22:22 Gaflat / mistiki hekaýa | |
GAFLAT
Mistika we fantastika
Myrat erbet howpurgap ukudan oýandy. Ýüregi mynçgalap, gorky hem ünji gatyşykly agyr duýgy onuň kalbyny elewredýärdi. Ol erbet düýş gördi, ýöne ýaňyja gören düýşi onuň aňynda howsalaly ýagdaýy emele getiren hem bolsa, ol düýşyň mazmuny hiç hakydasyna gelmedi. Myrat näçe jan etse-de ýadyna düşen zat bolmady. Diňe kalbynda bir agyr günä iş edip, soňra hem ökünýän adamyň duýgusy ýüregini mynçgalaýardy. Birdenem ýüregi bulanyp başlady, göbeginiň töwereginde dörän yzaly ýylylyk ýuwaşlyk bilen ähli içgi agzalaryna ýaýrap, birdenem güwläp ýokarlygyna eňdi, kellesi sarsan ýaly bolup, beýnisi çaýkandy. Gözleriniň öňi ilki garaňkyrap, soňrada gyzyl reňk daş töweregi gurşady. Myrat huşundan gitdi. Ol “yňňňňňň” - edip iňňildedi. Şol wagt batly urgylar bilen gapy kakyldy. Myrat bu sese özüne geldi-de alasarmyk ýagdaýda zordan ýöräp gapyny açanda, onuň öňünde iki sany polisiýanyň işgäri peýda boldy. - Myrat Işanow su ýerde ýaşaýarmy? - Howwa, men şol - diýip, nämäniň nämedigine düşünmedik Myrat ysgynsyz jogap berdi. - Siz bolsaňyz, biziň bilen polisiýa bölümine gitmeli bolarsyňyz. - Ol näme üçin, bir zat boldumy? Eýgilikmi? - Baranyňyzdan soň düşündirerler, haýyş edýärin, çaltlaşyň. Myrat içinden "Özler-ä medeniýetli gepleşýärler, belki gowulyk bolaýady-da" diýip içini gepletdi. Polisiýa işgärleri Myradyň hersi bir tarapyndan ýöräp, garaşyp duran ulaga mündürdiler. Goňşular seredişip öz aralarynda bir zadyň hyşy-wyşysyny edişip durdylar. Polisiýa bölümine barýançalar hiç kimden ses çykmady. Diňe Myrat öz içki pikirlerine gümra bolup, näme üçin özüniň polisiýa çagyrylandygyny oýlanýardy. Bölüme girenlerinde olaryň öňünden çykan leýtenant Myrady öz otagyna alyp gitdi. Soňra ol Myrada otugyjy görkezip: - Oturyň - diýdi-de, üýşüp duran kagyzlary gözünden geçirmäge başlady. Soň ol Myradyň ýüzüne seredip, onuň suratyny çekjek bolýan ýaly synlady. Myradyň bedeni galpyldady. "Şu wagt bulaňky artyk degýär, kelleagyram aýrylyp gidibermedi” diýip içini gepletdi. - Siz düýn agşam sagat onlarda nirede bolduňyz? - diýip sülçi seslendi. Myrat näçe jan etse-de ýatlap bilmedi, şol gün toýa diýip gideni ýadyna düşýär, toýdan haçan gaýdany, nähili öýüne geleni hiç huşuna gelenok. Ol näçe jan etse-de hiç zat hakydasyna gelmedi. Birdenem onuň ýadyna aýaly Şirin bilen gyzjagazy düşdi. "Be olar niredekäler, ýaňy öýde ýokdular. Dogrudanam maňa näme bolup ýör". Sülçi oňa bir zatlar diýýänem bolsa Myrat ony eşidenokdy, onuň gözüniň öňi ümezläp, sülçiniň ýüzi salgym ýaly bolup görünýärdi. Myrat sülçiniň görkezen suratyny welin aýyl-saýyl gördi, Ol dosty Durdynyň suratydy. - Tanaýaňyzmy? - Howwa, dostum Durdy. - Haçan, hirede we nähili ýagdaýda iň soňky gezek gördüňiz? - sülçiň sesi güňlenç çykdy. Olam Myradyň huşuna gelmedi. Soňabaka Myrat sülçiniň diýýän zatlaryny üzlem-saplam eşidip başlady."Siziň eliňiziň yzy gabat gelýär... Şu palta bilen kerçelipdir... Dostuňyza kast eden siz... Baryň alyp gidiň, siz tussag... Size ýatlamaga wagt ýeterlik bolar...” Goşaryna polat "bilezik" geýdirdiler. Ol ýöräp barýarka-da daş-töwereginde nämeleriň bolup geçýänini aňşyranokdy. Ol diňe ýeňsesinden itilip tussag saklanýan otaga salynanda özüne geljek ýaly etse-de, ýene-de kellesi sämäp başlady. Batly ýapylan demir gapynyň şakyrdysyna tisgindi. Ol töweregine gözüni aýlady. Salgym ýaly bolup görünýän beton otagyň içinde, diwar bilen birleşip duran beton sekilerden başga zada gözi düşmedi. Sekileriň birinde horja goja aňrysyna bakyp oturyşyna, bärisine-de bakman: - Hoş geldiň, dostuna kast eden, ganhor. Gel-geç soraşaly - diýdi. "Eý-ho, bu ýerde-de sorag, eý, Allam, sen meni ne günlere salyp ýörsüň? Ýa-da meniň aňymy aldyňmy? Bu zatlar näme üçin meniň bilen bolup geçýär?” Goja ýene-de dillendi: - Öň Allany ýatlamaly ekeniň, bu günlere özüň günäkär - diýdi-de bärisine bakdy, kellesinde, eňeginde, ýaňagynda ýeke tüý ýogam bolsa, gulaklarynyň içinden çogup çykýan, burnunyň deşiklerinden süýnüşip çykyşyp gelýän gyllar ol gojany gaty aýylganç görkezýärdi. "Eý, Hudaý bu näme meniň pikirimi okaýarmyka? Ýada men daşymdan gepledimmikäm?”-diýip Myrat içini gepletdi. Goja aýylganç güldi. Olar ýaly gülküni Myrat diňe gorkunç kinolarda eşidip görüpdi. Goja ýerinden turup oňa tarap ýöredi. Myrat yza çekildi. Goja entegem gülküsini goýman Myrada golaýlaşdy. Myrat ellerini kelemenledip, gygyrmaga başlady, demir gapyny depip başlady. Gapy açylyp içerik giren iki sany daýaw pyýada Myrady beton sekiniň üstünde süýndürip arkan ýatyrdylar-da, biri onuň iki egninden güýç bilen basdy, beýlekisi bolsa Myradyň dyzynyň üstünde oturdy-da, onuň goşarlaryndan berk gysyp ellerini ýazdy. Niredendir bir ýerden peýda bolan eli şprisli ak ýektaýly leýtenant onuň üstüne abanyp sanjym etmäge taýyn bolup durdy-da: - Häzir sanjym ederis welin, derrewjik köşeşersiň, baý şonda saýrarsyň-a –diýdi. Myrat "Ýoooook!” diýip gygyrdy, emma leýtenant eýýäm iňňäni damara sançdy. Damary böwüsip giren iňňäniň ujundan çykýan suwuklyk Myradyň damarlaryny yzarlap, bedenini gowşadyp başlady, soňundanam baryp ýürege aralaşdy. Ýürek urgusyny güýçlendirdi, urgy güýçlendigiçe-de ýüregiň göwrümi giňelip, gursagy ýaryp çykarly duýuldy, birdenem ol ýarylan ýaly boldy-da, bedeni taşlap asmana, giňişlige göterilip başlady. Myrat teniniň agaramyny duýanokdy, ol ýelek ýaly asmana uçup barýana döndi. Fizikanyň ähli kanunlary ýatyrlana meňzeýärdi. Myrat asmana galyp barşyna bulutlara golaýlaýanyny duýdy, gözlerini ýumdy, birden sowuk damjalar onuň endamyny örtdi, birnäçe wagt dowam eden sowuklyk gutaryp, ýene-de endamyna ýylylyk ýaýrady. Ol ýuwaşlyk bilen gözlerini açjak boldy, emma öz-özünden ýagtylanýan ýaly ap-ak ýagtylyk birbada gözlerini gamaşdyrdy. Ol gözlerini mäkäm ýumdy-da täzeden açdy. Töweregini synlady. Ak otagyň içi, bir näçe näbelli tilsimatlar, enjamlar, ellerine berkidilen simjagazlardyr, burnunyň aşagyndan enjamlara tarap süýnüp gidýän turbajyklar. Ak ýektaýly aýal maşgala bir zatlara gümra bolup dur. Myrat gözüni çep tarapyna aýlady, aýna diwaryň aňyrsynda oturan aýaly Şirine gözi düşdi: - Şirin, Şirin sen bärde näme işleýäň? - diýip çalaja ýerinden gobsundy. Lukman aýal Myrada bakdy, onuň gözüni açanyny görüp, derrew onuň ýanyna geldi. Enjamlary ýene-de bir ýola gözden geçirip: - Ýatyň, ýatyň rahatlanyň, gymyldaman ýatyň, size tolgunmak bolanok - diýdi. Soňra bolsa Şirine girmek üçin eli bilen yşarat etdi. Şirin haýal etmän otaga girip, ylgap baryp Myrady gujaklady, ýüzünden öpdi, ýüzüne ünüsli seretdi-de: - Myrat jan, ýüregimizi ýardyň-a, saňa ne döw çaldy, özüňi duýşuň gowymy, Myratjan, gara janymyz galma-da biziň - diýip aglamjyrady. Myrat aňk-taňk bolup ýatyşyna Şirine seredip begenjegnem, gynanjagynam bilmedi. - Şirin, Şirin jan men, men... Men Durdyny... Men günäkär däl... - Durdam iki gijeden bäri ýatman seniň ýanyňda boldy, işe görünip geleýin diýip gidişi, gelmeli wagta golaýlady, häzir geler Durdy – diýdi. - Seni toýdan alyp gelenem Durdy, gelip samradyň, samradyň-da uka gitdiň. Şu gün üçülenji gün oýanman ýatyşyň, Allajana şükür, lukmanlaň eli-gözi dert görmesin, derman-däri bilen alyp çykdylar. Ol barmana aňyrdan Durdy gelip girdi: - Dostjan, turduňmy, zährämizi ýardyň. Biraz gan basyşyň pese düşen eken diýdiler, Hudaýa şükür, özüňe gelen bolsaň, saňa sanjym etmegem iş boldy, lukmanlara – diýip ýarym degişme äheňinde ýylgyrdy. Myradam ýylgyryp, dostunyň didaryndan doýup bilmeýän ýaly, gözüni aýyrman dostuna seredip ýatyrdy. Lukman bularyň ýanyna gelip: - Indi siz arkaýyn boluň-da, öýli-öýüňize gaýdyberiň. Myradyň gan basyşy, ýürek urgusy kadaly, häsir dynç gerek, häzir köşeşdiriji sanjym ederis welin, rahatja ýatyp-turar, soň iki-üç gün gözegçilikden soň öýüne goýbereris, nesip bolsa - diýip, olary ugratmak bilen boldy. Myrat Şirine bakyp: - Şirin, Jennetjan nirede, gowymy ol, göresim geldi - diýdi. Şirin: -Jennetjan mamalarynda, olam seni sorap, bagrymy suw edýär, basymrak sag-aman öýe bir bar, nesip bolsa üýşüpjik oturarys. Myrat sanjymdan soň parahat dem alyp süýji uka gitdi. Üç günden soň Myrat öýüne gaýdyp bardy. Jennetjik ylgap gujagyna doldy. Kakasy nirä ýörese bileje tirkşip yzyna düşdi. Myrat düşege geçip çaýyny gaýtaryp, demini alsyn diýip bir gyra süýşürdi-de, Jennetjigi gujagyna aldy. Jennetjik jedirdäp: - Kaka, indi hiç ýerik mensiz gitmersiň gerek? - diýip sorady. Soň bolsa eljagazlaryny kakasyna uzatdy-da gujaklap, kellejigini kakasynyň döşüne goýup uklap galdy... ...Şoldur-da, şoldur Myrat gaýdyp ýagşydan-ýamandan arakdyr-şerap içmedi. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |