23:35 Gijigen duýgy / hekaýa | |
GIJIGEN DUÝGY
Hekaýalar
Zähmet rugsadyna şykyp, durky täzelenen şypahanalaryň birinde saglygymy dikeltmegi ýüregime düwdüm. Otla münüp, ýerleşenimem şoldy welin, öz duşdaşyragym bir zenan salam berip girdi. Ýüz-gözünden mähir ýagyp duran zenan bilen biz köne tanyşlar ýaly salamlaşdyk, saglyk-amanlyk soraşdyk. Otly uzak ýoly külterläp ugrandan gök şaýy öňümize aldyk. Ýan torbasynda ony-muny şykaryp duran ýoldaşym ilgez göründi. – A gyz, boýdaş, men-ä seni görenimden edil aýal doganyma duşan ýaly bolaýdym. Seniň bilen hümmüldeşip gitseg-ä kem bolmazdy. Asyl-ha birine işimi dökesim gelip işimi it ýyrtyp barýar-da. Her-nä gowluga bolsun-da. Meniň adym Ogulsabyr, özümem söwda işgäri. – Ogulsabyr, bir gören tanyş iki gören garyndaş diýipdirler. Menem Mahym. Şu şak bizi ýol duşurdy. Ýolda ýoldaş bolmagy gaty göwy görýä türkmen. – Olam-a şeýledir welin, kä ýagdaýda bir göreniňe mähriň gidäýýär. Ine, meňem şu şak saňa birhili mährim gitdi. Şu pursat seni hut özümiňki saýdym. Men sypaýyşylyk etdim: – Ynamyň üşin sag bol, Ogulsabyr. Men saňa bir zat aýdaýyn, gaty köp ýagdaýda menem adamlara şeýle garaýan. Onsoňam otluda duşuşýan ýolagşylar üşin şeýle zatlar tötänlik däl. Adatşa, gysga wagtlyk ýoldaş bolýan ýolagşylar iň bir gizlin syrlarynam birek-birege ynanýarmyşlar. Tanyşlyk aşmak gaty gowy zat. Meňem saňa synym oturdy. – Belki, ol şeýledir, Mahym. Ýöne meň aýtjak zadymyň saňa geňräk görünmegem ahmal. Pikirler halys beýnimi gemrip baransoň, birine işimi dökmesem, halys bolanok. Ynanaý, boýdaş jan. Saňa ýalan, maňa şyn, bu zatlary hiş aňyma sygdyryp bilemok. Wagtal-wagtal özüme düşünemok-da howlaberýän. Ogulsabyr gürledigişe, men onuň dünýäsinde turýan harasada göz ýetirjek bolup şytraşdym. Sebäbi, biri saňa ynam edip öz dünýäsine goýberse, senem oňa biparh garasaň, adamşylyk diýen zadyň ýoklygy bolýar onda. – Men ýanýoldaşdan ir galdym, Mahym jan. Şagalarymy özüm aýak üstüne galdyryp, özüm öýli-işikli etdim. Şükür Hudaýa, kem zadymyz ýok. Ýöne men şagalarymy seşemsoň, özümi ýeke duýup başladym. Öý-işeriniň aladasyna güýmenen ýaly bolýanam welin, asyl dünýe göşen ýaly. Şagalaryň her haýsy öý-işikli boldular-da, meni şeýdip garry öýde ýalňyz galdyryp gidiberdiler. Şagalarym, agtyklarym gelip-gidibem durlar welin, garaz, ol öýüň yşgy ol öýe düşmez diýen ýaly bolýar-da bu durmuş. Ogulsabyr öz durmuşy däl-de, men hakda aýdyp oturan ýalydy. Onuň sözüni bölmäge het edip bilmedim. – Ýogsam meni ýekesiretmejek bolup, şagalarym häli-şindi gelip-gidip durlaram welin, wagtal-wagtal öýe sygmajak bolýan. Şol pursat göwnüm syrdaş küýseýär. Özüň ýaly tap bilen maşgala, duldegşer goňşyň bolaýsa diýdirýär. Şol halat ur-tut öýden şykýan-da, şäheriň seýilgählerine ugraýan. Ol ýerde şagajyklaryň gülküsi, suw şüedürimleriniň ajaýyplygy saýrak guşlaryň owazy bilen birleşip, göwnümi göterýär. Onsoň şol gözellige berlip, näşe oturanymam, wagtyň nädip geşeninem bilemok. Agşam şapagynyň ajaýyplygy töwerek-daşymdaky gözellik bilen garyşyp, göwnüňde-dünýäňde gül aşylan ýaly bolýar. Şol ajaýyplyga garyşyp, seýilgähiň gyrasynda mydama biri surat şekýär. Öz dünýasi bilen başagaý suratkeş töwerek-daşyndaky gözelligi sungata öwürýär. Men şol pursaty, onuň surat şekişini gaty köp mahallap synladym. Ahyry bir günem onuň ýanyna baryp, edýän işine has ýakyndan seretdim ... – Boýdaş jan, men şol suratşynyň işlerini synladygymşa, onuň töwerek-daşdaky gözellik bilen meniň garyşyp oturan keşbimi janlandyrýandygyna düşündim. Men oňa töwerekdäki gözelligi beýan etmäge mysal bolaýypdyryn öýdýän. Ýöne oňa morta bir zat diýmäge şekindim-de, sypaýyşylyk etdim: – Surat-a gowy şekýän ekeniňiz. Seýilgähi, ondaky gözelligi edil janly ýaly edäýipsiňiz. Suratçy sypaýyşylygy elden bermedi: – Bu durmuşy başga hili görkezip bolmaz-a. – Ol-a şeýle weli ... – Welini şol, gelneje, sungat ýalan-ýaşryk döränok. Ol durmuş hakykaty. Şundan artyk olam geplemedi, menem. Gürrüň şonuň bilen gutardy. Gaýta şondan soň, öňkim ýaly käte däl-de, her gün şol seýilgähe barmany, ho-ol beýleräkde oturyp, suratkeşiň şleýşini synlamany çykardym. Indi her gün gişlik seýilgähe gitmek meniň üşin adata öwrüldi. Dogrusy, ilki-ilkiler bu meniň üşin ýöne bir güýmenje, wagt geşirmek ýaly bir zat bolsa, soň halys endik bolaýdy. Indi men agşam üsti seýilgähe gitmesem, ýüregim agzymdan şykyp barýardy. Men öz bolşuma özüm utandym. Dogrusy, özüme nä döw şalandygyna akyl ýetirip bilmedim. Onsoň oturyp-oturyp bu höwesiň manysyna düşünjek boldum. Bu nämäniň alamatyka? Men sungata aşyk bolaýdymmykam ýa-da ony döredýäne biparh dälmikäm? Eý, Alla, men nämeler diýip oturyn, nämeler hakda pikir edýärin?! Ýaşkam kelläme gelmedik pikir şu ýaşdan soň, agtyk-şowlukly halyňa dünýäňe dolsa, ol gowlugyň alamaty-ha däl. Kalbyma dolan şol duýgularymy suratkeşiň duýmaýandygy hem bir gowy zat. Ol bende öz dünýäsi bilen başagaý. Ýogsam, bu zamanyň zenanlaryna nä döw şaldyka diýdirjek men. Belki, ol meniň sungat baradaky soraglaryma ilgezik jogap berende-de, “gelneje” diýip ýüzlenende-de ýaşyma sarpa goýandyr. Men weli, bu ýaşdan soň gelen duýgymdan özüm şekinip ugradym. Onsoň birsellem şäherden şykyp gitmegi ýüregime düwdüm. Şeýdip alasarmyk duýgularyma düşünmek isleýärin. Ýogsam, bu ýaşdan soň, kimdir birine göwnüň gitmekligi juda aýyp zat. Men muňa gaty gowy düşünýärin. Belki, men şeýdip beýnimi gemirip barýan duýgularymdan daşlaşaryn. Ýöne öz-özüňden gaşyp gutulma-da ýokmyka diýýän. Sen meni ýazgaraňok gerek. Meniň öz duýgularymdan gaşjak bolup ýörmäm dogrymyka, ýa-da men aklymdan azaşyp ýörmikäm? Men garşymda oturan Ogulsabyry indi has işgin synladym. Ýaşy ortadan agan zenan durşy-düýrmegi bilen öz dünýäsine berlip otyrdy. Men näme-de bolsa bir zat diýmelidim: – Ogulsabyr, sen ýazgarar ýaly näme iş edipsiň? Diýýäniň näme? Adamyň bedeni garrasa-da, ýaşy gitse-de, göwnüň, ýüregiň garramaýandygyny sen şu gün, ýa düýn bilmeli däl. Göwün diýen zada garrama ýok. şonuň üşinem dünýä dolmadyk duýgyňdan gorkup, ondan gaşjak bolma. Zenan köňlüniň mydama gözellige teşnedigini öz mysalymyzda-da görüp durus... Onsoňam duýgy hökman iki taraply bolmaly däldir-ä. Seniň öz ýanyňdan birine göwnüň gidip biler ahyry. Entek sen özüňi garrylaň hasabyna geşirjek bolma, ondan ir saňa. Ogulsabyr meniň sözümi bölmek üşin gowsundy. Men ondan öňürtdim: – Boýdaş jan, sözümi bölme! Sen öz durmuşyňy gürrüň berýäň weli, men hakda aýdyp otyrmykaň diýdim. Men lukman bolup işleýän. Dynş alyşa şyksamam, öýde oturmaga kanagatym ýetmän, şol işläp ýörün. Häzirem zähmet rugsadyna şykdym-da, şypahana barýan. Menem sen ýaly ýoldaşdan ir galdym. Şagalarymam, Hudaýa şükür, özbaşdak. Ogulsabyr begenjini gizläp durmady. – Tüýs meň diýen maşgalam ekeniň, Mahym jan! Seni maňa Hudaý berdi. – Meňem saňa synym oturdy, Ogulsabyr. Ýöne sen öz duýgyňdan utanmagyn. Biz zenan, onda-da göwni ýarym zenan. Şonuň üşinem öz ýanyňdan göwün ýüwürtmek, dünýäňe başga birini salmak aýyp dälmikä diýýä. Biz şeýdip hiş kime ikilik edemzok. Diňe öz dünýämiziň abatlygyny saklamak isleýäs. Elbetde, bu meniň pikirim, meniň düşünjäm. Wagt diýen zat bize boýun bolanok, beden garraýar, göwün garramaýar. Şoň üşinem öz duýgulaňdan gaşjak bolma. Suratkeşiň işi gözelligi görmek hem ony bakylyga öwürmek. Gözelligi zenandan aýra göz öňüne getirip bilmeýän adamlar kän. Olam belki, şolar ýalydyr. Çagalar, seýilgäh, onuň töweregindäki gözellik belki, suratkeşiň kalbynda zenan mähri bilen garyşyup, janalanandyr. Şu şak saňa seredýän weli, nazaryňdan, roýuňdan mähir şogup dur. Suratkeşem şol mähri duýan bolmaly. Sen öz duýgyňdan şekinip durma-da, onuň sebäbini öz mähriňden, dünýä-durmuşa söýgüňden gözle. Sebäbi, ýüzüň-gözüň diýip aýtdygym däl, senden töweregiňe ýyly mähir şaýylýar. Onsoňam täzelik bolmasa-da ýene bir zat aýdaýyn. Adam mydama özüne syrdaş gözleýär, onda-da ýeke galanda. Öz dünýäsine düşünmeklerini isleýär. Seňem duýgularyň şol dünýäni isläp şineläpdir... Dünýäňde mähir barka, sen adamlaryň kalbyna aralaşyp bilýäň... – Mahym jan, sen-ä meň hakyt ýüregimi biläýdiň. Özüme düşünmän, heläk bolup ýördüm weli, bir demde bar zady aýyl-saýyl etdiň oturyberdiň. Ýogsam men bu ýaşdan soň dörän duýgymdan utanyp, näme etjegimi bilmän ýördüm, sen-ä meni köşeşdiräýdiň. Men alymlaryň biriniň pikirini dile getirdim. – Ynsan kalbyny ýagşy duýgular eýelände ol tutuş dünýä gowluk isleýärmiş. Seňem kalbyňa dolan şirin duýgulaň şagalaryňa, agtyk-şowluklaryňa ýagşylyk bolup dolanar. Men muny duýýan, Ogulsabyr! Ogulsabyr ýeňillik bilen dem aldy: – Belki, şeýle bolsun-da. Men barmaly menzilime ýetip barýarkam, Ogulsabyr hem goşlaryny çöpleşdirip başlady. – Garşy bolmasaň, menem seň bilen şypahanada dynş aljak. Soňam bileje gaýdarys, boýdaş jan! Men şonda Ogulsabyryň mähir şogup duran gözlerinde durmuşa-dünýä söýgüniň hakyky keşbini gördüm... Ogulgerek USSAÝEWA. | |
|
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |