13:38

Gara ýyldyrym -3/ romanyň dowamy

3.

Bagaja obasynda tireleriň, taýpalaryň gelip çykyşy, aýry-aýry adamlaryň iştimagy, umuman, geçmiş hakda gürrüň gozgalanda, Aýhanyň sözüne pitiwa edilerdi. Köpüň derdine ýaraýan ussaçylygyndan gaýry, ol okap-ýazyp bilýärdi. Käbir adamlaryň ynanjyna görä, tireleriň taryhy kitaby ýazylyp giden bolmaly. Şol kitaby Aýhan okapdyr. Tagan molla-da okap bilýärdi, emma taryh meselesinde ona salgylanmazdylar. Oöa şerigatyň ýoluny bilmek buýrulypdyr. Haýyr-sogaby günä-şerden parhlandyryp oturan adamyň taryhy seljerip ýörmäge eli-de degýän däldir. Edil şu pikiri tassyklaýan dek, Tagan mollanyň taryha, geçmişe baş goşýan mahaly ýokdy. Eger bihabar adam sowal beräýen halatynda-da: «Bu geçmişiň ahwalatlaryna Aýhan beletdir, ussa adamlaryň bilinden aşagy taryha gömlendir» diýerdi.
Aýhan tekeleriň aslyny Salyr Gazandan alyp gaýdardy. Salyr Gazanyň üç ogly bolupdyr: Utamyş, Togtamyş, Ýalkamyş. Bagşy bilen Syçmaz taýpasy Utamyşdan döräpdir, Beg bilen Wekil Togtamyşdan, Saryklaryň asly Ýalkamyşdyr. Syçmaz-da öz gezeginde iki tirä bölünýär: Aksupy, Hajy supy. Aksupy-da alty bölek, şol altynyň birine-de Bagaja diýýärler.
Bölünişik gutaranokdy, ol Bagajanyň içinde-de dowam edýärdi. Üç syrgynyň hersi bir maýda tirä degişlidi. Ileri çetde ýogynlar, gaýra tarapda saraýlar, olaryň aralygynda-da sallahlar ýerleşýär.
Saraýlar Aýhanyň tiresidi. Öz tiresiniň adamlaryny gelbäri etmek Akmyradyň borjy. Akmyrat saraýlar bilen oňmady. Ýogynlaryň ýaşulysy Atanyýaz yzyna Tagan mollany tirkäp geldi, sallahlardan Balkan batyr geldi. Zyba bir ýagdaýy aňdy: Akmyrat bu çakylygy dädesinden bimaslahat edendir, ýogsa çagyryljak bolsa, Galkandan öňde Eşrediň atasy Salyh aga bar. Zyba: dädem nägile-de bolsa, sesini çykarmaz, sözüniň ýer almajagyny aňdygy geplemez diýdi, pikir öwürdi: «Häli-häzir-ä Eşret obada ýok, bolaýan halatynda-da, Akmyrat ony idemezdi». Zyba kemsindi.
Aýal, oglan-uşak Nurmyradyň öýüne gapgaryldy. Zyba içerik girmedi, iki öýüň aralygynda köw-söw edip ýörşüne, Nobadyň aýdymyna garaşdy.
Ýagyş diňipdi, ýene asmanyň buludy ýeňlemedi. Ýer, çöp-çalam çygdy, Zyba çigrek howada ýalanaç bedene öl-myžžyk geýim geýen ýaly, oňaýsyzlyk duýdy, bir ýerde aýagyny epmege takaty ýetenokdy.
Gazma ojaga atarylan agyr gazapdan bug göterilýärdi, gaýnan etiň ýakymly ysy töwerege ýaýraýardy. Ojakdan bäş-on ädim sowaşyk ýatan garry köpek gözlerini süzüp, şol ysa melul bolan ýalydy.
Akmyradyň öýünden eşidilen erkek adamlaryň zarply gülküsi irkilip ýatan garry köpegi tisgindirdi. Zyba adamlardan nadyl boldy: Eşret olaryň ýadyna-da düşýän däldir. Eşredi ýoksuradanda, ýüregi howul aldy, gara öýe sygmajagyna düşündi. Gara öý nämemiş, oňa häzir dünýä dar. Gara bulutlar gerdeninden basýar.
Zyba gün şöhlesini küýsedi.
Ýene erkekleriň gülküsi eşidildi. Bu sapar garry köpek tisginmedi, gazan ýaly kellesini galdyrmaga ýaltandy. Garry köpegiň biperwaýlygy bilen öýdäkileriň biperwaýlygynyň arasynda nähili parh barmyş? Erşrediň obada ýokdugy olaryň ýadyna beri düşýärmikä? Eşret toýa gidipdir, toýa giden adam ýatlananok, aýralyga duçar edilen adam ýatlanylýar. Seniň bolşuň näteňet, Zyba?
Ol toba gelenok. Asyl-ha, adamlaryň nämä gülýändiklerine düşünenok. Eger olaryň arasynda Eşret oturan bolsady, düşünerdi. Olar Eşrediň bälçiremesine, degişmesine gülýändirler diýerdi.
Zyba olaryň Eşretsiz gülüp bilişlerine geň galdy. Dädesi gülýän däldir, Eşret bolmasa, dädesi gülmez, ony Eşret güldürip bilýär. Bu adamlaryň arasynda başga ony güldürip biljegi ýokdur.
Eşret obadaky tirelere at galyşyny özüçe aýdyp berende, Zybanyň dädesi ony hezil edip diňleýär, biygtyýar ýylgyrýar.
Ýogynlar tiresiniň neneňsilik bilen at alanyny takyk bilýän ýok, Aýhanyň özi-de çaklama urardy: ýogynlaryň maly köp, maly köpüň hem garny dok bolýar, garny doka-da ýognamak geň zat däl.
Eşret Zybanyň dädesiniň aýdanyna kaýyl bolmazdy: «Sypaýyçylyk etme, ýaşuly – diýerdi.– Ýogynlaryň aslyny aýdanymyz bilen pygamberiň keramatyna dil ýetirdigimiz bolanok, gypynç edip durýasmy, aýdybermelidir, bizden eşidiň, ä-äý, gyzyk ýerini biz aýdybiljek. Bu zaňňarlaryň asly ýogyn bolmandyr, inçe bolupdyr. Çybyk ýognap töňňe bolýar, güjük ýognap, depek bolýar. Emma tazy ýognamaz. Tazy ýognasa, tazy bolmaz-da. Şony bilip-de, adamlar ony galapyn aç saklaýar. Aç bolsa, haýwan ýognanok, adam diýeniň-ä baýaky. Ýogynlary ösňeden zaňňar Müňgyşlagyň çölünde entäp ýörkä aç ekeni. Boýy ikindiniň kölegesinden uzyn, boýny meşigiň büzmeginden inçe ekeni. Içi içinden geçip, hamy gapyrgasyna ýelmeşip duran egri pyýada ekeni. Ýyly çörege zar, iýýäni gaty nan bolupdyr, ol-da bedeniniň suwuny sokga sorupdyr. Çopançylyk etse, maly dargapdyr, daýhançylyk etse, babadaýhan gargapdyr. Eşek ogrusy boljak ekeni, hudaý ýalkapdyr. Günleriň bir güni entäp ýörkä, ýaraly, çalajan ýatan adamyň üstünden gelýär: «Meni ölmänkäm, öýüme aşyr, ölsem-de öýümde öleýin» diýýär. Öýüne alyp barsa, bi-de, telim ak öýli, süri-süri goýunly baý bolsa nädersiň. Ajalyň ýetse, malyň peýdasy barmy diý. Ak mapraç heleýini, göze görnen gyzyny, maly-mülküni taşlap, o dünýä gidiberýär. Baý hatyn aglaýar, eňreýär, aglanyň bilen öliň direlýärmi? Pylança gün geçýär, ýogynlaryň atasy gaýdarman bolýar, baýyň aýaly muny goýbermeýär, seni bakjak, bejerjek, adama meňzäniňi göreýin, soňra Alla ýaryň diýýär. Garny doýan ýerden kimiň gidesi gelýär. Her gün berre toklynyň etini iýip, güýlünip ýatyr. Endamyna suw ýöräp ugraýar. Dul aýal muňa gyzyny bermekçi bolýar, gapdalynda erkek adamyň bolanyny kem gören däldir-dä. Zaňňar ýaşajyk gyza meýil bildirenok, küýi-köçesi baýyň dul heleýinde. Eger gyzyna öýlensem, baýdan galan döwletiň bir bölegi meniňki bolar, heleýini alsam, tutuş meniňki bolar diýýär. Şeýdip, dul heleýi alýar oturyberýär. Ä-äý, ol-da bir basan ýerinden ot çykyp duran gaýratly heleý diýýär, bi zaňňara mal-halyň azaryny-da ýetirenok. Iýip-içip, mes bolup geziberýär. Bokurdagyndan başga aladasy boljakmy diý, açlykdan sypan adamyň-da işdäsi özüňe belli. Öňünde ýahna goýsaň-da, urup otyr, kellaýak goýsaň-da urup otyr, çiş kebap, gaýnatma işlekli diýeniň-ä halar aşy. Arasynda-da kersen-kersen düýeçal bolarmy, agaran bolarmy, gapgaryp otyr garnyna! Garyn diýeniň-de meşikden enaýy däl. «Az iýen arassa, köp iýen hassa» diýipdirler. Otursa, turmasy, tursa, egilmesi hylalla, garny syrtyna aýlanyp barýar. Hor çekende, tüýnügiň çagarygy şatyrdaýar, ýogyn-ýogyn gägirende golaý gelen atlyny ürküzýär. Zaňnaryň çagalary-da özünden bäş beter, iýermenlikde juda ezber bolýar. Iliň çagasyna bäş-alty aýda diş çyksa, onuňky üç aýa ýeter-ýetmezde süňk gemrişip otyrlar. Soňra il-gün bu tohuma «ýogynlar» diýip at goýanmyş. Dul heleýe öýlenen mekir zaňňaryň gözi bilen gören adamlar gürrüň berer ekenler, enem gulagym bilen eşitdim diýýär. Ir zaman bolmaly, garry enemiz ýüzden ötdi. Enemiň ýene bir aýdany dogry: ýogynlaryň heleýleri erkeklerinden gaýratlydyr, mal-hal şolaryň boýnunadyr. Çopanlardan soraýyn, hasap-hesibini edýän galapyn heleýleridir diýýär».
Aýhan Eşrede nädogry aýdýarsyň diýmezdi. «Ähtimaldyr. Tekeleriň Müňgyşlakda ýurt tutanlary hak. Eý, türkmeniň ýurt tutmadyk ýeri galdymy» diýerdi.
Kersen doly aka bişen et gapdalynyň ýagly çorbasy bilen saçagyň üstüne gütläp düşdi.
Akmyrat:
– Ýaşulular, alyň – diýip gygyrdy. – Bi ýalançyda iýeniň, içeniň, gezeniň galar. Iki goýnuň ähli süňki itiň öňüne zyňylýança, men size ýazylganlyk bermen. Iýeniňiz siňmez öýdüb-ä bimaza bolmaň. Buhara täjirleriniň Çyn-Maçyndan getiren çaýyny içirjegimi juda çyn biläýiň.
Galkan batyr:
– Barlynyňky bir başga-da – diýdi.
Akmyrat beleň aldy:
– Asly bidöwlet bolsa-ha tiresine saraý at galmazdy. Bidöwletiň kümesi bolýarmy saraýy bolar ýaly. Däde, meniň sözüm rastmydyr?
Aýhan jogap bermedi, Atanyýaz bilen Tagan molla garap, alyberiň diýen yşarat etdi. Içlerini dolduryp oturan adamlaryň häzir gepe gulak asaslary gelenokdy. Tamdyrdan ýaňy çykan çörek bilen bugaryp duran gaýnatma olaryň erkini elinden alyp, halys sähne etdi goýaýdy. Öýüň içinde şypbyldy bilen hodurdydan başga ses eşidilmedi. Garny doýan gaýra çekildi. Barmaklarda galan ýag ýokulary yrýa edilmedi, murtlular murtuny ýaglady, murtsuzlar çokaýyna çaldy. Soňra ýüzi dumanlap duran düýeçally tabak elden-ele geçdi, içen alkyş etdi:
– Çeşmesine bereket bersin.
Iýgi-içgi babatda dokuzlarynyň düzüwdigini duýdurýan ýaly, her kim eňegini döşüne diräp, ýogyn-ýogyn gögirdi.
Saçak ýygnalyp, töwir galdyrylan dessine, Akmyrat teklibini orta atdy.
– Ýaşu-lularyň rugsady birle, gulaklaryň posy açylaýsa neneň bolar?
Atanyýaz Tagan mollanys pikirine garaşman, jogap berdi.
– Rugsatdyr.
Oturanlar höwes bilen Nobada garadylar. Nobat törde, ýaşululara golaý otyrdy. Adam pakyryň sähelçe göwni bar. Akmyradyň serpaý beren garmadonuny göwşül çäkmeniniň üstünden ýelbegeý ataýypdyr.
– Adamlar, bu gün sogap iş-e etdik bolsa-da. Batyr janyň galpagyny syrdyk. – Ol garmadonuň keşde urlan ýakasyny çekişdirip, hoşallygyny bildirdi. – Oturmaga ýaran çagany eýeriň üstüne mündürseň bolany, atdan düşmänkä, eýýäm jahyldyr. Döwletiň artsyn, inim, Akmyrat, sizinň kysmy garagöz ýigitleriň derdine ýaramajak bolsa, bi dutary Babagammar pirimiz döretjekmi diý.
Ol haly çuwala söýelgi duran dutaryny aldy, hoşamaý ýylgyryp, tüýleriniň ujy güne jogran gytyk telpegini çykardy-da, dyzynyň aşagyna saldy, şahyna düşen tahýany düzetdi. Ýüzi giňän ýaly bolaýdy. Onuň merdemsi eňegi bardy, çekge süňkleri giňdi, maňlaýy dardy. Gözleri owasynyň ýaýbaňlygyna görä däldi, kiçidi, çukurdy, gussalydy. Sakgal-murty jübtek bilen timarlanandy. Nobat iki-üç öwre dutarynyň taryna kakdy, soňra gapagy sypalap, bir meýdan dymdy, başyny galdyrman oturyşyna hemişeki endigine eýerip:
– Gel, dutarym, sözleşeli, aslyň seniň agaçdandyr – diýdi. – Ä-äý agaç diýsem, göwnüňe alma, dutarym. Alynyň zülpikarynyň dessesi-de agaçdandyr. Hezreti Musaň hasasy-da zeýtun diýen agaçdandyr. Beýik-beýik suwlaryň köprüsi agaç, gara-gara degişleriň gämisi agaç. Dutarym, dutarym, seniň owazyň bolaýmasa, ýagty ýalançynyň gaýry lezzetin-ä görmedim. Mundan bu ýana-da görerin öýdemok. Ýagty ýalançydan ýalňyz öten bendäniň, ol dünýäde jaýy jennet bolarmyş, baran dessine behişdiň hüýr-perileri lepbeý diýip, gaşynda durarmyş.
– Bi dünýäde nesip etmedik hüýr gyzy o dünýäde başyňa ýapjakmy?
Nobat bu aýdylany ünssüz galdyrdy, öz sözüni dowam etdi:
– Pil tutup, çomur bolmadyň, Nobat, taýak alyp, çarwa bolmadyň. Köpüň geçip, azyň galypdyr. Ömrümiň örki sana bagly, dutarym, täleýdäkini bileje görübereris.
– Zynharlama, how! – Balkan batyr owsun atdy. – Hüýr-peri küýsäp, behişde howlukma sen. Ilerki dagdan aşyp bilsek, hüýr-peri gytçylygy ýok, düş yzyma!
Nobat ykjamlandy.
– Gözelleriň waspyny ýetirmek biz bilen, ýigitler. Periler bilen iýip-içip, münüp-guçup, ömür sürmek size nesip etsin. Gör-bak, Görogly beg näme diýýär!
Nobat gözüni süzüp hiňlendi:
– Suw ýüzünde mündüň gämi,
Ymmat üçin etdiň jeňi.
Hümmet senden, Nuhy-nebi,
Meni ýetir perizada.

Ýaş-elenlere jan girdi, dyzyna galyp gygyranlar boldy.
– Şeýtsene-aýt muny!
– Bagşynyň çaý-temmäkisini bökdemäň.
– Görogly begi sypdyrma, Nobat jan.
Nobat dutaryny düzmäge oturdy. Tagan mollanyň teklibi bilen, ýaşulular turarman boldy, Aýhan-da turdy.
– Arkaýyn oturyň, keýp çekiň, ýigitler – diýdi. – Biz size päsgel bereris, agşam namaz golaýlandyr. Bagşy bir gyzandan soň, bölseň bolmaz, sowar, sowasa, tamdyr sowan ýaly bolaýar.
Gapa ýönelen ýaşululary Galkan saklady.
– Atanyýaz aga, gala baş çekip gaýdypsynyz diýdiler, ýemrelileriň maslahaty birigendir-dä hernä, habaryny eşidäýsek...
Atanyýaz pökgi gabaklaryny kynlyk bilen galdyryp, umytly jogaba garaşýan ýüzlere höwessiz seretdi.
– Ýemrelu-beýlekisiniň maslahaty birigen ýaly – diýdi. – Gep salgy, tutuş il bolup oturylmagyna göwnemändirler. Oba başyna bäş-on öýlini kabul edip biljek diýipdirler.
Akmyrat:
– Gorkulary bardyr – diýdi. Atanyýaz dawa-galmagaldan heder etdi, gyssandy, çaltrak çykyp gitme bilen boldy. Akmyrat ynjalmady. – Bizi köplük görýärler, biz, hudaýa şükür, köplük-dä! Gorkýarlar, başlary jemlenmesin diýýändirler. Serçä däne sepen ýaly sepjekdirler, pytratjakdyrlar. Galkan, men mamla gerek?
Galkan batyr dyzyny ýumruklady.
– He-e-eý, teke ili, günüňe ýanaýyn!
Iki ýyl ozal aýaly ölüp, öýlenip bilmän kösenip ýören Nurýagdy hoşal boldy.
– Bize geregi şü – diýdi. – Agzala iliň görjegi horluk bolar. Bir adamyň beýlekiden habary ýok, ýagdaýyň nähili diýenok.
Galkan oňa azgyryldy.
– Gapylsanaý, seňki näme?!
Ýigitleriň biri hikirdedi.
– Nurýagdy jana heleý gerekdir.
– Hä-ä, ini beg, maňa heleý gerek. Il bolýan bolsaňyz, öýlendiriň-dä meni. Obaňyzda telpegi agan gezip ýör, namysdyr size.
– Heleý gerek bolsa, Galkan batyryň yzyna düş.
– Gyrnak alar öýtmegin, bagtym pes ekeni-dä, süňňüm bir arassa bolsun. Galkan, sen batyrlygyňa osup, maňa gapyl diýdiňmi? Diýmegin, geplejek ýeriňi bilgin, ogul.
Akmyrat çydamady.
– Seňki artykmaç, Nurýagdy – diýdi.
– Meniň sözüm artykmaç bolsa, özüm-de artykmaçdyryn. Size ýük bolsam, gidäýerin. Duzumyzy iýip, ýüzümize gapyl diýýärler, namys dälmidir saňa? Ä-äý, gutaran saraýlar diýsä...
Nurýagdy käýinip gapa ýöneldi, Akmyrat ony saklamady. Imisalalyk. Galkanyň ala gözlerinde ot ýandy, gönümel burnunyň deşikleri ýel alyp, eňegi gatady.
Nobat:
– Adamlar, maňa-da ýol beriň, haw – diýdi. – Görogly beg gam-gussany aýdym-saz bilen ýeňer ekeni.
Galkan batyr käýindi.
– Kethudaň ýaňky ýaşulular bolsa, dünýäde keýp galmaz. Gorkmadyk – sylamaz. Bizde güýç bar, serdarlara ýol bermeli. Dilegçilik tekä gelişýän häsiýetmidir-aý?!
Galkan elek-çelek, oturanlardan goldawa garaşdy. Akmyradyň doganoglany, gözi şully Suhan sypaýyçylyk etdi.
– Zorluk etmegiň özi-de parz iş däl. Il-gün dawa-şerden bezgek. Olar-da saýry däl-ä. adamlar, ganybir türkmeniň.
Galkan batyr gygyrdy.
– Türkmen gutardy!
Nobat gyssandy.
– Adamlar, dilleniň, näme aýdyp bereýin?
– Sen bize Görogly begiň ölümini aýdyp ber.
Galkanyň teklibini eşidenler geňirgenme bilen ilki Nobada, soňra Akmyrada garadylar. Nobadyň bady gaçdy, ýöwselledi.
– Görogly begiň ölümi aýdylyp ýörlen-ä däldir – diýdi.
– Wagtal-wagtal erkek-de aglaýandyr, ýaýdanma, Nobat.
Nobat ýaýdandy. Ol Göroglynyň ölümini bilýärdi, dädesi aradan çykanda, hasratyny ýüregine sygdyryp bilmän, özi özüne aýdyp beripdi. Ony çöl diňläpdi, sazaklar-sözenler başlaryny egipdi. Arassa ak çäge agralyp, şemala per bermändi. Gam-gussanyň agyr demi gök otlaryň ýüzüne ýalyn bolup çabrapdy.
Märekäniň arasynda aýdan ýeri ýokdy.
Nobat Akmyradyň sözüne garaşdy. Akmyrat ýaýdanmady.
– Galkan batyryň göwnüni ýykma, Nobat – diýdi. – Merdiň ölümini aýtmak-da, eşitmek-de aýyp däldir, gaýrat et.
– Meni kyn güne goýduňyz.
– Belki-de, galpagyny syran çagaň Görogly bolup dörär. Neneňsi äriň ornuny tutmalydygy gulagynda galsyn. Eneleriniň hüwdüsi gulagynda galýar, bu-da galar. Ýaýdanma, süňňüni bek tut, Nobat.
Bagşy mahaly bilen özüne gelip bilmedi, oturanlar oňa sabyrlylyk bilen garaşdylar.

Dowamy bar >>
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 65 | Добавил: Moderator | Теги: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]