23:56 Galagoply myhman / satiriki hekaýa | |
GALAGOPLY MYHMAN
Satiriki hekaýalar
Şenbe günidi. Durdy şofýor öýüniň öňünde, maşynyň ýanynda güýmenip ýördi. Raýon merkezinde Durdy atly köpdi. Hersiniň öz lakamy bardy. Şol wagtda köçeden sakgally-sarmykly, donly, telpekli, gözi gara äýnekli, daýaw ýaşuly bilen bürençekli ýaş aýal geçip barýardy. Durdy bular bilen salamlaşdy. Ýaňky ýaşuly: — Inim, şu etraplarda Durdy şopur diýilýän biri bolmalymyş. Han ogul, şonuň öýün-ä bilýän dälsiň-dä? — diýip sorady. Durdy eliniň aýasyny köne esgi bilen süpürip: — Şol diýilýän-ä men. Geliberiň — diýip, myhmanlary alyp, giň howla girdi. Bu gelen myhman Atabal agady. Ýanyndakam başga bir peýdakeş aýaldy. Çaý başynda ýaşuly nohut ýalyny atyp, soň göknar ezip, keýpi kökläp, «bir mysgal» bolup, gülläp otyrdy. Gürledi. — Asly ýerligi şu etrapdan Gürgen diýlen adam, özem siziň tiräňizden bolmaly, biziň raýonda täze açylan sowhoza barypdy, ogrynçarak göknar hem ekdi ol. Şol maňa sizi salgy berdi. Makul adamdyr diýdi. Ertir bazarlyk bir işim bardy. Siziň uly bazaryňyz barmyş diýip dabarasy Baýböwre düşdi. Bazarlap yzyma gaýtjak — diýip, ýaşuly, çaý başynda derçigip gürledi. — Maňa Atabal aga diýýärler — diýip ol adyny aýtdy. — Ýanymdakam öz zenanym. Men-ä molla, bu-da elti — diýip, ýalan-ýaşryk sözledi. Durdy bu hilelerden bihabardy. Ýöne Gürgeni gowy tanaýardy. Görer-dä Durdam öz ýagdaýyny. Şofýor Durdynyň ýeňse damary wiolençeliň çekilen kirşine döndi. «Haramzada Gürgen, sen nireden meniň tiredeşim bolýaň. Biz köprüde kaklyşamzok. Ikimiziň Hudaýymyzam deň däl-ä?! Salgy berjek bolsaň, ol ýerde pitiwaly, enabatly adamlar gyryldymy. Neşekeşi iberýäň. Näme, meň öýüm neşehanamy» diýip, içinden käýindi. Emma ýarylman zordan saklandy. Mertlik bilen çydam etdi. — Gelen döwlet diýipdirler, Atabal aga — diýip, Durdy ýüz ýygyrman, myhmanlara oňat hyzmat etdi. — Tokda soýlan bolmasyn, elde soýlan göş bolawersin — diýip, myhman dillendi. Durdy geplemedi. Daýaw gyzyl horazy bardy. Edil sergide goýaýmalydy. Toýda uruşdyrmak üçin ony özbek adamlary iki ýüz manada diläpdi. Ony soýup, täze tüwüden, juwazyň künji ýagyndan olara palaw bişirip berdi. «Dostuňa bir goýun soýsaň, duşmanyňa ikisini» diýip eşidipdi. Atabal aga palawyň düýbünde galan ýagyndan birküç owurt içdem. Hopurdysyna Durdyň endamy jümşüldäp gitdi. Atabal aga mis jamynda ýene göknar ezdi. Kirläp giden ýaglyk bilen ony süzdi. Harpygyny çep eliniň tersi bilen pytradyp goýberdi. — Dyrdy jan, ojar tap-da, ot ýaksana — diýip, myhman tirýegini, simini, şire çekilýän içi suwly senedini, ýagny sazyny torbasyndan çykardy. Durdy kyn görse-de, berjaý etmeli boldy. Tomusda ot ýakmak geňdi. — Durdy jan, senem bir owurtlaý. Göknar diýlen zat behiştde bitendir — diýip, myhman şakäsesini öý eýesine uzatdy. — Atabal aga, siz taňry myhmany bolaňyzsoň, men zat diýemok. Ýogsam... — diýip, Durdy dilini dişledi. — Bolmasa, birki soraýsana. — Myhman, hezil edin-de otyr. Maňa azar bermeseň gowy görjek. Ömrüň uzak bolsun, maňa zat diýme — diýip, öý eýesi ýalbardy. — Bize, kesek, kündük, namazlyk gerek — diýip, myhman ýene azar baryny berdi. Agşam ýatmaly bolanda Atabal aga ýene Durdyny derman içmäge mejbur etdi. — Men aýalym bilen bir jaýda ýatjak. Şol ikimize bir otagdan düşek ýazyp beriň — diýdi. Durdyň gahary bokurdagyna geldi. Onuň sabyr käsesi dolup agdy. Ol çagalaryna: — Ýarylyp ölýänem bolsalar aýry-aýry otagda atyňaýt bularyň düşügini — diýip, Durdy azmly gygyrdy. Soňra myhmana ýüzlenip: — Atabal aga, öte geçýäň. Bir gijelikçe aýry ýatanyňda öläýesiň ýok — diýdi. Myhmanyňky göçmedi. Myhmanyň häli-şindi eli kündükli gowadaklap, çyzganyp synja gyljak bolşuna, Durdynyň häliden gahary gelýärdi. Myhmanlara namazlyk, täze kündük gerekdi. Düşek-keçesi gyryrak bolan on çagaly adamdan namazlyk soramak gelişýän zat däl-ä. Durdynyň bir topar ýetişen gyzlary bardy, gelinleri bardy. Atabal aga şakylap duran kesek soraýardy. Hany, ol öňki köne harabalar? Hanjüneýidiň tozduryp giden küňreli howlulary nirede? Ertire çenli Durdy däliremese-de biri. Agşam myhman bilen Durdy bir otagda ýatdy. Çyra söndi. Myhman barybir ynjalmady. Aşagy ýumakly ýaly eýläk bir agdaryldy, beýläk bir öwrüldi, zol gorsanyp, ýürege düşdi. Durda uky haram boldy. Öňem Gürgene içinden sögüp, titräp ýatan Durda bu hereketler hasam erbet täsir edýärdi. Agzyna zäk atylana döndi. Durdy turaga-da çyrany ýakdy. — Myhman, saňa näme bolýar? Saňa näme gerek? Aýyr biliňdäki düwünçekli guşagyňy. Hol çüýden as-da goý. Ertire çenli şoňa guş gonmaz. Biziňem öz günümiz, hudaýa şükür, özümizden ötýär. Puluňam bolsa, zadyňam bolsa, şoňa şu öýde el degrilmez — diýip, Durdy ahyr-soňy ýaryldy. Myhman köýneginiň içinden guşan ýaglygyny çözdi. Guşagyň orta bilinde tompy bir zat bardy. Guşak alaka ýuwdan ýogyn ýylana meňzeýärdi. Myhman guşagyň ujuny düwüp diwardaky çüýden asdy. Aýallaryň ýanýan otagynda-da şuňa meňzeş ýagdaý bolupdyr. Içi göknarly sumkany myhmanyň oýnaş eltisi ýassanyp ýatypdyr. Ir säher namazdan soň çaý içildi. Myhmanlar bazara gitdiler. Durdy «Hudaýa şükür, sowuldy!» diýip, uludan demini aldy. Begendi. Ýöne begenji irräk bolaýmasa. Atabal aga özüniň hemşerisi bilen bazara barýarka, olaryň öňüni bir aýal howlugyp kesip geçjek boldy. Ol aýalyň elinde pili bardy. Ugry pagtazarlyga tarapdy. — Häýt, gelin, dur, öňümizi kesip geçme. Biz uly niýet bilen bazara barýas — diýip, Atabal aga uzakdan gygyrdy. — Meniň gowaçamy suw basyp barýa. Agam, men howlugýan — diýip, kärendeçi gelin säginmedem. Atabal aga hyrçyny dişledi. Häk, şu gün iş oňmaz-ow! Bagtymyz ýataýmabilse ýagşydyr? Atabal aga tirýegi bilen göknaryny birine ýelmemek üçin, amatly hyrydar gözleýärdi. Gaty gizlin hereket etmelidi. Emma göknardan, tirýekden melul myhman kanundan has ýokardaky arşda gezip ýördi. Bir milisioner ýaşuly bardy. Oňa Mämmet milise diýerdiler. Raýkomyň sekretary Garly Gurbanowiç içeri işler bölüminiň naçalnigine berk sargapdy. «Özüňem, işgärleriňem milise eşiginde bazara barmaly däl diýipdi. Goý, hepdede bir gün millet arkaýyn bazarlasyn. Magazinden-ä zat tapanoklar. Ýüzi suwluja zatlaryň bary alyp-satarda, peýdakeşde. Görgüliler horlanýarlar. Beýtmäliň, ynsap ýagşy. Mämmet milise diýilýän bolsa hordy, çatylgy süňkdi, inçeden uzyndy. Özem bazarda ikindiniň kölegesi ýaly bolup ýördi. Çöpe jan bitdi diýlenlerdendi. «Gaç, süňk ýygnaýan gelýär» diýşip, milisioner ýoldaşlary onuň üstünden gülerdiler. Ol zat diýmezdi. Ýer ýaly adamdy. Mämmet milise graždan eşikde bazarda aýlanan bolup ýördi. Uzyn bolansoň ol allowarradan görünýärdi. Özem tukatdy, ýadawdy. Öten agşam gijeki smenada postda bolupdy. Adama nebsi agyrmasy ýokduram weli, Atabal aganyň şoňa rehimi indi. «Giýäbent bagty ýatan, tirýek, göknar tapman azarlap ýör-ow şu. Häzir tirýekdir göknarym bar diýsem, hany-manydan geçip alar şu bende — diýip, Atabal aga pikir etdi. Şeýdibem onuň yzyna ymykly düşdi. Ýogsam milisioner onuň yzyna düşmelidi. Nirä barsa, söbügini sydyrdyp, kölegesi ýaly bolup ýördi. Mämmet milise ondan howatyrlanyp başlady. Milise bolup işleseň, erbetlere garşy göreşmänem bolanok. Pyçaklaýmasyn?!» Atabal aga onuň egninden çalaja silkeledi. Mämmet milise ziňk edip tisginip gitdi. Ol naganynam ýanyna götermändi. «Tüýs giýäbendä duşdum öýdýän, ziňk etdi, tirýeki gorkak bolýa» diýip, Atabal aga-da pikir etdi. — Saglykmy, han ogul — diýip, Atabal aga oňa habar gatdy. — Şükür, näme, näme? — diýip, Mämmet milise aljyrady. Ýüzi agardy. — Ýör, beýleräk çykaly — diýip, Atabal aga ony bir tarapa çekdi. «Be, şu ýaşulynyň mende gan algysy bar ýaly-la? Goranmaly bor-ow. «Sambonyň» emellerini ulansammykam?» diýip, Mämmet milise howpurgady. — Aýdyber, ýaşuly. Bazarda ýat adam ýok — diýip, Mämmet milise birneme özüni dürsedi, etini gataltdy. — Bolmaz, hanym. Herki zadyň öz kadasy, ýol-ýodasy bardyr. Meniň saňa çigidiň gabygy ýaly ýamanlygym ýok. Seň peýdaňa... — Ýör çyksaň çykaly — diýip, Mämmet milise ätiýajy elden bermän eserdeň ätledi. Bular balyk gowrulýan ýeriň gaýra tarapyna bardylar. — Mende birneme gara däri bar, alsaň. Arzan bereýin — diýip, Atabal aga söze başlady. — Ýaşuly, azar berme. Öz ugruňa geziber — diýip, Mämmet milise gidiberdi. — Göknaram bar — diýip, Atabal aga onuň yzyndan ýetip ýuwaşja habar berdi. Emma Mämmet milise yzyna seretmedem. «Haý, bagty ýatan, hawa-da, neşebent halky girrik bolýa. Dargursak bolýa. Bir salymdan neşäň sowulsa gerek. Menden daşlaşyp gitjek ýeriň ýokdur» diýip, Atabal aga hüňürdedi. Ýaňky Mämmet milisäň yzyna düşüp garaşyp geziberdi. Atabal aga ýene Mämmet milisioneriň öňüni kesdi-de aýak çekdi. — Ýagşy ýigit, ýaňky gara däri diýenimde sen düşünmediňmi? Tirýek, göknar bar. Arassa. — Ýaşuly, azar berme diýdim-ä men saňa. Men neşe diýlen zady ömrylla agzyma alyp gören ogul däl. — Haý, öz-ä agzyma alyp göremok diýseňem-ä... — diýip, Atabal aga teýeneli gürledi. Mämmet gaharlandy: — Ýaşuly, git diýilýä saňa şu bazardan. Men milisiýa işgäri — diýip, Mämmet milise titir-titir etdi. — Itiň gargyşy gurda kär etmez. Siz gurt ahyry — diýip, Atabal aga Mämmediň üstünden güljek bolup kölegeli gürledi. «Ajaly ýeten tilki hininiň agzyna bakyp uwlar» diýlişi ýaly, öýlänräk Atabal aga ele düşdi. Şol günüň ikindini poçtalýon Durdyň işigini batly kakdy. Milisiýadan çagyryş haty geldi. Durdynyň öýüni, howlusyny ysgaw it bilen näçe wagtlap dörüp, tirýek, göknar gözlediler. Göknaryň harpygyny alyp barlap gördüler. Durdyny KPZ-ä gabap, işigine urdular gulpy. Onam az görüp ýaragly nobatçy goýdular. Durdynyň gaýyn enesini hem soraga çagyrdylar. Çünki ol garry ýaňky myhmanlara pitre diýip pul beripdir. Onam tirýek, göknar almak üçin berensiň diýip jenaýata çekjek boldular. Durdy bolsa derňewde sudda ähli bolan wakalary aýdyp, içini sowatdy. Gürgeniňem bu işe baş goşýanlygy subut boldy, onam gapjadylar. Atabal aga indi üçünji gezek «akyl» jaýyna düşdi. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |