GOLKONDA KUTUBŞALARYNYÑ TÄZE PAÝTAGTY
Orta asyrlarda türkmenler Aziýada, Demirgazyk Afrikada we Günorta Ýewropada onlarça döwletleri esaslandyrýarlar. Hindistanyñ syýasy taryhynda baryp biziñ eýýamymyzdan hem ozal aralaşan harby pederlerimiziñ nesilleri bolan türkmen tireleri ähmiýetli roly ýerine ýetiripdirler. X asyrdan başlap, ýagny Mahmyt Gaznalynyñ bu ýurdy dolandyran döwründe demirgazyk Hindistanyñ welaýatlary türkmenleriñ täsiriniñ astynda bolýar. XI asyrda türkmenleriñ halajy tiresinden bolan gadymy kowumdaşlarymyz Bengaliýada Bagtyýar hanyñ ýolbaşçylygynda garaşsyz hanlygy esaslandyrýarlar. XIII ㅡ XIV asyrlarda türkmenleriñ esaslandyran Deli soltanlygy we Togalaklar soltanlygy Hindistan ýarymadasynda iñ kuwwatly döwletler hasaplanypdyr. XVI asyryñ başy Zakawkaziýadaky Garagoýunly we Akgoýunly türkmen döwletleriniñ synmagy netijesinde Hindistana türkmenleriñ köpüsiniñ göçüp gelmegi bilen bellidir.
Şeýlelikde, Garagoýunly türkmenleriñ neberesiniñ wekili Soltanguly Türkmen öz garyndaşlary bilen Hindistana göçüp gelýär. Ol ilki Dekkandaky Bahmany döwletiniñ raýaty bolýar. 1512-nji ýylda Soltanguly Türkmen taryhda ''Kutub Şalaryñ Soltanlygy'' ady bilen belli özbaşdak döwleti esaslandyrýar. Golkonda bu döwletiñ paýtagty bolýar. Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamasynda: ''Döwlet sebitde her tarapdan güýçli derejä çykýar. Soltanguly Türkmen Golkondanyñ iñ meşhur soltanyna öwrülýär. Garagoýunly Kutubşalar döwleti 1687-nji ýyla çenli sebitde özbaşdak hereket edýär'' - diýip ýazýar. Kutub şalar soltanlygy 175 ýyl dowam edýär. Taryh bu soltanlygyñ ähli ýedi hökümdarlarynyñ atlaryny saklapdyr. Olar: Soltanguly (1512-1543 ýý.), Jemşit ibn Soltanguly (1543-1550 ýý.). Suwhanguly ibn Jemşit (1550 ý.), Ibragim ibn Suwhanguly (1550-1581 ýý.) Muhammetguly ibn Suwhanguly (1581-1611 ýý.), Abdallah ibn Mahmud ibn Ibragim (1611-1672 ýý.), Abul-Hasan ibn Abdallah bu döwleti 1672-1687 ýyllar aralygynda dolandyrýar.
Bäşinji hökümdar Muhammetgulynyñ döwründe Golkonda eýýäm gür ilatly şäher bolýar. Golkonda ýakyn ýerde täze şäheri gurmak kararyna gelinýär we Muhammetgulynyñ söýgüli aýalynyñ doglan obasy Çiçlamdan uzak bolmadyk ýer ýagny Musy derýasynyñ günortasy bu maksady amal etmek üçin saýlanyp alynýar. Orta asyr taryhçysy Periştäniñ şaýatlyk etmegine görä, Soltan sähetli güni belläp, täze şäheriñ meýilnamasyny taýýarlamak barada buýruk berýär. Soltanyñ pikirine görä: ''Şäher dünýäde deñi-taýy bolmadyk, ýerdäki jennet bolmaly'' eken. Muhammetguly ýüz müñden hem köp şahyrana setirleriñ awtory bolmak bilen, özüni şäher gurluşygyndaky ajaýyp binagär hökmünde hem görkezýär. Täze şäher dört sany äpet inedördül bölege bölünipdir. Şäheriñ demirgazyk-günbatarynda köşkler we döwlet edaralary, günorta-demirgazygynda köşk gullukçylarynyñ ýaşaýan jaýlary ýerleşipdir. Bu şäheriñ esasy köçeleriniñ ugruny söwdegärleriñ harytdan doly dükanlary, metjitler, myhmanhanalar, mekdepler bezäpdir. Gurluşykçylar ilki bilen şäheriñ merkezinde Çar Minarany gurýarlar. Binanyb minaralary özbaşyna her biriniñ uzynlygy 48,7 metre ýetýän ajaýyp sungat eserini ýatladýar. Minaralar dört gatdan ybaratdyr. Baş bina üç gatdan ybarat bolup, onuñ günbatar tarapynda bäş sany a:rkaly metjit ýerleşipdir. Üç gatdan ybarat baş binanyñ ikinji gaty medrese üçin niýetlenipdir. Çar Minaranyñ beýleki ady ''Ýa Hafiz'' ýagny, ''Beýik Alla goragçy hökmünde ýüzlenme'' diýlip atlandyrylypdyr. Onuñ gurluşygy 1592-nji ýylda tamamlanýar. Çar Minaradan ýetmiş metr töweregi demirgazykda Jilaukhan meýdançasy (''Gwardiýaçylar meýdançasy'') bolup, onuñ merkezindäki ajaýyp Çarsu-Ka-Howuz atly suw çüwdürimi (dünýäniñ dört künji) öz gözelligi bilen göreni añk edipdir. Şäheriñ merkezinden 114,3 metr uzaklykda dört tarapa beýikligi 30 metre golaý arkalar galdyrylypdyr. Günbatar arkadan gaýdýan ''Şirali'' diýlip atlandyrylan ýol köşklere alyp gelipdir. Onuñ derwezeleri hemişe berk goralypdyr. Derwezeler gara we sandal agajyndan ýasalyp, gymmat bahaly daşlardan bezelip, tylla çüýler bilen berkidilipdir. Köşkleriñ tutýan meýdançasy bir müñ inedördül meýdany öz içine alypdyr. Bu ýerde on iki sany köşk, hassahana we myhmanhana ýerleşipdir. Dad Mahal köşgünde Soltan döwlet işleri bilen meşgullanypdyr. Lal Mahal Soltanyñ hyzmatkärleri üçin niýetlenipdir. Kutub Minarada Soltanyñ özi ýaşapdyr. Hudaýdat Mahal köşgi Soltanyñ gyzy Haýýat Bagşy Beginiñ durmuş toýunyñ hormatyna gurlupdyr. Musy derýasynyñ kenarynda ýerleşen Nadi Mahal köşgi Muhammrtgulynyñ şäheriñ daşyndaky köşgi bolupdyr.
Gynansak-da, biziñ günlerimize çenli bu ajaýyp köşkleriñ biri hem saklanmandyr. Şäheriñ köçeleriniñ iki gapdalynda gyrasynda dürli görnüşli palmalar ekilen suwly ýaplar akypdyr. Kutub şanyñ täze paýtagtynyñ tutýan ähli meýdany we onuñ daş töweregi ㅡ 23 inedördül kilometr bolup, baga bürenipdir. Fransuz syýahatçysy Teweno hatda käbir köşkleriñ üçekleriniñ baglaryñ aşagynda bolandygyny ýazýar. Şäheriñ özüne hindiçe Bhagnagar ýagny ''üstünlikler şäheri'' diýlip, Soltan Bhagmatiniñ söýgüli aýalynyñ hormatyna at berlipdir. Şäheriñ gurluşygyny tamamlandan soñra Muhammetguly poema ýazýar. Ol öz poemasynda Hudaýdan ''edil deñziñ balykdan doly boluşy ýaly şäheriñ ilatynyñ köp bolmagyny'' dileg edýär. Orta asyr taryhçysy Perişte ''üstünlikler şäheriniñ'' hatda Agradan we Lahordan hem owadandygyny ýazýar. Hindi alymy N.Lýuter: ''Italýan, dat, iñlis we fransuz syýahatçylary hem Bhagnagaryñ şöhraty we ilatynyñ durmuşy hakynda ýazdylar. Bu baý we durmuşyñ gaýnap joşýan şäheridi'' diýip belleýär.
Kutub şalaryñ Haýdarabat diýip musulman adyna eýe bolan täze paýtagty nemes awtory Ý.Pieperuñ pikirine görä, Gurhany Kerimde agzalýan Erem bagynyb nusgasynda gurlupdyr. Şäheriñ özi we onuñ Çar Minaranyñ ýokarky gatynyñ günbatar böleginde ýerleşýän merkezi metjidi musulman mukaddesligi bolan kybla bakypdyr.
Asyrlar geçipdir. Haýdarabadyñ köp owadan binalary (köşkler, kerwensaraýlar we beýlekiler) biziñ günlerimize çenli saklanmandyr.
Ýöne, türkmen we hindi halklarynyñ ajaýyp binagärçilik däplerini özüne siñdiren Çar Minara saklanypdyr. Çar Minara türkmen döwleti Kutub şalaryñ geçmişde kuwwatly bolandygyna şaýatlyk edýär.
Öwez GÜNDOGDYÝEW.
"DIÝAR" žurnaly, 2005, No: 11.
Taryhy makalalar