20:01 Gökdepe galasy | |
GÖKDEPE GALASY
Goşgular
Egninde göterip uzak ýyllary, Eräpdir, eňräpdir, ýoýlupdyr gala. Bu ýerde türkmeniň goç ogullary, Ýurt diýip başyny goýupdyr, gala. Oba göçdi lal edilen döwründen, Dil açypdyň taryhy bir öwrümde, Şol ganly gün diňe seniň bagryň däl - Türkmeniň bagry gan öýüpdir, gala. Atalar, agalar, eziz ogullar ... Ýalňyz bire baglanypdyr göwünler, Gollarynda gylyç tutan gelinler, Ömrüň baharynda köýüpdir, gala. Köne diwar demimizi diňläp dur, Göwnüme däl, ýeriň asty iňläp dur. Kimler hamsygyp dur, kimler eňräp dur, Gözýaş etmän gitmek aýypdyr, gala. Ar namysyň, müňläp gurbany ýatyr, Babalaryň ähti-peýmany ýatyr, Bu ýerde türkmeniň imany ýatyr - Binýadyň gudraty beýikdir, gala. * * * Eger pähim-parasadyň bar bolsa, Pytratma-da, özüň üçin aýap goý. Bu durmuşdyr, her gün bir sowal berer, Şol sowala jogap edip peýläp goý. Bazara çykarma hyrydar gözläp, Ýöne sandykda-da çüýretme gizläp, Gepiň diňlenmese - güzapdyr, güzäp, Gep gadyryn bilýänleri saýlap goý. Akylyň möwriti geçdi diýseler, Paýhasyň hümmeti gaçdy diýseler, Arkaýyn bol, akyl ýene küýseler, Harlanmasyn, gurjak ýaly bezäp goý. Öz aklyň özüňe bolmasyn nogsan, Söýmedige hergiz süýkenme, ynsan, Çeşmäňden suw içsin diňe bir suwsan, Bu pent bilen gulagyňy gazap goý. Käte-käte çawuş çakýar Zamana: Dana nämä gerek - hemmeler dana, Mümkin, onda özüňsiň-dä diwana ... Onda akyl-paýhasyňy beýläk goý. ▶ GADYMDAN GELÝÄN GÜRRÜŇ Şeýle bir wakanyň bolandygyny Bize gürrüň berýär gadymy döwür. ...Aýak kakyp ýatyr düýe janawer, Diýmek, tamamlanýar güzaply ömür. Bu Garagum atly gurak dünýäde Görmedik ýoly ýok, girmedik goly. Gözlerini ýaşardypdy kän gezek Janaweriň tüýs düýelik ykbaly. Ine indi soňlap agyr ýoluny Jan berip ýatyrka ýalňyz düýesi, Onuň baş ujunda gelip oturýar Düýäň özi ýaly garry eýesi. Ol diýýär: "Eý düýäm, gör näçe ýyllyp, Maňa hyzmat etdiň, heziller berdiň. Käte ajykdyrsam, käte suwsatdym, Göterip bilmejek ýüküňi urdum. Nätjek ahwal agyr, gün-güzeran kyn, Nähak çybyk çalan bolmagym mümkün. Göwnüň galan ýeri bar bolsa eger, Hernä razy bolawergin janawar". Eýesine bakan gözün alardyp, Onuň tutup berýän suwundan içmän, Diýipdir "aç-suwsuz saklanyň üçin, Ýenjeniň üçin hem günäňi geçýän. Ýöne ýadyňdamy, bir gezek meni Eşegiň yzyna tirkäpdiň eýäm," Eýesi wakany ýatlajak bolup Ýaşaran gözüne bakypdyr düýäň. Ölmezinden owal soňky sözüni Düýe kynlyk bilen edipdir dowam: "Şol beren jezaňy welin hiç haçan Hiç ýerde bagyşlar öýtmegin eýäm!" Düýe jan beripdir. Eýesi bolsa Galyp geçilmedik günäň astynda Galan ömrün basyrganyp geçipdir Ajal diläp, dirilikden asgynlap. Dünýäniň ýüzünde zowalsyz zat ýok, Haýryňy, şeriňi ölçäp dur ömür. Bu waka-da bimany bir gep bolsa Ýatladyp durmazdy gadymy döwür. ▶ GARA DEŇZIŇ KENARLARYNA Näbileýin beýle bolaýjagyny.. Ýogsam sagbollaşyp gaýdardym ahyr. Tomuslarda beren lezzetiň üçin Saňa söýgi sözün aýdardym ahyr. Eşrepi edinip her günleriňi, Ysgadym owadan ter gülleriňi. Buýsanja bürenen serwileriňi Edil özümiňki öýderdim ahyr. Kenar çägesine sokup elimi Mahal-mahal ýat ederdim çölümi. Ysy kükäp burna urýan balyňy Tamşanyp-tamşanyp dadardym ahyr. Zeýrenmäge hakyň ýokdur ykbaldan, Rysgalyň ýetikdir gyzdan-juwandan. Gök baýra dyrmyşan ak merdiwandan Başy belent tutup äderdim ahyr. Dynç alyp ýörensiň doganlar ýaly, Sen kim diýip hiç kim bermez sowaly, Gül ysy garylan tämiz howaňy Owuz deregine ýuwdardym ahyr. Sen bir dirilikde görülen jennet. Suwuňda şypa bar, howaňda hümmet. Ataňa deregem ýaýnawer Jennet, Örküm üzüläýse näderdim ahyr. ▶ EÝ, MENIŇ RUHUM ! Şahyr - Allaň mähri siňen oglany. Haýyr-sogap gursagyna guýlany. Aýakda däl - agyzda bol diýleni - Alkyşly dillerden dile gideli. Ömür bir närse däl köýdürer ýaly. Agşamyň şemaly hüwdülär ýaly, Az-kem aýnar ýaly, guwdurar ýaly, Ýumşak ýorunjaly pele gideli. Ýaş hem indi kyrk däl ýa elli däl. Baryp ýetjek menzilleriň belli däl, Arzuwym çökder däl, pälim uly däl - Aýlary alkyşlap, ýyla gideli. Hernä pelek gyssamasyn ýaşmaga. Guba depelere münüp-düşmäge, Oglanlygym bilen salamlaşmaga Egni gök kürteli çöle gideli. Eý meniň ruhum - göwnümiň güli, Gitmelidir bir gün Taňrynyň guly. Behişde barylsa has gowy welin, Dowzaha gitsegem bile gideli! * * * Sen maňa düşünmek isleýän bolsaň, Onda ilki öz-özüňi derňäp gör, Özüňden özgäni görmän geçme-de, Il üçinem bir salymjak eňräp gör. Maňa düşünjegiň çynlakaý bolsa, Agraldyber egniňdäki ýüküňi. Käte-käte garşy gidip özüňe, Özgä uzat öz iýmeli hakyňy. Almagam-a ýaman närse däl welin, Bermegiňde lezzeti bar, ynanaý. Bu dünýäde täsin zatlar bolýandyr, Bir gezejik bereniňe begenäý. Sen maňa düşünmek isleýän bolsaň, Gara-ha gara diý, aga-da ak diý. Ikisiniň ýerin çalşyr diýseler, Meniň bir ýüzüm bar ikisi ýok diý. Ýeňil günde guwdurama, hekgerme, Agyr günde egin gysma, müzzerme. Ejize-de, asgyna-da ýüz beräý, - Bir özüňden ökdelere ýüz berme. Beýge galdygyňça pes tut päliňi, Aýlaw-hile nämä gerek - çaga bol. Duşman duşmandygny gizläp duranok, Heran-haçan dostsumakdan ägä bol. Aldamag-a aýp zadam görlenok, Dönüklik etseler - şony aýp gör. Özüňi oda ur diýmäýin welin, Gerek bolar, mahal-mahal köýüp gör. Hawa, maňa düşünjegiň çyn bolsa, Ynsabyňy barja zatdan gymmat gör. Gözel ýerler kändir welin dünýäde, Göbek ganyň daman ýerin jennet gör. Şu şertleri berjaý edip biläýseň, Maňa az-kem düşünmegiň mümkündir. Görşüň ýaly, juda geň-taň adam men, Hawa, men tetellä düşünmek kyndyr. * * * Hyjuw bar gursakda, Hyýal bar başda, Adama zat näme gerekmiş başga? Bir gadak ýigrenç, Bir çuwal söýgi, Ep eslije şatlyk, sähelçe gaýgy. Oňşup bilmese-de bir-biri bilen, Artygrak Çyn gerek, Kertigräk ýalan. Tapylsa dost bilen wepaly nöker, Duşmanyň öz-özi alnyňdan çykar. Özüňe düşünýän söwer ýar gerek, Şan-şöhrat hökman däl, namys-ar gerek. Dost ýarlaryň bilen hasap bolmaly, Ýuka nebis, galyň ynsap bolmaly. Bolmaly, ýene-de bir zat bolmaly, Kalbyň açyk, ruhuň azat bolmaly. Özüňki bolmaly pikiriň, kelläň, Azajyk akylam bolaýsa kem däl. Ýatdan çykan zat barmyka, bagyşla, Ýene näme gerek bulardan başga? Gowulyk, gowulyk, gowulyk gerek, Hem-de bir azajyk şowlulyk gerek. | |
|
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ "Gowy men" diýer / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Ne ajaýyp hüý erer, eý şohy siminber saňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr / Goşgular - 16.09.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Pyglym harapdyr / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |