00:11 Galyñ diñe gyz bahasymy? | |
GALYŇ DIŇE GYZ BAHASYMY?
Edebi makalalar
Gündogaryň juda gadymy döwürleri bilen tanşyp otyrkaň galyňly meseläniň üstünden barýarsyň. Belki, bu söwdanyň başy ilkidurmuş adamynyň mesgeni bolan jeňňellerde dörändir? Dogrudanam, her hili sowal kelläňe gelýär. Taryhçylaryň ýazmagyna görä, biziň eýýämimizden dört müň ýyl ozal (jemi alty müň ýyl bolýar) Tigr hem Ýefrat derýalaryň ortasynda ýaşan ilatyň arasynda galyň almak däbi bolupdyr. Durmuşa çykarylýan gyz üçin öýlenýän adamdan töleg talap etmäge ene-atanyň hukugy kanunlaşdyrylypdyr. Siz Hammurapiniň kanuny diýip eşidensiňiz. Babilon patyşasy Gündogarda iň kämil kanunlary döreden häkim. Dört müň ýyl ozal düzülen kanunlaryň arasynda häzirem güýjüni gaçyrmadyklary bar. Tebigaty goramakda tokaýlary abat saklamakda görlen çärelere gözüň gidýär. Kanunlaryň gazaply ýeri-de bar. Kanunuň 218-nji maddasynda şeýle ýazlan: “Eger wraç bürünçden ýasalan pyçak bilen näsagyň tenini kesende näsag öläýse, ýa-da garasuw inen gözi ope- rasiýa edende pyçak göreje zeper ýetiräýse, wrajyň elini kesmeli”. Hammurapiniň kanunynda nika gyýmak, nikalaşylanda şaýatlaryň bolmalydygy göz öňünde tutulýar, galyň hem ýatdan çykarylmandyr 129-njy madda görä, ýigit gaýyn boljak adama töleg bereni üçin aýal äriniň gyrnagyna öwrülýär, doly tabyn bolýar. Eger aýal ärine biwepalyk etse, ony suwa zyňýarlar. Biwepalyk är tarapyndan bolsa aýal çuwal bilen getiren zatlaryny alyp, atasy öýüne gidýär. Şertnama görä aýal äri bilen ýaşamak islemese, äriniň ony başgalara satmaga haky bar. Çaga atasynyň emlägi hasap edilýär. Erkin adamyň çagasyny ogurlana ölüm jezasy berlipdir. Indi has bäri gaýdalyň. Biziň eýýämimizden ozalky on dördüji asyrda Kiçi Aziýada öz döwletini guran hettleriň kanunlarynda-da galyň hakda aýdylýar. Gyz satmak däbi kanunlaşdyrylypdyr. Hettler bilen bir döwürde güýçli döwlete öwrülen gadymy Assiriýada atasyna gyzyny satmaga doly rugsat berlipdir. Bize ýeten faktlara görä, bir ýüz otuz gram kümüşe gyz satyn alyp bolýan ekeni. Gyz zorlan adam üç esse artyk tölemeli bolupdyr. Şol döwürlerde Palestinada ýaşan ýewreýler hem gelin üçin galyň töläpdirler, oňa “mahor” diýlipdir. Tölegiň has çökderiniň bolandygyna Töwratda-da duşýarys. Moiseýiň (Musa) birinji kitabynyň 29-njy babynda Isaakyň ogly Ýakowyň söýgülisi Rahila ýetmek üçin daýysynyň gapysynda ýedi ýyl işlemeli bolandygy barada ýazylýar. Onda-da Lewan ýegenini aldaýar, möhleti gelende Rahile derek uly gyzyny berýär. Ýakow Rahil üçin ýene ýedi ýyl malyň yzynda entemeli bolýar. Ýene bir mysaly Gurhandan alalyň. Musa Müsürden gaçyp, Mi-diýan çöllerine gelýär. Guýynyň başynda iki gyza sataşýar, olara suw almaga kömekleşýär. Uýalar ony garry atalarynyň ýanyna alyp barýarlar. Garry gyzlarynyň birini Musa bermäge razylyk berýär, ýöne öňürti sekiz ýyl işläp bermegi buýurýar. Bu waka 28-nji süräniň 22-30-njy aýatlarynda beýan ediýär. Musulman kanunynda, ýagny şeri- gatda hem gelin üçin tölenýän paý bar, oňa “mahr” diýýärler. Ýew- reýlerde “mohar”, musulmanlarda “mahr”. Iki aňlatmanyň golaýdy- gy düşnükli bolsa gerek. Petruşewskiniň ýazmagyna görä “Mahryň” aňyrsy Arabystanyň yslama çenli urug-tire durmuşyndan gaýdýar. Gelin üçin tölenýän “mahryň” mukdary ýigit tarapynyň maddy ýagdaýyna görä, dürli-dürli bolup biler. Ýöne, gyza tölenýän töleg dul aýala tölenýänden köp bolmaly. Emma hemişe şerigatyň kanu- nyna eýerilip durulmandyr, durmuşyň şertleri zerarly ol bozulypdyr Şu babatda J.Frezeriň “Horasana syýahatyň beýany” atly kitabyna ýüzlenmek ýeterlik bolsa gerek. Ol XIX asyryň başynda, türkmenleriň arasynda bolan adam. Onuň ýazgysyny iňlis dilinden terjimede berýäris: “Türkmenleriň adatyna görä, erkekler belli bir möçberde düýe, dowar, iri şahly mal berip özlerine aýal satyn alýarlar. Hyzmatkär hökmünde aýallaryň başarnygyna uly baha berilýär. Aýallar diňe bir öý hojalygyna seretmek bilen oňanoklar, olar satuw üçin senetçilik harytlaryny hem öndürýärler. Erkekler welin, galtamançylyk edäýmeseler ýa-da iri mala seredäýmeseler, başga pişä ol diýen üns berenoklar. Aýal söwdasynda geň bir ýagdaý bar: başy boglanyna telim ýyl geçip, dul galan aýallar ýaş gyzlardan has gymmat. Gyzlara iki ýüzden dört ýüz rupiýa çenli tölenýän bolsa, dullara birnäçe müň rupiýa töleýärler. Gyzyň adaty bahasy bäş düýe. Doly güýjündäki dul aýalyň bahasy elliden ýüz düýä çenli galýar. Geň galaýmaly, bu bahanyň öz sebäbi bar. Öň durmuş gören aýala maşgalany dolandyrmagyň tärleri aýan, keşigi ezberlik bilen çekip biljek. Ýa-da, oňa senet öwredip otyrmaly däl, belet, başarýar. Äre-de şol gerek. Elinden dür dökülýän aýallaryň parhy ýokary, gadyry başga. Gymmat bahany olaryň özleri-de keserdip goýup bilýärler”. Görüň, durmuşyň emri neneňsi bolýan ekeni! Ylmy çeşmeler türki halklaryň arasynda orta asyrlarda-da galyňyň bolandygny ýazýarlar. Ata Jykyýew oňa yslamdan öň ornaşan däp hökmünde garap ady tutulan monografiýasynda onuň döreýşini şeýle düşündirýär: “Galyň aýala töleg hökmünde urug-tire gurluşy döwründe, işçi güýjüne mätäçlik çekilýän mahaly döräpdir diýilse, logika dogry gelerdi Tiräniň işçi güýjünden aýyrlasy gelenok, has dogrusy, ony başga tirä beresi gelenok, juda çykalga tapmadyk halatynda onuň üçin töleg talap edipdirler”. Ezber folklýorçymyz, etnograf Ümür Esenowyň il arasyndan ýygnan materiallaryna seredip otyrkam: “Aslyýetinde süýt haky diýlen zat 27 gram altyna barabar bolmaly” diýlen ýazga-da duş geldim. Wah, galyň süýt hakynyň möçberinde durdymy diý! Soňky ýigrimi-otuz ýylda çişirlen galyňy näme bilen düşündirse bolar? Elbetde, bu barada köp ýazyldy, garaşsyzlyga ýetildi diýilýän döwürde galyň diýen derdesere tankydy göz bilen seretmegi unamaýanlar hem tapylýar. Olar gowy-erbet, umuman, halkyň aňyrdan gelýän däp-dessurlaryny seljerip oturmagy halamaýarlar, hamala, halkyň geçmişine at dakylýan pisintde görýärler. Meniň özüm-ä bir ýagdaýy açyk aýdyp biljek: galyňyň möçberiniň artmagy bilen gyzlarymyzyň mertebesi galýandyr öýtmäliň! Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |