17:54 Eýranyñ ýagdaýyndan alynmaly sapaklar | |
EÝRANYÑ ÝAGDAÝYNDAN ALYNMALY SAPAKLAR
Publisistika
Gelen ilkinji maglumatlara görä, Eýranda bolup geçen pajygaly hadysa tötänden bolup geçen awiaheläkçilik ýaly bolup görünýär. Ýöne men muny beýle pikir etmeýänlerden. Ýagny, häzir bolmasa-da birnäçe aýdan soñ wertolýot heläkçiliginde Mossadyñ we MRU-nyñ eliniñ bardygy ýüze çyksa birjigem geñ galmaryn. Eýranyñ prezidenti, daşary işler ministri we beýleki ýokary düzümli ýolbaşçylaryñ aradan çykmagyna sebäp bolan wertolýot heläkçilohi maña nämüçindir biraz wagt öñ Eýranyñ Ysraýyla garşy geçiren şowsuz dron hüjüminden soñ Ysraýylyñ Goranmak ministriniñ: "Eýran ar alarys, ýöne haçan we nähili ýagdaýda boljakdygyny biziñ özümiz kesgitläris" diýen aç-açan haýbatyny ýatlatdy. Hemmeler öñräk Eýranda partlan birküç sany bombaly hadysa bilen dawanyñ ýatyşjagyny pikir etse-de, men Ysraýylyñ munuñ bilen çäklenmejegini pikir edýärin. Wertolýot heläkçiligi-de şübhelerimi mazaly perçinledi diýen ýaly. Özüñiz pikir ediñ: Eýranyñ prezidentiniñ tehniki taýdan abat däl, näsaz wertolýota münmejegi belli. Prezidentiñ münjek wertolýoty öñünden telim gezek gözden geçirilýär. Muña garamazdan wertolýot heläkçilige uçraýan bolsa, bärde hökman bir zat bolaýmaly. Bir zady ýatdan çykarmañ, Eýranda her gatlakda jöhit jansyzlary bar. Şol sanda ýurtda onlarça konrrazwedka gullugynyñ bardygyna garamazdan, Eýranyñ kontrrazwedka torunyñ örän gowşakdygyny-da ýatdan çykarmañ. Eger şeýle bolmasa, Kasym Süleýmany ýaly serkerde guş deýin awlanmazdy, Siriýada onlarça general asmana uçurylmazdy. Öñki ýazgymda-da aýdyşym ýaly, Günbatar, has dogrusy, ABŞ-Ysraýyl bandasy Eýrandaky molla režimine ymykly tiñkesini dikdi. Režimiñ tehnologiki taýdan örän gowşakdygyny, arkasyndaky halk köpçüliginiñ goldawynyñam çäklidigini hemmeler ýaly olaram bilýär. Bilýän ýene bir zatlary-da: Eýrana näme etselerem, yslam dünýäsinden hiç kimiñ oña arka durmajakdygy. Orsyýetdir Hytaýam daşyndan göräýmäge Eýrany goldaýan ýaly bolup görünse-de, öz bähbitlerine zyýan ýetjek ýerinde, şobada öwrüm edýärler ýa-da ýeñ astyndan Günbatar bilen dil tapyşmagyñ ýoluny gözleýärler. Ýadyñyza salyñ, Siriýanyñ howa-uçuş zolagy ruslaryñ gözegçiligi astynda, emma Ysraýyl islän wagty ruslaryñ gizlin razylygy bilen Siriýanyñ howa çägine girip islän ýerini bombalap bilýär. Emma biziñ uçarlarymyz ruslardan birugsat Siriýanyñ howa zolagyna aralaşyp bilenok. Edil şolar ýaly Orsyýet duşmandygyna garamazdan Siriýada ABŞ bilenem ýeñ astyndan hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirýär. Türkiýe, Eýran, Müsür - yslam döwletiniñ başyny çekip biläýjek iñ esasy üç lokomotiw ýurdy. Müsür eýýäm birnäçe wagtdan bäri Günbataryñ öñünde lepbeý baýdagyny galdyran ýagdaýda. Ysraýyl Gazada gyrgynçylyk edip ýörkä we Müsüriñ serhedine gelip dirände-de, Sisiniñ demi çykanok, gaýtam tersine, "maña degmeýän ýylan müñ ýaşasyn" diýlenini edýär. Türkiýe hem hernäçe ilkibaşda gohlaýan ýaly bolup görünse-de, soñky wagtlar Günbataryñ aýdanyndan çykanok. Branson hadysasyny ýada salyñ ýa-da has uzaga gidip oturmañ: ilki Finlandiýanyñ we Şwesiýanyñ NATO agzalygyna nägilelik bildirip, soñam iki elini galdyryp "men razy" diýip durşuny göz öñüne getiriñ. Ýakyn Gündogarda ABŞ-Ysraýyl bandasynyñ öñündäki ýeke-täk böwet - Eýran. Mollalardan dynylsa, ABŞ-Ysraýyl bandasy bir okda iki towşan urýar. "Hamas", "Hizbullah" ýaly toparlara, Ýemendäki husilere daşardan gelýän goldawyñ kesiljekdigi üçin Ysraýyl howpsuzlyk taýdan ynjalar, Eýrandaky molla režimi ýykylyp, ýerine Günbatara ýapja režim guruljakdygy üçin ABŞ kyrk bäş ýyl öñ şanyñ agdarylmagy bilen elden gideren galasyny täzeden eýelär. Dogry, halkyñ aglaba bölegi Eýranda Günbatara ýapja režimiñ bolmagyny islemez. Emma molla režiminiñ ýykyljak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýan millionlarça eýranlynyñ bardygyny-da unutmañ. Awtoulag ýollary arkaly serhetden Türkiýä aýak basan batlaryna başlaryndaky ýapynjany sypyryp zyñýan eýranly aýal-gyzlar bularyñ iñ bärkijeleridir. Yslam dünýäsiniñ özüni oñaryp biläýjek belli-başly ýurtlary Ýakyn Gündogarda ABŞ-Ysraýyl bandasyny duruzmak üçin bir zatlar etmese, Ysraýyl gurulmagynyñ 100-nji ýylyny bellände Saud Arabystanynyñ ýa-da Eýranyñ ulugyndaky ýere eýe bolup biler. Ýöne şondan soñ suw señrikden agyp, boljak iş bolar. Häzir Eýran ýaly uly ýurt eýlesinden, beýlesinden burulyp, dyza çökeriljek bolunýar. Ýyrtyjy haýwanlar hakdaky dokumental filmlerde görýänsiñiz: şagallar sürüsi ullakan žirafy sagdan-çepden topulyp bir gapdala agdarmaga synanyşýar. Žiraf ýykylsa, onuñ işi-de dynýar. Eýrandaky ýagdaýam şolar ýaly... Düýn aç-açan ýagdaýda teraktlar we hüjümler arkaly generallary, serkerdeleri öldürilýän Eýranyñ prezidenti we daşary işler ministri häzir geñsi heläkçilik bilen aradan çykýar. Howp uly. Ýedi aýlap dowam edip gelýän gyrgynçylyga garamazdan, şindizem Ysraýylyñ aýagyny duşaklap bilýän ýok. Gazäni ýangyn ýerine öwren jöhit terror döwleti bu gezek ol ýerde galan iñ soñky ýer bölegini-de ýuwtmaga taýynlanýar. Dünýä bu ýagdaý bilen bireýýäm ylalaşdy. ABŞ-Ysraýyl bandasy Eýranyñ işini-de wagta çekip, dünýä jemgyýetçiligini kem-kemden öwrenişdirip dynaýjak bolýar. Bärde ilkinji nobatda etmeli zat: ABŞ-Ysraýyl bandasyny Gaza sektory Ysraýylyñ kartasyna girmänkä duruzmak we Eýranyñ ýan bermeginiñ öñüni almak. Ýogsam bolmasa, ata-babalarymyz aýtmyşlaýyn, "soñky puşman peýda bermez". Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Çarşenbe, 22.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |