12:17 Gelin kürtesi / hekaýa | |
GELIN KÜRTESI
Hekaýalar
"...Ol meniň elýetmezimdi... emma ol maňa düşünmedi... ýa-da men düşündirip bilmedim... Äý, bu dünýä her kime bir hili açylýar-da... Hernä Hudaýym, oňa ökünmek nesip etmäwersin... Özüm bolsa... hiç... ýürek bolsa söýgi tapylar“. (Biriniň gürrüňinden) …Hemmesi düýş ýaly bolup galdy. Çagalyk, mekdep ýyllary, on dört-on bäş ýaşynyň gelmegi bilen bedeninde peýda bolan üýtgeşiklikler zerarly dörän täze-täze duýgular, olaryň duýulmadyk lezzeti, näbelliligi, nätanyşdygy, ilkinji söýgüdir öýdülip pikir edilen, pikir edilip-edilibem şol onlarça gezek tutaşan, her gezegem lapykeç bolnan badyna ýatdan çykarylýan höwesleri uly bir zadyň derejesinde eltilen günler…Bary hakykat bolman, alasarmyk düýşde görlen ýaly… Sawçylaryň öýlerine gelendäki ýüreginiň tolgunmasy, ýigit bilen görüşmegi, onuň sypaýylygyna maýyl bolup, durmuşa çykmaga razy bolmagy, onsoň garaşylyp-garaşylyp ahyrsoňy ýetilen toý… Hatda şol zatlaram Ýyldyz üçin ukudaka görlüp ýatylan düýş ýaly bolup durdy. Hamana nika gyýylyp, guşak çözdürilenden soň ýaşyl gelin kürtesiniň astynda, gapdalyndaky gyz-gelinleriň gürrüňleridir, bir-birine oklaýan degişmelerini eşitmän, aljyraňňy oýlaryna berlip, içki tolgunmasyny basyp ýatyrmaga dyrjaşyp, gyzaryp-galpyldap oturan gelin hem özi däl ýalydy. Edil hiç kimiň gözüne görünmeýän kölege bolup Ýyldyz atly gyzyň durmuşa çykarylyşyny, gelin bolşuny, ýat ýere ilkinji gezek düşüp, ýat adamlary ilkinji gezek görüp ýadyrgaýşyny, özi başyndan geçirýän dek, kesesinden synlaýan ýalydy. Ýyldyz özüniň gelin bolup oturandygyna, başynda şol bir wagtlar kiçijik, gulpajygyny tasadyp ýören gyzjagaz wagty arzuw edilen, ýetip bolmajak ýaly görnen, şaý-sepleri şaňňyrdaýan gelin kürtesiniň atylandygyna hiç ynanyp bilmeýärdi. Onsoňam näme üçindir şol wagtlar, möngözli gyzjagaza bagtyň aňyrbaşy bolup görnen, başga gelinlerde heziller edilip gözigidijilik bilen hem-de çaganyň günäsiz bahyllygy bilen synlanylan owadan gelin kürtesi Ýyldyza şol garaşýan begenjini bermeýärdi. Bu belki Ýyldyzyň aşa tolgunmagyndandyr ýa-da belki näbelli, täze durmuşyň ýaňy bir bosagasyndan ätläp, entek töre geçip bilmän, aljyraňňy halda, öz duýgularyndan ugur-utga tapman oturandygy ücindir… Ýyldyz duýgularyna düşünmeýärdi. Ol düşünerden biçak aljyraňňydy, öte tolgunýardy. Ýyldyzyň kalbynda nähilidir bir gussa goşundyly şatlyk duýgusy bardy. Ýöne bu duýgy-begençmi, razylykmy, ahmyrly bagtyýarlykmy… Ýyldyz bilmeýärdi. Tolgunmadan ýaňa Ýyldyz başyndaky kürtesiniň agramyny hem duýmaýardy. Kürte ýeňiljekdi. Ýogsa daşyndan görseň, agyr bejergili, işliklenen kürtäniň ep-eslije agramy bolaýjak ýalydy… Ýyldyzyň daşyny gallap oturan gyz-gelinler bir-birine gezek bermän: “a gyz-da–a gyz” bolşup, degşip-gulşüp jaýy göçüräýek bolýardylar. Olaryň hemmesiniň keýpiniň kökdügi seslerinden bildirýärdi. Ýaňyja sowlup märekesi dagan toýuň heýjanly täsiri entek gyz-gelinleriň süňňünden çykmady. Ine, ýene az salymdan toýuň täsiri ýitişip ugrar, onsoň toýuň abraýly sowulmagy üçin, bir- iki günläp ýarym ukuly halda, rahat oturyp, ine-gana iýlip-içilmän iki ýaňa ylgaşlap edilen hyzmatyň argynlygy bedenleri doldurar-da, heýjaneleklikden ýaňa dartylyp durandygy ücin ýadawlygy duýmaýan göwreleri gowşadar we uky bilen bürüp başlar… Emma häzir welin, neşäniň täsirine barabar toýuň täsiri öz güýjini ýitirmändi, şonuň üçinem gyz-gelinler nagyşlary ýaldyraýan kürtäniň aşagynda sülmüräp oturan Ýyldyzyň gapdalynda çaý başynyň mesawy söhbetini edýärdiler. Olaryň gürrüňlerine üňs bermeýän Ýyldyz gabagyny galdyrmaga-da utanyp, şol bir oturşyny üýtgetmän, ýüzüni aşak salyp, ýygrylyp otyrdy. Ýyldyz çen bilen wagty biljek bolýardy. Guşak çözdürilende Ýyldyz kimdir biriniň goňras erkeksi ses bilen: “Sagad-a ýaňy iki bolup on minut geçendir” diýip, başga biriniň soragyna jogap berenini eşidipdi. Emma Ýyldyzyň göwnüne bolmasa, ondan bäri tutuş bir bakylyk geçen ýalydy. Birden-birdenem wagt asla gymyldaman, guşak çözdürilip, öýe salnaly bäri, döwlen sagadyň dili ýaly, doňup galana meňzeýärdi. Özüne gysmyljyrap oturan on dört ýaşlaryndaky gyzdan bolsa: “wagt näçe bolduka?” diýip sorabermäge, töweregindäki gelinler eşider öýdüp, ejap edýärdi. Dogrusy diňe şol gyzyň ýeke özi bolsa utanybam durmazdy. Sebäbi Ýyldyz onuň indi öz baldyzy, Saparyň gyz jigisi Aýşatdygyny bilýärdi. Wah, ýöne şu gelinler bar-da, olaryň her haýsam bir zat pikir eder. Biri: “agsama howlugýar-ow, görgüljik” diýer, ýene biri bir zat diýer, üçinjisi bolsa özüçe: “nirä gyssanýaň, asyra. Barybir, şol gujak senden sypmaz” diýen bolup käýiner. Sapar diýende ýadyna düşdi. Ýyldyz Saparyň ýüz-keşbini ýadyna saljak bolup çytraşdy. Emma basarmady, Saparyň adyndan başga hiç zat Ýyldyzyň ýadyna düşmedi. Diňe Saparyň “Sapar” ady bilen, onuň özüne sypaýy ýigit bolup görnendigi Ýyldyzyň ýadynda galypdyr eken. Ýyldyz Saparyň suratyny däl-de, özüni ýekeje gezek duşuşanlarynda görüpdi. Onda-da az salymdan soň känbir düzüwli gepleşmän hoşlaşypdylar. Olaryň şol duşuşyklarynyň bar dowamlylygy iki sagada-da çekmändi. Bu gün bolsa gelnaljy maşynda otyrkalaram, oba arçynynyň jaýynda nika şertnamasyna gol çekýärkälerem, Magtymguly atamyzyň ýadygärligine gül goýýarkalaram, soň guşak çözdürilende-de, Ýyldyz ýeke gezegem gabagyny galdyryp Saparyň ýüzüne seredip bilmändi… Birden gep-gürrüň tapba kesildi. Ýyldyz daşynyň gugaryp galandygyny diňe şu wagt duýdy. Ol gyzlaryň nädip çykandygyny hem, haçan çykanyny hem duýman galypdy. Saparyň ýeňňeleriniň biri egninden çalaja sypalap, göwünlik berenini-de, maslahat bereninni-de eşitmändi. Hatda saçak ýazylyp, saçagyň üstüne dürli-dümen üýşürilenini-de aňşyrmandy…A belki aňşyrandyram, görse-görendirem, ýöne aljyraňňylykdan, howsaladan ýaňa üns beren däldir. Bu bolup geçýän zatlardan Ýyldyz garaňkynyň düşendigini çaklady. Gyzyň bedenine howsalaly galpyldy aralaşdy. Näme üçindir titräp başlady. Gorkumy, howsalamy, näbelli bir zadyň işiginde duranlygy üçin bilesigejilik duýgysymy… garaz, bir topar üýtgeşik duýgulardan garym-gatym bolan, gyzlaryň ömründe ýeke gezek duýýan duýgusy Ýyldyzy aýaklarynyň dyrnaklaryndan saçlarynyň ujuna çenli doldurdy… Öňler ýaş gyz döwürleri şol syrly matal bolup görünýän gapynyň aňyrsynda, ýigit bilen gelniň arasynda nämeler bolup geçýändigi Ýyldyzda ägirt uly gyzyklanma döredýärdi. Her gezegem agşam düşüp, kürtäniň aşagynda sülmüräp oturan gelniň ýanyndan gitmeli bolanynda Ýyldyz gapydan çykyp barýarka gelne hem-de ýaş çatynjalaryň otagyna höwesden doly bilesigelijilik bilen seredip galýardy. Ine, indi bolsa Ýyldyzyň özi şol höwes hem bilesigelijilikden doly nazar oklanýan, tapmaça ýaly otagyň içinde, ýetginjek gyz gözlerini höwes bilen özünde az wagtlyk saklaýan owadan gelin kürtesiniň aşagynda sülmüreýän gelin bolup otyr. Ýöne näme üçindir Ýyldyzyň aňynda bu wagt hiç hili höwes ýokdy… Dogrusy, höwes bardy, ýöne bedeniň, damarynda gaýnap duran ýaş ganyň gyzgyn höwesini aljyraňňy aň duýmaýardy. Entek üýtgeşik bir kynçylygy-da, kynçylykdan soň şeýlebir ajaýyp bolup görünýän şatlygy-da duýup görmedik, gögele gyz aňy öz aljyraňňy tolgunjyna gümrady. Birdenkä Ýyldyzyň aljyraňňy, ugur-utgasyz, bir-birine gabat gelmeýän pikirleri gaýyp boldular-da, olaryň deregine üstünden üç-dört ýyl geçen wakanyň düýşe öwrülip giden ýatlamasy peýda boldy. Bu kakabaş hakydanyň işidi. Ol ýene-de bir gezek düýbünden gerekmejek ýerinde özüniň bedene we aňa boýun egmeýändigini görkezýärdi. Hakyda müdümilik wepadar, göwre bilen aňa hemişelik dönük gözler bolsa gabaklaryny sallap nepis halynyň göllerinde şol geçip giden gurbanlygy görýärdiler… Äpet hiňňildik asmana ýetäýjek bolup bat alýardy. Hiňňildigiň üstündäki üç sany gyzyň köýneklerine çolaşýan bezzat şemal öz ýyndamlygyna guwanýan ýaly, gyzlaryň ýuka köýneklerini baýdak edip birsalym pasyrdadýardy-da, öz ugruna geçip gidýärdi. Göz açyp-ýumasy salymdan bolsa ýene-de dolanyp, öňki hereketlerini gaýtalaýardy. Hiňňildigiň üstündäki gyzlar—Ýyldyz bilen iki jorasydy. Olardan başga hiňňildigiň üstünde ýene-de bir oglanam bardy. Ol Ýyldyzyň öňünde durdy. Ýyldyzyň joralarynyň gorkup ugrandyklary mese-mälim bildirýärdi, hiňňildik her gezek belende galanda olaryň ýüzleri duw-ak bolýardy. Olar eýýäm bat almalaryny goýupdylar. Ýyldyz bilen ol oglan bolsa gyzlaryň “besdir-le” diýişmelerine, hiňňildigiň urganlarynyň halparýandygyna hem-de aşakdakylaryň nägileden gaharly gygyryşmalaryna üns bermän, bat almaklaryny dowam edýärdiler.Ýyldyz her gezek hiňňildik belende galyp, aşak gaýdanda gursagynda süýjümtik sorulma hem-de tutuş durkuny gaplap alan, düşnüksiz şatlygy duýýardy. Oglanyň düşnüksizlikden doly, birhili agras, dynnym ýalyjagam oýunsyz garaýan gözleri Ýyldyzyň keşbini, bakyşyny, elleri bilen urgany gysymlaýşyny… umuman her bir zadyny nebsewürlik bilen synlaýardylar. Onuň gözleri içiňi deşip gelýän bihaýady. Olar birhili Ýyldyzyň her bir oý-pikirini, duýgusyny bilip duran ýalydy. Ýyldyz oglanyň bakyşyny halamaýardy. Onuň näme üçin beýle seredýändigine düşünmeýärdi. Entek özüni bileli bäri oňa hiç kim beýle seredip görmändi, hiç kim… Gapynyň aňyrsynda eşidilen gykylyk-gowur, gülki sesleri Ýyldyzy özüne getirdi. Onýança-da otagyň gapysy şarkyldap açyldy. Içgilidikleri bildirip duran ýigitler Sapary “hangöter” edip otaga saldylar-da, Ýyldyzyň ýanynda oturtdylar. Saparyň agzyndan hem aragyň çalaja ysy gelýardi. Meger batyrlyk üçin azajyk ýelmändir. Otagyň içini aragyň-çilimiň ýsy tutdy. Bu yslar häli gyzlaryň otaga gaýgyrman sepen atyrlarynyň ysyny-da basdy. Ýoldaşlary kän eglenmediler. Hersi Saparyň egnine kakyp bir zat diýişdiler-de, otagdan çykyp ugradylar: -Seret, Sapar jan, asgynlaýmagyn! -Gelnejemiz Akdaşaýakdandyr. Akdaşaýakly gyzlar bolsa gaty dogumly bolýandyrlar, birden çaý gaýnatmaly bolaýma! -Biz-ä ýöredik welin, “Sapar jandygyňy” unydaýmagyn-how! Ýoldaşlary çykyp gidenlerinden soň, Sapar Ýyldyzyň ýanyndan turdy-da, üsti dürli-dümen çüýşeler, gowurlan bagyr-öýken goýulan saçagyň başyna geçdi, aýbogdaşyny gurup, eýemsiräp oturdy: -Indi näme otyrsyň, geç-dä saçagyň başyna! – diýende Saparyň sesiniň äheniňde hojaýynsyramak eşdildi. Saparyň aňynda: “Aýaly başdan”, “Gamşy gowşak tutsaň el gyýar” diýýän akylly adamlaryň aýdan nakylly sözleri aýlanýardy. Ýaňky içen aragy bolsa oňa hasam beleň berýärdi. Onsoňam ol özüniň ýöwselliginiň, aljyraňňy tolgunmasynyň üstüni gaharly batyrsyramak bilen basyrjak bolýardy… Arakdyr çilimiň ysyny alan badyna, ertirden bäri duz datmadyk, üstesine-de uzakly günläp kürtä gabalyp oturan Ýyldyzyň ýüregi bulandy. Hälden bedenini dolduryp duran üýtgeşik tolgunma nirädir bir ýere ýitip ugrady, onuň ornuna bolsa lapykeçlik geldi. Saparyň çagyryşy Ýyldyzyň içine bükgüldi saldy. Turup saçagyň başyna geçmäge utanýardy. Gymyldaman oturmaga-da Sapardan çekinýärdi. Iki oduň arasynda galan Ýyldyz näme etjegini bilmän, bir gozganjyrady-da kürtesini has aşak çümrüp, otyryberdi. Gelniniň diýenini etmänine Saparyň arakdan we deň-duşlarynyň sözlerinden meçew alan aňy jaslap gitdi: -Näme-eý; eşideňokmy? – diýip, Sapar azgyrlanda Ýyldyz ziňkildäp gitdi. Titräp oturşyna Ýyldyz nädip turup saçagyň başyna geçenini-de duýmady. Ýyldyz ýerinden turanda-da kalbynda hälki tolgunçly duýgularyň az-owlak düşnügi bardy, emma iki ädim ýöräp, saçagyň başynda aşak oturanda bolsa Ýyldyzyň kalbynda ýaş gelniň şol süýji duýgusyndan hiç zat galmady. Oňa derek haňlap ýatan boşluk peýda boldy… Şaçagyň başynda-da Ýyldyz öňküsi ýaly bir gysym bolup oturdy. Özi çörek döwnen Sapar bolsa çöregi saçagyň üstünde goýdy-da: -Başyňdakyny aýyr-da, näme sergä gelendirin öýdýäňmi?-diýdi. Emma Ýyldyz ony eşitmeýän ýalydy. Muňa bolmajysy bolan Sapar gahar bilen nahar iýilýän çarşagy eline aldy-da, ýatan ýerinden birden dikelip, gaharly pyşyrdady: -Aýyr diýdim, aýyr. Näme diňlemejek bolýarmyň? Bol çalt özüňem çörege ýapyş, bu ýerde seniň näziňi çekjek adam ýok… Ýyldyz birden hopukdy. Saparyň bolşuna özüni gark bolup barýan ýaly duýdy. Dünýäsi daralyp, otagyň dört diwary üstüne süýşýän dek bolan Ÿyldyz tas möňňüripdi. Zordan özüne basalyk berip, kürtesini aýyrdy-da, epläp gapdalynda goýdy. Soňam şu gün bişirilendigi bildirip duran ýumşak çöregiň gyrasyndan bir azajyk döwündi. Emma çöregi agzyna salsa-da saldy hem welin, ýüregini gaplap alan çykgynsyz güne düşeniň duýgusyndan ýaňa bir dişlem mele-myssyk çörek Ÿyldyzyň bokurdagyna tegek boldy, çeýnäp–çeýnäp zordan ýuwutdy. Hernäçe basalyk berjek bolsa-da, Ýyldyzyň ýüregi howlap alyp barýardy. Onuň ylgap daşary çykasy, soňam bir wagtlar garagolja gyzjagazka edişi ýaly, gollaryny ganat ýaly ýaýyp, güýjüniň ýetdiginden ylgap, öýlerine, ejesi – kakasynyň, jigileriniň ýanyna gidesi gelýärdi. Bu otag Ýyldyzy gysyp – gowurýardy, mynjyradyp barýardy. Howlaýan ýürek diňe Ýyldyzyň göwresine, bu otaga däl, eýsem garaňkylyga gaplanan giň jahana sygman, daralyp – daralyp oýmaga dönen gursakda iki-baka urnup, pelesaň kakýardy, ýagtylyk gözleýärdi. Ýagtylyga çykmak üçin petige dönen kükregi, urunyplar ýaraýjak bolýardy… Sapar bolsa howlukman çöregini iýip boldy-da, töwir galdyrdy. Ýerinden turup, Ýyldyza gözüniň gyýtagynam aýlaman, otagdan çykyp gitdi. Ol çykan badyna-da, Ýyldyz kürtesini atyndy-da, burça bakdy. Kürtäni atynmagy bilen Ýyldyzyň azajyk göwrümi giňän ýaly boldy. Ýüreginiň howlamasy hem galdy. Söýülip, ägirt uly arzuwlar bilen, ýagşy niýetlere beslenip tikilen gelin kürtesiniň ýeňiljek agramy hem-de lowurdap duran nagyşlary Ýyldyza kömek berip, näzik ýürekden lapykeç boşlugy, gorkyny kowýan ýalydy… Az salymdan otaga Saparyň ýeňňesi girdi. Gülümjireýän gelin otaga girip, ilk-ä, saçagyň üstüni ýygnaşdyrdy, soňam howlukman töre düşek ýazyp, ýorgan bilen iki sany ýassyk atdy. Birdenem bir zat ýadyna düşüp, düşegiň üstüne täzeje, akja prostyny ýazdy. Soňra ýygrylyp oturan Ýyldyzyň egnine kakyp bir zatlar diýişdirdi-de, otagdan çykyp gitdi. Emma Ýyldyz ol gelniň maslahat berendigine-de, göwünlik berendigine-de düşünip bilmedi. Sapar otaga girip çyrany öçüreninden soň bolsa Ýyldyzy şeýlebir galpyldy gaplap aldy welin, edil ýöne elini – aýagyny ýitirdip barýardy. Ýyldyzyň ähli ysgyn – deramaty gidip, başy aýlanyp ugrady. Haçan-da Sapar ýeňsesinden gelip özüne ýapyşanda bolsa Ýyldyz tas zyňlyp honda düşüpdi. Emma ysgyny bolmansoň ýerinden gymyldap hem bilmedi. Onuň essi aýylara golaýlady. Otagy dolduryp duran tümlügiň içinde otly halkalar görnüp başlady. Olar barha köpeldiler, sepleşip tutuş otagy gaplap aldylar. - Eşikleriňi çykar -diýip, Sapar gulagynyň agzynda titreýän sesi bilen pyşyrdanynda dili äňine ýelmeşen Ýyldyz näme üçindir ysgynsyz: “Ýok, ýok!” diýdi-de, sandyraýan elleri bilen kürtesiniň çetlerinden tutdy. Gany depesine uran Saparyň maslahatçylaryň haýsynyňdyr diýen: “Diýeniňi etmejek bolsa näzini çekmegin-how. Ugruna kowsaň, soň depäňe çykaýar” diýen sözleri kellesine geldi. Ol ajaýyp kürtäni diňe ajaýyplygyna gahar edýän ýaly silkip Ýyldyzyň başyndan sypyrdy-da, eliniň tersi bilen garaňky otagyň bir burçuna zyňdy. Soňam ysgynsyz garşylyk görkezip bilmeýän Ýyldyzyň goşaryndan tutdy-da, gara güýjüne daýanyp, sandyraýan göwräni halynyň üstünden süýräp düşege eltdi. Ýyldyz ýerinden turjak boldam welin, Sapar gelnini arkan basdy… Hiç zadam bolmady. Ýerem goduklamady, asmanam ýere inmedi, ýyldyrym çakyp, gögem gürlemedi. Hiç zat bolmady. Diňe şunuň ýaly ýagdaýda kimiňdir biriniň öz elýetmezi, hiç zada deňäp bolmajak mukaddesligi hasaplap ýören hazynasy ýyldyz süýnen ýaly şeýle aňsatlyk bilen tüm gijäniň garaňkylygyna siňip gitdi. Nätjek, dünýe her kime birhili açylýar-da. Bu ýerde-de üýtgeşik bir geň galyp oturasy zat hem ýok… …Az salymdanam öýlenen ýigdiň ukuly myşlamasy eşidilip ugrady… Öňküsinden üýtgän kalby boşap galan, ýok edilene dönen Ýyldyz eýýäm adamsy bolan kişiniň oýanaýmagyndan çekinip, esli salym doňan ýaly bolup ýatdy. Aňyrsoňy özüne zor salyp, başyny galdyrdy. Sowuk aýazda galan ýaly saňňyldap, ýerinden turdy-da, garaňkynyň içinde sermeläp, zyňyşdyrylan geýimleriň arasyndan özüniňkileri tapyp geýdi. Otagyň garaňky burçunda köne esgi ýaly bulam – delem bolup ýatan kürtesinem tapyp, başyna atyndy-da, iň garaňky burça geçip, çugutdyryp, bir gysym bolup ýygryldy. Kürtesiniň gyralary bilen ýüzüni ýapdy. Jümle–jahan edil otagyň içi ýaly garaňkydy. Penjirelere galyň tutular tutulanlygy zerarly garaňky asmanyň ýyldyzlary hem görünmeýärdi. Ýary gijäniň bolandygyny aýdyp gygyrýan horazlaryň sesinden başga hiç zat gijäniň ümsümligini bozmaýardy. Otagyň içinde çuw-ýalaňaç bolup ýatan adamyň teni akjaryp, buldurap görünýärdi. Äpet dünýäniň ýarsy edil Sapar ýaly uklap ýatyrdy, Ýyldyzyň gözlerine welin, uky gelmeýärdi… …Gyz arzuwlary, arzylanyp ýetilen gelin hökmündde özüňi görmek, süýji durmuş hakdaky süýji umytlar, söýgi hakda, söýlüp–söýüp, bir–biriňi sylap, är–aýal bolmak hakynda edilen lezzetli pikirler… bu zatlaryň bary özüniň aglaýanyny-da duýmaýan Ýyldyzyň gözlerinden hünibirýan dökülýärdi. Şol hiňňildik bolsa barha bat alýardy. Hiňňildigiň üstündäki oglan hem ýuwaşlyk bilen Ýyldyzyň elleriniň üstünden eli bilen gysymlaýardy-da, gözlerine garap: -Ýyldyz, men seni gowy görýän -diýip pyşyrdaýardy. Ýyldyz bolsa siltenip ellerini oglanyň elinden sypdyrýardy: -Samsyk, sen kime, näme diýýäniňi bir bilýäňmi?!—diýip, ýüzüni aşak salýardy. Hiňňildikden düşenlerinde ýene-de ikisiniň nazarlary kaklyşýar… Oglan oňa ýene-de şol öňküsi ýaly bihaýa seredýär… Ýyldyz indi düşündi. Şol bakyşyň bihaýa däl-de, agyrylydygyna, şol bakyşdaky düşnüksiz zadyň agyrydygyna, hut şu pursatda düşündi. Ýyldyz aglaýardy. Hälki ýeňiljek bolup görnen gelin kürtesi bolsa şeýlebir agyrdy, şeýlebir agyrdy welin, naçaryň ejiz göwresini ýere sokup gelýärdi… „Garagum“ žurnalynyň 1999-njy ýylyň XI sany | |
|
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |