10:55 Goja göwün / hekaýa | |
GOJA GÖWÜN
Hekaýalar
Bu gün Berdimyrat aganyň çowlugy Ilmyrat gullukdan gelipdi. "Gözüň aýdyň” diýmäge sadaka ýygnanlaryň arasynda gojanyň ýaşyny öz ýanlaryndan hasaplajak bolýanlaram bardy. "Çowlugy gullugyny sowup gelen bolsa, agtygy 40 ýaşlarynda bolaýýar. Onda ogullaram 60-dan geçen bolmaly...”Ahyram belli bir sanyň üstünde durup bilmän, olardan ýüzi açygyragynyň biri: - Berdimyrat aga, ýaş ýüze ýetdimi? – diýip sorady. Hiç zada goşulman oturan Berdimyrat aga kempije dodaklaryny kürşerdip: "Ýene üç ýyljygy gaýrat etsem siziň diýeniňizem bolýar. Gaýrat edibereýinmi?” diýip, ilki degişmä saldy. Gülüşere bahna gözleýän, ýaňky sorag berenem gözlerini güldürip: - Weý, agam, Alla ömür berse ýene şonça-da gaýrat et! Dünýeden doýma barmy! – diýdi. Emma gojaň: „Doýulmaýan zat bu dünýede-hä ýok. O dünýede bar bolsa biljek däl” diýmesi onuň badyny aldy. Goja munuň bilenem oňman: "Adam diýlen öňüne bir tabak dogramany alar, iýer, hezil eder. Ýa bagyň başynda bir guşjagazyň delje saýraýyşyny eşitse sereder, ony görjek bolar. Ýa gürrüňdeş tapynyp, hümürdeşesi geler. Mende bularyň hijisem galmady” diýmesi gürrüňi hasam çynlakaý äheňe saldy. Oturanlardan başga biri: - Agtyk-çowluklar näme, Berdimyrat aga? – diýip sorady. - Agtyk-çowlukmy? Dyzyňda bökdürýäkäň gowja. Soň olam bir, senem. Adamçylygy pesiräk çyksa ha sençe-de bolmaz. Sen diýýänim, kesekiçe diýdigim-dä. Ýöne Allama şükür, neberämden dilgir etmedi. Ömürleri uzak bolsun. Bizem gaýrat ederis-le. Gözden-dilden galsa-da, adam pahyryň deminden aýrylasy gelmez. Dünýäň şeýle süýji boldugy-da. Gojaň gepini „gaýrat edeýinmiden?” başlap, aýlap getirip „dünýäň süýji boldugy-da” diýmesi, onuň entek degişesiniňem, gülüşesiniňem, ýaşasynyňam gelýändigini aýdyp durdy. Gojanyň başga bir häsiýeti hasam geňdi. Ol häli-häzirem pensiýasyny kassadan gidip özi alardy. Kassanyň işgärleri oňa: „Kösenip gelip ýörmäň, özümiz öýüňize elterisem” diýdiler. Emma ol gülüp: „Bir garryň pensiýasyny eltjek diýip siz kösenmäň gyzlarym, özümjik gelerin. Şükür sulbamy süýrärligim entek bar” diýip, jogap berdi. Dogrusy, kösenseler agtyklary kösenýän bolmaly. Çünki her aýyň başynda olardan birinden biri garry atalaryny ýeňil ulagyna mündürip pensiýasyny alýan ýerine getiräýmelidir. Atalary pensiýasyny alyp: „Indi, ýör öýe” diýse ýene ýagşy, ýöne ol hiç haçan muny diýmez. Gojany mundan soňam pesinden ýarym sagatlap şähere aýlamalydyr. Şäherde-de aýlanara üýtgeşik, owadan ýerlerem kän. Ýöne şol üýtgeşik ýerlerindenem başga, onuň barýan ýerleriniň arasynda gat-gat ýaşaýyş jaýlarynyň arasy, şäheriň gyrak-bujagy ýaly ýerlerem bardy. Diňe ýekeje gezek agtyklarynyň birine: „Bärlerde gowy görşen deň-duşlarym ýaşapdy. Hemmesiniň soňuna galdym. Bu Durdy neresseleň öýi, munda Gurtmyrat pahyr ýaşady. Ýaňky düşen ýerim Gaýyp neresseleň öýüniň deňi. Öňümden çykanam at dakylany. Bilýänsiňem-le, toýumyza-ýasymyza gelip durlar-a” diýip, gürrüň berdi. „Toýumyza-ýasymyza gelýän bolsalar, her aýda öýleriniň deňinden aýlanmak nämä gerek?” Bu sowalam goja ýeke gezek berildi. Olam çala ynjajak ýaly edip: „Näme kyn görýäňizmi? Ýa ulagyňyz ýadaýarmy?” diýdi. Şondan soň o oguldan beýleki ogul, o agtykdan beýleki agtyk eşitdi, Berdimyrat agany pensiýasyna almaga äkiden „Näme üçin şäheriň içinde aýlanyp ýörüs?” diýip soramady. Gaýta, öz ýanlaryndan bizem dostlarymyzy şeýle gowy görermikäk diýişdiler. Ilki badalar Berdimyrat aga diýýän öýleriniň hersine baranda düşüp saglyk-amanlyk soraşardy. Soň 80-denmi, 90-sandanmy geçensoň beýtmesinem goýdy. Diňe her öýüň deňinde çala gobsunyp, soňam tä deňinden geçýänçäler ýaňky öýe garanar, bolany. Ýöne şol wagt gasyn-gasyn ýüzüniň üýtgäni mese-mälim bildirer. Emma, ol gowy günlerini ýatlap ýylgyrýarmy, ýa şol günleriň yzda galanyna gyýylýarmy, düşünmek kyndyr. Şeýle ýagdaýdaka ol ünsüni bozmasaň gowy görer. Şeýdip şähere-de aýlanandan soň Berdimyrat aganyň bellije barýan dükany bardyr. Çolarak ýerdäki bu dükana girip ol alan pensiýasynyň köpüsini köke-süýjä, oduk-buduga berer. Alýan zatlaram delje zatlardyr. Bahasyna seretmez. Hasam nary gowy görýändir. Dükançam ony belläpdir, dükanyny narsyz edenok. Soň alanjalaryny ogul-agtyklarynyň öýlerine baryp paýlar. Çowluklaryny gujagyna alar. Soňam göwni açylyp: „Ana, bir ýaşadym. Ýör indi meni öýe düşüräý” diýer. Ine, bu günem gullugyny sowdy diýilýän uluja çowlugy Ilmyrat atasyny pensiýasyny almaga äkitdi. Kakasy oňa ulagy bermänkä „Seresapja sürgün” diýmeden öňürti atasyny aýlamaly ýerlerini, barmaly dükanyny aýtdy. Ilmyrat bu „ýolagçylykdan” habarlydy, ýöne ony entek gözi bilen görmändi. Atasy hakykatdanam iki sagada golaý ony şäherde aýlady. Soň dükana-da bardy. Dükandan çykyp ugranlarynda: - Hä, senem, maňa ýuwluk görkezmek bahanasy bilen gullukdan gelşiňe öýlenäýjekmi? – diýip sorady. Bu gürrüňi atasy mundan soň gozgar öýtmän gelýän, Ilmyrat birbada aljyrady. Çowlugynyň bolşundan keýp alýan ýaly ony synlap barýan Berdimyrat aga, ulaga münenlerinden soň hörpüni üýtgetdi: - Bilýäňmi, ogul, kakaň seni emele saljak bolaýan bolaýmasyn? Ilmyrat atasynyň gara çyny bilen aýdan soňky sözlerine gülüp goýberdi: - Ata, sende-de oýun baraý. - Men oýun edemok. Näme kakaň dagy meniň haçan öljegimi nä bilýär? Men bir bişen alma. Haçan sapagym ýolunsa, toýuň geçerine garaşyp durmaryn, pat eder ýere gaçaryn. Ilmyradyň ýüzünde gülki alamaty galmady. Atasynyň „pat” diýip, ham bilen süňke öwrülen elinem dyzyna urmasy onda ýakymsyz duýguny oýardy. Ol atasyna tarap nädip seredeninem bilmän galdy. - Sen ýoluňa seret, oglum. Entek edil patylap gaçyp barýan ýok. Öýlenmegi ýüregiňe düwen bolsaň öýlen, ýöne ýanyňa alanyňy eklemelidigiňi, özbaşyňa hojalyk bolmalydygyňy ýadyňdan çykarma. Kär edin, gazanjyň bolsun, diýjek bolýan. Ilmyrat atasyna jogap bermän ýylgyryp oňdy. - Garaz, öýlenjek-dä. Onda eglenme. Ýuwluk gören bar günäsinden ýuwularmyş diýýäler. Oň bilen-ä günäňden ýuwulasyň ýok-la, şonda-da ýuwlujagymy göräýsem, armanym galmajak ýalam bolup dur. Olam oguljyk bolsa... Ilmyrat garry atasynyň sözüne biraz utanjak ýaly etse-de, ýürekden begenip ýylgyrdy. Atasyna gözüniň gytagyny aýlady. Atasynyň uzakda bir nokada diňkesini dikip oturşyny görüp, onuň hyýalynda „ýuwlugyny görüşini” bozasy gelmedi. Emma hakykatda Berdimyrat aga içinden: „Agtygymy gujagyma alsam diýdim, aldym. Soň çowlugym diýdim. Onam gujagyma aldym. Ýuwlugyň olardan näme tapawudy boljak? Gaýta, ilkije oglumy gujagyma alşym baryndan üýtgeşik bolan ýaly” diýip barýardy. Soň ýene içinden: „Bor-da ogul, ýuwlugam göreli, nesip etse” diýip Ilmyrada seretdi. Ilmyrat atasynyň özüne seredenini görüp hem utanjyrady, hem begenjinden erni gulaklaryna ýetere geldi. Muny görüp çowlugynyň durmuşa bolan höwesine Berdimyrat aganyň biraz göwni açyldy. Onýança atasynyň üçünji agtygynyň, Ilmyradyňam Amanmyrat kakalarynyň öýlerine ýetdiler. Ilmyrat atasynyň dükandan alan zatlaryndan al diýenini alyp, onuň yzyna düşüp ugrady. Geljekde atasyna ýuwluk görkezjek ýigdiň göwnüniň uçaýasy, bir eli hasaly, ädimlerini gysgajyk basyp, çybşyllap gelýän atasyny boýnuna mündürip äkidiberesi geldi. Emma, elmydam göwnüňdäkini edip bolýarmy näme? Ol ýyljyraklap, gelşine atasyna ýüzlenmän durup bilmedi: - Amanmyrat kakam çagalaryny saz ugrundan okadyp oňarýaraý. Hem-ä saz çalyp hezil edýäler, hemem hak alýalar. Berdimyrat aga çowlugyna „Hüm” diýip oňdy. Ilmyrat başlan gürrüňi ýarpy galmaz ýaly: - Saz ugrundan gitmäge-de üşük gerek-dä – diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Berdimyrat aga sesini çykarman, çowlugyna gürrüňdeşlik etmän barşyny özüne uslyp bilmedimi: - Amanmyrat kakaň sazanda çagajyklarynyň keşbem başgajadyr? Resuljygyna dagy seret, ýüz-gözi, häsiýetem çalýan tüýdüginiň sesi ýaly ýakymlyja. Ýa adamyň edýän käri ýüzüne çykýýarmyka? – diýip, göwnündäkini aýtdy. - Lukmanlaram sazandalara meňzeýär, hä, ata? - Ikisem ugurdaş-da... olaň. Biri bedeniňi.., beýlekisem ruhuňy... bejerýär. Ilmyrat ýöräp barýarkalar geplemegiň atasyna biraz kyn düşýändigini aňdy. Oňa çenli Berdimyrt aga: - Maňa sered-ä.., öýde pensiýama garaşyp ýatmakdan başga iş etmämsoň... ýüz-gözüm mürşüp, bäş ädim ýöremänem kyn görýän – diýip, kikir-kikir güldi. Gülküsiniň soňy gojanyň üsgülewigine ýazdy. Ilmyrat gyssanyp: - Ata, bolmasa ulagda garaşaýmalydyň – diýdi. Üsgülewigi geçen goja çowlugyna: - Ulagdamy? Resuly.., Begençjigi göreýin-dä. Hernä garaşyp oturan ýaly, sazçylyk mekdebiniň soňky synplarynda okaýan Resulam okuwdan gelen eken. Ýaňy dil biten Begençjik ylgap atasynyň öňünden çykdy. - Ata, ata. Atam geldi. Mämejik getiýdiň, ata? Näme getirdiň diýse-de, Begençjik Ilmyradyň elindäki torbalar bilen däldi. Atasynyň döşüni ýapyp duran juw-ak sakgalyndan sypap görýärdi. - Haý, garagoljam, saňa ataň sakgalam iş... Resul jan, okuwdan ýadaman geldiňmi? Ejeňi görmedim-le? - Goňşulara çykan bolaýmasa. - Hany oglum ylga Ilmyrat kakaň ýanyna, saňa nar berjek diýýär. Begençjik aşhana geçen Ilmyradyň yzyndan ylgady. Resul diwana geçen atasyndan: „Ata çaý demläýinmi?” diýip sorady. - Çaýam içsek bordy welin, „Artykmaç suw suwdegirmeninem döwermiş” diýýäler. - Onda tüýdük çalyp beräýeýin? Resul ýeňil ädimläp öz otagyna barşyna: „Ata goboýymy çalaýaýynmy?” diýip, gygyryp sorady. - Tapawudy ýok oglum, haýsynyň sesi ýakymly bolsa, şony alaý – diýen, sazy şeýle gowy görýän Berdimyrat aga, dogrusy, indi sazda-da öňki tagamy tapmazdy. Adama garradygyça agzyna alanynyň öňki tagamy ýok, gözüniň görüşi öňküsi däl, gulagynyň eşitmesem kynalap gidip otyr. Bularam hiç-de adamlar, tutuş dünýä oňa ýa-da tersine, ähli zada onuň özi „kesekileşip” barýan mysaly. Hakykatdanam sadakalarynda Berdimyrat aga „gaýrat edeýinmi” diýende oýun edip, bu günem „Haçan ýolunsam ýolunaýmaly” diýende ýürejigindäkini aýdan bolsa gerek. Diwanda oturan goja köpden bäri öz „uçarynyň” gelerine garaşýan ýolagça meňzeýärdi. Resul bir eli goboýly, bir eli dilli tüýdükli geldi. Ol atasynyň haýsy sazy diňlemegi has gowy görýänini bilensoň derrew „Bibi jany” çalmaga başlady. Ýakymly saz Berdimyrat aganyň süňňüne täsir edip ugrady. Saz gutaransoň goja iki elini çowlugyna uzatdy. Muňa düşüş Resul atasynyň golaýyna bardy. Atasy iki eli bilen onuň başyndan tutup maňlaýyndan öpdi. Bu Resul üçin mekdepde alýan ähli bäşliklerinden gymmatlydy. Süňňi ýeňlän Berdimyrat agaň „tagam” diýýäni birden üýtgän ýaly boldy. - Ata ýaňky sazy dilli tüýdükde çalyp görkezeýinmi? Resul indem „Bibi jany” dilli tüýdükde çalmaga durdy. Dilli tüýdügiň sesine goja oglanlygyna dolanyp gelen ýaly begendi. Çowlugyna: - Sen-ä tüweleme tüýdükçi bolup gidipsiň – diýdi. Muňa dylym-dylym edip Resul dilli tüdügini goýup goboýyny alanda Berdimyrat aga-da dilli tüýdüge nädip eliniň uzanyny bilmän galdy. Çowlugy goboýda başlan sazyny gutarýança elinde dilli tüýdügi oýnatdy. Resula goşulyşyberesi geldi. Resul sazyny gutaran badyna-da edil oglanlygyndaky ýaly dilini tüýdügiň agzyna basyp, üfläp, ondan zowwam ses çykardy. Atasyndan beýle zada garaşmadyk Resul hezil edip güldi. - Ata, senem çalyp bilýän ekeniňä? - Haý, oglum „zok” etdireniň bilen „Bibi jan” bolaýarmy? - Ata, öwredeýinmi? Derrewjigem öwrenýäňiz. Dilli tüýdügi näçe zarply üfleseňiz şonça inçe ses alýaňyz. Üstesine-de şu deşijekleri barmaklaryňyz bilen açyp ýapyp özüňe gerekli notaň sesini tapyp bolýar. Ine, seret, ata. Resul dilli tüýdükde dürli belentlikdäki sesleri çykaryp görkezdi. - Beý, kynam däl ýaly-la. Wah, seň ýaşyň bolsady-da mende-de... „Wah” diýse-de goja edil çaga ýaly begenip tüýdügi çalmaga synanyşdy. Tüýdükden çykan ses bu gezek başgarak boldy. Resul atasyna tüýdügiň barmak basylýan deşikleriniň haýsysyny ýapaňda nähili ses çykýandygyny düşündirmäge durdy. Onýança gapy açyldy. Berdimyrat aga müýnli ýaly Resuldan daşyraga çekiljek boldy. Emma Oraznabat gelin eýýäm olaryň oturan otagynyň agzynda durdy. Ol garry gaýnynyň tüýdük çaljak bolup oturşyna ýaşmagynyň aşagyndan ýylgyrdy. - Gurgunmyň, gyzym. Bizem Resul jan bile tüýdük öwrenýäs, bu ýaşdan soň. Goja öz sözüne özi kikirdäp güldi. Gülküsine ýene üsgülewigi tutdy. Oraznabat Derrew Begenç dagyň ýanyna, aşhana bardy. Begenç atasynyň ýanyna ylgady. - Ata, ejem çaý içjekmi diýýä? - Ýok, oglum biz turaly. Gurbanmyratlara, Baýrammyratlara, Bäşimmyratlara... entek barmaly ýerlerimiz kän. Resul atasyna: - Ata, siz şu tüýdügi alyň, ýeke özüňizem çaljak boluň. Menem her dynç güni bararyn – diýip, dilli tüýdügini oňa uzatdy. Gürleýişjigi ýaşyndan uly görünýän çowlugyna goja söýünç bilen seretdi. - Öz tüýdügiňi maňa beräýjekmi? - Men mugallymymdan başgasyny alaryn. - Mugallymyňa bir aýdaýmagyn, atam tüýdük öwrenýär diýip. Resul düşbüje ýylgyryp baş atdy. Berdimyrat aga özüne berlen tüýdüge begenip ony jübsüne saldy. Resylyň özüne tüýdük çalmagy öwretjek bolşy onuň soňam göz öňüne geldi durdy. Has beterem şondan soň dünýe janlanan ýaly boldy. Beýleki ogullarynyň, agtyklarynyň öýünde gojanyň kän eglenesi gelmedi. Munuňam sebäbi jübsündäki tüýdükdi. Goja ony ýolda-da, Ilmyrada aňdyrman gaýta-gaýta elläp gördi. Ýeke özi bolsa sähelçe-de ýaýdanman tüýdügi çykaryp, bolmanda eline alyp gaýtadan synlajakdy. Ilmyradyň welin toý, öýlenjek gyzy aňyndan çykanokdy. Atasynyň nämäň gaýgysyndadygyndan bihabar bu meseleden söz açaryna garaşdy. Ahyry durup bilmän, aýlabyrak: - Ata, adamyň aslyny sorabam, onuň nähileräkdigini bilýärlermi? – diýip sorady. - Ony nädip biljek, bir goýundan agam dogar gara-da. - Onda näme, gudaçylyga baranlarynda... derrew asly kimlerden diýip soraýarlar? Näme-de bolsa, her kim ulalan ýeriniň edebini alýar-da. Häli diýdigä, Amanmyrat kakaň çagalary başga diýip. Ilmyrat öz gürrüňine atasynyň diňe „hä, hüm” berip oturşyny görüp özüne düşünmedi hasap etdi. Ýöne şonda-da köpden bäri pikir alyşasy gelýän gürrüňini gozgansoň barha janygdy: - Ata, bize Abalar diýýärler, şeýle gerek? Abalar bolanymyz bilen başgalardan biziň näme tapawudymyz bar? Üýtgeşik tapawudymyzam ýokdur. Bolşumyz başgarak diýmesek. Aýdýalar-a „Abalar ýalan sözlemez” diýip. Aba diýilýän serdar bolan dälmi, ata? Aba serdaryň gürrüňini agtyk-çowluklarynyň arasynda köp edensoň Berdimyrat aga ýene çowlugyna baş atyp jogap bermek bilen çäklendi. - Serdaryň ogullary, serdaryň çagalary bolansoňlar, biziň aňrymyz ýalan sözlemän ulalandyr-da. Aý, ata, gullukda bir gezek men-ä tas ýalan sözläpdim. Ilmyrat bu sözüniň atasyna erbet täsir etjegini bilensoň gyssandy. - Ýo-ýo, ýalan sözlemedim. Bilemok diýdim. Gullukdaşlam, ataň näçe ýaşynda diýdiler welin, ilki bilemok diýmejek bolup, tas 100 - diýipdim. 97 diýen bolsam boljagam eken. Bulaşdyrdym-da... Daşyndan parhsyz ýaly görünse-de Ilmyradyň gürrüňleri Berdimyrat aganyň gulagyna hoş owaz mysaly eşidilýärdi. Ol içinden „Aba serdar üstünden iki asyr geçenden soňam, şeýdip nebereleri özüni ýatlar öýtdümikä? Kim bilýär, Berdimyrat, senem iki ýüz ýyldan soňam ýatlanarsyň? Şonça ýyldan soň ýekeje gezek, ýeke birisi ýatlasa-da, armanym ýok. Bir ýerde-hä eşidipdim, „Adam ýatlanmak üçin ýaşaýar” diýip. Eşidäýemde boş gürrüň ýaly bolupdy welin, ol edil boşam däl ýaly” diýip pikir etdi. Gojanyň eli welin, özi bilmän jübsündäki tüýdýgine zol bardy durdy. Öýlerine ýetiberende Berdimyrat aganyň çaý bahanasy bilen golaýynda oturdyp Ilmyrady gözi doýýança synlasy geldi. Şeýtse köpden bäri bir zady ýetmeýän ýaly bolup duran ýüregi düşüşäýjek ýaly boldy. Emma Ilmyrat „Kakam alada edýändir gideýin” diýip teý etmedi. Atasy: „Bor-da onda, oglum. O gyzyň aslynam soraýgyn. Soň maňa aýt, garry töňňedirin, tanaryn” diýende Ilmyrat atasynyň özüne düşünendigini bilip galdy. Çowlugy gidenden soň, öňüne goýlan çaýam içmän Berdimyrat aga turup oturan otagynyň gapysyny içinden gulplady. Tüýdük çalmagy öwrenmäge oturdy. Soňam: „Haý, akmak garry, gapyny gulplaňda näme, tüýdügiň sesi daşyna eşidilip dur-a” diýip, turup gapynyň açaryny yzyna towlady. Kiçiler içerik kürsäp urdular, ulular atalarynyň bolşuny geň gördüler. Berdimyrat aga müýnli çaga ýaly: „Aý, Resul jan berdi. Güýmenjedir-dä, öýkenimiň giňemegine-de peýdasy degermikä diýip çalaýýan. Sesi päsgel berenok gerek?” diýdi. Agtygynyň agzy ýaşmaky gelni başyny ýaýakap, „ýok” diýip yşarat etdi. Ertesi gün has köpräk çaldymy ýa gatyrak yhlas etdimi, tüýdük çalmasy gojanyň erbet üsgülewigini tutdurdy. „Tiz kömegi” çagyrmaly boldy. Gelen lukman gojanyň öýkenini diňläp oturşyna: - Köpräk ýörediňizmi? Öýkeniňiz agram görüpdir – diýdi hem bir derman ýazyp berdi. Gojaň öýkenine nämäň agram bereninden hemmeler habarly bolansoň her kim ýylgyraýdy. - Üşän-beýleki eden zady ýok. Garry adam-da. Arassa howa çykany gowy, ýöne kän ýadatmaň. Atasynyň ýatan otagyndakylaryň hiç biri lukmana tüýdük hakynda dil ýarmady. Olar – bäş ogul, otuz töweregi agtyk, uluja çowlugy Ilmyradam gelipdir – otaga syganokdylar. Lukman gidenden soň, atasynyň ýanynda bir Ilmyrat galyp, oguldyr agtyklar beýleki otagda jemlendi. Berdimyrat aga ýanynda ýeke Ilmyradyň galanyna begenmänem durmady. Oňa çaý guýdurdy. Çowlugynyň täzeräk syran eňegini, duluklaryny gözastyndan mähir bilen synlady. Gözleriniň tämizligi, gaşlarynyň özüniňkä meňzäp gerlip durşy gojany hasam galkyndyrdy. „Dünýe nähili gowy. Ol çürt-kesik ýolunanok. Biri emedekläpjik ýör, biri sakalyny täze syryp ýör. Hemmesem dowamyň...” Beýleki otaga ýygnananlaryň arasynda „Lukmana aýdyp, atamyň tüýdügini aldyrmalydyk” diýenem boldy. Ýöne Berdimyrat aganyň uly ogly: „Ataňyz ýagdaýyna düşünendir. Indi tüýdügi eline almaz. Eger çalaýsa habar ediň. Amanmyrat Resuly iberip tüýdügi aldyrar. Hijiňiz zat diýäýmäň. Lukmanyň ýazan dermanyny getiriň, atdyryň, bolany” diýen karara geldi. Şondan soň, hakykatdanam Berdimyrat aga iki günläp birnäçe gezek tüýdügini eline alsa-da, çalmanam yzyna goýdy. Üçülenji gün welin saklanyp bilmedi. Şo bada-da öý „Atam tüýdük çaldydan” doldy. Derrew Resuly tapdylar. Indem Resul iş boldy. Ol atasyna beren tüýdügini yzyna almaga gitmäge hiç göwnemedi. Ahyry: „Näme atasyz galjak bolýarmyň?” diýdiler. Mundan soň Resul atasynyň ýanyna gitmän bilmedi. Onuň gelenini görüp Berdimyrat aga ähli agyrylaryny unutdy. Ýöne Resulyň bir aladasynyň bardygyny goja onuň gözünden aňdy. Ýöne ony atasynyň saglygy alada goýandyr diýip gowa ýordy. - Sen dynç güni geljekdiň-ä, oglum? - Aý, boşlawrak bolamsoň, atamy soraýyn diýip gaýdyberdim. Ýagşy bolýaňyzmy? - Men gurat-la. Lukmany getirseň, olam gelenini ödemek üçin gep tapmaly-da. Öýkenime agram düşüpdir diýýär. Näme men öýkenime ýük urdummy, oňa agram düşer ýaly? Her kimem tüýdükden görýär. Şujagaz tüýdügem öýkene agram saljakmy? - Salýandyr, ata. Bile okaýan ýoldaşlarymyzdan birini tüýdüge demiň ýetenok diýip başga ugra geçirdiler. - Meň demim ýetýärä. - Ata... siz öwrenjek bolup nätjek? Men gelip çalyp berip duraryn, hä? - Bu ýaşdan soň tüýdük öwrenip görüňde çaljakmy diýýäňmi..? Aý bor-da bolmasa. - Ata, sen gynanma... Bolmasa... bolmasa arasynda bildirmän bile-de çalarys. Resul soňky sözlerini atasynyň gulagyna pyşyrdap diýen ýaly aýtdy. Goja muňa begenip ýa gyýylyp ýylgyrdymy ýüzünden aňar ýaly däldi... Resul ýany bilen getiren goboýyny alyp "Bibi jany” çalmaga oturdy. | |
|
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||