22:53 Geçmişdäki baýdaklarymyz | |
GEÇMIŞDÄKI BAÝDAKLARYMYZ
Taryhy makalalar
Bu gün türkmen ili öz döwlet nyşanynyñ ㅡ döwlet Tugunyñ baýramçylygyny üçünji gezek belleýär. Ýaşyl baýdagymyz garaşsyz hem bitarap döwletiñ dünýä ýüzündäki ykrarnamasy bolup, indi ençeme ýyl bäri älem-jahanyñ çar künjünde pasyrdap dur. Türkmen halky özygtyýarlygyny gazanyp, garaşsyzlygyny dünýä ýüzüne ýaýandan soñ, döwlet bitewiliginiñ hemişelik nyşany bolup durýan baýdagy hem gerbi edinmek gerek boldy. Şonuñ yzysüre, 1992-nji ýylyñ fewralynda bolsa Türkmenistanyñ ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyñ pähim-paýhasy bilen döwlet Baýdagymyz dünýä indi. Eýsem ata-babalarymyzyñ öz baýdagy bolmadymyka? Elbetde, muña taryhyñ saralan sahypalaryny agdarsañ, jogap tapmak kyn däl. Garaşsyz diýarymyzyñ ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyñ gadymy Merwden tapylan baýdagy telewizor arkaly il-güne görkezeni hemmeleriñ ýadyndadyr. Heniz antik döwürde hem türkmenleriñ öz baýdaklarynyñ bolandygyna şaýatlyk edýän ýazuw çeşmelerine gabat gelmek bolýar. Belli taryhçy Kwint Kursiý Ruf Orta Aziýanyñ çäklerinde ýaşan halklaryñ gije bilen gündüziñ deñleşýän gününde ㅡ Nowruzda patyşanyñ çadyrynyñ ýokarsynda Günüñ şekili bilen bezelen tuguñ pasyrdap durandygyny belleýär. 1910-njy ýylda çap edilen ''Stoluñ üstünde goýulýan suratly ensiklopediýada'' uçlary egilen haç görnüşindäki nyşanyñ eşretiñ we abadançylygyñ inderilmegini añladýan baýdakdygy aýdylýar. Alym J. Amansaryýew hajyñ dini simwol hökmünde Aziýanyñ, Ýewropanyñ we Amerikanyñ gadymy halklary tarapyndan giñden ulanylandygyny belleýär. Hajyñ döredilendigine bäş müñ ýyla golaý wagt geçipdir. Adamlar şu nyşanda bütindünýä prosesine itergi berýän janlanmagyñ güýjüni we Tañrynyñ erk-islegini görýärler. Ýöne Orta Aziýada, şol sanda Türkmenistanda-da uçlary egilen haç Güni añladypdyr. Günüñ şekili gadymy Türkmenistanyñ ençeme ýadygärliklerinde, meselem, Nusaýda, Merwde duş gelýär. Arileriñ gadymy dini düşünjelerine görä, Gün çep diýen düşünjä, Aý sag diýen düşünjä laýyk gelýär. Bürünç eýýamynda bu nyşanlar çylşyrymlaşdyrylypdyr. Göni atanagyñ üstüne gytaklaýyn atanak goýlandan soñ, ýyldyz emele gelýär. Aýyñ gapdalynda hökman ýyldyz emele gelýär. Aýyñ gapdalynda hökman ýyldyz hem bardyr. Ýarym Aýyñ we ýyldyzyñ şekillerinde zoroastrizmiñ dualistik dininiñ mazmuny öz beýanyny tapýar. Bular Günorta Türkmenistandaky bürünç asyryna degişli birgiden şekiljiklerde hem duş gelýär. XI asyrda türkmenler-seljuklar Kiçi we Alynky Aziýanyñ şäherlerine aralaşyp, şu regionlardaky gan döküşikligi togtadypdyrlar. Seljuklar öz ýanlary bilen ''ýyldyzy'' we ''ýarym Aýy'' göteripdirler. Alym Ýa.I.Smirnow täze dogan Aý Kiçi Aziýadaky türkmenlerde nesilden-nesle geçýän nyşan bolupdyr diýip hasaplapdyr. Gündogary öwreniş ylmynyñ görnükli spesilaisti akademik W.W.Bartold bolsa şeýle ýazýar: ''Dini simwol hökmünde hristianlar öz ybadathanalarynda hajy eziz görýän bolsalar, metjitlerde ýarym Aýyñ şekili uly ähmiýete eýedir. Ýöne ýarym Aý umumy yslam üçin däl-de, türk-osman yslamyna has mahsus görünýär''. Şeýle hem gadymy çeşmelerde türkmenleriñ nesilbaşylarynyñ tuglarynda aždarhanyñ şekiliniñ bolandygy aýdylýar. Parfiýalylaryñ goşuny ýeñil we agyr ýaraglar bilen üpjün edilen atlylardan ybarat bolupdyr. ''Ýaralanmazaklar'' diýip at berlen agyr ýaragly atlylar müñ adamdan ybarat toparlara bölünipdirler. Her toparda a£darhanyñ şekili çekilen uzyn tug bolupdyr. Şol baýdaklary görüp, grekler parfiýalylary ''dragonlar'' diýip atlandyrypdyrlar. Soñraky ýewropaly dragunlaryñ aslynyñ şolardan gaýdýan bolmagy-da mümkin. Keramatly ''Awestada'' turanlylaryñ-dahlaryñ gahrymany aždarhanyñ şekilinde görkezilýär. Onuñ ady Aji-Dahak (häzirki türkmen dilinde ㅡ aždarha diýen manyda) bolupdyr. Eýranlylar hem köplenç halatda çarwalary aždarhanyñ we äpet ýylanlaryñ keşbinde şekillendiripdirler. Taryhy çeşmelerde oguz türkmenleriniñ uly taýpalarynyñ biri bolan kaýy ýylanlar diýlip atlandyrylýar. Rowaýatda olaryñ şu ady suwuñ daşmagy bilen baglanyşdyrylýar. Türkmen rowaýatlarynda we ertekilerinde aždarhanyñ derýada, kölde ýa-da deñizde bolýandygy aýdylýar. Munuñ özi tötänlik däl bolsa gerek, çünki aždarha şekilli tuglaryny tuglaryny ellerine alyp, ýöriş eden dahlar (Hazaryñ kenarynda ýaşanlar) deñizden çykan a£darha meñzedilipdir. Köne Nusaýda tapylan, dahlaryñ-parfiýalylaryñ biziñ eramyzyñ başyndaky möhürlerinde-de aždarhanyñ şekili bar. Parfiýadaky Hatranyñ köşgüniñ esasy arkasynyñ düýbünde-de aždarhalar şekillendirilipdir. Gadymy Horezmiñ durmuşyna degişli kartinada-da tuguñ aždarhanyñ guýrugyna meñzedilip çekilendigini görýäris. Alymlar Gündogar we Merkezi Ýewropa aralaşan sarmatlaryñ añyrsynyñ dah-massagetlerden gelip çykandygyny doly anykladylar. Olaryñ esasy taýpalary ㅡ alanlar we aslar gadymy döwürde uruşgan we ýeñilmezek hasaplanypdyr. Bu barada Arrian şeýle ýazýar: ''Alanlaryñ harby nyşanlary a£darha çalymdaş bolup, bular uzynlygy bir ölçegdäki syryklara dakylypdyr. Baýdaklar dürli reñkdäki gykyndylardan dikilipdir. Galyberse-de, kelleler we tutuş göwre guýrugyna çenli mümkingadar eýmenç görnüşde edilipdir. Munuñ özboluşly emmasy bar. Atlar durka, dürli reñkdäki gykyndylar aşaklygyna sallanyşýar. Ýöne hereket edilip başlananda gykyndylar ýellenip, ady agzalan jandara meñzeýär. Gykyndylar arasyndan geçýän güýçli öwüsginden ýaña şuwwuldaýar''. Alanlaryñ türkmenlere birgiden däp-dessurlar, edim-gylymlar geçipdir. Häzirki türkmenleriñ ençeme taýpasy alanlaryñ nesilleridir. On asyrdan soñra türkleriñ-hazarlaryñ tugunda-da a£darhanyñ şekillendirilendigini bilmek gyzykly bolsa gerek. Hazarlaryñam nesilleri türkmen halkynyñ düzümine goşuldy. XII-XIV asyrlarda aždarha Kiçi Aziýadaky Artukidleriñ türkmen dinastiýasynyñ maşgala gerbi hem totemi bolupdyr. XX asyra degişli Orta Aziýa miniatýuralarynda-da tuglarda altyn sapaklar bilen şekillendirilen aždarhalary görmek bolýar. Ýazuw ýadygärliklerinde XI-XVI asyrlarda Eýranda höküm süren şalaryñ döwlet tugunda äpet ýylanyñ şekiliniñ bolandygy aýdylýar. Ýañy-ýakynlaram türkmenlerde Nowruzyñ öñüsyrasynda asmana kagyzdan edilen baybörek uçurylardy. Bu adat asyrdan-asyra geçip saklanypdyr. Biziñ pederlerimizde böri şekilli tuglar hem bolupdyr. Hytaý ýazuw çeşmelerinde bellenilşine görä, gadymy türkleriñ tuglaryndaky böriniñ kellesine altyn çaýylypdyr. Böri hökümdarlyk eden urugyñ totemik jandary bolupdyr. Türk kaganlary tugy goramagy öz janpenalaryna ynanypdyrlar. Hatda şol esgerler böri (möjek) diýlibem atlandyrylypdyr. Gadymy Türkmenistanda atyñ, belli-belli haýwanlaryñdyr jandarlaryñ şekiline-de uly sarpa goýlandygyny aýtsa bolar. Biziñ eramyzdan öñki V asyrda ýaşan Gerodotyñ sözlerine görä, olar Güni hudaý edinipdirler. Gün ata-da meñzedilipdir. Türkmenleriñ käbir taýpalarynyñ tugunda ýyrtyjy guşlaryñ şekilleriniñ bolandygy anyklandy. Rum taryhçysy Bratinau türkmenleriñkä bürgüt Wizantiýadan ''uçup gelipdir'' diýse, beýleki awtorlar bürgütleriñ mongollardan geçendigini aýdýarlar. Ýeri gelende aýtsak, Çingiz hanyñ baýdagynda şuñkaryñ şekili bar eken. Ýöne Wl.Gordlewskiniñ dogry belleýşi ýaly, ''bu geraldiki şekil seljuklardan galan totemik şekildir''. Gündogary öwreniji B.A.Turaýewiñ pikirine görä, bir kelleli bürgüt gadymy şumerleriñ şekilleri skif-parfýan sungatynda örän meşhur bolupdyr. Ol Parfiýa şalarynyñ şaýy pullarynda duş gelýär. Parfiýalylaryñ köpüsiniñ gylyçlarynyñ sapy bürgüdiñ kellesine çalymdaş ýasalypdyr. Şu ýerde ata-babalarymyzyñ tuglarynyñ reñkleri barada-da aýtsak, artykmaçlyk etmese gerek. VI-XII asyrlara degişli gadymy türki miniatýuralardan çen tutsañ, türkleriñ arasynda gyzyl bilen ýaşyl utgaşýan reñkleriñ gammasy göze ýakymly görlüpdir. Oguzlaryñ döwlet baýdagy gyzyl reñkde bolupdyr. Bu babatda Mahmyt Kaşgarynyñ (XI asyr) eserinde aýdylýar. Şol ýerde türkmenleriñ gara reñkdäki baýdagy barada-da ençeme gezek agzalýar. Beýik Seljuklaryñ imperiýasyny esaslandyryjylar gara reñkdäki tugy göterip söweşipdirler. XI asyrda ýaşan Baýhakynyñ belleýşi ýaly, Gaznawylaryñ türkmen dinastiýasynyñ döwlet baýdagy hemişe hemme ýerde örän pugta goralypdyr. Söweş mahalynda tug iñ bir ekabyr esgerlere tabşyrylypdyr. Tuguñ daşy öz döwletiniñ baýdagyny aýamak üçin janyny gurban etmäge kaýyl adamlar bilen gurşalypdyr. Diýmek, ata-babalarymyz hemişe-dü tuga aýratyn hormat goýup gelipdir. Bu gün bolsa Garaşsyz Türkmenistanyñ esgerleri mukaddes tuguñ saýasynda durup, öz ýurduna we halkyna wepaly bolmak barada kasam içýärler. Türkmenistanyñ Döwlet Baýdagy indi dünýäniñ ähli künkeginde tanalýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyñ Baş Assambleýasynyñ rezolýusiýasy esasynda hemişelik bitarap döwlet hökmünde ykrar edileli bäri, Döwlet Baýdagymyz has-da buýsançly ýurduñ ilçisidir we garaşsyz Türkmenistanyñ döwlet özygtyýarlylygynyñ şaýadydyr. Öwez GÜNDOGDYÝEW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. "Diýar" žurnaly, 1997 ý. No: 2-3. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |