23:06 Göläň oýny bolsa-da... / hekaýa | |
GÖLÄÑ OÝNY BOLSA-DA...
Hekaýalar
Gurban aga-da “keçje” lakamyny diläp ýa satyn almandy, ýa-da adamlar özge “gurbanlardan” tapawutlandyrmak üçinem dakmandyrlar. “Ýaradanda uly Taňry, her kime bir gylyk eýlär”1) diýilşi ýaly, onuň ata-enesinden peşgeş galan tebyg tagma bolup ýelmeşensoň, obadaşlaryna diňe tassyklaýmak galypdyr. Diýdimzorlugy üçin oňa adamlar “tünt”, “myrryh”, “dikdüşdi” diýselerem, hakykata onçakly gabat gelenok. Ol dargursak, gyňra, zoňtarrak hem bolsa, çagalaryny berk tutýan hem bolsa, içigli, küýli, gurrumsak, ýa juda gäbazan adama meňzänokdy. Onuň men-menlik ýa tekepbirlik edenini bilýän ýok we göwniçökgün halda müzzerenini hem gören-eşiden ýok. Bir sözli, mert, hakykatçyl, adalatçyl bu töwra adamyň bir ynamyna girip bilseň, seniň üçin dag goparmaga-da taýyndyr. Ir bilen çaý başynda, Gurban agaň aýaly, Zylyha gelneje ýanýoldaşyna tabşyryk berýär: —Goýunlara-da, gölä-de iýmlerini berendirin, günortan olara suw görkezseň bolýar, agşamkylaryny özüm bererin, ejemi görüp geljek, görüşmänime üç aý dagy bolupdyr, ikindä galman gelerin. Gurban keçje süýr günortan suwly bedräni alyp agyla girende, goýunlar edil möjek gören ýaly, tapyrdaşyp bir burça gysyldylar (olaryň hersi bir gezek eýesinden taýak “iýene” meňzeýär). Goýunlaryň nowasyny suwdan dolduryp, gölesiniň ýatagyna girende, öküzçe ahyryndaky künjarany iýipdir-de, galanja samany burny bilen peşäp, dökan-saçan edip duran ekeni. —Haý, peläket diýsäni! Hany dur bakaly, senjagazyň temmisini bermesem bolmaz—diýip, suwly bedräni ýerde goýup yzyna öwrülende, göle “bö-ö-ö” diiýip möleýär.—Hä-ä, sen dilem gaýtaran bolýarmyň?! Gurban keçje daşardan eli taýakly dolanyp gölä azgyrylýar: —Gadyr bilmez haýwan, saňa berilýän iýmiň nädip gazanylýanyndan habaryň ýok. Saňa awulygyňy çeýnäp ýuwutmak üçin berilýär-ä, isrip etmek üçin däl-ä...—diýip, öküzçäň sagrysyna taýagy inderýär. Taýagyň awusyna göle bögürip, art aýagyny çalarak epýär-de, başyny hojaýynyna tarap öwürip, goranyşa geçýär. Keçje: “Bir hepde diňe suwa daňyp goýaryn, iňňä sapaýmaly ederin” diýip, taýagyny göläň beýleki sagrysyna ýelmeýär. Taýagyň awusyna çydaman öküzçe ýene bögürip kellesini silkende, nogtasyna daňylan ýüp şartyldap üzülýär. Keçje üçünji gezek taýagyny galdyranda, öküzçe suwly bedräni agdaryp, daşaryk atylyp çykýar. Gurban keçje ýatakdan çykýança, öküzçe hyzzynlap açyk derwezä ýetýär. Bagdan boşan öküzçe nogtasynyň çotdaja ýüpüni hallanladyp, tumşugyny göge tutup, burnyny parladyp, köçäň ortarasyndan ylgap barýar. Ol agzyny köpürjikledip barşyna, arasynda ylgawyny haýalladyp, açyk howly gözleýän ýaly sagyna-soluna seredýär. Eli taýakly Keçje gölesiniň yzyny eýgermän haşlap barşyna zowladyp gygyrýar: —Eý, kim bar bolsa daş çykyň! Göle boşady, öňüni gabaşyň! Günortanyň tüp yssysynda köçede iňlär siňek ýok. Göle köçäň çatrygyna ýetende, haýsy ugura gitjegini bilmän, ikirjiňlenip sähel salym säginýär-de, hiç tarapa-da sowulman, göni barýan ýoluny dowam etdirýär. Keçje gapdalyndan geçip barýan maşynyň sürüjisine gepini düşündirjek bolýar, onuň aýtjak habaryny aňan sürüji, maşynyny batlandyryp, göläň yzyndan ýetiberende Gurban maşyndan düşüp, ýoldaşlaryn ýüzlenýär: —Siz öňüne geçip saklanyň, muny gabalyň. Maşyn göleden ozup geçýär-de, bir gapdala sowulyp duransoň, içindäkiler öküzçäň ýoluny baglaýarlar. Öküzçe bir bada yzyna dolanjak ýaly edýär, eli taýakly haşlap gelýän Keçjä gözi düşüp, öňe omzaýar. Maşyn bilen salmaň gyrasyndan yş tapyp, şol tarapa okdurylýar... Sürüji Keçjä ýüzlenip: —Gurban aga, gel, maşyna mün! Göläň gitjek ýeri ýok, häzir ony derrew tutarys. Maşyn garama-gara gaçgagyň yzyna düşýär. Sürüjiniň ýoldaşlarynyň biri jübi telefonyny çykaryp til kakýar: —Eý,Ataş, Mämmet çopan öýünde bolsa alyp gaýtsana, göle boşady, syrtmagynam alsyn!—diýip gulagyndan telefonyndan daşlaşdyryp:—Ataş biz nirede diýip soraýar. —Söýün balçylaň gabadyna ýetdik diýäý. Onýança göni barýan göle açyk derwezä sowuldy. Maşyndakylaryň hemmesi onuň yzyna düşdiler. Göle mellegiň içine girip, bir garyş ösen terje ýorunjany çürtüp güýmendi. Kowgyçylar göläni nähili gabamaklygy maslahatlaşyp durka, öýüň eýesi daş çykdy. Ol kowgyçylara: —Göle siziňkimi? —Hawa. —Indi onuň burnyna ýel düşen bolsa siziň gabawyňyza düşmez. Men häzir ýatakdaky mallary boşadaýyn, şolara imrikmezmikä—diýip, öý eýesi mal ýataga ýönelende, göle adamlaryň “pyssy-pyjurlygyny” aňan ýaly, bögürip, guýrugyny dim-dik edip, adamlaryň ters ugruna—gabat garşydaky mellege tarap ýazzyny berýär. Ol derwezä ýetip, çykalga tapman, duran ýerinde köw-söw edip molady. Onuň sesine öýden bir zenan çykýar, eglenmänem içeri girýär. Onuň yz ýanyndan erkek adam daş çykýar. Öküzçe ony gören badyna boýnuny silkip mellege okdurylýar. Öý eýesi “höwlim-höwlim” diýip onuň yzyndan ylgaýar. Göle mellek araçäge baranda, kowga gözi düşüp säginýär. “Arakesmeden” peýdalanan kowgyçylar derrew syrtmak ýasap, göläň daşyny gabaýarlar. Ilkinji syrtmak şowa geçýär, göle bögürip duran ýerinde aýlanyp gabawyň çykalgasyny peýleýänçä, ikinji zyňylan syrtmak onuň boýnundan ilýär. Gölesi ýatagyna girensoňam Gurban ketjäň gahary ýatyşmady, “Seň päliň azyp, pyçaga gelensiň” diýip, hüňürdäp ýörşüne ogluna ýüzlendi: —Rahman jan, bar, pyçaklary getir bu guduzdan dynaýmasak bizi günimize goýmaz. —Kaka, hurşumyz bar-a... Geçen hepde ýigrimi kilo et alamadykmy, näme?! —Sen kän gepleme-de, diýleni et. Rahman mütgele dolangy pyçaklary göterip gelşine, telefonyny gulagyna goýup biri bilen gepleşip gelýär. Ol telefondaky gürrüňdeşine: “Hä, bolýar, ýagşy” diýip, pyçaklary kakasyna uzadýar: —Kaka, meni gyssagly işe çagyrýarlar. —Bolmanda-da, men bir iş buýursam, gyssagly işem tapylar, ýene-de—diýip müňkürlik bilen hüňürdeýär.—Ýol ugruna Atagula aýdyp geç, “Mal soýmaly” diý. On-on bäş minutdan Keçjäň körpe inisi Ataguly tuduň kölegesinde oturan agasy bilen salamlaşýar. —Näme, hurşuňyz gutardymy, ýa halallamalymy? —diýip, mydam hyzmata gaýym Ataguly soraýar. —Ýok-laý. Ýaňy bir ýaşady how, eýýäm eýesine topuljak bolup dur. Ýene bir ýyldan ýatagyna-da salmaz. Muny aýyryp, bir ýuwaşja gulajyn edinäýeris-dä. Gelnejeňdir-dä: “Öküzçe bakaly, öküz agramly bolýar” diýen bolup. —Gelnejem habarlymy? —Atasy öýüne gitdi. Gelensoň eşider ýörer-dä. Keçjäň gyzy Akgül ýarym –ýaş bolup öýden çykýar. Ol bosagada duran ýerinden: —Kaka, entek ol kiç-ä, nädip dözüp bilýäň? Ejem gelýänçä garaşaý-da! —Gapyl! —Ejem bir gelsin, seni göni “Garrylar öýüne” tabşyrýar. —Bu meň öýüm, ejeň öýi däl meni kowar ýaly. Ejeň özüni ugradaryn “Garrylar öýüne”. Akgül agysyny goýman, içeri girýär. Ataguly rejäň geň däldigine göz ýetirip, ýaýdanjyrap agasyna ýüzlenýär: —Agam, men entek bular ýaly ýaş mala pyçak çalyp gören adam däl, bir hili dözemok. Toýly gaaasaby çagyraýaly-la! Ataguly gassabyň yzyndan giden badyna, gelnine gygyrýar: —Kümüş, aý Kümüş! Gapy açylýar, Keçjäň hamyla gelini bosagadaky şypbygyny geýjek bolup eglenýär. Keçje mylaýym sesi bilen: —Kümüş jan, bar gyzym, çanaklary getir, et tellär ýaly klýonkany hem ýazyp goý. Gelin başyny atyp öýe girýär-de, çanaklary alyp gaýynynyň öňünde setirläp durşuna, ýaşmagynyň aşagyndan: —Akgül aglap otyr, goýanok... —Aý, aglar, goýar-da—diýip, Keçje biperwaý jogap gaýtarýar. Toýly gassap, Keçje bilen salamlaşyp, saglyk-amanlyk soraşansoň: —Gurban aga bu indi gölejik däl, öküzçe; ýene bir ýyldan öküze öwrüler. Onuň şu wagt jynsy gaýnaýar, gaýnap, ganyna geçip, depesine urupdyr; bezzatlygy şol sebäpli. Edil şu wagt soýsaň etiň ýakymsyz ysy bolýar, onsoňam oba kimiň nähili malynyň barlyyna belet ahyryn. “Bä, Gurban aga öküzçesini gyssagly soýupdyr welin, halallaýdymyka” diýen şübhe döremegi mümkin. Ony soýman, iň gowusy muny ýuwaşadaly, gidip gurallarymy getireýin, nädäýersiň edil maň goýun ýaly melullaşaýsa. Bir ýyl garaşyp bilmeseň, iň bolmanda üç hepdejik sabyr et! Oňa çenli agta öküzçäň eti tämizlener, adamlaryň gowury ýatyşar. —Ýok, porsy hem bolsa, şu göläň etini ýeke özüm iýjek. Sen kän gepleme-de, hakyňy almak bilen bol—diýip, Gurban aga keçjeligini edýär. —Gurban aga, maňa parhy ýok, seň öküzçäňden ýaş mallary hem soýup gördüm—diýip, pyçaklary gözden geçirip durşuna, parhsyz gürleýär. Onýança hiç zatdan bihabar Zylyha hem howla girýär. Ol adamlar bilen salamlaşyp öýe ýönelen-de, pyçaklara gözi düşüp: —Gurban, bu pyçaklar näme? —diýip, soragly nazaryny Toýla öwürýär, ol tolgunyp: —Gelneje, biz-ä bir ýumuş oglany, soýmaly diýseler, soýýarysam, deň-derman paýlabam berýäs. —Nämäni soýmaly, nämäni paýlamaly?—diýip, geň-taň galan Zylyha nazaryny adamsyna öwürýär, onýança ejesiniň sesini eşiden Akgül öýden çykyp: —Kakam göläni soýdurjak bolýar. —Näme, göle pyçaga geldimi—diýip, ýene adamsyna ýüzlenýär. —Ýok. Gölämiz, kakamyň diýenini etmän ýatakdan gaçyp gitdi, zordan tutup getirdiler. Zylyha gelneje ýantorbasyny sekiň üstüne goýup, ellerini bykynya goýup adamsyna azmly gygyrýar: —Gel, onda menem soý, çagalaryňam soý, zalym diýsäni! Ataguly bilen gassap ýuwaşlyk bilen ökje götermek bilen bolýarlar. Zylyha ikiýana ýöräp elini kelemenledip: —Meň şu ojaga gelip, senden gören günüm ýokdur, çagalaryň hatyrasy üçin seň zulumyňa çydap gelendirin. Entegem, meň sag gezip ýörenime şükür et, men öläýsem, seň ugruňa serejek ýokdur. Seň beýniň gurap, aňyň bulaşyp başlapdyr. Sähel zada yrsaran wagtyň: “Garrylar öýüne gitjek, “Garrylar öýünde” ýaşajak”—käkeläp-käkeläp, gulagymy kamata getirýärdiň. Bar git, dört tarapyňam açyk! Yzyňdan baryp, alyp gaýdar öýtmegin... —Heý, heý, sesiňe bat beren bolma, özüm gowy bilýän näme etmelidigini—diýip, Gurban aga aýalyna haýbat atan bolsa-da, şobada pyssardy. Gelin gelip, Zylyhaň egninden gujaklady. Olar öýe ýöneldiler. Zylyha jibrinip-jibrinip barşyna, gapa ýeteňkirlände agysyny saklap bilmedi... Gurban aga pyçaklaryny mütgele dolap durşuna “hoňňy-hoňňy” edip, düşnüksiz hüňürdedi... Dawa-jenjeliň “sebäpkäri”—bigünä öküzçäni Rahman bazar güni mal bazara äkidip, özi ýaly etli-ganly gulajyna çalşyp geldi. Bellikler: 1)—Magtymguly Pyragy (“Tekepbirlik eylär”) Kakajan BALKANOW. 2022 ýyl. | |
|
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |