrülip, ýewropaly turistler üçinem hemişe gelnip-gidilip durlan, Gündogar-Günbatar sintezini bir ýere jemleýän dynç alyş merkezi boldy. Eýran bolsa bularyñ barsyndan binesip, ol ne-hä turistler üçin özüneçekiji destinasiýa bolup bilýär, ne-de daşary ýurtly işewürler üçon maýa goýum merkezi. Gaýtam tersine, turistinden işewürine, žurnalistinden haýyr-sahawat guramasynyñ işgärlerine çenli hemmeler üçin gaty zerur bolmasa daşda durmaly gorkuly ýurt bolmagynda galýar. Şonuñ üçin hiç kim keýpine Eýrana gitmeýär, gidýäne-de geñ galynýar. Eýranyñ aç-açan we resmi duşmany ABŞ-Ysraýyl bandasy bolýan bolsa, gizlin duşmany we ömürlik bäsdeşi Türkiýedir. Sebäp Türkiýe musulman ýurt hökmünde açyk jemgyýeti, entek birentek kemçilikleriniñ bardygyna garamazdan garaz itme-ýykylma ýöräp duran demokratiýasy, liberal dini we syýasy garaýşy, günbe-günden güýçlenýän ykdysadyýeti, syýasy we harby güýji bilen eýran haljyna ýaramaz görelde görkezýär. Türkiýedäki her oñyn üýtgeşme Eýranyñ gözüne barýar we eýran halkynyñam şol zatlary (has köp azatlygy, adam hukuklaryny we ş.m.) islemäge iterýändigi üçin mollalaryñ gözünde uly howp hasaplanýar. Ortagürp eýranly üçin jennet hasaplanýan Günbatar (Ýewropa we ABŞ) ýetip bolmajak ýer bolmagynda galýar. Muña derek her bir eýranly göwnüniñ küýseýän günbatar durmuşyna Türkiýede arkaýyn gowşup bilýär. Eýranly aýallaryñ türk serhedinden geçen badyna bürenjeklerini başlaryndan aýlap urmaklary munuñ iñ bärkije mysallarynyñ biridir. Türkiýäniñ elýeter eden bütin bu ýaramaz görüm-göreldeleri molla režimini ynjalykdan gaçyrýan ýagdaýdyr. Türkiýe şonsuzam bütin dünýäni gurşap alan teleseriallary bilen birgiden halaýygy özüne ymsyndyryp, ajaýyp dynç alyş zolaklary, klimaty, musulmanlyk bilen gümbatarly ýaşaýyş-durmuş terzini badaşdyrýan liberal durmuş garaýşy we azatlyklary bilen eýranly turistleriñ kalbyny we aklyny ogurlap, olary Homeýniniñ guran yslamy düzgüninden sowadýar. Şonuñ üçin Türkiýäniñ ösüşine hökman palta urulmalydyr. Türkiýe Eýranyñ şeýlekin ýigrenjine we duşmançylygyna garşy sesini çykarman gezenem bolsa, Hudaý Eýranyñ mynasyp jezasyny ABŞ-Ysraýyl bandasynyñ üsti bilen berýär. Şeýlelikde, Gurhandaky "Men zalymy başga bir zalymyñ eli bilen jezalandyraryn" görnüşindäki aýatyñ dogrulygy-da ýüze çykýar duruberýär. Tährandaky mollalar şuña düşünmeli: Türk duşmançylygy Eýrana hiç zat gazandyrmaz, şumada çenli gazandyrmady hem. Emma sebitleýin güýçdenem bir menzil öñe giden Türkiýäniñ dostlugy Eýraba howpsuzlyk taýdanam, ykdysady taýdanam, syýasy taýdanam köp zatlary gazandyryp biler. Käşgä, Ýakyn Gündogar ýaly buýr-bulaşyk geografiki giñişlikde Eýran bilen Türkiýe biri-birine bolan ähli ynamsyzlygy bir ýana goýup, Fransiýa bilen Germaniýanyñ arasyndaky ýaly gatnaşyklary ösdürip bilse, ýagny emläk, hyzmat, adam gatnaşygynyñ azat bolan 150 millionlyk ykdysady bazaryndan, umumy medeniýetinden we dininden gelip çykýan ynamly el gysyşyp, gujaklaşyp bilsedi. Şonda hiç jim Eýrana we Türkiýä gyýa göz bilen seredip bilmezdi. Hatda yslam supergüýjüniñ gürrüñini etse bolardy. Taýagyñ iki ujy bar. Bärde Türkiýäniñem bir zada düşünmegi gerek: Eýran ýykylsa, gezek Türkiýä-de geler. Eýlesinden, beýlesinden burlup, çümmüklenip durlan Eýran häzirki ýagdaýy bilen Günbataryñ garşysynda uzak wagt goranyp bilmez. Şonuñ üçinem munuñ ýeke-täk çykalgasy - duldegşir goñşymyz bilen umumy şertlerde hyzmatdaşlyk edip, sionistik howpuñ öñüne diwar çekmekdir. Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Sişenbe, 28.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |