20:09 Ezraýyl meniň dostum | |
EZRAÝYL MENIÑ DOSTUM
Oýlanmalar
Kimden okadym, beh ýadyma düşenok. Hudaýy güldüresiň gelse, oňa planlaryň barada gürrüň ber. Hudaýy güldüresiň gelse diýende ynsanlary agladýan Ezraýyl ýadyma düşdi. Şu gün irdenem ölüm hakda kän oýlanyp, turup bilmän ýatypdym. Men pikir etdim; Ezraýylyň-da begenýän güni barmyka? Sebäbi ol öz edýän işinden kän bir begenmeýän bolsa gerek. Mälikil möwtüň hem bir şatlanyp toý-märeka gidýän wagty bolýarmyka. Arş-aglada hem dabaraly çäreler dagy bolýandyr ahbeti. Olam gabyr ysly atyryndan sepinip gidýändir şol toýlara. Men nämüçin görmedik-tanamadyk zadymy özümçe sypatlandyryp häsiýetlendirip otyryn-a diýip, özüme sowal berýän. Soňam replika: Görüp tananyňdan soň ýazyp, sypatlandyryp ýetişmejegiňem bilýänsiň. Ýöne meniň Ezraýyly adamlaşdyrjak bolup oturşym-a bolmaýar aslynda. Ol öz wezipesini ýerine ýetirýändigi üçin birjik-de gynanmaýan bolmaly. Hatda iň soňunda hemme zanly-jandary gyryp gutaryp, ahyrynda öz janyny alanda hem gynanjak däl. Aslynda biz näme üçin Ezraýyldan heder etmeli, ölümden gorkmaly? Biz tamam ömrümize takwa bolup geçmesegem bir menzile baranymyzdan soň toba edip bileris. Haýyr işler edip Hak öňünde günälerden saplanmaga umyt bar dälmi?! Bar, elbetde. Onsaň ölümden gormak bolmaz. Mömüne ajal şerbetini içmek, panydan geçmek-haka gowuşmak diýen ýaly pafosly söz aýdasym geldi. Ýok, ol däl, ynsan dogry ýaşap, hakykaty aýdyp, ahyrynda hem mert tamamlaýar ömrüni. Bir gün Gün ýaşyp barýarka ýa-da Gün dogup gelýärkä Ezraýyl Seniň ýanyna edil köne dosty ýaly geler. Senem ony kalbyrahatlyk bilen garşylap, razylyk alamaty hökmünde gözleriňi ýumarsyň. Nesip eden musulmanlar soňky demde kelemeýi şahadat aýdyp göz ýumar, bir ýeke-täk Pygamberimiz (s.a.w) kelemeýi şahadaty başgaça aýdandyr. Bir kitapda okapdym: «Pygamberimiz (s.a.w) aradan çykmazdan ozal: «La ilahe illallah, jany teslim kylmak nähili kyn! diýdi hem-de hz. Aýşanyň gollarynda «maa'r-refikil-a'lâ» (iň gowy dostuň ýanyna) diýip jan tabşyrdy.» Men Ezraýyldan minnetdar bolardym. Bizi iň ýakyn dostumyzyň ýanyna ugradýany üçin. Goý, bu adamlar jynazamyza minnet bilen dursalar-da, täk ölüm perişdesi biminnet janymyzy azapdan dyndarýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |